14:44 Biçäre Nikiforow / gysga ýumor | |
BIÇÄRE NIKIFOROW
Satiriki hekaýalar
Nikiforow et almak üçin nobata dur. - Maña süñksüzräk ýerinden bereweri, Stoýan! Özüñem baryp dur, henizem şo bakaleýada men. - Ýagsyzragyndan çeksene, Stoýan! Onsoñam, biziñ restorana-da aýlan haw. - Kotlet bişiret ýalyrak ýerinden çek, Stoýan! Aýakgap ussahanasyna-da ýoluñ düşer-ä seniñ. - Maña jylkajasyndan, kakmaçlyk gerek, Stoýan. Sen Kate biziñ atelýämize hem degip geçäýmel-ä! - Çişlijek iýesimiz geldi... Ýok, ýok. Gapyrgajykdan däl... Adaty çişlik-laýt. Sen, oglan, biziñ altyn-kümüş şaýlar satylýan magazinimize-de bir girip-çykaýarlar-a! - Maña göle etinden bolaýsa... Nikiforow bu gürrüñleri diñläp, utanyp ýere giräýjek bolýar. Olam şeýdip, iller ýaly Stoýany iş ýerine çagyryp bilýän bolsady. Ýöne, nirä, näme üçin çagyrjak diýsene? Ýogsa-da, oña: "Stoýan, gulak as, sen biziñ ylmy-barlag institutymyza-da gelsene, men saña kislotalar hakynda şeýle bir gyzykly gürrüñler bereýin!" diýäýsem näderkä? Ýok-la, dilem öwrülenog-a olara. Bireýýäm umytdan düşen kiçi ylmy işgär Nikoforow kapasanyñ ýanyndan ýüzüni sallap gaýdýar. Onuñ goltugynda bolsa, birgeñsi edilip ak kagyza dolanan geñ haryt - süñk-sañk bar. Walentin PLAMENOW, (Bolgariýa). "Edebiýat we sungat" gazeti, 1986. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |