22:28 Bibi batyr - türkmen zenany | |
BIBI- BATYR TÜRKMEN ZENANY
Zenan şahsyýetler
Ir zamanlardan bäri gonamçylyklar atsyz ýa-da haýsydyr bir belli şahsyýet bilen bagly bolupdyr. Ýöne olara zenanyň adyny dakmak taryhda örän seýrek duş gelýär. Soňky ýyllarda Gazagystanda, has takygy Maňgyşlakda ýaşap geçen şahsyýetler bilen bagly maglumatlary ýygnamak meniň söýgüli pişäme öwrüldi. Sebäbi sebit türkmen halkynyň taryhy bilen bagly wakalaryň hazynasy hasaplanylýar. Akdag-Buzajy döwlet goraghanasynyň ýäginde Doly apa gonamçylygy ýerleşýär. Ol zenan ady bilen dahylly seýrek duş gelýän gonamçylyk hökmünde taryha giripdir. Doly apanyň hakyky ady Bibidir. Ol maňgyşlakly türkmen gerçegi Goçbarmak batyryň gyzydyr. “Doly” sözüni türkmençä öwrüp aýtsak “üznüksiz ýagýan ýagyş”, “çagba”, “öýlänçi” diýen manyny berýär. “ Apa” diýmek bolsa “ ejeke” ýa-da “ uýa” diýmekdir. Gonamçylykda ХII we ХIХ asyrlara degişli dikildaşlar saklanyp galypdyr. Merhumlaryň aýakuç we başuç taraplaryndaky dikilen agaçlaryň köpüsi dürli nagyşlar, şekiller bilen haşamlanypdyr. Olaryň käbirinde arap elipbiýinde sudury çala göze ilýän, okamasy kyn ýazgylaryň sudury görünýär. Gonamçylykda dürli milletlerden bolan halklar, demirgazyk-gündogar tarapynda bolsa türkmen we gazak mazarlary köplik edýär. Olaryň mazar daşyndaky ýazgylar arkaly tapawutlandyryp bolýar. Gabdayr şlarynyň üstki gatlary täsin şekilleri we nagyşlary bilen ünsüňi özüne çekýär. Şekilleriň ählisi oýulan usulda ýerine ýeririlipdir. Gonamçylygyň golaýyndaky ýarym ýumrulan kümmetsiz sagana barasynda halk hakydasynda täsin rowaýat saklanyp galypdyr. Ol Bibi (Doly apa) bilen baglanyşykly eken. Bibi ýaşlygyndan örän görmegeý, eli hünärli, işbaşarjaň gyz bolupdyr. Onuň adyny argyş kerwenleri bilen gelen bezirgenler alyslara ýetiripdirler... Giň sähranyň halky gorkyny-ürküni bilmeýän bu gyza hormat bilen garapdyr. Bibi ajaýyp çapyksuwar we söweşiji bolmak bilen özüne göwni ýetýän batyr ýigitler bilen ýarag-esbaply güýç synanyşmaga hem het edip bilipdir. Birnäçe gezek erkekler bilen deň hatarda duşmana garşy aýgytly söweşlere gatnaşyp özüni görkezipdir. Gönümelligi, gaharjaňrak häsiýeti ýeri gelende sahy we geçirimli häsiýeti üçin obadaşlary oňa Doly ejeke diýip lakam goýupdyrlar. Ýöne bir gezek duşmanlar oba duýdansyz çozuş edende köp adan heläk bolupdyr. Deňi-taýy bolmadyk şol pajygaly söweşde Bibi hem wepat bolupdyr. Sebitiň ilaty oňa uly hormat goýupdyrlar we ussat binaçylary çagyryp onuň mazarynyň üstünde sagana gurdyryplar. Garadagyň jülgelerinden getirilen daşlardan gurulan sagana wagtyň geçmegi bilen indi çagşap, ýumrulyp başlapdyr. Gonamçylykdan uzak bolmadyk ýerde çeşme bar. Ol ýerde baglyk meýdança bar. Daş-töwerekde, uç-gyraksyz sährada gülläp oturan meýdançany görmek bizi haýran galdyrdy. Ýolbeledimiz Hoja Ahmet aganyň gürrüň bermegine görä, miweli baglary geçen asyryň başlaryny Ergaş atly gyzgyz bagbany getirip ekipdir. Alma, garaly, erik ýaly miweli baglar, ak we gara üzümler ýerli toprak, howa, suw ýagdaýy bilen tiz uýgunlaşypdyr. Şeýlelikde kerwen ýolunyň şahamçasynyň ugrunda baglyk meýdança, rahatýer peýda bolupdyr. Ergaş bgban bu ýerde ömrüniň soňky günlerine çenli ýaşapdyr. Onuň eken baglary häzir hem miwe berýär. Gonamçylyga gelenler bu ýerde kakadylan şirin-şeker miwelerden dadyp merhumlaryň hatyrasyna doga okaýarlar, bagbana alkyş aýdýarlar. “Doly apa gonamçylygynyň golaýyndaky meýdançadaky baglaryň bol miwesi haýran galdyrýar. Guşlar şol baglarda toparlanyşyp nagma kakýarlar. Şu zatlara gözli şaýat bolup neneň gudrata ynanmajak?” diýip, dogasyna tamamlan Hoja Ahmet aga aýtdy. Şahymerdan SARY OGLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |