02:29 Bir ülpedime | |
BIR ÜLPEDIME
Goşgular
Gomparma, kilçerme, eý eziz dostum, Meniñ giñ gerdenli söwer basdaşym! Saña gorkuly däl lira, rastym, Gussaly sözlerem agyrtmaz başyñ. Eliñi ber, dogry, gabanjañ däl sen, Oñ deregne, men bir kelew, ýalta men. Ýanyñdaky jenan akmajyk gyz däl, Görýän, gaharlanyp, göwnüñi ýykman, Ol gyz-a ajaýyp Laura, herhal, Arkaýyn bol, menden Petrarka çykmaz. Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW. * * * Ýagty otagyña, eý, näzenin ýar, Bu gün men barýaryn iñ soñky ýola. Şadyýan söýgini, çekýän ahy-zar, Señ bilen gurýaryn iñ soñky ýola. Mundan beýläk, ýarym, intizar bolup, Gijeler garaşma bikarar bolup. Dañ atyp, kowýança garañky tümi, Ýandyrma şemi. ■ ONUNJY WESÝET Göz gyzdyrma diýip iliñ malyna. Eý, ýaradan, maña buýruk kylýarsyñ; Meniñ bar güýjümi özüñ bilýänsiñ, Menmi böwet boljak duýgyñ ýoluna? Islemerin dost göwnüne degmegi, Ýa öküz, ýa başga maly gerek däl, Maña onuñ oba, ili gerek däl, Ýigrenýärin il malyny ýygmagy: Öými, malmy, gulmy, özüñe mälim, Göze ilmez zady, dünýäni asla. Ýöne gyrnajygy owadan bolsa... Durup bilmez, huda! Ejizdir halym! Dostumyñ magşugy bir şirin zyban Perişde dek bolsa hökmürowan! Bagyşlagyn öz dostumyñ bagtyna Göripçilik edip, örtener bu jan, Kim öz ýüregine emr edip biler! Netijesiz bolsa güýjüniñ bary? Neneñsi söýmersiñ söýgüli ýary? Neneñ ol jenneti islemän bolar? Bakýan, gussa çekýän, haşlap dem alýan, Goýmagy başaryn barja hormaty, Ýürek isleginden gorkýarys gaty, Gizlin horlanýaryn ㅡ saralyp-solýan. Terjime eden: Çary AŞYR. * * * K(nýaz) G... meniñ bilen tanyş däl. Ýöne onuñ deýýuslygy tanyş däl: Hem-ä deýýus köp ikinjä görä. Meýhanada burlak, göreşde gorkak, Daş gapyda deýýus, içerde akmak. Terjime eden: Kerim GURBANNEPESOW. ■ DOSTLARYMA Düýn boldy şowhunly aýralyk güni, Düýn boldy Wahkanyñ uly meýlisem. Ýaşlyk joşgunynda geçirdik ony, Ýañlandy bulgurdyr liranyñ sesem. Muzlar hem size berdi ak oata, Siz maña çemlenler hödürlediñiz, Dostlarym, siz meni hormatlap käte, Sylagly-sylagly bulgur berdiñiz Ol bulgur altyny ýa zeri bile Gözümizi baglamady, tutmady. Ýa-da ol özüniñ iş täri bile, Nagşy bile bizi tabyn etmedi. Ol bulguryñ doly-doly çüýşeler Ýaýbañ gyralarna çenli guýuldy Bellendi ol ýerde berip neşeler, Skif teşneligi şonda duýuldy. Içdim, pikrim ähli gaýgylar bile Geçen günlerime pelpelläp uçdy. Düýşdäki dek geçen söýgüler bile Çeken hesretlerim ýadyma düşdi. Olaryñ keçligi geñ boldy maña: Göz öñümden ýitdi gaýgy-gam saly, Joşgunly şeraby guýañda diñe Bulgurda köpügiñ ýitişi ýaly. Terjime eden: Çary AŞYR. | |
|
√ Birden gopan kyýamat, eý, soňsuz rehmet kylan... / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Ömrüñ manysy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Zyňlan bäbek / Goşgular - 05.09.2024 |
√ "Köneürgenç rowaýatlary" kitabyna sözsoñy / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Dostluk / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Gyş rubagylary / Goşgular - 10.12.2024 |
√ «Ta» harpy / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Ýörter siz / Goşgular - 13.07.2024 |
√ «Sallançakdan düşüp meýdana gitdim...» / Goşgular - 15.11.2024 |
√ «Akar gaýmaklapdyr aýyň nurundan...» / Goşgular - 14.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |