02:48 Barak türkmenleri | |
BARAK TÜRKMENLERI
Taryhy makalalar
Barak türkmenlerine taryhy çeşmelerde ilkinji gezek b.e.öñ 209-174-nji ýylda ýaşap geçen Oguz kaganyñ (megerem bu ýerde Mete han /Mode-Oguz/ barada aýdylýar -t.b.) dessanynda gabat gelýäris. "Oguz kagan" dessanynda baraklaryñ Itil (Wolga) derýasynyñ demirgazygynda Tümlükler ýurdy diýip tanalýan ýerde ýaşaýan bir kowçumdygy aýdylýar we "Gyl-barak - Gara-barak" diýip atlandyrylýar. Dessanda Oguz kaganyñ Tümlükler ýurdunyñ ýaşaýjylary bolan baraklara garşy göreşi we olary boýun egdirişi gürrüñ berilýär. Dessany ünsli okasak, onda baraklaryñ oguzlardan aýry kowum bolup ýaşandyklaryny görmek bolýar. Elbetde, meseläniñ şu tarapyna degişli jikme-jik maglumatlary edinmeli bolýarys. Gelejekde bu barada anyklan käbir taryhy maglumatlarymyzy siziñ dykgatyñyza ýetireris. Taryhçy Reşideddin hem şol ýurt barada aýdyp, ol ýerde ýaşaýan kowçumy "gylbaraklar" diýip atlandyrýar. XVIII asyrda Çingiz hanyñ ýurduny gezen italýan syýahatçysy Karpini baraklaryñ Mongoliýanyñ günorta sebitlerinde ýaşaýan bir kowçumdygyndan söz açanda, Çinguz hanyñ Hindistan ýörişinden dolanyp gelende ýolda baraklara duş gelendigini aýdýar. Çingiz han leşgerini baraklaryñ üstüne sürýär. Baraklar ýeñilmäge az galanda, ulanan bir söweş taktikasy arkaly Çingiz hanyñ goşunyny derbi-dagyn edýär. Taryhçy Karpini bu taktikany şeýle gürrüñ berýär: “Baraklar endamlaryny öllänlerinden soñ hamyñ ýüzünde gaty gatlak döredýän gumy endamlaryna çalypdyrlar. Endamda guran palçyk üýtgeşik tebigy galkany emele getiripdir. Aldym-berdimli söweş ýañadandan başlanda, Çingiz hanyñ leşgeriniñ atýan oklary baraklara tär etmändir we mongollar derbi-dagyn edilipdir". Bu barada Reşideddinem: “Baraklaryñ her uruşda palçyga girip üç gezek bulanyp çykandan soñ emele gelen galyñ gatlagy guradyp söweşe girmek ýaly taktikalarynyñ bardygyndan" söz açýar. Görşüñiz ýaly baraklar diñe bir ýönejeý urşujy däl, şol bir wagtyñ özünde olar akyl-paýhaslaryny ýerlikli ulanyp ýokary harby taktikalaryna eýe bolupdyrlar. Käbir taryhy çeşmelerde barak erkekleriniñ betnyşan bolýandygy barada aýdýanlarynyñ añyrsynda hem olaryñ palçyga bulanýan we möjek kelleli şypyrtma geýýän barak urşujylary ýatandyr. Zenanlarynyñ aşa owadanlygy bolsa, olaryñ söweş hereketlerinde asla gatnaşdyrylmaýanlygyndan bolsa gerek. "Oguz kagan" dessanyna, taryhçy Reşideddiniñ we syýahatçy Karpininiñ berýän maglumatlaryna salgylansak, onda barak taýpasynyñ asyl watanynyñ Itil (Wolga) derýasynyñ boýlarydygyny arkaýyn aýtsa bolar. Baraklar bilen baglanyşykly başga bir maglumata professor Hilmi Ziýa Ükeniñ "Anadolynyñ dini sosial taryhy" atly kitabynda duş gelmek bolýar. “Şamanlar Barkta oturarlardy. Otaglarynda bir ojak bilen tagtadan edilen birnäçe basgançakly merdiwan bolardy. Bu merdiwan göge çykmak üçin bir guraldy. Ajamlaryñ Buragy, şamanlaryñam Baragy bardy. Şaman merdiwana münüp Alla bilen görüşmäge” (Agzalan kitap: 57-nji sahypa). Professor Hilmi Ziýa Üken barak sözüniñ manysy barada şeýle diýýär: “Orhon kitabelerinde (ýazgylarynda) okamak üçin hakanyñ ýog üýşmeleñine türki taýpalaryñ ählisinden ýogçylar gelerdi. Bir adam ölen wagtynda onuñ mazaryna ýazgyly ullakan daş dikilerdi. Oña-da "bengütaş" ýa-da "kitabe" diýilipdir. Soñra mazaryñ daşynda jaýlananyñ dirikä öldüren duşmanlarynyñ sanyna deñläp daş goýardylar. Mazaryñ uzakdan görünmegi üçin ullakan syryk dikipdirler we başujuna tagtadan ýa-da daşdan kepbejik galdyrardylar. Ynha, şol kepbejige-de "bark" diýlerdi. "Bark" syryklaryñ üstünde gurlupdyr we oña merdiwan bilen girip-çykypdyrlar. Barkyñ içinde ölen adamyñ egin-eşigi, ýaragy saklanypdyr. Diwarlaryna bolsa onuñ ýaşan ömründe görkezen edermenlikleri janlandyrylyp surat çekilipdir, şanyna ýazylan öwgüli odalar asylypdyr. Bular ýaly barklar BUDUNyñ (ulusyñ) aristokratlary üçin gurlupdyr. Garamaýak halkyñ mazarlary has sada, ýekeje "kitabeden" we daşlardan bolupdyr". Kitapda baraklaryñ gündelik durmuşyna degişli maglumatlar hem bar. Mysal üçin, "Owallar barak zenanlary başlaryna durnanyñ ýelegini dakypdyrlar. Soñra ol towuk ýelegine geçipdir, towguñ ýelegi-de wagtyñ geçmegi bilen öz ornuny güle beripdir. Häli-häzirem Adana we Tarsus sebitlerinde ýaşaýan tahtaçy türkmenleri (tahtaçylaryñ añyrsy baraklardan) başlaryna baraklar ýaly towuk ýelegini dakýarlar". Baragyñ “Berrak” sözünden gelip çykandygy baradaky çaklamanyñ gapdalyna olaryñ galjañ häsiýetleri, ýüñden we keçeden edilen geýimleri geýýändikleri, ýanlarynda elmydama bir tüýlek it saklaýandyklary, gaýduwsyzlygyñ we edermenligiñ nyşany bolan "böri şypyrtmasyny” geýýändikleri üçinem “Barak” diýlendigini göz öñüne tutmalydyr. ♣ Edebiýatlar: 1). Professor Hilmi Ziýa Üken "Anadolynyñ dini sosial taryhy"; 2). "Oguz Kagan" dessany; 3). Italýan syýahatçysy Karpininiñ ýazgylary. #yenidenergenekon | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |