11:43 Bloknota bellenen bellikler | |
BLOKNOTA BELLENEN BELLIKLER
Sözler
Ýazaýyn diýen pikirlerimi ýazman unudan gezeklerim ýadyma düşende indikime ägä bolaýyn diýen pikir kelläme gelýar. Ýöne göz bolýarmy, dil bolýarmy, bellisi yok, pikirler guş sürüsi ýaly bolup güsürdäp gelýär-de, güsürdâbem uçup gidiberyar. Soň ýazaýyn diýseňem diňe sudurlary galyar. Ýazmaga synanýan her kimde diyen yaly bolýan bu kynçylyga iliň näme çäre tapanyna biljek däl welin, men-ä indi nirede bolsam bolayyn, ur-tut ýazmagy göwnüme düwüp ýörün. Ýazmak nämäňe gerek diyip biri soran bolsa näme jogap berip bilerdimkäm?! Ýazmasaň özüňe ýaranmak kyn. Gözelligi beýan etmek söýgüsi. - İçiňe gelen hoş duýgulary iller„bilen paýlaşmak söýgüsi. ...Eýsem, nameden başlarkam? Pikirleri tertibe salsam düşnükli, emma ýasama boljak ýaly. Könlüme gelşi ýaly ýazybersem, tebygy yöne başly-baratlygy zerarly düşnüksizrak bolmagy mümkin. Emma gowy eser ýazmak kyn. Okamagam kyn. (Okamak kyn sözi jedel edilip bilner. Yöne muny sonrak jedelleşeliň). Men elden geldigiçe tebigylygy gorap, tertibe-de saljak bolaýyn. Goý, gymmatly wagtyny sarp eden okuýjymy’ sarpasy belent bolsun. Ýalňyşlarym üçın meni bagyşlasyn. İlki bilen göriplik hakda pikir alyşasym gelyar. Munuň özüne ýetesi sebabi bar. Görüp olursak, görüplik älem-jahan ýaradylan gününden bäri iň ilkinji dörän problema Göriplikdir. Şeýtanyn Adam Ata eden göripligi. *** ...Hemmeler bilen dost boljak bolsaň,özüň bilen dost bolup bilmersiň. *** Prensipiallygy halaýan... ol meniň idealym... maňa nameleriň pasgel berýändigini seljermäge çalyşýaryn. Köp zat, gaty köp zat päsgel berýär... Henizem öý tapamok. Agşam nirä gitjegim näbelli. Şu mahal telefonam işlänok näme etmeli??? *** Watanymyz bir gämi, Bizem üstünde dämi?! *** Ýaranjaňlar bar söýgüsini ýokarsyndakylara sarp edýändikleri üçin aşagyndakylara gaty birehim daraýarlar. *** Aýdasym, ýazasym gelýän zat şeýle köp, emma haýsyndan başlajagymy bilemok... Ýazman durup bilsem, ýazmajak bolaryn. Sebäbi ýazmak jogapkärçiligi boýnuňa almak ahyry. *** Degişmeli, ýöne göwne degişmeli däl. *** Duýga gul adam Ýygrylsa – ýadaw, Ýylgyrsa – daýaw. *** Agzyňam, gözüňem ýumup bolýar, gulagy näme üçin ýumup bolmaýarka? Diňlemek has zerurdygy üçin bolsa gerek. *** Men göriplerden gorkyma ýazmagy goýdum. Däliremekden gorkyma ýazmaga başladym. *** Diňlenmeýäniňi bileňsoň syr bildirmän geplemäňi goýmagada bir talant gerek. *** Puluň pikirini etmek ylhamyň gapylaryna gulp asmakdyr. *** Çäresiz adam özüne sütem etmän,alaçsyz oturman, pikirlerini ýazmaga başlasa ol güýçli yazyjy bolup bilerdi.Ynsanam nar ýaly gysylmasa, süýjisi daşaryk çykanok. (Elbetde naryň hiline we gysylyşyna hem bagly bolýar.) *** Netijede, hiç zada garaşylman edilen ýagşylyk tüýs ýerine düşýär,ýüreklerde ýer edýär. Ýazmak hem ýagşylykdyr. *** Edepsiz alymdan, ylymsyz edepli kişi gowudyr. Çünki ylym öwretmekden edep öwretmek has kyndyr. *** Ýoldan çykaransoňlar niçe merdany Ýola çykardylar ençe zenany *** Zaman(wagt) örän gymmatly baýlygymyzdyr. Zamany özündenem gymmat zat bilen çalyşmaýan bolsak zyýýan çekýäris diýmekdir. Zaman ömrüň başgaça adydyr. Emma zaman bir günüň içine müňlerçe güni sygdyryp biljek derejede maýşgakdyr.Şonuň üçin hem 12 ýaşly akyldaryň, 60 ýaşly-da çaganyň (smsk) bolmagy mümkindir. Zaman hakda oýlanmaga zamany ýoklara haýpyň gelýär. *** Gizlin düşmanlaryň boluşy ýaly, gizlin dostlar hem bardyr. *** Hemme etmeli zadyňy edip bilmeýändigiňe gynanma, edip biljek zatlaryňyň hemmesini etmeýandigiňe gynan. Aganyýaz SAMMYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |