00:30 Berdimyrat han | |
BERDIMYRAT HAN
Türkmen halky öz Garaşsyzlygyny asyrlarboýy gözüniň göreji ýaly gorap, aýap, saklap gelipdir. Watana howp abanyp, boýun egdirjek bolanlarynda halk bütin durky, jany-teni bilen elmydama serden geçip goramaga taýýar bolupdyr. Muňa durmuş atly heňňamyňözi mejbur edipdir. Çaga dünýä inenden atalary oglanjyklary geljekgi durmuşa taýýarlapdyr. At münmäge, çapmaga, tüpeňdirýaý we sapan atmaga, göreş tutmaga, gylyçlaşmaga, naýza urmaga, galkan tutmagawe durmuşda gerek boljak zatlary öwrenmägeyzygiderlitürgenleşik geçipdirler. Ýaş ýetginjekliginden,Watany öz pederleri, doganlary, ildeşleribilen bir hatarda mert durup gorapdyrlar.
Hanlar-hany Nurberdi hanyň (1826-1880ý.) döwletli we agzybir maşgalasynda birinji aýaly Nurgözelden 1847-nji ýylyň 26-njy iýunynda, Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Akgala obasynda (Oba öň Baharly etrabynyň Hankäriz obasynyň gaýrasyndaky Nurberdi han gonamçylygynyň Gündogar-Demirgazygynda ýerleşip, häzirki wagtda diňe durky galypdyr) Berdimyrat dünýä inýär. Berdimyrat hanyň nesil daragty: kakasy Hanlar-hany Nurberdi han, atasy Döwletýar baý, garry atasy Mürrük baý, kakasynyň garry atasy Garry baý, atasynyň garry atasy Anan onbegi, atasynyň garry atasynyň kakasyGarry batyr,atasynyň garry atasynyň atasy Kermene serdar, onuň kakasy-da Onbegi kethudadyr. Berdimyrat hanyň kabylasy – Türkmen – Teke –Togtamyş – Wekil – Ýusup (Uly tilki) – Garaýörme– Onbegi.
Nurberdi han Berdimyradyň we beýleki ogullarynyňçagalykdan gowgaly döwrüň talaplaryna döz gelip, baş alyp çykýan mynasyp adamlar bolup ýetişmegi üçin alada baryny edipdir. Ýaşlygyndan türkmen ýigidine hökmany zerur bolan uruş tälimlerini ilki özi, soňra bolsa ogullary halkymyzyň hakydasynda öçmejek yz galdyran, halkyň arasynda dogumlylykda we batyrlykda harby ussatlygyňnusgalyk mekdebini döreden Çopan batyryň elinde terbiýelenip, tälim alypdyrlar. Çopan kiriň hakyky ady Ulugberdi bolup, ol Aşgabadyň etegindäki Garadaşaýak obasynda dünýä inipdir. Gökdepe etrabynyň dag içindäki Germap galasynda güýçlerideň bolmadyk söweşde gahrymanlarça söweşip wepat bolýar. Onuň gubury Germap jülgesiniň takmynan 5-6 km. günbatarynda Mürze dagynyň gündogar jülgesinde Zawyň eteginde ýerleşýändir.
Nurberdi han çagalarynyňöz döwrüniň ylymly-bilimli adamlary bolup ýetişmegi üçin molla berip, sowatly bolmagyny gazanypdyr. Berdimyrat we onuň doganlary Döwletbeg (1855-1876 ý.), Magtymguly (1859-1921ý.), Garry we Muhammetýusup (Ýusup) dert-aladasy özüne ýetik döwürde Nurberdi hanyň öz halkyny dolandyrmakda, daşky duşmanlardan gorap saklamakda, öýlerine dürli meseleler bilen gelip-gidýän adamlar bilen alyp barýan işlerini öz gözleri bilen görüp, gulaklary bilen eşidip, şol döwrüň ýowuz mekdebini geçip, taplanan Watan goragçylary bolup ýetişýärler. Munuň özüne ýetik sebäbi hem Nurberdi han saýlanandan soň, tä dünýäden ötýänçä ýekeje aý hemsöweşsizgeçmändir. Şonuň üçin hem taryhda Nurberdi hana gowgaly döwrüň hanydiýilýär. Türkmenler, şonuň bilen birlikde hanyň ogullary hem şol söweşlerde taplanyp kämilleşipdirler.
Nurberdi han ogullaryny, şeýle hem öz ýigitlerini durmuşda gabat geljek kynçylyklardan baş alyp çykmaklaryna taýýar bolmaklary üçin ýowuz synaglardan geçirýär. Üç ogluna ýol-sowalga harajadyny berip, ýanlaryna adam goşup, ata-babalarymyzyň «Gezmek ömürden» diýenlerinden ugur alyp, olary syýahat we täjirçilik etmäge goňşy döwlete iberýär. Sapardan gelen ogullary bilen hemsöhbet bolup, olara bildirmezden, öz azabynyň ýerine düşendigine hoşal bolýar. Ownukly-irili meseleleri çözmeklige, ýörüşlere ýigitleri bilen bir hatarda ogullary Berdimyrady, Döwlet begi, Magtymgulyny, Garryny we Muhammetýusuby äkidipdir.
Halk arasynda nesilden-nesle geçip gelýän maglumatlara görä, il agalary bolan ýaşulular Nurberdi hana ýüzlenip: «Ogullaryň haýsy birine hanlygyňy berip biljek? Berdimyrat oňararmy?» diýip sorapdyrlar. Şonda Nurberdi han: «Wah, Berdimyrat oňarjak welin, bu uzak gitjek däl-dä...» diýip, halatly bolansoň, onuň ir aradan çykjakdygyny aňyp: «Magtymgulym ýöredäýmese hanlygy» diýip jogap beripdir.
1878-nji ýylyň aýaklarynda we 1879-njy ýylyň başlarynda başga döwletiň Kaspiniň kenarynda hüjüme taýýarlyk görýändikleri barada türkmenler habarly bolupdyrlar we muňa umumy halk bolup garşy durmak üçin taýýarlyk görüpdirler. Türkmenleri olaryň Türküstanda we Trans-Kaspide etjek bolýan söweş hereketleri barada maglumat alanlaryndan soň alada galypdyrlar. 1879-njy ýylyň 23-nji martynda duşmanlaryň Trans-Kaspidäki goşun güýçlerine serkerde edilip täzeden bellenen general Lazarewiň Ahaly eýelemek niýeti bilen Çekişlere (ÇG – Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň çägindäki oba) gelipdir, Türküstanyň general-gubernatory general Kaufmana telegramma iberilip, şol telegrammada Mary türkmenleriniň ünsüni sowmak we şunlukda Ahal türkmenlerine kömege barmagynyň öňüni almak üçin Mary tarapyna hüjüm edýän ýaly ýalan howsala döretmeklige buýruk beripdirler.Rus goşunlarynyň Ahal-teke ýaýlasyna aralaşmagy ýitileşip başlanda, Nurberdi han ýarawsyzlygy we gündogardan garşydaşyň Mara hem ýörüş etmeklerine goşun toplap garşylyk görkezmäge taýýarlyk görendigi sebäpli Ahala gelip ýetişmändir.Ahala Nurberdi hanyň ogullarynyň içinde iň ukyplysy we ugurtapyjysy bolan uly ogly Berdimyrat han saýlanypdyr. Ýöne ol ýaş bolansoň, Nurberdi hana ýakyn iki sany adam – Orazmämmet han (Bogaryň ýuwlugy, Ak kazynyň çowlugy, Mämmetweli kazynyň agtygy, Hajygurbanyň ogly; 12-nji ýanwar güni galanyň partladylan ýerinde wepat bolupdyr) bilen Gurbanmyrat işan oňa geňeşdarlyk edipdir.
Ähli söweşe taýýarlyk we goranyş işlerine Berdimyrat hanyň özi ýolbaşçylyk edipdir.Berdimyrat han 1875-nji ýylda polkownik Mak Gregora türkmenleriň eger, duşman geläýse, iň soňky damja ganyna çenli söweşjekdigini mälim edipdir. Ol: «Türkmenler duşmandan gorkanok we enşalla olar duşmanlara gowy gylyjyň näme edip biljekdigini görkezerler» diýipdir.
Ahal türkmenleri Watany goramagyň öz pederleriniň «Gylyç ýa kepen» däbini öz döwürlerine bap gelýän görnüşde ulanmaklygybiragyzdan kasam edipdirler. Bu resmi kada dogan-garyndaşlaryň bilen hoşlaşmak, hatynlaryňa talak berip, ölümiňi boýun almak, mydama täretli bolmak, egin-eşikleriňi çykaryp, on alty gary bize çolanmak, hemem eliňe gylyç alyp: «Ýa Alla!» diýip, duşmanyň üstüne topulmak, ýa ölmekýa-da ýeňmek!
Ölseň şehit, ölen ýeriňde depin ederler. Depin etmek üçin ýuwmak hökman däl, çünki ol öňden täretli. Kepene çolanmak hökman däl, çünki onuň egninde on alty gary bizi – kepeni bar.
Öweztagan Kätibi «Seniň üstüňde» diýen taryhy goşgusynda:
Nurberdi han gol ýeterden daş boldy,
Berdimyrat han ulug ile baş boldy,
Gökdepäniň üstünde çyn söweş boldy,
Şeýle horluk gördük seniň üstüňde– diýip belläp geçýär.
Türkmen ýigitleri ata-babalaryndan miras galan «Gurt oýny» we «Syrtlan tilsimi»ýaly söweş usullaryny gerek ýerinde üstünlikli ulanypdyrlar.
Berdimyrat han egni ýüpek donly, eli ýalaňaç gylyçly galanyň hemme ýerine, öň hatarlardaky mergenleriň arasyna aýlanyp çykyp, Watan goragçylaryny söweşe ruhlandyrypdyr.Ol:«Allanyň dabaraly güni ýetip gelýär – diýip, Berdimyrat han sözüni dowam etdiripdir – Ol güni garşylamak, öňem telim gezek toý edişimiz ýaly, toý etmek gerek. Alla bizdendir. Ýeňsek, bize uly şöhrat garaşýar, ölsek – jennet. Şatlykly ýylgyryp, ýalaw ýaly gylyjymyzy syryp, duşmanyň üstüne şir kimin topulalyň. Mert boluň. Yza çekilmek ýok, rehim-şepagatam ýok. Ölmek üçin şu günden, şu günlerden, öňdäki şol aýgytly günden gowy gün ýokdur! Yzymdan galmaň diýip, hüjüme ýolbaşçylyk edip, görelde görkezýär.
Berdimyrat hanyň serkerdelik etmeginde ýigitler şol ýerden öňe zomap we sanlyja minudyň içinde olaryň birnäçesi toplaryň duran ýerine baryp, duşman topçularyny bir ýandan gylyçdan geçirýär.
Bu jygba-jygly ýagdaýda dört toply batareýanyň komandiri kapitan Mahuhi gaty köp türkmeniň çozup gelýänini görüp, iki böküp toplaryň ýanyna barýar we dördüsindenem birlikde atmagy başarýar. Toplaryň birnaçe ädimlik öňüne gelen türkmen topragyny goraýjy Watan ogullary top okunyň degmegi zerarly dyr-pytrak bolýar. Watan goragçylarynyň edermen batyr serkerdesi Berdimyrat han şol wagt gerçek türkmen ýigitleriniň öňündedi we top okunyň oňa göni degip ýarylyp, onuň bedenini parçalaýar.Bu barada etrekli ildeşimiz Söýün Bally «Gökdepe» dien goşgusynda:
Ol Orazmämmet han batyr ýürekli,
Hanmämmet Atalyk ýatlansa hakly,
Berdimyrat ýatyr gursagy okly,
Gylyç gemren gerçegi bolan Gökdepe –
diýip belleýär.
Birinji Gökdepe urşunyň baş serkerdesi Nurberdi hanyň nowbahar ogly gaýduwsyz, edermen, geljekde türkmen halkynyň bil baglaýan gerçek ogly Berdimyrat han 1879-njy ýylyň 28-nji awgustynda top okundan ýeten agyr ýarasy zerarly nusgawy gahrymanlyk görkezip, dünýäden ötýär.
Agşam Orazmämmet hanyň çagyrmagy bilen ýaşulularyň maslahaty geçirilýär. Ýygnanyşykda gahrymanlarça söweşip, Watan üçin gara başyny goýan Birinji Gökdepe urşunyň baş serkerdesi Berdimyrat hanyň ornuna mynasyp adam saýlamaklyk meselesi ara alnyp, maslahatlaşylýar we, Orazmämmedi han saýlaýarlar.Marydan Nurberdi han gaýdyp gelipdir. Nurberdi han Berdimyrat hanyň wepat bolandygyna gynançdan ýaňa ahiçinden çekip, öz garaýşyny halka şeýle mälim etdi: «Ähli adamlar üçin şeýle agyr günde men we meniň maşgalam pida çekmedik bolsa, bu meniň üçin ullakan masgaraçylyk bolardy, Gönübegiň ölümi maňa agyr degdi. Bu biziň üçin ornuny dolup bolmajak ýitgidir. Başga Gönübek dünýä inmez» – diýýär. Nurberdi han top okunyň gyýçaklary zerarly wepat bolan oglunyň jesediniň başujunda durup, rehimsiz ar aljakdygyna kasam edipdir.
Berdimyrat han Gökdepe galasyndaky Diňlidepäniň kybla tarapynda depin edilýär.Nurberdi hanyň öwlatlary tarapyndan Berdimyrat hanyň guburynyň daşyna nepis nagyşly haýat aýlanyp, başujunda ýadygärlik ýazgyly daş goýlupdyr. Göwnümize bolmasa uzaklardan seleňläp görünýän gahryman Diňlidepämiziň kybla tarapynda baky uka giden Berdimyrat hanyň eli gylyçly, bedew atly keşbi misli howalanyp görünýän ýaly bolup dur. Bu barada ýazyjy şahyr Ejegyz Çaryýewa özüniň «Gel, ykbalym sözleşeli ikiçäk» atly kitabynda:
Gala söweşinde dik tutup seri,
Ýurt namysyn goýup, jandan ileri
Hanlar hany Nurberdiň nowbahary
Berdimyrat han deýin merdan aňrymyz,
Türkmen mertebesin goran aňrymyz–
-diýlip ýatlanylyp geçýär.
Watan goragçylarynyň, şonuň bilen birlikde Berdimyrat hanyň görkezen gahrymançylygy, edermenligi türkmen halkynyň hakydasynda müdimilik galar, çünki ol öz ata Watanyňy gorap, aýap saklamagyň belent nusgasydyr.
____________________________________
Bellik:
1. «Gurt oýny» – garaşman durka çar tarapdan duşmanyň üstüne çozup, köp gyrgynçylyk edip, duşman garşylyk görkezmäge girişmänkä ýitirim bolmak.
2. «Syrtlan tilsimi» – syrtlan haýsy jandary awlajak bolsa, mydama onuň syrt, arka tarapyndan duýdansyz gelip topulýar. Ata-babalarymyz syrt tarapdan gelip awa topulýandygy üçin bu ýyrtyja syrtlan diýip at beripdirler.
3. «Gary» – ýarym gulaja barabar (1 metre golaý) köne uzynlyk birligidir. Ol uzalan goluň külbikäniň ujundan burna ýetýän aralygyna deňdir. Gulaç – sag we çep gollaryň aňrybaş gerilen aralygy, takmynan 180-190 santimetr ýa-da 8 garyş diýlip alynýar.
Çarymyrat GARAHANOW.
| |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |