14:39 Ene we gyz | |
ENE WE GYZ
Goşgular
Ýuwaş-ýuwaş açylýar şapak ýaly çog perde Täsin bir gözel görnüş peýda bolýar sahnada. Aýdan gaçan ak nur dek ak lybasly ol gyz-da, Ak ganatly ak guş dek peýda bolýar bu ýerde. Oýnaýar ol oýnaýar, oýnadykça-da joşýar. Tans oýnamak ol gyza görä nähili ýaraşýar! Ol gözeliň şat oýny şatlyga şatlyk goşýar. Oýna, azat halkymyň azat ýürekli gyzy. Oýna, azat ülkämiň azat erkili gyzy, Oýna, azat ilimiň aý dek görmekli gyzy. Ol oýnuny gutaryp beýik zala baş egýär, Serwi boýdan syrylyp sümbül saç ýere degýär. Biz ol gyzy çagyrýars oýnamaga ýene-de, Ol gyzy ýetişdiren eziz garry ene-de, Tomaşa edip otyrdy biziň bilen bu zalda. Emma ol şatlygyndan şeýle şowhunly halda, Tanamady öz gyzyny ilki oýnap çykanda. Soňky geek baş egip, ýylgyryp gaş kakanda, Gözi düşüp ýüzüniň oglanlyk nyşanyna, Ýaňaklarna görk berýän zülpi-zenehdanyna, Tanady garry ene, tanady öz gyzyny, Garry ene ýat etdi ýaşlygyny, yzyny... Şeýle bagty düýşünde görüp bilermidi ol, Gyzynyň ýaşyndaka kyrk ýyllap mundan ozal. Gara SEÝITLIÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1958 ý. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |