14:01 Bikärden Watan bizar | |
BIKÄRDEN WATAN BIZAR
Goşgular
Halkymyñ akylly nakyllary bar: "Bikärden halk-da, Watan-da bizar, Il ogrusyz bolmaz, çöl-de börüsiz", Şeýle bir "ýigidi" tanýansyñyz siz. Ony görýänsiñiz mydam şäherde, Işsiz, keýp çekilýän dürli ýerlerde, Daş görnüşi hondan bärsi, haýbatly. Duranja "Intelligent", jalaýja murtly, Geplände, gepleýär her kimden batly. Birbada diýersiñ oña sowatly. Emma sen sorasañ onuñ kärini, Işleýän ýerini ýa hünärini, Ol saña belli bir zady aýtmaz, Meñki diýip, belli hünäri tutmaz. Ol gözel baglarda gezmegi söýýär. Çöldäki çopanlar - diýýär: - Betbagt. - Haýp - diýýär - çölde geçirlen wagt. Emma söýýär özi çal garaköli. - Çebişden çişlijekn guzudan kebap, Ýanynda-da bolsa dürlüje şerap, Näçe iýsem, ýene kebap az bolýar. Şerap, kebap bolsa keýpim saz bolýar - Diýip, hezil edip, şapbyldap içýär, Soñra durmuş hakda lakgyldy açýar. - Durmuşda gerek zat bize hem pagta. Pagta hakda ýatyp oýlandym pugta. Göwne düwdükmi biz kanal çekmegi, Öñküden pagtany has köp ekmegi, Ekäýmeli, göçüp derýañ başyna. Baryp üýşsek Kaspiñ degre-daşyna Nädersiñ, dolaýsa pagta planyñ! Deñiz barka, nämejikdir kanalyñ! - Diýip, şapbyldadyp ýene-de içýär. Şerap has degensoñ, has beter göçýär: - Etmeli ýene-de bir zerur iş bar. Men bolsam çykardym şeýle bir karar. Bize hökman gerek şu ýüpekçilik, Gowy zat şu ýüpek, söýýär köpçülik, Ýöne men geñ galýan şu gurçuklara. Azypdyr bu bet päl, mañlaýy gara. Hawa, muña hökman şatut gerekmiş. Tutdan başga bar zat hiç, biderekmiş. Mundan gürrüñ bolmaz, gurçuklar bilsin. Läliksiräp ýörmän, akyla gelsin! Beribermek gerek dürli zatlary, Tuda çalym edýän dürli otlary. Ot iýmän, kimmişin ol kesir gurçuk? Alsak ynha meni aýydýan açyk! Içgileñ içinde içýänim şerap, Şerap, kebap bolsa, keýpim bolýar tap. Emme birdenkä bolup bir sebäp, Tapylmasa kebap, bolmasa şerap Şerabyñ ýerine arak berseler, Ýa kebap ýerine börek berseler, Aragy içjek däl, şerap bolmasa, Böregi iýjek däl, kebap bolmasa ~ Diýip, gurçuk ýaly burnum sallamok, Halymsyran bolup, ili aldamok, Şerap boldy, arak boldy parhy ýok. Hatda sowuk piwodanam gaýdamok, Spirt berselerem, bir söz aýdamok, Ot iýmän, kimmişin ol kesir gurçuk? Gurçuklañ päliniñ azany açyk! Diýip, şapbyldadyp ýene-de içýär. Tanyşlar ýanyndan syp berip gaçýar. Ol ýene-de içýär, ýene-de içýär, Günler-de geçýär, aýlar-da geçýär, ýyllarda geçýär... Halkymyñ akylly nakyllary bar, Bikärdeb halk-da, Watan-da bizar. Bif durna pis bolsa hatary bozar. Bigaýrat, binamys biderek gezer. Isle çoluk bolsun, islese çopan, Hoşbagtdyr halk üçin işleýän ynsan. Bütin halk işleýär uludan kiçä, Ýokdur ygyp ýören köçeden-köçä, Mert ogullar bu gün kanal-da çekýär, Goýun-da bakýar, pagta-da ekýär, Tut-da ýetişdirýär, ýüpek-de çekýär. Watan bähbidine daglary sökýär. Jansyz ýatan boz ýerleri oýadýar, Il olara goşup, aýdym aýdýar. Okasañ okuw bar, işleseñ iş bar, Bikärden ata-da, ene-de bizar. Biderek ýañrama, biderek içme! Bu gözel dünýäden biderek geçme! Gara SEÝITLIÝEW. | |
|
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Yşk heseri / Goşgular - 21.06.2024 |
√ Içimizdäki Musa... / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Setirlem / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Ýiten ýyldyz / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Şygyrlar / Goşgular - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |