09:21 Çarwalaryñ suw çeşmeleri | |
ÇARWALARYÑ SUW ÇEŞMELERI
Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk
Ata Watanymyz taryhy-medeni mirasa örän baý ýurt. Şonuň bilen birlikde, gojaman Köpetdagyň degresi bolsa ýurdumyzda ekerançylyk pudagynyň iň irki ýüze çykan mekanydyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Ata-babalarymyz çylşyrymly suwaryş ulgamlaryny gurmak sungatyny doly ele alypdyrlar, olar hatda çölde hem gülzarlyklary döredipdirler». Geçmişde ata-babalarymyz ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek, ekerançylyk meýdanlaryny suwarmak we Garagumuň adatdan daşary gurak çöl şertlerinde mallary suwa ýakmak üçin dürli usullary ulanypdyrlar. Ol usullar dünýä halklary üçin nusgalykdyr. Garagum sährasynda guýular bilen bir hatarda kak we sardaba maldarlary, mallary suw bilen üpjün etmek üçin hyzmat edýärler. Kak — gyş, ýaz aýlary ýagyn suwlaryndan dolýan, takyrlardaky tebigy oý ýer ýa-da emeli usulda uly howdan görnüşinde gazylýan desga. Kak Merkezi Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň çöl ýerleri üçin häsiýetlidir. Ol ýylyň ýaz aýlary suwly bolup, sähradaky mallary suwa ýakmak üçin peýdalanylýar. Emeli kaklar takyrlaryň eňňit tarapynda gazmak we çil çekmek arkaly gurulýar. Şu ýerde takyrlar barada-da gysgaça durup geçsek, ýerlikli bolar. Takyr — Merkezi Aziýanyň çöllüklerindäki we ýarym çöllüklerindäki toýun gatlakly toprakly ýerlerdir. Takyrlar dag etegindäki düzlüklerde ýerleşip, üstki toprak gatlarynyň galyňlygy 25-30 santimetrden geçmeýär. Ýüzi tekiz jaýryk-jaýryk bolup, ösümlik bitmeýär diýen ýalydyr. Düzüminde 0,2-0,5 göterim çüýrüntgi saklaýar. Paýhasly pederlerimiz takyrly meýdanlary saýlap alyp, olaryň suw ýygnanýan oýtak ýerlerini kesgitläp, el güýji bilen kaklary gazypdyrlar. Gum ygalyň toplanyp kaka gelýän oklarynyň iki gapdalyna we garşysyna çykarylyp, mazaly basgylanyp, dykyzlandyrylypdyr. Kakyň oklary ygal suwunyň öz akymyna eden ugry boýunça çuňaldylypdyr we oklaryň akar ugry dykylyp gömülmezligi üçin yzygiderli arassalanypdyr. Kaka ýygnanan suwy agyz suwy hökmünde hem ulanypdyrlar. Kakyň ýalpagrak tarapyndan mallaryň suwa inmegi üçin şert döredipdirler. Ýöne kaklaryň suwy Gün şöhlesiniň täsiri astynda bugaryp, gitdigiçe azalansoň, möwsümleýin suw çeşmesi bolupdyr. Geçen asyryň başynda aşgabatly Tagy aga öz dowarlary we düýeleri üçin niýetläp Garagum sährasyndaky öri meýdanynda öz hasabyna kak gazdyrýar. Ol kaky Aşgabat şäherinden 100 kilometr demirgazykda, takmynan, ini 2, uzynlygy 3 kilometr bolan giň meýdanda ýaýylyp ýatan takyrlykda gazdyrypdyr. Tagy aganyň gazdyran kakynyň ini 12, boýy 40 metre ýetip, çuňlugy 2-3 metre barabar bolupdyr. Oňa 1440 kubmetr suw ýerleşipdir. Aýyt Jumamyradowyň «Türkmenistan» neşirýaty tarapyndan çapdan çykan «Altmyşyň ak ýoly» atly kitabynda hem Tagy aga hakda ýazylypdyr. Ol mal degmez ýaly, kaka gelýän oklaryň gyrasyndaky yzgarly ýerleriň daşyna ösümliklerden «haýat» aýlap, suwy çekilensoň ol ýere düme oba hojalyk ekinlerini hem ekipdir. Häzirki wagtda hem Tagyň kaky we onuň ýanynda soň gurlan kak hereket edip, olardan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gäwers daýhan birleşiginiň maldarlary peýdalanýarlar. Obamyza degişli bolan Goşakakyň, Tagyň we Gyzylaýgyryň kaklarynyň ýanynda sardabalar hem gurlupdyr. Sardaba (parsça särd — sowuk, ab — suw) — takyrlarda ýagyş suwuny ýygnamak we ony uzak wagtlap saklamak üçin ulanylýan tegelek ýa-da inedördül şekilli, üsti gümmezli inženerçilik talaplara laýyk edilip gurlan gidrotehniki desga, üsti ýapyk suw howdany. Sardaba oý ýerden gazylýar. Ýerden gazylyp edilen sardaba tomus aýlary suwy sowuk we oňat saklaýar. Sardabanyň gümmezi suwuň bugarmazlygyny we sowuk saklanmagyny üpjün edýär. Daşyna-da galyň tegelek diwar gurlup, üçegi gümmez şekilinde basyrylýar, gümmeziň üç-dört ýerinden howa çalşygy üçin deşik goýulýar. Günorta-gündogar Garagum, ylaýta-da Amyderýanyň sag kenaryndaky takyrlarda sardaba has köp duş gelýär. Bu ýerdäki sardabalaryň göwrümleri dürli-dürlüdir. Ylmyň gazananlaryny ulanmak arkaly soňky wagtlarda sardabalaryň has kämilleri we döwrebaplary guruldy. Merkezi Garagumda we Köpetdagyň etegindäki düzlüklerde orta asyrlardan galan iki-ýeke sardaba duş gelýär. Mysal üçin, köne Mary (Merw) we Änew şäherleriniň harabaçylygynda, Kaka etrabynyň Nedirgala diýen ýerinde gadymy sardabalar saklanyp galypdyr. Olaryň käbiri häzirki günlerde-de ulanylýar. Sardabalaryň suwy ýylyň ygally gelşine baglylykda 10-11 aý, iň pes bolanda 6 aý saklanypdyr. Sardabalar ýylda arassalanyp, oňat gözegçilik edilen ýagdaýlarynda azyndan çärýek asyr möhlet ulanylypdyr. Geçmişde türkmen topragynda ata-babalarymyz tarapyndan çylşyrymly suwgurluşyk desgalarynyň we ulgamlarynyň dürli görnüşlerini döretmekde baý taryhy tejribe toplanylypdyr. Şeýle bolansoň, çarwalar häzirki wagtda hem Garagum sähramyzda kaklardan we sardabalardan giňden peýdalanýarlar. Çarymyrat GARAHANOW, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Türkmenmetbugatüpjünçilik» maddy-tehniki üpjünçilik kärhanasynyň baş hünärmeni. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |