DOÑÝÜREKLILIK Tomda anyklanylan iň erbet simptom emosional taýdan doňýürekligi bolsa gerek. Ol maşgalasyny söýmäge gaty islegi uludy, ýöne özünde olara bolan çuňňur duýgulary oýaryp bilmedi. Onuň ýüregi misli buz we aýna diwaryň aňyrsynda ýaşaýan ýaly, hemmelerden daşda durmak, ýat bolmak duýgusyny başyndan geçirdi. Bu duýgylaryny oňatlyga tarap synap görmek başarnyksyzlygy özüne degişlidi. Ol gahar-gazap we utanç döremelerinden başga hiç zat duýmady. Onuň aýtmagyna görä, aýnaň öňünde özüne serenjam berende özüni kynlyk bilen tanaýardy.
Kazyýetde çykyş edeninde, ol daşyndan özüne seredip, sözlerini diňläp we edil özi bilen meňzeş görnüşi we sesi bilen bu ýigidiň beýle ynandyryjy delilleri nädip berip biljekdigine haýran galýardy.
Kazyýetde ýeňiş gazananda ol, özünden göwnihoş ýaly boldy we utulan halatynda bolsa, ilkibaşdan ýeňlişe sezewar boljagyny öňünden gören ýaly bolup, ýeňlişe kaýyl bolardy. Ýogsam ol örän üstünlikli aklawçy bolsa-da, gowşaklykda hemişe manysyz gezerdi. Durmuşyna many beren ýeke-täk zat, ol hem, belli bir anyk işe doly gatnaşmagydy. Toma bejergi geçirilýän döwründe, ol kazyýetde adam öldürmekde günäkärlenýän bir jalaý(bandit) oglany goramaly boldy. Kazyýet işine garamaklygyň geçişinde, özüne ylham beren, ýeňiji strategiýasynyň işlenip düzülmegine doly goşulyp, gijäniň bir wagtyna çenli oturyp hapa boldy. Onuň öz sözleri bilen aýtsak, bu söweşe gatnaşmak ýalydy - ýüz göterim diridigini duýmak we başga hiç zat möhüm däldi. Işinde ýeňiş gazanan Tom bu ýerde bar güýjüni we tutanýerliligini ýitirdi. Gijeki elhenç düýşler ýene-de özi hakynda bilmäge gahar-gazap bilen gaýdyp gelerdiler, olar şeýle bir güýçlidi welin, aýalyny we çagalaryny özünden goramak üçin bir mototele geçmeli bolýardy. Şeýle-de bolsa, ýalňyzlyk hem onuň üçin elhençdi, sebäbi uruş jynlary ony ar almak üçin iki esse güýç bilen gynandyryp başlaýardylar. Tom hemişe bir zat bilen meşgullanmaga synanyşdy, işledi, içdi, neşe serişdesini kabul etdi - olar bilen duşuşmazlyk üçin ähli zady etdi. Ol şol döwürde Afrikada bolup geçýän sebit söweşleriniň birine meýletinçi hökmünde “Fortune of Soldier” žurnalynyň üsti bilen ýazylmak hakynda oýlanyp onuň listlerini geçirmegini dowam etdirdi. Şol ýazda, özüniň "Harley Dawidson"-nyň üstünde oturyp we ýokary tizlikde sürüp Nýu-Hempşirdäki Kakamag awtoulag ýolunyň ugrunda uly sesi bilen arlady. Şol syýahatda onuň titremesi, tizligi we howpy oňa özüni ele almaga kömek etdi, ol hatda motelden maşgalasyna gaýdyp geldi.
Psihologiýa