01:25 Bigünä adam 17 ýyl türmede ýatdy | |
BIGÜNÄ ADAM 17 ÝYL TÜRMEDE ÝATDY. BAR GÜNÄSI HAKYKY ŞÜBHELÄ JUDA MEŇZEŞLIGIDI
Geň-taňsy wakalar
1999-njy ýylyň 31-nji maýynda Riçard Jons Missuri ştatynyň Kanzas-Siti şäherindäki öýünde maşgalasy we dost-ýarlary bilen baýramçylyk agşamyny gurap, hatyra gününi hem-de söýgülisiniň doglan gününi belledi. Şol wagt şäheriň bu ştatyň serhedinden bitnäçe kilometr uzakdaky beýleki etrabynda üç sany adamyň günuzyn krek kokainini çekip, awtoulagly köçeme-köçe aýlanyp ýörüşleridi. Iň soňunda neşeleri gutarandan soň olar şol zadyň satylýandygy bilinýän bir ýere tarap sürdüler. Iki gatly bir jaýyň öňünde ulagy saklap, Rik diýen birini mündürdiler. Öňdäki kürsä geçip oturan Rik ulagy golaýdaky Walmart atly dükana tarap sürdürdi. Dükanyň öňündäki duralga meýdançasynda Rik ulagdan çykyp, bir zenanyň elindäki ýantorbasyny kakyp almakçy boldy. Zenan çyr-çytyr garşylyk görkezensoň, iň soňunda Rik onuň el telefonyny aldy. Ol öz ýaranlary bilen bu ýerden garasyny saýlanlarynda zenan onuň daş keşbini çala görüp ýetişipdi. Dükanyň sakçysy hem oňa oňly äňetmändi. Kazyýet resminamalaryna görä, olaryň bar bilýäni talaňçynyň gara saçly, agymtyl tenli inçemik hünni ýa-da latynamerikan adamdygy eken. Polisiýa we şaýatlar ahyrsoňunda şol adamyň Riçard Jonsdygy, Rik lakamyny hem Riçardyň göterýän bolmalydygy barada netijä geldiler. Birnäçe aýdan soň ol tussag edilip, indiki ýyl hem agyrlaşdyrylan talaňçylyk işi boýunça kazyýete berildi. Ýogsam bolmanda hatyra gününde onuň öz öýünden hiç ýana çykmandygy barada alibisi hem bardy. Şaýatlaryň biri talaňçynyň sag golunda berçinlenen suratyň bardygyny aýdýardy; şol wagt Jonsuň endamynda hiç bir berçinleme ýokdy. Garasaý, Jons 19 ýyl türme jezasyna höküm edildi. Adwokadynyň aýtmagyna görä, gözenegiň aňyrsynda hasrat çekýän Jons özüniň bu ýere nädip düşüp ýörenine teý akyl ýetirip bilmeýärdi. Emma birnäçe ýyldan bar zat kem-kemden aýdyňlaşyp başlady. Sülçüler Jonsuň höküm edilmegine sebäp bolan jenaýaty başga bir adamyň amala aşyran bolaýmagynyň örän mümkindigini açdylar – bu özi oňa juda çalymdaş, ady hem azda-kände meňzeş adam bolmalydy. Rik Amos 1990-njy ýyllardan bäri türmä bir girip, bir çykyp ýörensoň Jons gözenegiň aňyrsynda wagty olaryň ikisi hem bir mütdet Kanzas ştatynyň Düzediş edaralary müdirliginiň bir binasynda bolup çykýarlar. Tussaglar Jonsa bu ýerde oňa meňzeş adamyň bardygyny aýdýarlar. Adwokadynyň aýtmagyna görä, “Eý, sen näme häli naharhanada gabat gelşenimizde salamlaşmadyksyran bolduň?” diýip, Jonsa gatyrganýan tussaglaram bar ekeni. Meňzeşlik bolsa tüýs aýdyp goýaýmaly ekeni. Olaryň örülen saçlary, çokga sakgallary, garamyk gözleri, gür gaşlary we meňizleri bir galypdan çykan ýalydy. “Biz-ä aňalyp galandyrys” diýip, Jonsuň adwokady Elis Kreýg gürrüň berýär. Kanzas uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň bigünälik taslamasynyň adwokady Kreýg 2015-nji ýylda Jonsuň meselesini öz eline alanda onuň türme tussaglygynyň 15 ýyly dolupdy we Jonsuň ähli ýüztutmalary netijesiz tamamlanypdy. Ol adwokadyna öz meňzeşi barada gürrüň berdi. Şondan soň bar syrlar çözlenip başlady. Kreýg we onuň topary Amosyň öz ejesi bilen Kanzas-Sitide, talaňyň bolan ýeri Walmart dükanyndan uzakda bolmadyk ýerde ýaşandygyny ýüze çykardylar. Kreýgiň aýtmagyna görä,1999-njy ýylda bu öýden çykarylandan soň olar Amosyň doganynyň öz aýaly bilen ýaşaýan öýüne – Günbatar 41-nji awenýudaky iki gatly jaýyň aňyrsyndaky öýe göçüpdirler. Şondan kän wagt geçmänkä neşe gözläp ýören üç süpük Rik diýilýän adamy hut şol iki gatly jaýyň öňünde ulaga mündüripdiler. Jenaýatyň şaýatlary, şol sanda talaňyň pidasy we sakçy hem şondan soň özleriniň öňki beren görkezmelerini üýtgetdiler. Jons bilen Amosyň ýanaşyk fotosuratlary görkezilende olar indi Jonsyň keşbinde hakyky talaňçyny tanap bilmejekdiklerini aýtdylar. Talaňyň pidasy Tamara Şerer geçen ýylky ýazmaça görkezmesinde şulary beýan etdi: “Özümiň deslapky işe seretmede we kazyýetde dogry adamy görkezendigime indi meniň ynamym ýok. Şol wagt iki adam hem görkezilen bolsady, olaryň birini beýdip ikirjeňsiz saýlap, türmä iberdip bilmezdim”. Talaň gününde awtoulagdaky üç adamyň biri bolan Edward Miller Jonsy şeýle-de tanamady. Umuman ol şol gün iki gat jaýyň öňünde ulaglaryna münen adamyň şahsyýetini-de, daş sypatyny-da kän ýada salyp bilenok; özüniň ýazmaça görkezmelerinde diňe onuň “porsy ysly we edrenç sypatly” biridigini ýatlaýar. “Kazyýet mahalynda meniň sübhelerimiň bolandygy ýadyma düşýär – diýip, Miller aýdýar – Kazyýetden öňünçä şu iki suraty beren bolsalar, men olary tapawutlandyryp bilmezdim”. “Eger birini saýlamaly bolsam, onda bu çepdäkisi bolardy” diýende, ol Amosyň suratyny göz öňünde tutýardy. Etrap prokurorynyň öňki kömekçisi, bu işi alyp baran Jon Koulzyň hakydasynda anyk zatlar galmandyr, emma ol täze subutnamalaryň hökümiň ýalňyş adama berlendigine birkemsiz şaýatlyk edýändigini aýdýar. “Hanym Kreýgiň maňa ýetiren maglumatlary Riçard Jonsa gozgalan kazyýet işiniň adalatly jemlenendigi baradaky birwagtky ynamymy düýbünden sarsdyrdy – diýip, häzir hususy pudakda işleýän Kouz aýdýar – Täze maglumatlaryň jenap Jonsuň bigünädigini subut edýändigi barada çözgüt çykarmak meniň hakym däl, emma hanym Kraýga jenap Jonsyň derdine ýarajak her bir goldawyň ugrunda bolmagy maslahat bererdim”. Jonsa çykarylan höküm boýdan-başa diňe şaýatlaryň hataly görkezmelerine esaslanýardy, bu bolsa, bigünälik taslamasynyň maglumatlaryna laýyklykda, nähak höküme iň uly goşandy bolýan faktordyr. Kreýgiň aýtmagyna görä, polisiýanyň fotosuratlary saýlap alşy hem edil şonuň ýaly hataly bolup durýar: ol şaýatlar diňe Jonsdan başga kişini tanamaz ýaly edilip taýýarlanan. Onda Jonsyň ýany bilen bäş sany garaýagyz görkezilip, içlerinde ak tenli diňe onuň ýeke özi. Çarşenbe güni çykarylan kararda Kanzas ştatynyň 10-njy kazyýet etrabynyň kazyýeti Kewin P.Moriarti “Eger Jonsy täzeden kazyýete çekseler, hiç bir mynasyp emin, ylaýta-da Amosy jenaýat bilen baglanyşdyrýan subutnamalaryň barlygynda, Jonsy jeza höküm edip bilmez” diýip ýazýar. Häzir 41 ýaşyndaky Jons penşenbe gün azatlyga çykarylanda onuň türme jezasynyň tamamlanmagyna diňe iki ýyl galypdy. Ol perzentleriniň çagalyk döwrüni, agtyklarynyň dünýä gelşini görmäge zar bolup, 17 ýyly gözenegiň aňyrsynda geçirdi. Orta Günbataryň bigünälik taslamasy hem onuň işi bilen meşgullandy. Jons bilen baglanyşykly wakalar “Kansas City Staryň” geçen hepdede bu barada çap eden makalasyndan soň giňden belli boldy. Oňa we maşgalasyna hemaýat etmek üçin döredilen GoFundMe internet sahypasy sişenbe gününiň säher wagtyna çenli 16,000 dollardan gowrak sadaka toplady. Amos özüniň talaňa dahyllydygyny boýun alanok. Kreýgiň aýtmagyna görä, ol ilki iki gatly jaýyň salgysyny bilýändigini inkär edipdir, emma ony we maşgalasyny tanaýan bir gelniň görkezmesi bilen ýüzleşdirilenden soň şol ýerde ýaşandygyny boýun alypdyr. Emma her neneňsi bolanda-da jenaýatdan bäri köp wagt geçeni sebäpli Amos talaň üçin jenaýata çekilmez. Duşenbe güni Jonsuň söhbetdeşlige ýagdaýy ýokdy, emma özüniň meňzeşi barada bilmeginiň oňa biraz teselli bolandygyny Kreýg aýdýar. “Ol türmede uzak ýyllary özüniň etmedik jenaýaty üçin günäkär yglan edilenine hasrat çekip geçirdi – diýip, Kreýg düşündirdi – Özüniň jenaýat etmedigini ol bilýärdi, emma näme üçin bu adamaryň hut özüni şübhelileriň içinden saýlap alandyklaryny welin teý bilip bilenokdy”. Indi, ahyrsoňy, ol muny bilýär. Kristina FILIPPS, "The Washington Post" gazeti, 13.06.2017 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |