04:51 Geçmişiň şöhratly ýaňy ýa-da Jelaleddin Meňburnuň gahrymançylygy hakda söhbet | |
GEÇMIŞIÑ ŞÖHRATLY ÝAÑY ÝA-DA JELALEDDIN MEÑBURNUÑ GAHRYMANÇYLYGY HAKDA SÖHBET
Taryhy makalalar
Merdana halkymyzyň gadymy hem şöhratly taryhy, medeni mirasy, geçmişdäki beýik akyldarlaryň, söz ussatlarynyň, gaýduwsyz hem merdana serdarlaryň, serkerdeleriň ömür ýoly bilen baglanyşykly gymmatly maglumatlary öwrenmeklige Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň mümkinçilikler döredilýär. Geçmişde umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan hem-de Marguş, Dehistan, Änew, Nusaý, Merw, Köneürgenç, Abywerd, Amul, Sarahs ýaly ençeme medeni ojaklary, taryhy, medeni ýadygärlikleri döreden türkmen halkynyň şan-şöhraty bu günki gün gaýtadan dünýä dolýar. Olaryň birnäçesi Garaşsyzlyk ýyllary içinde umumadamzat gymmatlygy hökmünde ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi. Munuň özi halkymyzyň geçmişdäki maddy hem ruhy gymmatlyklaryna söýgüsini artdyryp, parahatçylyksöýüjilik we dost-doganlyk ýörelgelerini bütin dünýä ýaýmaga özboluşly täsirini ýetirýär. Ýurdumyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Daşoguz şäheriniň GDA döwletleriniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi hem buýsançly wakalaryň birine öwrüldi. Gadymy Daşoguz topragy, onuň çäginde ýerleşýän Köneürgenç taryhy ýadygärlikler toplumy, geçmişde uly yz goýan beýik alymlaryň, ulamalaryň, pirleriň, gaýduwsyz hem merdana ogullaryň şöhratly ykbal ýoly bu günki gün dünýä jahankeşdeleriniň, ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär we uly gyzyklanma döredýär. Eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlary merdana ata-babalarymyzyň watansöýüjilik, mertlik, edermenlik, lebzi halallyk, gaýratlylyk ruhunda terbiýelemekde bolsa, geçmişde öçmez yz goýan Oguz hanyň, Görogly begiň, Çagry begiň, Togrul begiň, Alp Arslanyň, Soltan Sanjaryň, Jelaleddin Meňburnuň, Baýram hanyň, Keýmir serdaryň we beýleki taryhy şahsyýetleriň ömür ýoly özboluşly terbiýe mekdebidir. Halkymyzyň şöhratly taryhynda uly yz goýan şol merdana serkerdeleriň biri hem Jelaleddin Meňburundyr. Ol Horezm şasy Muhammet II ogludyr. Jelaleddin 1221-nji ýylda Horezme (häzirki Köneürgenç) şa edilip bellenilýär. Haçan-da Çingiz hanyň basybalyjy goşunlary türkmen topragyna çozuş edenlerinde ol bu ýowuz duşmana gaýtawul beren, «ýeňilmezek goşun» adyny alan, Çingiz hanyň goşunlary bilen başa-baş söweşde ilkinji ýeňiş gazanan beýik serkerdedir. Jelaleddin Meňburnuň mongol basybalyjylaryna garşy gahrymançylykly söweşleri hakynda ХIII asyrda ýaşap geçen taryhçy Alaýeddin Atamälik Jüweýniniň (1226-1282) «Älemi eýeleýjiniň taryhy» atly eserinde, şeýle hem onuň döwürdeşi beýik taryhçy alym Yzzeddin ibn Eseriň «Kämil taryh» atly kitabynda gymmatly maglumatlar berilýär. Horezmde, ýagny Köneürgenç türkmenleriň ýurdunda asudalyk, abadançylyk, jebislik we erkinlik ýokary derejä ýetipdir, halkyň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin şertler döredilipdir. Kerwen ýollary örän parahat bolupdyr. Gündogardan günbatara söwda ýollary arkaly täjirler kerwenler arkaly dürli harytlaryň söwdasyny ýola goýupdyrlar. «Älemi eýeleýjiniň taryhy» atly kitapda berilýän maglumata görä, Çingiz han türkmen topragyna çozup girende, özüniň uly ogly Tulyny uly goşun bilen Soltan Muhammediň üstüne basybalyjylykly söweşe ýollaýar. Bu kitapda şeýle beýan edilen: «Mongollar onuň bilen urşa başladylar. Iki tarapdan hem zarbalar başlanyp, iki tarap hem birek-biregiň sag ganatyndaky goşunlaryny hatardan çykardylar. Mongol goşuny Soltany ele salmak maksady bilen onuň goşunynyň merkezine ýöriş etdi. Jelaleddin ol zarbany dep etdi we Soltan çykgynsyz ýagdaýdan halas boldy.» (Görkezilen kitap, 41 sah). Şu maglumatdan görnüşi ýaly, Jelaleddin Meňburun il-ýurduň asudalygyny, abadançylygyny goramakda, şeýle hem atasyny duşmandan halas etmekde özüniň gaýduwsyzlygy, söweşjeň ussatlygy bilen gahrymançylygyň, mertligiň, edermenligiň ajaýyp nusgasyny görkezýär. Türkmen halkynyň arasynda «Är yzyna är düşse, duşman gonjuna gor düşer» diýen ajaýyp nakyl bar. Jelaleddin Meňburnuň Çingiz hanyň basybalyjy goşunyna garşy mertlik bilen öňe çykmagy, özi ýaly ençeme mert türkmen ýigitleriniň hem Watan, mukaddes toprak üçin gaýduwsyzlyk bilen göreşmegine we türkmen halkynyň merdi-merdanalygyny dünýä ýaýmaga özboluşly täsirini ýetirýär. Şol ýowuz söweşlerde gaýduwsyz, batyr türkmen ýigitleri «Är ýigit özi üçin dogar, ili üçin öler» diýen türkmen nakylynyň hakykatdygyny özleriniň watançylygy, harby gahrymançylygy bilen subut edýärler. Çingiz hana Horezm, ýagny Köneürgenç türkmenleriniň döwletini basyp almak başardan hem bolsa, Jelaleddiniň öz ýaranlary, merdana türkmen ýigitleri bilen oňa tabyn bolman gaýtawul berip, yzygiderli söweş etmegi, oňa arkaýyn gezmäge mümkinçilik bermeýär. Bu hakda ýokarda agzalan kitapda şeýle maglumat berilýär: «Soltan Jelaleddin öz ýanyndaky goşuny bilen Tekejikde ýeňiş gazanyp, üstünlige eýe bolupdyr diýen habar gelýär. Çingiz han howlukmaç hüjüm etmekligi ýüregine düwdi.» («Älemi eýeleýjiniň taryhy», 93 sah). Çingiz hanyň basybalyjy goşunlaryna her bir obanyň, galanyň ilaty gaýduwsyzlyk bilen garşylyk görkezýär. Emma Muhammet şanyň tejribesizlik bilen goşunyň esasy bölegini dürli welaýatlary aýratynlykda goramagy üçin dargatmagy we basybalyjy goşunyň san taýdan agdyklyk etmegi bilen olara bu söweşlerde ýeňiş gazanmak başardýar. Ýokarda ady agzalan kitapda Çingiz hanyň Soltan Jelaleddin bilen Sind derýasynyň kenarynda bolan söweşi şeýle suratlandyrylýar: «Çingiz han söweşde Soltan Jelaleddini diriligine ele salmaklygy buýruk berdi. Şu pursatda Çagataý bilen Oktaý hem Horezm tarapyndan ýetip geldi. Jelaleddin hiç hili çäre galmandan soň söweşe başlaýar. Her tarapdan zarba urýar. Çepden saga, sagdan merkeze ýöriş edýär, emma mongol tatarlary ýuwaş-ýuwaşdan öňe süýşýär we söweş meýdany Soltan Jelaleddin üçin daralýar. Haçan-da, Çingiz han emirlerine «Soltan Jelaleddin diriligine ele salynsyn» diýip buýranda, oňa atylýan oklaryň sany has köpeldi. Başga alaç galmadyk Soltan Jelaleddin atyna atlanyp zarba urdy we yzyna gaýtdy hem-de özüni suwa urdy. Mongol goşunlary hem onuň yzyndan özlerini suwa urmak islediler. Emma Çingiz han olara garşylyk görkezdi. Ol ýumrugyny agzyna ýetirip, Jelaleddiniň gaýduwsyzlygyna haýran galyp, ogullaryna: «Ine, atanyň ogly şeýle bolmalydyr» diýen. («Älemi eýeleýjiniň taryhy», 95 sah). Jelaleddiniň san taýdan has agdyklyk edýän duşmanyň üstüne bada-bat hüjüm edip, garşydaş goşunyň howuny basmagy Göroglynyň «it urşy» söweş tälimini ýada salsa, beýleki tarapdan onuň gözsüz batyrlygyny subut edýär. Soltan Jelaleddin Sind derýasyndan geçenden soň hem, ol ýerdäki mongol goşunlarynyň gämilerini, gaýyklaryny ýok edýär. Çingiz han 20 müň goşuna baştutan edip, Turbaý atly serkerdesini Soltan Jelaleddiniň yzyndan kowgy iberýär. Emma olara Jelaleddin Soltany ele salmak başartmaýar. Muhammet şanyň ogly Jelaleddin Meňburun hakynda Jüweýni özüniň kitabynda şeýle maglumat berýär: «Onuň (Muhammet şanyň – M.T) ogullarynyň iň batyrgaýy we gaýduwsyzy, patyşalygyň täji we ylahy dininiň lowurdak çyrasy Soltan Jelaleddindi. Soltan Muhammediň beýleki ogullaryndan tapawutlylykda Jelaleddin kakasynyň ýanynda bolupdyr. Bu oglan hakykatdan daşda bolan kakasynyň pikirleri bilen ylalaşmandyr. Jelaleddin: «Heniz duşman ýakyna gelmänkä we ýerinden gozganmanka leşgerleri ýurduň ähli künjegine ýaýratmaklyk we gaçyp gitmeklik betbagtlylygyň we gorkaklygyň alamaty. Bu hereket maksada okgunlynyň we paýhasly kişiniň işi däldir. Eger, Soltan öňe çykyp, söweşip, aýgytly ädim ädip, garşylyk görkezip bilmejek bolsa, goý, gaýduwsyz goşuny maňa tabşyrsyn. Elden pursat gitmezden öň aýaklarymyz haýran we gorky batgalygyna çümmänkä, sakgyç ýaly ýazgaryş agyzlarda çeýnelmänkäk agyr kynçylyklary çözmeklige ugraly» diýip, atasyna maslahat salsa-da, Muhammet şa onuň bilen ylalaşmaýar. Jelaleddin özüniň gaýduwsyzlygy bilen atasyny hem-de goşuny Watany goramaga çagyrypdyr. Jelaleddin birnäçe gezek kakasy bilen şu ýagdaý babatda jedelleşýär. Ýöne kakasy her gezek hem ogly bilen razylaşmaýar. Bu bolsa, basybalyjy duşmanyň ýowuz matlabynyň amala aşmagyna täsirini ýetirýär. Muňa garamazdan, Jelaleddin mertlik bilen söweşde duşmana berk gaýtawul beripdir. Jelaleddin 1221-nji ýylyň tomsunda Nusaýyň golaýynda tejribeli mongol serkerdesiniň ýolbaşçylygyndaky otuz müň esgerden ybarat bolan goşuny derbi-dagyn edip, uly olja alýar. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, 1221-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Jelaleddiniň garşysyna Çingiz hanyň özi çykýar. Sind derýasynyň golaýynda bolan söweşde san taýdan örän uly tapawudy bolandygy üçin Jelaleddin ýeňlişe sezewar bolýar. Şundan soňra, ýagny 1224-nji ýylyň başlaryna çenli ol Hindistanda, soňra Zakawkaziýede ýaşaýar. 1224-nji ýylda ol Eýranyň bir bölegini, Mesopotamiýany, 1225-nji ýylda bolsa Ermenistany, Gruziýanyň bir bölegini, Azerbaýjany özüne tabyn edýär. Ol mongollaryň Kawkaza ýörişleriniň öňüni alypdyr. Olaryň güýçlerini düýpli gowşadypdyr we mongol basybalyjylaryna zyýan ýetiripdir. Gaýduwsyz hem edermen Soltan Jelaleddini köp halklar öz hökümdary hem howandary hasaplapdyr. Käbir maglumatlara görä, Jelaleddin Meňburun 1231-nji ýylda wepat bolýar. Soltan Jelaleddin Meňburnuň mürzesi, Nusaýly ildeşimiz Muhammet en-Nesewi «Soltan Jelaleddin Meňburnuň ömür beýany» (A.«Ruh», 2001) atly taryhy kitabynda şeýle maglumat berýär: «Ol garaýagyz, ortadan uzyn boýly ýigitdi, zybany türkmendi, emma pars diline-de suwarady. Onuň batyrlygy, edermenligi barada aýdyp tükedip bolmaýar. Ol arslanlaryň arslanydy, gaýduwsyz, garadan gaýtmazydy, edermen ýigitleriň içinde iň bir gaýduwsyzydy. Danady, gaharlanmaýardy, käýinmek, sögünmek oňa ýatdy. Ol örän salyhatlydy, hiç haçan gülmeýärdi, diňe ýylgyryp oňaýýardy. Köp gürlemeýärdi. Ol diýseň adalatlydy, adalaty söýýärdi.» (Görkezilen kitap, 455 sah.) Watan üçin serden geçen gerçek, batyr, gaýduwsyz serkerde Soltan Jelaleddin Meňburnuň watansöýüjiligi, gahrymançylygy şu günki nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Myrat TUWAKOW. 21.10.2018. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |