Gaşym çytyp, gaýgylanyp, gam deňzine men baryp,
Uzak gije uwlaýaryn, uz basan yzyň görüp,
Rozy-roýuna boldum aşyk, söýgi salynda durup,
Başym egip bagyramda, gözden uçduň sen sürüp,
"Ah" diýip, ahyň çekip, agladygym bilmezmiň.
Näzeninim, näzik beden göz öňünden gitmeýär,
Gülälegim, gül jemalyň görsem uky tutmaýar,
Öwşün atyp öwrülmeseň, çeýnän zadym ötmeýär,
Semender dek zeýrenmesem, durma mydar çatmaýar,
"Eý-waý"diýip, elmydama daglydygym bilmezmiň.
Lälik gülüm, läliksiräp, ajap lälik basyşyň,
Aşyk awça al salar sen, ter maral dek böküşiň,
Şowly çyksa bu şikarym, şanly käkil kakaşyñ,
Ismiñ harpyn düzse Wehimi, közden beter ýakyşyñ,
Kalbymyñ kämil keşdesi, isledigim bilmezmiñ.
Adam yashy yokarlandygy sayyn,klassiki shygyryeti diñlasi,okasy geliberyan eken.Magtymgulynyñ gochgylaryny diysene! Her setiri ynsan hasiyetiniñ yetmezini,otrisatel taraplaryny durmush-yashayyshdan alynan sapaklaryñ tymsaly arkaly delillendirip beyan edyar.
"Uwlamak" sözüni edebiýata kim getirenem bolsa örän galat iş edipdir (diýip çaklaýan). Elbetde şeýle tymsal bar: "Aýyň jemalyna aşyk bolan möjegiň gijelerine ah çekip, aýa bakyp uwlaýanlygy hakda". Ýöne, ol tymsalyň möwriti ötdi. Möjegiň aýa (ýa asmana, göge) bakyp uwlamasy bu aýyň zaryny çekip dälde, möjekleriň öz aralaryndaky adaty informasiýa alyşygydygyny indi hemme bilýär. Adam uwlap bilermi?! Adam zarynlasa (bir zadyň zaryny çekme ýagdaýy), ägirt jebri - jepanyň aşagynda galsa ýada islendik bir zat zerarly ýüregine bitmez ýara düşse, iňläp biler, çyňsap biler, urunyp biler, kakanyp biler, aglap biler we ş.m islendik zady edip biler ýöne uwlamaz. Sebäp islendik dertli adamlara duşsamam uwlaýanyna (göni manyda) duşmadym. Bir zadyň zaryny çekeňde uwlamaklyk ýagdaýy bu adamzat edähetine terslikmikä diýýärin we şonuň üçinem zarynlamany suratlandyrma hökmünde ulanylmagyny nädogry hasaplaýaryn.
Revo,seniñ aydyanlaryñam dogry.Yone,poeziyany poeziya edyan detallaryñ birem soz owrumlerini manyny osdurmek ucin aylawly bermek. ,,Uwlamak"sozi diñe bir haywanlar ucin dal-de, haysydyr bir gynancly zadyñ,azarly yagdayyñ,jebirli pursadyñ hasiyetini yokary derejede añlatmak ucin ynsan babatda-da kop ullanylyar. ,,Dishim agyryp,gijesi bilen uwlap cykdym", ,,Onuñ elini orak kesip,yatyp bilmedi,uwlap cykdy", ,,Ay,uwlabermesene.shojagaz agyra dagy cydañokmy".
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär. [ Agza bol | Saýta gir ]