12:56 Jeýhunyñ kenarynda | |
JEÝHUNYÑ KENARYNDA
Goşgular
Dünýä möçberinde Garabekewül Belki-de, şeýle bir belli gala däl. Emma munda şat ýaşaýan eziz il Dünýäñ söýgüsine laýyk eziz il. Taryhy bar galalary açsa dil. - Bu galada gözel Zöhre ýaşapdyr - Diýýär maña şofýor ýüzüme garap. Beýik gala berk bolsa-da çagşapdyr, Asyrlar edipdir galany harap, Ösýän şemal geçýär saçlarmyz darap. - Köp okandan, belki, köp gezen biler - Diýip, ynanýaryn alym şofýora. Bir gün bu galany dünýä-de biler Diýip, seýr edýärin gadym diýara, Tahyryñ kalby dek galañ kalby set para... Belki-de, hut meniñ şu duran ýerim, Tahyryñ hijrana ugran ýeridir? Ýazdykça ot alýar meñ setirlerim, Babahanyñ diwan guran ýeridir? Tahyryñ ýüregniñ duran ýeridir? Kesekler, dil açyñ, aýdyñ şahyra, Niçiksi dözdüñiz Zöhräñ ýaşyna? Dag, galalar arka durup Tahyra, Eñseñiz bolmaýarmy şanyñ başyna? Niçiksi dözdüñiz Zöhräñ ýaşyna?.. Maña jogap bermän dymýar galalar. Belki, bir taryhça garaşýar olar. Elmydama dymmagy emr eden şalar Eýýäm ýok bolsa-da dünýäde olar, Maña jogap bermän dymýar galalar. Gamly hekaýatdan doly taryhyñ, Geçmişiñ gara señ, Garabekewül. Emma ne gözel señ täze taryhyñ. Täzeçe ýaşaýar gujagyñda il. Bagtly türkmen ili taryh, sen-de bil! Bu gün bu diýarda bagtly ýigitleñ Söýgüsi-de azat, sazy-da azat. Sürýäni polat at bu jigitleriñ, Ganaty-da bulañ polatdan ganat. Bularyñ söýgüsi, sözi-de azat. Gara SEÝITLIÝEW. | |
|
√ Aýal dogan gelende / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Hamd ede / Goşgular - 29.05.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Bolarmy / Goşgular - 13.09.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Ýalana oda / Goşgular - 19.10.2024 |
√ Okanyma öýkünme / Goşgular - 28.11.2024 |
√ Сүйіп өтем / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Yşk ymamdyr bize, köňül jemagat... / Goşgular - 22.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |