18:52 Täsin adam bilen söhbet -1 | |
TÄSIN ADAM BILEN SÖHBET
Söhbetdeşlik
(Gurban WEHIMI: «MEN SYÝASAT ÜÇIN ÝAZAMOK...») ■ BIRINJI SÖHBET «Goşgy bilen ýazylan romandan dört sany kitabym bar. Hersem 10 müň, 15 müň setirden. Edil şolar ýalam ýene-de dört sany goşgular kitabym bar. Çapdan çykan zadym, harmandan bir ýanawuç-da. Goşawujyň bir bölegi-dä» – diýip, şahyr Gurban Wehimi bilen söhbetdeş bolanymda aýtdy. GURBAN aga ýetmiş ýaşy tegeläp barýan ýaşuly adam. Iki urşa – Beýik Watançylyk we ýapon uruşlaryna gatnaşypdyr. Häzir döredijiliginiň daşyndan jeň meýdanynda galan ildeşlerimiziň guburlaryna zyýarat edip, atlary näbelli esgerleriň müňlerçesiniň atlaryny dikeltmegiň aladasynda. Geçen ýyl Ýelnýada bolanda öz guburyna gabat geldi. Gurban Çary – Wehimi hakdan içen şahyr. Munuň ýaly zehinler edebiýatda seýrek döreýär. «Haýsydyr bir syýasata gulluk eder» diýen niýet bilen ýazanok-da, öz ýüreginiň emir edişi ýaly ýazmak – onuň ömür ýörelgesi. «Goşgym çyksa bolýar. Çörek pulumy gazansam bolýa-la» diýen niýet onda hiç haçanam bolmandyr. Ol ýüz müň setirden gowrak şahyrana eserleriň awtory. Halk içinde onuň ýüzlerçe goşgusy aýdym edilip aýdylýar. Olaryň köpüsi diýen ýaly halk aýdymyna öwrüldi. Emma muňa garamazdan, Ýazyjylar soýuzynyň agzasam däl. Şäheriň bir çetinde hütdük jaýda ýaşaýar. Garawulçylyk edýär. Öz aýdyşy ýaly, «syýasat üçin däl-de, halk üçin eser ýazýar». Men onuň «Gurban Wehimi» diýen adyny altmyşynjy ýyllarda gabat gelsem-de, özi bilen ýetmişinji ýyllaryň ahyrlarynda «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynda söhbetdeş bolupdym. Şo wagtlar onuň goşgulary metbugatda setanda-seýranda çap edilýärdi. Has dogrusy, metbugat işgärleri «Gurban Wehimi» diýen atdan az wehim edenokdylar. Munuňam özüne ýetik sebäbi bardy. Çünki ol altmyşynjy ýyllarda gazetde ýiti tankyt edilipdi. Dürli bahanalar bilen goşgulary çap edilmänsoň, ol başga bir ýol saýlap almaga mejbur bolupdy. Gurban Çary öz goşgularyny Wehimi diýen toslanyp tapylan «şahyryň» adyna berip, türkmen edebiýatçy alymlarynyň birtoparynyň başyny «bulaşyklyga» salypdy. Soň ol «paş edilensoň» onuň ýagdaýy agyrlaşypdy. Sözüň doly manysynda oňa metbugatda çykyş etmek gadagan edilipdi. Ine, şo Gurban Wehimi bir topbak goşgusy bilen redaksiýa geldi. Goşgularyny okamagy haýyş etdi. «Türkmen polkum» atly goşgusy Ýeňiş güni mynasybetli «Edebiýat we sungatda» çap edilipdi. Belki-de, onuň bu gazetde ilkinji gezek çykan goşgusy bolsa gerek. Soňam onuň goşgularynyň birnäçesi bu gazetde çap edildi. Bu gezek biziň Gurban Wehimi bilen söhbetdeşligimize onuň täze ýazan Maru-şahu-jahan» atly poemasy sebäp boldy. – Gurban aga, poemany forma taýdan-da, beýan ediliş taýdan-da üýtgeşik gördüm. Öz taryhyňy şeýle gowy bilmeseň, oňa ýanaşar ýaly däl. Söhbetimizi poemany döredişiňiz hakdaky gürrüňden başlaýalyň? – 50-nji ýylda Baýramalyda okaýan wagtym goşgyny köplenç bäşleme bilen ýazardym. Uruş hakynda, söýgi hakynda ýazardym weli, kursdaşym Ýazmyrat Ýazly: «Sen, Gurban, taryhy temadan goşgy ýazaňok-la. Ýa uruş, ýa söýgi» diýdi. «Ýazybilýän, nämüçin, türkmen taryhyny azda-kände bilýän» diýdim. Synanaýyn diýip Maryň taryhyndan ýazyp başladym. O ýeri bolýa, o ýeri bolanok diýýän ýaly, o döwür, näme Stalin döwrüniň syýasaty. «Ýaşasyn partiýam» diýen ýaly etmeli-dä. «Ýaşasyn Stalin» diýip getirmeli. Bi, şeýdip ýazyp ýörkäm, mugallymlarymyň biri: «Öz goşgyňy özüň ýatdan aýtmasaň, ýa bolmasa, pylança müňläp setiriňi ýadyňdan bilmeseň, onda şahyr bolubilmersiň» diýipdi. Şondan soň «Mary» poemamyň 28 bendini «Merjen dänelerinde» çykardylar. Onam böküp-böküp her ýerden bir bent alypdyrlar, hiç yzygiderli däl. Sakarçägede häzirki Kirow kolhozyndaky mekdepde duşuşyk geçirende bir mugallym «Bi, «Mary» poemasyny bir hili edip goýaýypsyň-la. Dowamy barmy, ýokmy» diýip sorady. «Dowamy bar. Ýöne heniz çap edip çykardyp bilemok. O zeýilli temany känbir halabam duranoklar. «Ak pagtam» diýmeseň, «ak bagtym» diýmeseň» diýdim. Şondan soň poemany täzeden işläp başladym. Dowamyny ýazyp ugradym. «Maru-şahu-jahan» diýip atlandyrdym. Onam dörtleme bilen ýazdym weli, ýöne dörtlemäniň çaky däl-le. Maru-şahu-jahany beýan etjek bolsaň gaty kän zady beýan etmeli. Ýöne dörtleme galypynda-da däl diýen pikire geldim. Setir näçe bolsa bolsun, ýöne sazlaşsa bolýar, pikiriňi aýdyp bolýança, on setir bolsun, bäş setir bolsun, ýedi setir bolsun, parhy ýok. Şeýdip her şahsyýeti – Maryň gursagynda ýaşap geçen şahsyýeti agzasaň, bilýän zadyňy aýtjak bolsaň, birtopar setir gerek. Dörtleme bilen kyn boldy. Aýdyp bolanok. Aýdyp bolýa weli, ýöne kän uzaga çekmeli bolýa. Onsoň dürli-dürli setirler formasy bilen düzüp ugradym. Eýranda ahmenidler patyşalygynyň dinastiýasynyň ilki düýbi tutulyp, Kurşa Eýranda patyşalyk edende, türki halkynyň aýal patyşasy Tumary aljak bolup üstüne barypdyr. Hem-ä özüne aýal edinjek, hemem halky öz penjesine saljak. – Gurban aga, Kurmy ýa-da Kir? – Eýran dilinde kir sözi hapa söz. Hakyky ady köne taryhlarda bellenilişi ýaly Kuruş. Gysgaldyp Kur diýip alýalar. Olaryň hemmesine syýapuşlar diýilýär. Ahmenidleriň dokuz-on patyşalygy bar-da: Kurdan başlaýar. Soň Kserkes, Dariý I, Dariý II... gidip otyr. Üçünji Daride Isgender gelip ýykýa-da. Ana, taryhlary okap-okap, il-günden ýygnap, taryhçylaryň ýanyna baryp, pikir alşyp, bilýän zatlaryndan özüme geregini alyp, «şeýdip-şeýdip ahyrynda ony, şu ýylam gutardym. Maşynkadan geçiribem, birinji gezek Siziň ýanyňyza geldim. Bir gözden geçirip beräýiň diýjek boldum. – Onda özüňe şahyr diýdirjek bolsaň tebigy zehinden başga-da şertleri bar-da? – Öz halkyňy tanaman, öz taryhyňy bilmän şahyr boljak bolmaklyk mende ýok. Men hökümede, partiýa, şu zeýilli, şu zeýilli diýip, ýa-da «halkymy azatlyga alyp barýar» diýip, hiç hili setirem ýazamok. Men «geljekde şu hili bolar» diýen pikire-de gulluk edemok. Haýsy syýasat üstünden agalyk süren bolsa, şonuň halkyma, türkmen halkyma beren netijesini, şony jemleýän. Mysal üçin, eýranlylar gelip, nähili derejä getiripdir ýa-da Isgender näme diýip, näme edipdir. Ýa-da Çingiz gelip, näme diýip, näme edipdir. Her gelen adam özüçe ilki halky öwrenişdirmek üçin kimsini gyrýar, kimsini süýjük berip aldaýar. Garaz, halkyň üstünden agalyk sürmek üçin öz syýasatyny ýöredýär. Ahyrynda olam gutarýa-da. Ebedilik zat ýok. Başlangyç zadyň ahyram bar. Her bir uly imperiýalaram başlaýar. Soňam dargaýar. Ol kanuny zat. Meniň döwürdeşlem, «Gül ýalag-a, gül ýalak» diýip ýazýalar. 5-nji sentýabrda mekdebi ýapýalar ýanwara çenli. 5-nji klasyň okuwçylary elleri gargaň aýagy ýaly çör, pagta ýygýarlar. Ýetim-ýesir çagalar pagtaň içinde. Şonda-da «gül ýalag-a, gül ýalak» diýip, aýdym edip aýdýarlar. Birhili seň pikiriň o hili zat bilen alşanok. Gözüň bilen gören zadyňy bir bolşy ýaly edip aýdaýsaň-da. Üstüňden agalyk sürýän syýasat bar-da. Indi aýdanam bolýarlar. Şo döwürlerde aýtsaň, al petiňden alýardylar. Pagta oňa ýygdyrma, Ellerine dürtülýär. Ýiti körek çüňkünden Näzik teni ýyrtylýär. Şol sebäpli nähoşluk Gül ýüzüne örtülýär... – diýip, ýolbaşçylara ýüzlenipdim bir wagtlar. «Beýtseň bolanok, gül ýaly etmeli. Döwlete pagta gerek diýmeli» diýýärdiler. Pagta gerekdigini bizem bilýäs. Ýöne edil beýdip çagalara sütem edip, okuwdan goýup, ýygdyrmaly däl. Her bir zadyň öz kadasy bolmaly welin, birtoparlary ony etmediler. «Sen pagta garşy» diýip tutduryberýärdiler. – Siziň goşgularyňyz klassyk formada ýazylan. Birwagtlar şeýle formada goşgy ýazyp, çykartdyraýmak ýeňil iş-ä däldi. – Men türkmen gözelini wasp edemde öňden gelýän formamyz – bäşleme, dörtleme, sekiz bogunly ýedileme, öňki gelýän klassyk usulda ýazýan. Allaberdi Haýyt birwagtlar «Sowet edebiýaty» žurnalynda işleýärkä, şoňa getirip goşgy görkezseň, «Dörtleme, bäşleme goşgular kyrkynjy ýyllardan aňyrda okalýardy. Indi okalanok. Ak goşgy poeziýaň depesine baýdak dikdi» diýip aýdardy. «Aý, bolýa, o zeýilli okalmaýan bolsa geregem däl» diýip, kanagatlanma bilen gezýäň-de. Uly-uly kitaplaram ikilemede ýazylypdyr. Gündogarda uly zat ýazylanda ikileme, dörtleme, bäşleme usullarynda ýazylypdyr. Men türkmeniň özüniň edebiýatynyň formasy – şu bolmaly diýen pikire känbir pitiwa edip duramok. Göwnüme bolmasa, ol araplaňky ýaly. Araplaram gaty ir döwürde gelensoň, şolary doly kabul edip alamyzsoň, müň ýyllap, müň dört ýüz bolsun, şo biziň edebiýatymyzyň formalary hökmünde kabul edilipdir. Edil özümiziňkidenem gowy ýaly bolup dur. «Gorkut atany» okap görýän weli, o birhili. – Gurban aga, öňki gürrüňimize – taryhy öwrenişiňize dolanaýalyň. – Öz ülkämi tanajak boldum. «Bä-ä, bilmän gapyl gezipdirin» diýmejekden boldum. Bir gezek Baýramalydan Gadyrýap obasyna gitjek boldum weli, sag egnimde Soltan Sanjaryň gümmezi dur. Beýik. Ýanymda-da bir mugallym oglan bar. «Bi, näme-aý, Saragt babadanam ullakan-laý» diýdim. «Bi, Soltan baba» diýdi. «O kim bor, näme bor?». Hiý, bir oňam bilýän zady ýok. Ýöne onuň bar aýdan zady: goşun bilen Amyderýanyň boýundan gowaga girip, şuň aşagyndan çykypdyr. Atly goşuny bilen. Atlary daşa büdrände, «Alyň oglanlar, alanam armanly, almadygam» diýýärler diýip gürrüň berdi. «Daşyna çyksalar, şu daş diýeni hemmesi altyn eken» diýdi. Bular rowaýat. Bi zeýilli gürrüň köp eşidemsoň, çyndygyna gaty bir ynanybam durmadym. Öz mugallymlaryma ýüz tutup ugradym. Ahyrynda Ahmet Hatamow diýip bir mugallym (men Baýramalyda agronomçylyk tehnikumynda okaýardym. Bir ýyllyk) «Baýramalyň kitaphanasynda otuz dokuzynjy ýylda Moskwada çykan «Истории туркмен и Туркменистана» diýen kitap bardyr» diýdi. Şo kitaby tapyp, okap ugradym. Onda-da näme, rus dilem şeýle bir näbelet zadyň. Bilip bolanok-da. Ondan-mundan sorap, birazrak Mary diýer ýalak boldy-da. Maram näme, gadymy şäher diýip eşidýäs. Hakyky taryhda-da şeýle. Gaty gadymy «Isgenderem üstünden geçipdir» diýip ýazgysyny gördüm. Elli dokuzynjy ýylda Türkmenistanyň taryhy çykdy. Poema ýazar ýaly ondanam gözüm suw içmedi. «Musulman dinastiýasy» diýip, bir iňlis awtorynyň çykaran kitabyna gabat geldim. Şonda musulman syýasaty bilen guralan döwletleriň hemmesiniň spisogy bar eken. Patyşa bolan wagty, ýykylan wagty, ýerine gelen adamlar – hemmesi ýerbe-ýer. Türkmenistany köp gezeňsoň, gürrüň gozgaýan o ýerden – bu ýerden. Özüm ýaly tapdyraýýa-da. Maryda Söýün Annanyýaz bar. Şol oglan gaty gyzygýan ekeni. Şonuň bilen pikir alşyp, öz bilýän zatlammy aýdyp, bilmeýän zatlammy ondan alyp, netijede «Mary» poemasyny ýazdym. Gurt Ýakupda-da köne taryha degişli kitap köp eken: «Kysasyl enbiýa», Andalybyň terjime eden «Şanamasy», Abu-Muslim, Teýmirleň, garaz, Mara degişli adamlaryň hemmesi hakda diýen ýaly kitaplar. Olardanam köp zat öwrendim. Çagataý dilinde ýazylanlaram bardy. Esasy çeşmäniň biri Gurt Ýakup boldy. Ol ýogalansoň men oňa bagyşlap, «Sensiň Gurt bagşy» diýen goşgyny ýazdym. Şumat Maryda ony aýdym edip aýdýar bagşylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |