17:11 Berkeli Çokaý | |
TÜRKMEN HALK AÝDYM-SAZ SUNGATYNYŇ ROWAÝATLARYNDAN
Aýdym-saz sungaty
◼BERKELI ÇOKAÝ Azatlyk çokaýyn tiken Berkeli 20nji asyryň ortalarynda Türkmenler esasy iki sany uly hanlyga birigýär. Ol iki hanlygyň birine Nurberdi han, birine‐de Gowşut han baştutanlyk edýär. 1855-nji ýylda Gowşut han güýçlenýär. çünki, onuň hanlyk edýän ýerine Murgapdyr, Tejen derýalarynyň orta hem aşak akymynda ýaşaýan Türkmenler girýär. Uly syýasy hem‐de harby güýje eýe bolan Türkmenler indi öň ýeten basybalyja salgyt beresi gelenok. Şonuň üçin şol döwürde Türkmenler Hywa hanlygyna salgyt tölemekden boýun gaçyrýarlar. Türkmenleriň özüne salgyz tölemeýänligine nägile bolan Hywa hany Mädemin (Muhammet emin han) Gowşut hany gepleşige çagyrýar. Şol gepleşikde Mädemin han Gowşut hana şeý diýýär: ‐‐ Seň hütjet Türkmeniň öten ýyl‐a, ýyl gurak geldi, ygal bolmady, şoň üçin ekinden hasyl alyp bilmedik.—diýip, salgyt bermedi. Ondan öňki ýylam ekinler ýaňy hasyla duranda çekrtge aldy – diýdi.Mallaňam baryny çerrik degdi – diýip,salgyt bermediler.Aý garaz her hilli bahana tapyp seň Türkmeniň soňki ýyllarda maňa oňly salgyt tölänok. Şonda Gowşut han Mädemine: ‐‐Aý, Mädemin han, sen oň üçin hapa bolma, ynha, bi ýyl oňat geldi.Gyşy gyşa, ýazy ýaza meňzedi.Bi ýyl bol hasyl alarys.onsoň saňa öňki‐soňki tölemedik salgytlarymyzyň baryny bereris – diýip, ony süýt kölüne çümdirip gaýdýar. Güýz düşýär, hasyl ýygnalýar. Emma Mädemin hana zat baranok.Muňa beýik Hiwa hanlygynyň hökümdary bolmajasyny bolýar.Gahary gelip, gazaba münýär. Onsoň ýene‐de Gowşut hany gepleşige çagyryp, salgyt tölemeýändikleri üçin Türkmenleriň baryny uçdantutma gyryp ýok etjekdigini aýdýar. Namartlyk edip duýdurman üstümize döküldi – diýip, armanly bolmaz ýaly, söweşe taýýarlanmaga 3 aý möhlet berýändigini aýydýar. Gowşut hanyň "A‐how Mädemin han, gel ganly jeňe baş goşmaly, ylalaşaly" diýen Töwellasynam alman dergazap bolýar. Onsoň Gowşut han Mädemin han bilen birýaňalyk etmek üçin uly hem aýgytly söweşe taýýarlanyp başlaýar. Bu söweş Türkmeniň geljekki ykbalyny çözmelidi. Şeýlelikde, Gowşut han Sarahsda söweşe taýýarlyk görüp başlaýar.Gowşut han, ilki bilen öz atlylarynyň eşigini üpjün etmegi dogry hasap edýär. Çünki, aýagyň çepekli, egniň ýalaňňat çäkmenli gyş günleri duşmana garşy aýgytly söweşe girip bolmajagy belli zat. Şoň üçin Gowşut han sowut tikip bilýän ussalary, at üçin uýandyr çeki tikip bilýän ussalary, çokaý tikip bilýän ussalary ýygnaýar. Şol ussalaryň arasynda Berkeli diýen bir adam çokaýy çalt hem berk tikmekde hemmelerden tapawutlanýar. Ol halkdan gön ýygnap, ýanynda 30-40 sany kömekçi adam alyp Mädeminiň geljek wagtyna çenli kän çokaý tikip ýetişýär. Dolak, çäkmen dokaýan aýallaryň toparyna hem Berkeli çokaýçynyň özi ýolbaşçylyk edýär. Uly söweşe şeýdip ykjam taýýarlyk görünýär; Güýzüň ahyrynda Hywa hanlygynyň beýik hökümdary Mädemin han agyr leşgeri bilen Sarahsa gelýär.Söweş başlamazdan öňürti Mädemin han Gowşut hana haýbat atýar: ‐‐ Gedem Türkmen, taýýarlanma kemiň galan däldir.Armanly bolsaň aýt, ýene taýýarlanmaga müdet bereýin, bolmasa‐da çyk söweşe – diýýär. Gowşut han oňa ýene‐de töwella edýär. ‐‐Mädemin han, gel ganly söweşe baş goşmaly, sen gaýyt, bize azar berme – diýýär. Emma Mädemin han oňa: ‐‐ Ertir söweşe başlaýas, bar düýeboýun öwülýa‐da senden bolsun Soltan Sanjaram senden bolsun — diýip, haýbat atýar. Şeýlelikde, söweş başlanýar.Mädemin hanyň goşuny san taýdanam, ýarag babatda‐da Türkmenlerden has ýokarda ekeni. Şoň üçinem bu söweşe Türkmen zenanlaram gatnaşypdyr. Olar aýaklaryna çokaý, eginlerine çäkmen, başlaryna telpek geýip, Mädemine garşy söweşipdirler. Olaryň esasy ýaragy bolsa, taýagyň ujuna berkidilen gyrkylyk, synny bolupdyr. Mundan başga‐da Türkmen topragynyň ähli ýerinden atlylar kömege gelipdirler. Netijede Mädemin hanyň goşuny derbi – dagyn edilip, onuň özi hem öldürlipdir… Şondan soň Türkmenler tä 1881-nji ýyla çenli, ýagny orslar gelýänçä hiç bir hanlyga-da, hiç bir döwlete-de bakna bolman, özbaşdaklykda ýaşaýar. Öňki döwürde her bir daşky duşman bilen bolan söweşde ýeňiş gazanylsa, şondan soň ýeňiş toý tutulýar ekeni. Şol ýeňiş toýunda edermenlik görkezen ýigitlere bagyşlap şahyrlar goşgy goşýar, sazandalardyr bagşylar bolsa, gahrymanlyk görkezen ärlere bagyşlap aýdymdyr, saz düzen ekenler. Ine, Mädemin han bolan söweşde hem Berkeli çokaýyň tiken çokaylary, ýasan eýerdir, uýanlary ýeňiş gazanylmagyna ýardym edipdir. Şoň üçin sazandalar Berkeli çokaýça bagyşlap, “Berkeli çokaý “ diýen sazy düzüpdirler. Şu ýerde ýüz ugurda aýdyp geçmeli zat bar. Elbetde, şeýle uly söweşde ýeňiş gazanmakda edermenlik görkezen zenanlar hakda, gahramançylyk görkezen ärler hakda başga‐da köp goşgular, aýdym-saz düzendirler. Ýöne olar edil “Berkeli çokaý“ sazy ýaly kämil bolmany üçin asyrdan asyra, ýagny XIX asyrdan XX asyra aşyp bilmändir. Her bir asyr özünden soňki asyra peşgeş berjek bolanda : edebiýat, sungat eserleriniň iň kämillerini berýär.Ỳöne‐möne zatlar asyrdan asyra aşyp bilmeýär. Bu saz bizi ýene bir zat hakda oýlandyrýar: Her bir döwletiň, onuň baknasyzdygyny, garaşsyzlygyny goramakda ýönekey çokaýçydan başlap, hana çenli uçdantutma hemmäniň tagallasy zerur. Allaberdi DURDYÝEW Gaýtadan düzen: Arne GOLI. Taryh ylymlarynyň kandidaty | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |