10:47 Biziň döwrümizden däl hatlar / hekaýa | |
BIZIŇ DÖWRÜMIZDEN DÄL HATLAR
Mistika we fantastika
Kimden: dragoon@spacemail.com Kime: toorgenev@mail.ru Salam, kempir! Sorri, öň maýllamanym, taýmym bolmady. Ilk-ä bize spaýserler lomulatdylar, soňam biz spaýserlere lomulatdyk. Sen, köneçil mahaw, hatda, spaýserleriň kimdiginem bilýän dälsiň-le?! Düşündirýän: bize älem giňişliginden sokulyp gelen, şeýlebir ýürekbulanjy, äpet möýler. Men bu nejisleri mynjyratdym, mynjyradarynam, sen bilýäň ahyry, möýlere düýbünden sabyr-kanagatym ýok! Biziň serkerdämiz bolsa, nyzama duranymyzda, meniň öz bölümimizde iň betidigimi aýtdy – dagy nä! Men ýerde ýüz gezek ýygrylyp-ýazylýan, maňa bolsa bildirenogam, ýüregimiň urşy 65, gan basyşym kadaly, çalasynlygym bolsa, men hatda adamam däl ýaly, ýöne ýerden men öz nerw damarlarymyň ýarysyny geçen ýylda ýokary tizlikli ýagtylyk geçirijilerine çalyşdyran däldirin-le, olar ýagtylygyň tizligini iki esse artdyrýarlar... ýa-da men ýene-de nämedir bir zady bulaşdyrdymmy? Bu ýerde hemmeler meniň ýaşyma kakdyryp, maňa: “Anka - pulemýotçy” diýýärler, biler bolsaň, gadymyýetde şonuň ýaly gahryman gelin bolan ekeni, ýöne men muňa garşylyk bildiremok, aýdyşlaryna görä ol haýsydyr bir ak nejisleri ýetişibildiginden mynjyradar ekeni (men pikir edýän, şol: “aklar” diýilýän haramzadalar Alfa Sentawradan çozýanlar bolmaly). Serkerdämiz maňa täze dişlerimi ösdürmegim üçin bir günlük rugsat bermäge taýýar (men patron dişlänimde dişlerimiň birki sanysyny döwüpdim), ýöne bu meniň üçin mümkin däl – Zemin henizem howp astynda. Eger-de men bolmasam onda kim ony halas eder? Onsoňam men ikirjiňlenýärin, bedenimde hitin ekzoskeleti emele getirjek geni öz tenime girizmelimi ýa-da dälmi? Bir tarapdan-a bu ýaman bet, beýleki tarapdanam, onda meniň şol spaýserlerden näme tapawudym bolar? Maslahat bersene, nätseň gowy bolar, hä? Kimden: toorgenev@mail.ru Kime: dragoon@spacemail.com Gadyrdan Anna Matweýewna! Siziň eýýäm 150-ňiz doldy, a siz bolsa henizem kompýuter oýunlaryna gark bolup ýörsüňiz. Hiç hili spaýserlere ynanomok men, çünki bu zat tebigata garşy, äý onsoňam, hitin ekzoskelet... Biziň bärimizde ýesir ediji ümsümlik, bagy-bossan mülkde hemme zat güýz bilen dem alýar, tomus mürepbe gaýnatdyk, häzir bolsa bu mürepbe bilen çaý içýäris. Ýakynda biziňkä lukman Kozelskiý gyzlar bilen geldi – biziň uýezdimizde şäherçelileriň çagalary üçin saz mekdebini guramak üçin haýyşnama bilen ýüz tutmaga. Ol dul we meniň göwnüme örän ýaraýar, onuň gyzlaram, tejribeli hatynyň öwüt-nesihadyna mätäç bolunýan ýaşa ýetdiler. Men birneme pikirlenmänem durmaýaryn... umuman, hemme zat ýakyn günlerde çözülmeli, dogrusy saz mekdebem biziň ysnyşmagymyza düýpli täsir eder, sebäbi, siziň bilşiňiz ýaly, gadyrdan Anna Matweýewna, meniň fortepýanada saz çalşym biçem däl. Kimden: dragoon@spacemail.com Kime: toorgenev@mail.ru Şeýla, sen näme, üçegiň bilen ýörediňmi? Göz öňünde tut, kempir, bu wagt marazmdan bejermeýärler. Men saňa ýarym asyr mundan ozal aýdypdym – nusgawylyga maýyl bolmak, gowulygyň üstünden eltmez! Ýeri, sen nädip, turgenew eýýamynyň gyzy bolýaň-aý, samsyk, özüňe seret; üçünji gezek doly dikeldişi (regenerasiýany) geçen, dişleriň dördünji nesil, keramiki, şarnir bogunlar, galan zatlar hakda-ha gürlämogam. Sen bar-a, alasamsyk afroamerikan ahyry, gizläp nätjek, plastika edip, tenreňkiňi agardanam bolsaň, joram, gan özüniňkini alýar-a! Ine men hilebirzatsyrap pakgaramok, asuda-parahatja öz möýlerimi tüpeňlän bolup ýörün. Elbetde, biziň serkerdämiz, dogrusyny sözleseň... bet erkek, näsini aýtsaňam. Biz, hut düýnjük, jeň meýdanynda, bölek-büçek edilen hitin jesetleriň (dişler, möý şepbigi, ganyň deregine kükürt sirkesi, meniň hatda söweş lybasymam deşim-deşim etdi!), arasynda durduk, ine şu taýda-da ol meniň elimden tutýar-da, gözüme bakyp diýýär: - Anka, ýaman bet sen kempir, Anka, göni şu taýda, söweş meýdanynyň üstünde sen meniňki bol! Derrewem meniň polatdan göwüsbendimi ýyrtyp aýyrýar! Şeýla, bu şeýlebir bir zat boldy! Häzire çenlem özüme gelip bilemok. A sen bolsa şo-o-l mäläp dursuň – lukman Kozelskiý, lukman Kozelskiý... Samsyk, nähili uýezdler, nähili oba mekdepleri? Sen näme, kompdan başbitin çykman otyrsyňmy? Sen, iň bolmanda penjireden bir gara ahyry, hanha, spaýderleriň hüjüminden soň şäheriň ýarysy ýom-ýok, gije-gündiz partlama şapagy asyl-asyl bolup dur, Zemindäki iň soňky agaç öten ýyl Alýaskada gurap, ýok boldy, ine saňa seniň “mürepbäň”. Ýa-da sen indi sintetika neşäni ýuwdup ýatyrsyňmy? Umuman, özüňden akmak ýasap ýatma-da, kiberspeýsden çykyp, eň bize sary – hatda seniň ýalylaram biziň derdimize örän ýarar! Kimden: toorgenev@mail.ru Kime: dragoon@spacemail.com Ine men penjirä seredip durun welin, gadyrdan Anna Matweýewna, gyzyl kerkawlarydyr sary söwütleri, biziň derýajygymyz Pehorkany, şeleşper balygyna tor atýan Şukar babany görýärin. Biziň bärimizde hiç hili älem-jahany ýumran bela-beterem ýok, biz asuda, rahat durmuşda ýaşaýarys, bir, häzir howa birneme sowap ugrady, şonuň üçinem bogunlarym yzaly syzlaýar, meniň gadyrdan ýanýoldaşym, lukman Kozelskiý bolsa, biraz üsgürjek bolýar, onsoňam az-maz babasilden kösenýär. Men bolsa şeýle pikir edýän, joram meniň mähriban, seniň penjiräniň daşyndaky harabaçylygy hem-de taňrygargan mahluklaryň çozuşyny görýändigiň sebäbi, biziň ümsüm durmuşymyza derek kompýuter oýunlarynyň seniň janyňa noş bolýandygam däl-de, seniň ruhuň sanly görnüşe geçirilip, indem seniň maňa kompýuter programmasy görnüşinde hat ýazýandygyň bolmaly. Şu sypatda-da sen dirikäň öz pitneçi janyňa hoş ýakan durmuşda ýaşaýansyň, çünki seniň çamalagy çaşan bedeniň (dagam 150 ýaş diýilýäni – bu saňa pişigiň pyşgyrmasy däldir), doly dargap, işi gaýdan bolmaly. Sebäbi, boýun alaý, Anka, sen hemişe-de, sapy çykýança keýp çekipdiň-ä, şol sebäpdenem öz içki agzalaryňy üçünji gezek doly dargydypdyň – onsoň täzesini nirä goýup, haýsysyny haýsysyna seplejek? Biziň bärimizde bolsa, hemme zat başgaça, durmuşymyz rahat, deňli-derejeli, haýaljakdan jygyldan bolup gezip ýörüs, Hudaý berse ýene-de ýarym asyry jygyldarys-da, gyzjagazlarymyzy durmuşa çykararys, agtyjaklarymyzy “hüşşükläris”... Kimden: dragoon@spacemail.com Kime: toorgenev@mail.ru Tüntaw! Nämäň “durmuşa çykarmasy”? Haýsy “agtyklary”? Sen näme, öz marazmyňa huwwalanyp, eýýäm ynsanlaryň nädip köpelýändiginem ýadyňdan çykardyňmy? Näme, meni “sanly görnüşe” geçirdilermi? Bilseň, bärde biziň durmuşymyz, seniň hatda düýşüňe-de girmeýär! Bu sen samsygy sanly görnüşe geçirdiler – gör-ä muny, “Pehorka”! Biseň, seniň Pehorkaň ýüz ýyl mundan ozal gurady, mürepbäni modifisirlenen noýbadan ýasap eňterip durlar, näletsiňmiş möýler bolsa, halys peteň etdiler... Utanmaýaňmy, porsy komp programmasy, maňa amoralka “tikmäge” (azgynlykda aýyplamag)? Bilseň, bar-a, men dünýäni halas edýän... Bilseň bar-a, biziň bärimizde... _)))=/\ф-аа-555№%%%№ 333""! Programma näsazlygy... © Mariýa Galina | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||