12:52

Wilýam Şekspiriň adynyň astynda kim gizlenen?

Edebi tankyt
Категория: Edebi tankyt | Просмотров: 882 | Добавил: Garaýolly | Теги: Natalýa Trubinowskaýa | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Edebi tankyt bölümiň başga makalalary

Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024
Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024
Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024
A.M.Gorkä hat - 19.10.2024
Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024
Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024
Söýginiň tarypy - 14.10.2024

Teswirleriň ählisi: 321 2 3 »
0
1 Bagabat  
43
Islendik beýik ýazyjy, şahyr, dramaturg, nakgaş...umuman adamzat jemgyýetçiliginiň aňynda galmagyň hötdesinden gelen görnükli şahsyýet iru-giç şeýle sowala mynasyp bolýarmyka diýýärin. Mysal üçin "Şekspir" tahallusy bilen şol wagt öz adyny açyk beýan edip bilmedik aristokrat (begzada) Eduard de Wer, Oksfordyň 17-nji grafy ýa-da meşhur filosof Frensis Bekon, ýa-da şol döwürler meşhur şahyr Kristofer Marlo, ýa-da ýene-de bir begzada Uilýam Stenli Derbiniň 6-njy grafy, ýa-da begzadalaryň ýene-de biri Rojer Menners Ratlendiň 5-nji grafy diýişleri ýaly, Magtymgulynyň käbir goşgularyny hem alym Gylyç Mülliýewiň adyna ýöňkeýärler. Şeýle jedellere muşketýorlaryň atasy Dýuma-da, Puşkin hem, "Ýuwaş Don"-yň awtory Mihail Şolohow hem...başga-da köp-köp adamlaryň ömri we döredijiligi mynasyp bolupdyr.

0
2 Bagabat  
43
Ýöne näme üçindir hiç kim hakykatdan-da döredilen, emeli şahsyýet bolan Kozma Prutkowyň döredijiligini, ony emele getiren doganlar Žemçužnikowlardyr Alekseý Tolstoýyň arasynda "pytratmaga" dalaş etmeýär. Sebäbi hakykatda Kozma Petrowiç däl-de onuň meşhur eserlerini Žemçužnikowlaryň biri ýa-da Alekseý Tolstoý ýazan ahyry?!

0
3 Bagabat  
43
Aýdylanlary doly goldaýan, öňem şu meseläni öňe sürüp özüniňkini dogry etjek bolýan "edebiýatçylara" meniň-ä aýdýanym: "Eger-de Gylyç Mülliýew hakykatdan-da Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň derejesinde şygyr ýazmagyň hötdesinden gelen bolsa, onda näme üçin biz häzirki döwürde Gurbannazar Ezizowy, Kerim Gurbannepesowy, Mämmet Seýidowy, Halyl Kulyýewi we türkmen şygryýetine täzelik getiren beýleki ägirtleri tanaýarys, ony welin bilemzok"

0
4 Bagabat  
43
Ýaňky "samuraýlardan öwrenip gelipdir" diýýäniňe bolsa sag bol taňryýalkasyn. Heziller etdim, gülüp-gülüp. Ýöne gardaşym, gaýrat et-de beýle ýomagy ilki bir öňünden duýduryp ýazaweri. Ýogsa tasdanam gülüp-gülüp heläk bolýardym.  biggrin  Bäh entejikler taryhda bilmeýän zatlarymyz kän-how! Samuraýlardan öwrenip gelipdir.

0
5 Bagabat  
43
@Has, şu samuraýlar barada bir zat aýdaýyn. Eger-de olar hakykatdanam şol kinoplardaky ýaly bet bolanlyklarynda onda häzir dünýäň ýüzünde hunlar, göktürkler, seljuklar, osmanlylar, warýaglar, rim legionlary, makedon falangalary, mongol tumenleri, wikingler, rus družinalary, fransuz we iňlis rysarlary, mamlýuklar, ýanyçarlar barada gürrüň etmezdiler-de, samuraýlar barada gep-gürrüňden dolardy. Samuraýlary bolsa dünýä diňe sesli kinofilmler prokata çykandan soň tanady.

0
6 Bagabat  
43
Ol Dobrolýubow bilen Lew Tolstoýyň gatnaşygy barada-da gaty gowy anekdotlary aýdyp beripdir, gürrüňdeşiň. Oňa maslahat bersene, şeýle üýtgeşik fantaziýasy bilen fantastik žanrda eser ýazsa üstünlik gazanmagy gaty ähtimalyň ýakynrak bir ýerlerinde bolmaly. Bäh, Tolstoý 20 sany ýazyjynyň üsti bilen eserlerini hakyny töläp ýazdyrypdyr diýýä diýsene. Dogrusy ol ýazyjynyň şahsyýeti, durmuşy hakda beýle bir öwgüli sözleri aýdarlyk ýagdaýym ýok, ýöne eserleri, olaryň bütewiligi, çuňlugy nukdaýnazaryndan üýtgeşik zat. Hasam "Anna Kareninanyň" II jildinde doktor Lewiniň bir çaklaňja tokaýlyk ýerde (роща) Hudaýy syzýan ýeri...

0
7 Rahat  
Alp-Arslanyñ dowrunde XI asyrda ärsarylañ ady hem yokdy Lebapda, has soñky asyrlarda, Maññyşlakdan, Balkandan göçüp barmadylarmy olar name? biggrin

0
8 Rahat  
Kime aydyanyñy bildim Has aga, ol yaşuly Ärtogrulam lebapdan giden ärsary diyp otyr-a. Hamala obañ başbozary Ärtogruldan dynjak bolup obanyñ yaşulylary ony bar Wizantiya bilen uruşsana diyip goyberenmiş, olam name uruşman diyip hüw kellesine gaydanmyş Sögüde... biggrin
anekdotçy kemi yok o yaşulyñ

0
9 Adalat19  
3
Şekspir biziň oglanymyz diýip Kaddafi bir ýerde gürläpdi. Eger şeýle bolsa Şekspir Afrikaly musulman bolýar...

0
10 Oguzhan_aga  
65
Rahat Ärtogrul Ärsarylardan bolup bilmeýärä. Olar Oguzlaryň Bozuk golundan Gaýy taýpasyndan bolmaly dälmi näme. Ärsary taýpasy Oguzlaryň Üçok golundan bolmaly.

0
11 O.P19-84  
Şekspir... şeýh pir... millet Şekspiriñ sakalsyz suraty cekiljek yakynda... sabyrsyzlanyan gormage suratyny

0
12 O.P19-84  
"Şekspiriñ ýazyjy aýal dogany bolan bolsa näme gün görerdi?"diyyadimi W.Woolf "A Room of One’s Own"-atly eserinde...

0
13 Ashyr Sapar  
Magtymgulyly meseläni anyk bilesiňiz gelýän bolsa Atajan Taganyň Gündeligini okaň şübhelenere zat goýanok şo taýda

0
14 Adalat19  
3
Dogrudanam türkmenlerde disidentalar ýetigaý...

0
15 Ashyr Sapar  
Aý ýok, Atajan Tagan öz pikirini gowy edip delillendirýärem-ä o taýda. Hemem ol muny Magtymgula hüjüm etmek maksady bilen däl-de, ony has beýgeltmek maksady bilen aýdýar. Hakykatdanam käbir goşgulary Magtymgulynyň derejesinden has pes gelýär. Täzeden gowy edip seretmegi maslahat berýän...

1-15 16-30 31-32
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]