00:09 Belent sepgitleri nazarlaýan ylmy döredijilik | |
BELENT SEPGITLERI NAZARLAÝAN YLMY DÖREDIJILIK
Publisistika
Gadymy hem şöhratly taryhynda Änew, Nusaý, Dehistan, Marguş, Merw, Köneürgenç, Amul, Sarahs, Abywerd ýaly medeni ojaklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halky ylym-bilime aýratyn sarpa goýup gelipdir. Halkymyz «Akyl — ylmyň hyrydary», «Akyl ýaşda däl, başda», «Alym gül getirer, ary — bal», «Alyma amal ýaraşar», «Bir — okana, bir — dokana» ýaly ajaýyp nakyllary nesline miras goýupdyr. Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan tejribesi her bir döwürde nesillerin ýaşaýyş-durmuşynda aýratyn möhüm orny eýeläpdir. Ata-babalarymyzyň daýhançylyk, çarwaçylyk, senetçilik, binagärlik we beýleki ugurlarda toplan tejribesi, baý dünýägaraýşy nesilden-nesle geçip, biziň şu günlerimize gelip ýetipdir. Gadymy Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen türkmen topragynda emele gelen köp sanly medeni ojaklarda öz döwrüniň meşhur alymlary, akyldarlary, söz ussatlary ylmyň, edebiýatyň ösmegine mynasyp goşant goşup, özlerinden soňky nesillere hiç haçan gymmatyny ýitirmejek uly hazynany miras goýupdyrlar. Hormatly Prezidentimiz bu hakda söz açyp: «Türkmen halkynyň ençeme alymlary, şahyrlary uzak asyrlaryň dowamynda öz köptaraply ylmy we ajaýyp çeper eserleri bilen türkmeniň adyny şöhratlandyrdy. Olar ylmy we çeper döredijiligi bilen dünýä medeniýetinin ösüşine önjeýli goşant goşdular» diýip nygtaýar. Hakykatdan-da, Köneürgenç türkmenleriniň, Seljuk türkmenleriniň döwletleriniň gülläp ösen döwründe we ondan soňky döwürlerde ýaşap geçen al-Horezmi, al-Faraby, al-Biruny, Ibn Sina, Omar Haýýam, Mahmyt Kaşgarly, Mahmyt Zamahşary, Nejmeddin Kubra, Muhammet Baýram han, Nurmuhammet Andalyp, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly meşhur akyldarlar özüniň ylmy-pelsepewi, edebi eserleri bilen diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş Gündogar halklarynyň taryhynda uly yz goýupdyrlar. şeýlelikde, türkmen halky dünýä halklarynyň ylmy-edebi dünýägaraýşynyň ösmegine hem özboluşly täsirini ýetiripdir. Gadymy Merwde, Köneürgençde ylym-bilim öwrenip, ençeme ylmy açyşlary bilen uly yz goýan akyldarlar, beýik alymlar, ajaýyp söz ussatlary, binagärler, nakgaşlar, sazandalar bu günki gün halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň ajaýyp künjeginde döredilen «Ylham» seýilgähinde geçmişde uly yz goýan we ylmyň, bilimiň, medeniýetiň, edebiýatyň ösüşine bimöçber uly goşant goşan beýik şahsyýetlerimiziň ýadygärlikleri ebedileşdirildi. şu günki hem-de geljekki nesiller üçin nusgalyk işleri bitiren görnükli şahsyýetlerimiziň keşbi her birimizi döredijilik dünýäsine, ylym-bilime ruhlandyrýar, geçmişdäki meşhur şahsyýetlerine bolan buýsanjyny artdyrýar. Ýurdumyzda geçmişdäki beýik alymlaryň, akyldarlaryň ylmy-edebi mirasyny düýpli öwrenmäge, ylym ulgamyny döwrebap ösdürmäge we ony täze belent derejelere çykarmaga giň mümkinçilikler döredildi. Türkmenistanda «Ylmy edaralar hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda» Türkmenistanyň kanunlary işlenip taýýarlandy we kabul edildi. Bu kanunçylyk namalar ýurdumyzyň ylym edaralarynyň hukuk ýagdaýyny, maksatlaryny, wezipelerini we ygtyýarlyklaryny, olaryň kysymlaryny we gömüşlerini, ylmy edaralaryň işinin döwlet tarapyndan düzgünleşdirilişini kesgitleýär. Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde islendik döwletiň üstünlikli ösüşleriniň girewi ilki bilen ylym-bilim ulgamynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Ylmyň iň täze gazananlaryny döwlet dolandyryşynda, ykdysadyýetde, önümçilikde netijeli peýdalanmak döwletiň geljekki ösüşleriniň möhüm sertleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, ykdysady ylymlaryň we lukmançylyk ylymlarynyň doktory, daşary ýurtlaryň ençeme ylmy ojaklarynyň Hormatly professory diýen belent ada mynasyp bolan Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda ylmy ählitaraplaýyn ösdürmek, ony hil taýdan täze derejelere çykarmak, ýokary tehnologiýalary ylym-bilim edaralaryna ornaşdyrmak, türkmen alymlarynyň döredijilikli hem-de netijeli işlemegini gazanmak, dünýäniň ösen döwletleri bilen ylym ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda zerur bolan ähli şertleri döredýändigi buýsandyryjy hakykatdyr. Ýurdumyzda ylma döwlet tarapyndan berilýän goldaw ýylsaýyn artýar. Möhüm ähmiýetli ylmy barlaglar, tejribe-synag we tehnologik işleri maliýeleşdirmek üçin zerur serişdeler üpjün edilýär. Türkmenistanda alnyp barylýan ylmy-barlaglaryň gerimi yzygiderli giňeldilýär, ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag işleri toplumlaýyn amala aşyrylýar we olaryň netijelerini durmuşa ornaşdyrmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda hereket edýän aspiranturalaryň, doktotoranturalaryň üsti bilen alymlaryň täze neslini, ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy taýdan taýýarlykly, giň dünýägaraýyşly hünärmenleri ýetişdirmek babatda zerur işler durmuşa ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli ösdürilýär, täze tehnologiýalar, innowasiýalar ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlup, ulanmaga berlen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýetini ösdürmäge goşant goşýan esasy düzüm bölekleriniň birine öwrüldi. Bu merkezde döwrebap ylmy-barlaghana enjamlary bilen enjamlaşdyrylan barlaghanalar, patent-maglumat bölümleri, tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak ýaly bölümler bar. Merkeziň barlaghanalarynda bio-tehnologiýalar, nanotehnologiýalar, maglumat we himiýa tehnologiýalary ulgamynda toplumlaýyn barlaglar, maddalary himiki-fiziki taýdan düýpli öwrenmek, biomateriallary, uglewodorod çig mallary molekulýar taýdan deňemek we işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly ylmy-barlaglary geçirmäge zerur bolan ähli şertler döredilen. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Gün energiýasy, Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy, Biologiýa we derman ösümlikleri, Himiýa, Maldarçylyk we weterinariýa institutlarynda ylmyň takyk ugurlary boýunça ylmy-tejribe ähmiýetli ylmy barlaglar alnyp barylýar. Ýurdumyzda toprakdan we suwdan aýawly peýdalanmak, ekin dolanyşygyny kämilleşdirmek, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, Aral we Hazar denizleriniň, Garagum çölüniň, Köýtendagyň ekologiýasy, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň hem-de onuň zeý akabalarynyň töweregindäki ösümlik we haýwanat dünýäsiniň bioköpdürlüligini ylmy esasda öwrenmek, oba hojalygy, ulag we aragatnaşyk pudaklary, şäher gurluşygy we beýleki ulgamlar üçin geografik maglumatlar ulgamyny döretmek, ylmy esasda işläp taýýarlamak, tebigy baýlyklarymyzy gorap saklamak we olardan rejeli peýdalanmak, ýerli çig maldan senagat we durmuş ähmiýetli önümleriň önümçiligini artdyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ekologiýa taýdan arassa, energiýa we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak, täze usullar esasynda nebit-himiýa önümlerini, gazy, mineral serişdeleri gaýtadan işlemek boýunça tehnologiýalary döretmek, saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeleri geçirmek, keselleriň öňüni almak, olary anyklamak we bejermek bu günki gün ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň möhüm wezipeleriniň biri hökmünde ileri tutulýar. şonuň ýaly-da, Taryh, Arheologiýa we etnografiýa, Milli golýazmalar, Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutlarynda Türkmenistanyň gadymy, orta asyr taryhyny, Garaşsyzlyk döwrüni we hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini, taryhy-medeni, arheologik ýadygärlikleri, medeni mirasymyzy, nusgawy we häzirki zaman edebiýatymyzy, türkmen diliniň derwaýys meselelerini öwrenmekde, dürli gömüşli sözlükleri taýýarlamakda möhüm ähmiýetli işler giň gerimde alnyp barylýar. Türkmenistanda ylmy ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasy, Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň döwlet maksatnamasy, 2015-2020-nji ýyllar üçin innowasiýa işini ösdürmegiň maksatnamasy, Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamagyň maksatnamasy we beýleki derwaýys wezipeler yzygiderli amala aşyryldy we amala aşyrylýar. Türkmenistan ÝUNISEF, UNFPA, ÝUNESKO ýaly halkara guramalary bilen bilelikde ylym ulgamynda möhüm işleri alyp barýar. Ylym ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň gerimi yzygiderli giňeldilýär. Ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň guramagynda «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahaty geçirmek asylly däbe öwrüldi. Bu halkara maslahat türkmen we daşary ýurtly alymlaryň ylmyň dürli ugurlary boýunça tejribe alyşmagyna we hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmegine özboluşly itergi berýär. şu gün 12-nji iýunda geçiriljek halkara ylmy maslahatda hem Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary: nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öwrenmek, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary we ylmyň başga-da birnäçe ugurlary boýunça wajyp meseleler ara alyp maslahatlaşylar. Mahlasy, jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolan ylym ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär, onuň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynyň wajyp şerti bolup hyzmat edýär. Türkmen alymlary hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzyň ylmyny ösüşiň hil taýdan täze, dünýä derejesine çykarmak, ylmy-barlaglaryň hem-de tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetiň we durmuşyň derwaýys meselelerini çözmäge gönükdirmek babatda öz öňlerinde goýan wezipelerini netijeli durmuşa geçirmek üçin yzygiderli hem-de yhlasly zahmet çekýärler. Myrat TUWAKOW, TYA-nyň Dil-edebiýat, taryh we pedagogika ylymlary bölüminiň baş bilermeni, filologiýa ylymlarynyň kandidaty. # turkmenistan_2017 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |