22:01 Beýik Ýüpek ýolunyñ ugrundaky galalar | |
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky galalar
Taryhy makalalar
▶ Amul Amyderýanyň çep kenarynda, derýanyň 12 kilometr günorta-günbatarynda ýerleşýän Amulyň orta asyrlarda 200 töweregi gektara barabar meýdany bolup, şol döwürleriň belli şäheri Parižiň meýdany hem şol ululykda ekeni. Amul arheologlaryň pikiriçe, iki müň ýyl töweregi öň döräp, Amyderýanyň üstünden amatly geçelgäniň bolmagy bu şäheriň gülläp ösüşlerine düýpli täsir edipdir. ▶ Hojaidat Amulyň günorta tarapynda ýerleşýän Hojaidat galasy barada birnäçe rowaýatlar beýan edilýär. Bularyň ählisinde hem «Hojaidat» adynyň galany arap goşunlarynyň basyp almagyndan soňra dörändigini tassyklaýar. Rowaýatlaryň troýalylaryň aty hakyndaky rowaýata hem-de «Alybaba we kyrk garakçy» ertekisine menzeşdigini aňmak bolýar. ▶ Daýahatyn Amulyň demirgazygynda ýerleşýän, Daýahatyn diýlip tanalýan şäherde duş gelýän ilkinji kerwensaraýyň ýaşynyň IX asyrdan gaýdýandygyny, ony guranyň hem Tahyrylar hökümdarlygyny esaslandyryjy Tahyr al-Hüseýindigini taryhçylar belläp geçýärler. Bu iri düşelgede diňe bir gury ýer bilen barýan ýolagçylar däl, eýsem, derýa gatnawy bilen ýol aşýan täjirler-de kerwensaraýda düşläp geçipdirler. ▶ Soltangala Soltangala seljuk soltanlary Mälik şa we Alp Arslan tarapyndan XI asyryň ikinji ýarymynda - XII asyryň başynda saldyrylan bolmaly. Bu hem onuň soltanlaryň saldyran galasy - Soltangala hökmünde adykmagyna sebäp bolupdyr. Gapdal diwarlary 1,7-den 2,2 kilometre çenli uzaýan Soltangalanyň boýy 8-9 metre ýetýär, diwarlarynyň düýbi esasan 4,5 metre ýetýän galyňlykda pagsadan tutulypdyr. ▶ Gäwürgala B.e. öňki III asyryň ikinji ýarymynda selewkit hökümdary Antioh Soter tarapyndan tiz wagtda bina etdirilen dörtgyraň galanyň diwarlary 6 metre ýetýän galyňlykda bolup, onuň her bir gapdal ganatynyň uzynlygy hem tas 1,5 kilometre ýetipdir. Geçmişde «butparazlaryň galasy» ýa-da «kapyrgala» ady bilen tanalan bu gala biziň günlerimize Gäwürgala ady bilen gelip ýetipdir. Ol 400 gektara golaý meýdany öz içine alýar. Gäwürgalanyň dört tarapky diwarlarynyň dördüsinde-de derwezeler bolupdyr. Antioh Soter Gäwürgalanyň daşyna 230 kilometre golaý halkalaýyn daşky galany hem saldyrypdyr. ▶ ERK GALA Merwdäki ilkinji şäher Ahemenid imperiýasynyň döwründe gurulýar. Patyşa Kir Merw oazisini 12 ga golaý ýeri tutan täze şäher Erk Galany gurmak üçin saýlapdyr. Bu dolandyryş we söwda üçin gülläp ösýän merkeze öwrülipdir. Goranmak üçin gurlan uzyn diwarlar çig kerpiçden, halka görnüşinde dikeldilipdir. Onuň içinde köşkler, ybadathanalar, öýler we goşun ýatakhanalary bolupdyr. ▶ Uly we kiçi gyzgala Rowaýata görä, Uly Gyzgala, Kiçi Gyzgala ýadygärlikleri gadymyýetde Gyzgala hem-de Ýigitgala diýlip atlandyrylypdyr. Uly Gyzgala Merw oazisinde iň uly köşkdür. Onuň günorta we gündogar taraplary beýleki taraplara görä gowy saklanypdyr we onuň iç tarapyndan otaglaryň we ýokarky gatyň subutnamalary görünýär. Kiçi Gyzgala munuň ýakynynda ýerleşip, tas kwadrat we iki gatly jaý bolupdyr. Içki otaglaryň birisi, şeýle hem basgançakly girelge abat ýagdaýda saklanypdyr. ▶ Sarahs galasy Sarahs Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky Nişapur bilen Merwiň arasynda we Tejen derýasynyň ýokarky akymynda ýerleşen adybir sebitiň merkezi şäheri bolupdyr. Araplaryň gelmegi bilen Orta Aziýanyň ýerli mirasdarlary bilim alanlaryndan soň, Sarahsyň ähmiýeti ep-esli artýar. Şol döwürde Sarahs umumy meýdany 120 gektardan, töwereginden 12 metr ýokaryk galdyrylan, 340×560 metr uzynlykda berkidilen şähristanly gür ilatly uly şähere öwrülýär. Ýöne mongol basybalyşlary Sarahsyň tozdurylmagyna, ilatynyň gyrylmagyna getiripdir. Merkezi galanyň berkitmeleri öz gorag wezipesini bes edipdir, şähristanyň berkitmeleri ýumrulypdyr. ▶ Köne Kaka Gurluşy boýunça bu şäher köpsanly diňli, içinden garym gazylan kuwwatly gala diwarlary bilen biraz süýndürilen dörtburçlugy emele getirýär. Birmahallar hatarlanyp duran köpsanly, çürelip gidýän diňler indi ýöne tümmek bolup galypdyr, diňe käbir ýerlerinde olary anyk saýgaryp bolýar. Ilatly ýeriň edil merkezinde diýen ýaly içki gala hem bolupdyr, häzir onuň töwerek-daşyny içi zeý suwundan doly uly kölçe gurşapdyr. Öň ol galanyň goragy üçin gazylan garym ekeni, ol hem şäheriň daşyndan gazylan garym bilen birleşdirilipdir. ▶ Hysrowgala Abiwerdiň günbatarynda dagyň eteginde Hysrowgala şäheri howalanyp görünýär. Irki antik zamanlarda bina edilen bu şäher iki sany berkitmeden ybaratdyr. Ol laýdan galdyrylan dokuz metrlik tekiz ýer bolup, harby gorag maksadynyň juda kämil usulynyň aňlatmasydyr. Şäheriň gündogar ugrunda içki gala ýerleşip, ol giň garym arkaly bölünip aýrylypdyr. Şähristan hem-de Hysrowgala hersi özbaşdak, şonuň bilen birlikde hem, duşman çozan halatynda hyzmatdaşlykda bolmagyň mümkinçiligi göz öňünde tutulan gorag ulgamyna eýedir. ▶ Köne we Täze Nusaý galalary Köne Nusaý galasynyň döremegi parfiýalylaryň şasy Mitridat bilen bagly hem bolsa, Täze Nusaý şäheriniň dörän wagty barada anyk maglumat ýok. Köne Nusaýdan tapylan tapyndylaryň içinde tutuş synasynyň gözelligi görnüp duran ýaş aýalyň heýkeli bar. Onuň Parfiýa şasy Mitridat I-niň gyzy Rodoguna bolmagynyň ähtimaldygy aýdylýar. Köne Nusaýdan tapawutlylykda, Täze Nusaý Parfiýa darganyndan soň hem şäher galasy hökmünde köp asyrlar ýaşaýar. ▶ Täkýazyr Häzirki Bäherdeniň merkezinden 20 kilometr demirgazykda orta asyr Täkýazyr galasynyň galyndylary, häzir Şähryslam ady bilen tanalýan şäher ýerleşýär. Galyndylara ser salsaň, bu şäheriň iki galaly hem-de bir inedördül kilometr meýdany bolan (töwerek-daşy bilen) şähristanly uly şäherdigi mälim bolýar. Häzire çenli saklanyp galan gala diwarlary, gorag maksady bilen gurlan diňleriň köplügi şäherlileriň ýurduň goragyna uly üns berendigini aýan edýär. Hususan-da, çarwa kowumlarynyň geljek ugruny, galanyň demirgazyk tarapyny has berkidipdirler. ▶ Paraw Nusaýdan Dehistana barýan ýolda orta asyrlara degişli Paraw şäheri ýerleşýär. Dagyň eteginde gurlan bu şäher diwarlary daşyna halkalanan örän berk gala görnüşindedir. Onuň yzlary häzirki wagtda hem açyk bildirip dur. Şäher dag eňňidinde gurlup, dag çeşmesiniň bir kilometr çemesi aşaklygyna iki kenaryny hem öz çägine alýar. Şäheriň ýokary böleginde içki galasy bar. Taryhy çeşmelerde Paraw şäheri oguzlaryň çölüň etegindäki, Horasan bilen Dehistanyň serhedinde gurlan galalary hökmünde beýan edilýär. ▶ Gürgenç Amyderýanyň aşak akymynda bol hasylly, gür ilatly sebitiň merkezi Gürgenç şäheri bolupdyr. Häzirki Köneürgenjiň merkezinde we günorta künjeginde gadymy şäheriň asyrlaryň sarsgynyna ýan bermän oturan ýadygärlikleri 650 gektara barabar meýdany eýeleýär. Häzirki goraghananyň ähli ýeri kuwwatly gala diwarlary bilen gurşalypdyr. Galanyň iç ýüzünde iki sany içki galasy, ýaşaýyş jaýlarynyň sansyz köp hatarlary, dürli hünärmentçilik ussahanalary, kerwensaraýlar, aramgähler, minaraly metjitler, köşkler hem-de patyşa çarbaglary saýa salypdyr. ▶ Döwkesen Gürgenjiň demirgazyk çetinde Döwkesen şäheri bar. Onuň gala diwarlary hem-de binalary Üstýurt tekizliginiň üç sany eňňit ýerinde gurlup, ol ýerden ýokarda howalanyp görünýär. Oňa «Arwahlaryň kesen galasy» – Döwkesen diýilýär. Bu gadymy ilatly ýeriň taryhy has ir döwürlerden, biziň eýýamymyzdan öňki VI–III asyrlardan başlanýar, alymlar onuň Wezir şäheri bolandygy hakynda belläp geçýärler. Bu şäheriň kuwwatly içki galasy hem-de ybadathanasy bolup, ol orta asyrlarda hem bar eken. ▶ Maňgyr gala Köneürgençden günbatara, Sarygamyşa tarap giden kerwenler Maňgyr belentligine çykypdyrlar. Onuň depesinde şu wagtlar hem etekleri bilen ýaýran uly şäheriň yzlaryny görmek bolýar. Bu ýere Maňgyr gala diýilýär, ýöne onuň esasy ýörgünli ady Halapdyr. Ol Siriýadaky köne Halap şäheriniň adydyr. «Şasenem – Garyp» dessanynda bu şäheriň ady getirilýär. "MILLI GOŞUN" | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |