20:59 Zehin parçasy | |
ZEHIN PARÇASY
Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Gylyç Tatow çagalykdan beýleki çagalar ýaly eline galam ýa-da ruçka düşse kagyzyň ýüzune çyzyk çyzyp oýnamagy we surat çekmegi gowy görüpdir. Gylyç teleýaýlymlarda berilýän çeper filmlere tomaşa eden pursatlary hem olardaky suratlara uly üns berip, ýadynda saklapdyr. Kakasy bilen özara söhbetdeşlikde hökman şol filmde ünsuni çeken surat hakynda gürrün gozgar eken. Atasy Sähet aga bolsa, ony özboluşly täsin dünýäni özünde jemleýän suratkeşlik ummanyna ugrukdyran ilkinji halypasydyr. Gylyjyň çeken suratlary mekdebiň diwar gazetleriniň hem bezegi bolýar. Ol orta mekdebi üstunlikli tamamlap, Aşgabat şäherindäki Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebine okuwa girýär. Bu ýerde okan döwürleri hem halypa mugallymlardan suratkeşligiň ylmy esasda inçe ýollaryny irginsizlik bilen öwrenip, kämilleşýär. Mekdebi tamamlanyndan soň, ol ikiýyllyk iş tejribesini almak üçin Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatryna işe iberilýär. Bu ýerde ol teatr sungatynda ulanylýan her dürli bezeg işleri we teatr sahnasynyň ussatlary bilen ýakyndan tanşyp tejribe toplaýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda okap ýören döwürleri hem okuwynyň daşyndan döredijilik işleri bilen meşgullanyp, döreden eserleri bilen geçirilýän sergilere gatnaşýar Köňül söýen käri boýunça ýokary bilim alan Gylyç eser döretmezden öň bu ugurdan köp edebi çeşmeleri özleşdirip, döretjek eserlerini gursagynda göterip, ilki onuň eskizini döredip has kämilleşdirip soň başlaýardy. Suratkeşlik ulgamynda ol öz geljekki ýoluny gözläp tapypdy. Diňe halallyk we azap bilen kämil, gaýtalanmajak, hiç kimiňkä meňzemeýän eserleri döretmeklige çalyşdy. Gylyja surat çekende aýratyn ylham beren zat, türkmeniň asyrlar- boýý döreden halk aýdymlaryny ussatlaryň ýerine ýetirmegindäki ýazgylaryny diňlemek bolupdyr. Gylyjyň hemişe wagty çäkli bolansoň, bu ugurdan ussatlaryň miras galdyran kitaplaryny işleýän wagty kakasy okap berýän eken. Gylyjyň çeken suraty Pragada geçirilen sergä gatnaşanda, daşary ýurtly bir zenan suratkeş ýanyna gelip, ondan: «Şu eseri döretmek üçin näçe wagt sarp etdiň?» — diýip sorapdyr. Gylyç bäş aý diýeninde bolsa, ol haýran galypdyr. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Gylyç Tatowyň döreden eserleriniň içinden türkmeniň milli häsiýeti, däp-dessurlary, taryhy eriş-argaç bolup geçýär. Onuň eserleri gazetdir žurnallaryň sahypalaryny hem bezeýär. Hormatly Prezidentimiziň köňül kelamyndan çykan «Paýhas çeşmesi», «Çaý — melhem hem ylham», «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitaplarynda hem zehinli suratkeş Gylyç Tatowyň döreden eserleri öz nynasyp ornuny tapypdyr. Onuň biri-birinden özboluşly işleri barada halypasy, Türkmenistanyň halk suratkeşi we ençeme döwlet sylaglarynyň eýesi, belli baýry mugallym Rahym Işangulyýew şeýle belleýär: «Türkmen ýaş suratkeşleriniň içinde Gylyç Tatow zehinli nakgaş hökmünde tanalýar. Gylyjyň döredijiliginde türkmen halkynyň taryhy gahrymanlaryny, erkana, watansöýüji halkyny, çeper elli gelin-gyzlarynyň päkize, owadan keşpleni görýäris. Gylyç Tatow ýörite orta bilim berýän mekdepde okaýan wagtlary hem beýleki okuwçylardan tapawutlanýardy. Ol portret žanrynda (adamyň ýüz keşbini çekmek) işläp, gowy nakgaş eserlerini döretmekde öz ýoldaşlaryna görelde bolmagy başarýardy. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda okan döwri hem Gylyç bilen ýakyn aragatnaşyk saklap, häzirki wagta çenli oňa halypalyk maslahatlarymy berip gelýärin. Onuň döredýän sungat eserleri tomaşaça täsir edýär we geljekde hem ýaş nakgaşyň döredijiligi türkmen sungatyny belent sepgitlere ýetirmekde öz goşandyny goşýar diýip, hasap edýarin». Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, halypa mugallym Hojamuhammet Çüriýew bolsa: «Gylyç Tatow okan döwürleri hem öz etjek işini bilýän, wagtyny bisarpa tutmaýan, berlen tabşyrygy wagtynda ýokary hilli ýerine ýetirip bilýän şagirt. Iň esasy aýratynlyklarynyň biri hem berilýän maslahatlary kabul etmekde siňdirişli ukyby örän güýçli. Bilmeýän zadyny soramaga, maslahatlaşmaga çekinmeýär, özüne kiçilik bilmeýär. Öz döreden eseri ýa-da garaýşyny öz pikir ýöredişi ýaly düşündirmeklige ukyply we subut edip bilýär. Surat eseriniň gowusyny, kemini bilip, aýyl-saýyl etmäge we düzetmäge ukyby hem-de höwesi bar. Gylyç Tatow durmuşda, döredýän eserlerinde, üst-başynda we edebinde öz garaýşy bar suratkeş. Maslahaty almaga we dogry netije çykarmaga akyl gerek, ol hem Gylyçda bar. Gylyç Tatow ir ýetişen we geljegi bar zehinli suratkeş» — diýip, oňa mynasyp baha berýär. Paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň çägindäki «Watan mukaddesligi» muzeýinde türkmen halkynyň gahrymançylykly taryhy giňden beýän edilip, onda Gökdepe galasynyň söweşinde halka baştutanlyk eden gerçekleriň suratlary hem rejelenip goýlupdyr. Şol suratdaky keşpler hem Gylyç Tatowyň Hakyň oňa bagyş eden tebigy zehininden bir parça. Ata-babalarymyzyň ruhy oňa medet berip, olaryň kämil we hakyky keşbini döretmeklige hemaýat edipdir. Şol döwürden saralyp galan suratlardaky keşpleri, olaryň egin-eşigini içgin öwrenip, Gylyç işe girişýär. Ine, şeýdip merdana atalarymyzyň 20-a golaý keşpleriniň biriniň holstyny reňkden doýrup guraýança, beýlekisiniň keşbiniň anatomiýasyna seretse, üçünjisiniň deňölçegligine, dördünjisiniň egin-eşigine, bäşinjisiniň ýüz keşbindäki aýratynlyklaryna yzygiderlilikde portretleri birme-bir taýýarlap tabşyrýar. Toplumda goýuljak suratlar babatynda ýörite döredilen topar tarapyndan Gylyç Tatowyň gysga wagtyň içinde döreden Nurberdi hanyň, Amangeldi Gönübegiň, Gurbanmyrat işanyň, Dykma serdaryň, Magtymguly hanyň we beýleki watan goragçylarynyň suratlary uly hormat bilen kabul edilip, muzeýde mynasyp ornuny tapyp halk köpçüligine ýetirilipdir. Muzeý gymmatlyklaryny synlanyňda, Gökdepe söweşiniň gahrymanlarynyň taryhy keşpleri giňden şöhlelenýär. Gylyç Tatow şondan bäri hem Watan goragçylarynyň keşplerini döretmekligi dowam etdirip, häzirki güne çenli Keýmir serdar Türkmeniň, Ulugberdi-Çopan batyryň, Myrat-Paşşy serdaryň, Gara batyryň, Baýly şahyryň suratlaryny döretdi. Garaşsyz Diýarymyzyň at-abraýyny belende götermek, ösüp gelýän ýaş nesli halallyk, ruhubelentlik, merdanalyk, çuňňur watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olarda ata Watanymyza, ene topragymyza buýsanç duýgularyny ösdürmek, şeýle-de geçmiş mirasymyzy öwrenmek we ony dünýä ýaýmak üçin giň mümkinçilik döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Çarymyrat GARAHANOW. "Medeniýet" žurnaly, iýul-awgust 4/2018. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |