11:48 Goşgular | |
GALAMYMA
Goşgular
Galam sen... Meni menden alan sen. Galam sen... Gamlarymdan gaçyp girýän galaam sen MENI "Gurçuk iýer" diýip süýji dânâni, Ajy däne erge sapdylar meni. Zaýalanar duzsuz goýsan nämäni, Diýip bir şormaňlaý etdiler meni. "Güneşde, ojakda süýjeýär tagam, Sen bolsa gögele, turşy hem-de ham" Diýip, el-aýagmy baglaýyp ykjam, Yşkyň gazanyna atdylar meni. Ekin iri bolýar ýekelap çyksaň, Üzüm kän miwelär pudasaň, çapsaň, Kömelek dykyzdyr takyrdan tapsaň, Diýip, gaty ýere ekdiler meni. *** Bir şahyr dup-dury çeşmejik ýaly, Biri çylşyrymly keşdejik ýaly, Biri diňlemäge şeýle ýakymly, Biri synlamaga şeýle ýakymly. Ker bilen kör gelip bular hakynda, Jedel edişmäge, heý, haky barmy? *** Biri geçmişimiz beýikdir diýdi. Buýsandym. Biri geçmişimiz pesdir diýdi. Gynandym. Biri geçmiş sapak, Geljegimiz arzuw, Şu günümiz hak diýdi. Ynandym. EÝ GÖWNÜM Hormatyňy saklap bilman, Ýakdym seni, eý göwnüm! Söygi bilen ekläp bilmän Ýykdym seni, eý göwnüm! Ynjalmadyň, ynjalmadyň, Bir eğlenip dynjalmadyn, Gögermek ýok sanjylmadan, Ekdim seni, eý göwnüm ! Duman häzir, yol uzak, Her ýanym müň bir duzak, Gelmedi saňa gezek Ýatdan çykdyň, eý göwnüm! *** Serimde duman, köňlümde gubar, Dilimde şikaýat. Aýdyň kim çydar. Dostlar duşman boldy galmady mydar. Çyda bilmän ahyr dillendim indi. Pulsuzlykda gazanç etmä jewaz yok, Ýalňyz galdym, owazyma owaz yok, Demigýärin asmanymda howa yok.. Ýandym-söndüm, sowap küllendim indi. Bu niçik ahwaldyr, düýşmi ýa huşmy, Bir görseň dostuň köp, bir görseň boşmy, Eýse dostlugyň bar gadyry aşmy, Göz ýaşym köp damdy, köllendim indi. MOTOSIKLET Zamanamyň bedewi. Senem öwren edebi. Seyisletman bedeniň, Mündürmegin gedemi. BLOKNODYMA Götermäge amatly Kiçi seniň göwrümiň Şeýle kiçi bolmakda Nusgasy bol göwnümiň. İçin dürden dolsa-da , Gabarmady göwrümiň Bolgun mydama sada, Nusgasy bol göwnümiň. *** Gaçanyňdan gowsy ýok, Göwni ynjyk kişiden, Gaçanyňdan gowsy ýok, Senden geçen kişiden, Geçeniňden gowsy ýok. Edepsizden uzak dur, Ol ýoluňda duzakdyr, Dymanyň ýüzi akdyr, Öçeniňden gowsy ýok. Deň eýleme özüňi, Zaýalama sözüňi, Hem aýlama gözüňi, Şo çeniňden gowsy ýok. ÝENE-DE ÖZÜMÇE ÝAZYP BAŞLAÝAN... Eýle ýaz, beýle ýaz diýýärler maňa, Hemmesini üns bilen diňleýän. Jan etsem-de güýjüm yetenok oňa, Olaň isleýşiçe yazyp bilmeýän. Öz-özümden göwnüm geçip, gamlanyp, Gazap bilen galamymy taşlaýan. Bular yatdan çykan güni hiňlenip, Ýene-de özümçe ýazyp başlaýan. ÝANMAK Goşga nega bir düşýä, Yşga düşýär hemmeler. Yşarat yetik düşbä, Gürrüňleşýär öňňeler. Gözleriň sözlerini, Gulak eştse geň görer. Her kim öz kimdigine, Düşünaýse möňňürer. "Ýok, men beýle däl" diýip, Ýanar, towsar, towlanar. Agaç gitse-de köýüp, Adam ýansa gowlanar. *** Bu saçlar gap-garady, Agaçlar sap-sarydy, Çeşmejik dup-durudy, Suwa girip çyksa -da, Ýapraklar gup-gurydy. Geçmişini ýatlan ýar, Ol ýere köp ugrady, Ýapraga köp garady, Oýlandy, suwa girip gury çykan barada. ÖSMEGIN ŞERTI Gülälek bilinsedi, Gül bolmanka ýolunardy. Kömelek bilinsedi, Ulalmanka alynardy. Bilinmezlik munda, Ösmegiň serti. DUTAR Ýapragyndan ýüpek, tar- özünden dutar Ýasalansoň. Tut öz yapragna duşyar, Ýöne ýerden däldir bu zaryn owaz, Balasyn bagryna basansoň joşýar. MYRAT JAN (Goşun gullugynda wepat bolan inim Gurbanmyradyň ýagty ýadygärligine bagyşlaýaryn) Aýdym ýazylypdy Myrat jan diýip, Menem şeýle aýdym yazmaly boldum. Gözümden ýaş gitdi, ýaş gitdiň haýp, Aýralyk oduna dözmeli boldum. Bilmedik zadyňy sorardyň menden, İndi bilmedigmi soraýyn men hem, Dünyäň bilmedigni bilyäň häzir sen, Sen bilyäň... men diňe syzmaly boldum. (Goşgy doly däl) ÝAGYŞ Ýagşyň ýagşy ýagşy, Ýazda ýaýlada. Joş sen töweregňe Gözüň aýlada. Ýagşyň ýagşy ýagşy, Süllümmaý ezip, Ol uzadar ýaşy, Gamlary ýazyp. JAN ÝAKAN GEREK Janyňy ýakmasaň, adam bolma kyn, Kemçilik ýanynda jan ýakan gerek. Jennetiň ýoluna gadam salma kyn, Onuň üçin jany kän ýakan gerek. Sen ynsan öýtmegil her gep gatany, Ynsany sözünden sen ýagşy tany, Gubar gaplamasyn eziz watany, Bagryny gaýnadyp, gan ýakan gerek. "SÖÝGI" SÖZÜNIN DÖREÝŞI Söygi sözi ýok mahalam, Söýülendir, öpülendir. Ýöne o söz öň-owalam, Öpülende tapylandyr. Seret: "söýgi" diýjek bolsaň, Dodak öňe topulandyr. *** Ylymsyzlar gep aýdar, Körler ondan köp aýdar, Onsoň taze nesiller, Ynsanlyk budur öýder. Bilenler bir dymmasyn, Görenler göz ýummasyn. Ýogsa olar gaçyrar. Ynsanlygyň gymmatyn. BENTLER Edebe ýat onun her edýan işi, Edebiýat hakda söz eden bolýar. Ýeke setrin ýazyp bilmejek kişi, O ýerni, bu ýerni düzeden bolýar. *** Gözleri çanak deý—Mähirden doly Gaşlary ganat deý uçurýar köňlüm. Zülpleri çeňňek deý ilişýär gözüm, Gujagy jennet deý ýetmesi ölüm. *** Durmuşam durşyňa görşüňe bagly, Görşüňem nämedip yörşüňe bagly. Durmuşyň zowkundan bihabar kişi Ýüreği möhürli,gözleri bagly. *** Meni beýle ýalňyz goýmaklyk näden, Bize ýaraşmajak oýnaklyk näden?! Deň-duşuň aç aglap, çaresiz durka, Gülüşip, nahardan doýmaklyk näden?! *** Bir gül üçin müň dikene suw berdim, Bir söz üçin mün warsaka how berdim Çözmek üçin aradaky towlary, İşim gyssag, sagadyma tow berdim. *** Pelek belki derdi-bagty, Herkime den paýlaýandyr. İlin bagtly saýýan yigdi, Gizlin-gizlin aglaýandyr. *** Kesel ýaly yokuşýandyr saglygam Ýaman ýaly ýokuşýandyr gowlugam. Bir beýigiň öýne ýa-da gabryna, Gabat gelseň baryp geç yüz ugruna. *** Çydama bagly köp zat bu ýalançyda, Bagta ýetmek üçin islege çyda... Ýazmaňy goý, belki, islegdir şu-da, Ýazaý, diňe, çydap bilmeseň juda. *** Yşyk küýsemezmi tümlükde barýan, İlleriň şygryna haýran men, haýran, Bu gara tümlükde kim bir yş tapsa, Ähli gözlülere şol gün toý-baýram... *** Senden sypyp bolanok, Seni öpüp-de, Seni yitrip bolanok, Seni tapyp-da. *** Göz öňümde salgymmy sen, Meni teşne sandyňmy sen. Sende çölüň zalymlygy, Giňligimi aňdyňmy sen. *** Dagyň beýikligne bahyllyk edip, Onuň depesine çykdy-da bulut, Dagyň beýikligin açyp görkezdi, Dagyň beýikligin ýaşyrjak bolup. *** Durmuş deryaň suwdan bolsa, Başyň seniň çöp-çalamdyr. Eger sen bir süýtden bolsaň, Başyňa gaýmak galandyr. *** Söýgi, sylag, hormat-ruhun şypasy, Adalatdyr-wyjdanlaryň sapasy, Olar ýoklugyndan däldir, aslynda, Sende ýoklugyndan ruhuň jepasy. *** . Bilbil saýramasa, at ýüwürmese Ene dogurmasa bolmaz bagtyýar. Ylham gelen wagty ýazaýmaly sen, Sen ýazmağa teşne, ýazmak saňa ýar. *** Şübhesiz şygyrýet taňrydandyr, Akyldan, şekilden anrydandyr, Akyl takyklamak islär soňundan, Başda kalbyň ony yaňzydandyr. *** Bagryma çümen temen Şygrym tikilýär eken. Razy aýbymy ýapsa, Etmese-de bezemen. *** Bu durmuş durşuňa görşüňe bagly A görşüň näm edip yörşüňe bagly. Ýaşaýşyň zowkundan bihabar kişi, Ýüregi möhürli, gözleri bagly. *** Hem-ä ýanyp, hemem hiç kimi ýakman, Gezip bilen adam çyragdyr hökman. Ýokaryk dyzama, ýan-da, şugla saç, Goýmazlar çyrany ýokaryk dakman *** Söýen ýanýar, ýanan yşygyn saçyar Ylym bize, bakyň, şu syry açyar: Yşkda gönümellik, dogrulyk gerek, Yşyk göni çyzyk boýunça geçýär. *** Ýetişmeli ýetim nesliň dadyna, Ýanmaly biz bu gün yşkyn oduna, Bir ynsanyň kämillige gelmegin, Çalyşmaryn dünyäň barja zadyna. *** Ölüm diyilýän zat göyä bir uky. Görersiň mylaýym ýa-da kyn düýşi Gije gara basmaz hiç bir kişini, Ak bolsa gündizki eden bar işi... *** Näge mydam meslikde, Gezer adam peslikde. Ele düşen ýaradan, Ýada düşer Ýaradan. *** Eg başyňy, eý, Miweli pudak. Ýogsa miwäň üçin, Iýersiň taýak. *** Çykdygyňça bu daga, Gözüň düşýär uzaga. Ýöne arman her zaman, Dagyň üstleri duman. *** Kimiň mazarynda dileg dilärsiň, Kimiňem dirisi dilege mätäç Kim ölükä diri ýaly peýdaly, Kimi dirikä öli ýaly bialaç. *** Biriniň-a garny aç, Biriniňem gözi aç, Birine-hä çäre bar, Biri baky bialaç. *** Çagla nazar etseň, lagla öwrüler, Lala nazar etseň, açylar dili. Birden meni şahyr etmegiň mümkin, Eger maňa nazar edäýseň weli... *** Umyt bilen ertirlere garaýas, Niýetlere ýetilerine garaşyas. Ertiriňem ýöne öz ertiri bar, Şu günlere garap bilmän garraýas *** Neçün ölüp öwlüýä, Giden kişi öwülýä?! Öwgi göýa tylla täç, Oňa ýer ýüzi mätäç... *** Geçensoň, hemme zat gül ala güllük Kyn güni ýatlaşdyk, bir sellem güldük. Şonda biz şu günüň aladasy-da, Bir gün gülki bolup galjagyn bildik. *** Ynsanyň daşynda mesele ýokdur, Çäre tapsak içindäki kesele. Hak söygä teşnedir, dünýäden dokdur, Bak kalby syzana, akly kesene. *** Sagat dili-gylyç, kesip dur ömri, İşe gyssap, goşaryňdan gysyp dur. Juk-juklap, baş ýaýkap, berip dur emri, Asylyp diwardan, ýüzün asyp dur... *** Goşga düşünen söýer, Düşünmedik boş diýer. Saglar geňirgenerler, Däliler ne hoş diyer. *** Bular näme oňat setirmidiler?! Köp gijeler meni ýatyrmadylar. Nätjek şygra gijäň gylygy ötse, Okan kişileriň ukusy tutsa. *** Gör, arylar öz toplaýan balyna, Çümüp, çykabilmän gidýär ölüme. Görüp ýörseler-de diri galany, Ýene-de daşamak bilen öýüne. *** Saýra bilbil, saýra, saýra sen joş-da, Unutma sen dünýädäki paýyňy. Mynasyp taý duşsun saňa durmuşda, Şahyrlykda tapmasynlar taýymy! *** Hak söygä ganmasaň ömrüň biderek. Doýa-doýa ganmak isleýär yürek. Yşka barmak öňýeteniň işi dal, Yşky ýanymyza getirýan gerek. *** Ahmyrym geçmişden uzalan neşder, Ahymy bütin bu geljegim eşder. Çilimkeşler harap etse öýkenin, Bütin ömrün harap eder gamkeşler. *** Ýazanlary gumlar örtse ölende, Üstüni çaň basar ölende kitap. Birinji ölümiňem ajysy kändır, Ah, ýöne ikinjä bolanok çydap. *** Edeniň ters bolýar gaharly wagtyň, Joşsaň bolsa bar zat ozaldan taýýar. Köp gülen göz ýumup, ýitirse bagtyn, Köp aglanyň ähli derdi gowzaýar. *** Täze ýyl gelende wagt geçýär diýip, Aglamalymydyk, gülmelimidik... Eýse wagtyň şeyle tiz geçyänini, Diňe täze ýylda bilmelimidik?! *** Şygyrýete gaçsyn diýip, Gysdy belki dünýä meni. Şänigini açsyn diýip, Basdy belki dünýä meni. *** Ýaşlyk günlem tiz geçýäňiz nämüçin. Wagtyň gymmatyny ýaşkaň bilmek kyn, Gaty gitse çapyksuwar ýoldaky, Göwher daşy görüp bilmeyşi deyin, *** Yşkyňdan yüregim gaýnaýanyny, Haýranlar galýaryn aňmaýanyňy, Göreňokmy gaýnap duran çaýnek deý, aglaýanymy?! *** Sizem käte-käte ýatlaýaňyzmy?! Hernä unudaýmaň deňi-duşlarym. Ýa başga mekdebe gatnaýaňyzmy? Göremok-la sizi, klasdaşlarym. *** Gyş gelende geýindiň, Kalp sowanda üşediň, Oňa ýyly söz gerek, Peýdasy ýok düşegiň. *** Tümlüge Gün bolup dogup bilsedim, Ýa Aý deý Gün nurun bilsedim serpip, İň bolmanda çeşme ýaly aý nurun, Ýaryň owujyna bilsedim ertip *** Saçagymy näçe bezänem bolsam, Esasyny tutup duran çörekdir, Otagymy näçe bezänem bolsam, Esasyny tutup duran toprakdyr. *** Güli derman, köki derman, Tiken çümse etme,arman, 0l seni hassa öýdendir Özüni-de sançýan lukman. *** Çagany wagtynda süýtden aýyrsaň, Çötjeläp-bötjeläp söz gatýar dünýä (Hatda gapyňdaky maly doýursaň, Gepläýjek-gepläýjek bolşundan dynýaň). *** Ýykmak aňsat, gurmak kyn, Günä aňsat, sogap kyn, Bir günäňe bir günä, Bir sogaba on sogap, Ýazylýandyr şoň üçin. * * * Öwürmekçi çagly lagla, Syrmakçy biz perdeleri. Syn kylmakçy geçmişime, Hoş kylmakçy pederleri. *** Köp syry görkezýär saňa bedeniň Gör näçe uzyndyr diliňden eliň, Aýdanyňdan şonça köpräk bolsun, Edeniň işiň seniň... *** Biri gazap bilen, biri al bilen, Biri öýke bilen, biri näz bilen. Geçmişi elimden aldylar meniň, Geljegimi welin bermekçi däl men. IKILEMELER Erkiňi berme eliňden. Syryňy berme diliňden. *** Ýan, ýan şugla saç her ýana Nusga bol gözi görýäne. *** Çyda bu gün, çyda bu gün, Peýda bolar şu-da bir gün. *** Hak ýoluna goý bu göwni, Ýaşa göni, ýöre göni. *** İlki yşkyň bilen gözüm bagladyň, Sonra maňa gözsüz diyip agladyň. *** Mähiri duýmaýanyň kalby ölendir, Pähimi söýmeýäniň akly ölendir. *** Bilinden kesensoň owsunjy mary, Soň gorap bilmedi ol goşa nary. *** Mährini bereniň mahri artar, Erkini bereniň erki azalar. *** Öljekleriň dili asala dönýär, Miwe-de şoň yaly süýjänsoň tänýär. *** Ýagşylar ot, ýamanlar at almasyn, Edebiýat edebe ýat bolmasyn. *** Agyr günler, gulçulyk hem kynçylyk, Derdim kändir, azaldy mümkinçilik. *** Ýeri gazyp geçmişi görşümiz ýaly, Gögi köwüp geljegmize bakaly. ÜÇLEMELER Asman-jaý gümmezi, topragam-saçak, Eý, adam ogly! Bir öýde ýaşap, Neneň bir-birege dogan bolmajak?! *** Ynamly ur gadamy, Kynçylyk däl, ol hakda, Gorky ýykar adamy... *** Ugrunda jan berjek zadyň bolmasa, Janyňy bermäge degmeýan zada, Jany berip ýörsüň bil, eý, boş adam. *** Dagdan arkaň bolsa-da, Arkaňdan sil gelmegi, Mümkindir-how ýogsa-da. *** Şükür, halkymyzyň şahyry köpdür, Ylham perişdesi pis yere gelmez, Şübhesiz, bu halkyň ýüregi päkdir. *** Wejerany gözüň ýumup ýenýärsiň, We yaňrany sözsüz dymyp ýeňýärsiň, Meni-de sen mensiz onup ýeňýärsiň, *** Sähelçe zatlary edip bahana, Geliň, söýgi ýaýradalyň jahana, Aýdyň, başga näm bar munda ynsana?! *** Agalar, men bu gün Pöwrizä bardym, Bu gün derman meniň içime däl-de, Meň özüm dermanyň içine girdim. *** Gynansak-da bir geleňsiz korrektor, İň gowy ýerinde ýekeje harpy Görmän goýýar, neýleseň-de körräkdir. *** Öň many tapmazdyk, kapyýa köpdi, İndi söz tapamok beýan edere, Kalbym täsin-täsin manylar tapdy. *** Köpden çykmasy hem kalpdan çykmasy kyn, Görgüsi ýaman goşgujyklaryň - Ýüreklere girip, çapdan çykmasy kyn. *** Günäkäri seljereliň Göribem bir, güjeňlänem, Maslygam bir, tüpeňlänem. *** Käteler güýçli men, käte-de hassa, Kä galam elimde naýzama döner, Kä bolsa yöredip äkidýän hasam. *** İki ýüzlüler, gör, nähili özgerýär: Ýüz berseň, ýüzüňi alýar. Ýüzüni alsaň, ýüz berýar. *** Gör nähili meňzeş bu iki gözleg: Dersleriň içinden çykar kömelek. Dertleriň içinden tapylar sözler. *** Öwüp-öwüp üçege çykardyň. Wezipeden tânensorň, Döwüp-döwüp püçege çykardyň. *** Barmagyň bilen, Ýer dyrma welin. Boş durma. *** Gursak, Bagtly durmuş. Giňär gursak. *** Gaýtalanýar aýlar, günler, ýyllar-da, Biz bolsa ýaşap ýörüs, Gaýtalanmajak günlerde. *** Durmuşy mekdep öwretsin, Ýol ugruna böwetleri, daşlary, Durşuna mekdep owratsyn. *** Kä kişiniň aýdany dogry däl, Käsınıň aýdyşy dogry däl, Käsiniň-de aýtmagy dogry däl. *** Italmaz Özi gyzyl ýaly, Sözleri almaz. *** Ylym ösdi-ösdi...Aýa-da bardy, Meniň bolsa mellegimde ýer depip, El-aýagym gabardy. *** Işläp derläp ýa-da aglap suw çykyar, Şeýle suwy çykmadyklar Suwjukdyr. *** Gözi alardy, Agzy alardy, Yogsa alardy. SÖÝGI Päkligiňi saklasaň, Söýgi seni hor etmez. Nämahreme bakmasaň, Söýgi seni zar etmez. Söýgi syrly duýgudyr, Syryn çözmek gaýgydyr, Duýgularyň beýgidir, Peslere duçar etmez. Kime ýuka öýmedir, Kime öýke-kinedir, Kime baky köýmedir, Kime asla kär etmez. Agla, yüreğim agla, Göwnüňi bire bagla, Şonuň bile adagla, Başga seni ýar etmez. *** Eý şygyrýet.. Eý, şygyrýet! Saňa sala salaýyn, Sen wyjdanyň sesin getir bu taýa. Taşlaýyn boş işi, ýola geleýin, Göneneýin gulluk edip Hudaýa. Ikarada galdym o ýer ýa bu ýer, Beýdip gatnap ýörsem iller ne diýýer. Ýollarda ýöredim, dökdüm nije der, Nije pulum, wagtym bolduka zaya. Eý, şygyrýet, eý, ylhamyň mekany! Aç synaňy, maňa çykalga hany? Aýralyk oduna örteme jany Döwür atly barýar, men bolsa ýaýa. DEĞİŞME Bak, baýramlar gelýär yzly-yzyna, Meň getirýän sowgatlarym ketdedir. Name alsaň al gyzyňa-özüňe, Üýşüren pullarym petde-petdedir. Näme alsam seň göwnüňe ýaramaz, Bolup galyan mydam bir baş çaramaz, Hiç kim şeýle ussat aglamjyramaz, Men yüpek getirsem, gözüň çitdedir. İň gowusy al isläniň saýla-da, Hem özüňe timar ber şu aynada, Hem göwnümi aç bileje çaýla-da, Bagtly öýden keselçilik çetdedir. Görip bolma, hem göribe görünme, Monça bol yör, seni söýüp ýörenme, Baýram gelse, il baýlygna garanma, Göripleriň ömri mydam jotdadyr. *** Durdujyk: - Goýnumyzam ot iýýär, Sygrymyzam ot iýýär Boýlarynyň deň däldigi Meni haýrana goýýar. Berdijik: - Işikdäki mele sygyr, Goýna deň bolsa eger Uly göle nädip emer. RAZY MEN Eştsin gaýgy edenler, Hemmelerden razy men. Gül içinde tikenler, Iňňelerden razy men. Köpüsi-de öz hatam, Diýip ýaşadym mydam. Gybata etdim çydam, Ýeňňelerden razy men. Kate gitdim bazara, Şübhe etdim terezä, Hakym iýip azyrak, Kemmelerden razy men. Käteler düşüp gaýga, Düşünjek boldum söýgä, Gark bolup çuňňur duýga, Çümmelerden razy men. Namysymy goradym, Nebse gaty daradym, …………………….. Dymmalardarı razy men. Diňläp aýdan sözümi, Gyzartmazdan yüzümi, Gizläp aybym, gözüni Ýummalardan razy men. Hakym ýok hiç bir kimde, Hatam köp her bir işde, Hassa halymy eşde, Eňmelerden razy men. Eşidiň. Ey, adamlar! Hemmelerden razy men. Aganyýaz SAMMYÝEW. | |
|
√ Şygyr ýazylmaýar, dogrulýar ahyr / Goşgular - 16.09.2024 |
√ Pyglym harapdyr / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Musanyň kelamy / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Özümiñki däl eken / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Nämeligim soran, eşit hekaýat... / Goşgular - 18.10.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Kakasy aýatda, çagasy ýetim... / Goşgular - 25.07.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |