17:42 Buddanyñ taryhy | |
ŞAZADA SIDHASA BUDDANYÑ TARYHY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Budda hakynda türkmen okyjylary köp maglumatlary bilýändir diýsek, hakykatdan az-kem daş düşdügimiz bolsa gerek. Sebäbi Budda hakyndaky maglumatlar türkmen dilinde ýok diýen ýaly. Ýöne şu kitaby okan adam Buddanyñ ömri, işi, özüne eýerenlere wesýetleri bilen ýakyndan tanyşyp biler. Buddanyñ wesýetlerini kim üns berip okasa, kalbyna bir üýtgeşik ýagtylygyñ aralaşandygyny duýar. Elbetde, galany okyjynyñ özüne bagly. HAÝYRLY HOŞ HABAR Örän gadym zamanda, mundan kän ýyllar ozal Hindistanyñ demirgazygyndaky kiçi bir patyşalykda şeýle bir waka ýüze çykyp, soñra ol bütin dünýäni üýtgedip goýberdi. Şudhadana patyşanyñ aýaly melike Maýýa bir gün uka gidip, täsin bir düýş gördi. Hamana, asmandan bir ýaldyrawuk şöhle düşüp gelýärmişin. Ýene bir seretse, şöhlä duwlanyp ap--ak bir pil gelip, ahyr melikäniñ bedenine siñip gidipdir... Şol pursat melike örän bagtyýar we hoşal bolup oýanypdyr. Derrew patyşanyñ huzuryna baryp, gören düýşüni oña aýdyp berdi. Soñ ikisi bu düýşüñ ýorgudyny köşkdäki danyşmentden soradylar: Danyşment: ㅡ Eý, siziñ alyjenabyñyz, bu örän haýyrly düýş! Munuñ ýorgudy bu turar ki, melike ogul görgeý we şazada beýik bir ynsan bolup ýetişgeý. Onuñ şerapaty-täsiri diñe bir size däl, ähli dünýä nesip etgeý ㅡ diýdi. Düýşüñ ýorgudyny eşiden patyşanyñ we melikäniñ başlary göge ýetdi. Patyşa çensiz-çaksyz hoşal boldy. Sebäbi, ol gelejekde täji-tagtyny eýelejek akylly-başly perzendiniñ bolmagyny köpden bäri arzuw edýärdi, ine, indi bolsa, şol arzuwy amala aşyrýardy. Şol wagtlar Hindistanda bir däp höküm sürýärdi, ýagny, aýy-güni doluşan hamyla aýal atasy öýüne barýardy. Şol ýerde hem perzent görüp, soñ öýüne gaýdýardy. Aýy-güni doluşandygyny öñünden añan melike hem köşki-saraýy terk edip, kenizeklerini yzyna tirkäp, atasy öýüne tarap ýola düşdi. Ýöne uzak ýol geçmänkäler, melike saklanyp, dem-dynç almagy sorady. Onuñ tutgaýy tutdy. Olar Lumbini diýip at alan gözel bir baga girdiler. Melike amatly ýer gözläp, her tarapa ýaltaklady. Rawylaryñ rowaýat etmeklerine görä, bu üýtgeşik çaganyñ dünýä injigini duýan haýwanlar hem, agaçlar hem enä kömekleşdiler. Ullakan bir daragt öz pudagyny oña tarap egdi. Melike sag eli bilen şol şahadan ýapyşdy-da, bir agramyny şoña taşlady-da, aman-esen çagany dogurdy. Kenizekler derrew çagany dolap, ele aldylar. Täze doglan çaganyñ husny-jemaly, ýuwaşlygy olary haýran galdyrdy. Göýä şol pursat tutuş dünýäni rahatlyk, parahatlyk, söýgi we sagadat gaplap alan ýalydy. Adamlar öz gam-teşwişlerini, gaýgy-aladalaryny unutdylar, urşanlar ㅡ ýaraşdylar. Mähir-muhabbet, ynsap-akybet duýgulary kalplary doldurdy. Käbir kişiler şol wagt gökde duýdansyz, garaşylmadyk ýerden älemgoşaryñ peýda bolanyny, başga-da ençeme ajaýyplyklaryñ ýüz berenini gördüler. Şonda patyşalykdaky akyldar adamlar bu haýyrly alamatlary biri-birine görkezip: ㅡ Häzir älemde bir täsin waka bolana meñzeýär. Hol üýtgeşik alamatlara serediñ! Häzir dördünji aýyñ dolan senesi, dogrudan hem, şanly gün! ㅡ diýdiler. Elbetde, melike Maýýanyñ özi ogul dograndan soñ, şatlygyñ bütin patyşalygy gurşap alanyndan bihabardy. Ol ýap-ýañy doglan çagasyny bagryna basyp, äriniñ huzuryna ㅡ köşki-saraýa dolandy. ÖWLÜÝÄNIÑ KÖŞGE DOLANYŞY Şudhadana patyşa aýalyny we kiçijik ogluny uly guwanç hem şatlyk, baýram bilen garşy aldy. Ähli patyşalykda şadyýan toý başlandy. Çar tarapdan dürli-dürli reñkli otlary asdylar. Bu, dogrudan hem, bagt we parahatlyk eýýamydy. Her ädimde söýgi, guwanç asmana çykdy. Ine, şu sebäpdenem, ata-ene ýañy bolan çagan''Sidhasa'' diýip at goýdular. Bu at ㅡ ýagşylyklar getiriji diýen many añladýar. Şonda danyşment çaga seredip: ㅡ Eý, şahym, şazadanyñ dogluş alamatlary örän haýyrly görünýär. Ogluñyz ösüp-ýetişenden soñ, onuñ şan-şöhraty siziñkiden hem artyk bolgaý ㅡ diýdi. Bu gepi eşidip, patyşanyñ guwanjy içine sygmady. Ol ''Eger danyşmendiñ aýdany dogry gelse, meniñ oglum şazada Sidhasa kiçijik bir patyşalyga däl, bir gün ähli dünýä hökümdar bolar, maña we meniñ öýüme sansyz şan-şöhrat getirer'' diýip oýlandy. Şol günler ýañy doglan çagany görüp, mübäreklemek üçin köşke kän-kän adam geldi. Olaryñ arasynda Asita diýen bir garry hem bardy. Ol derwüş bolup, uzak bir tokaýda ýaşaýardy. Il arasynda ol ''Beýik Öwlüýä'' (Keramatly) diýen at alypdy. Asitanyñ tokaýy terk edip, köşge gelmegi, patyşadyr melikäni geñ galdyrdy. Olar: ㅡ Geleniñiz üçin tükeniksiz hoşaldyrys, eý, Beýik Öwlüýä! ㅡ diýip, ony uly hormat bilen garşyladylar. ㅡ Merhemet edip, gelmegiñizden näme maksadyñyzyñ bardygyny aýdyñ. Biz çyn ýürekden siziñ hyzmatyñyzdadyrys. Asita: ㅡ Görkezen merhemetiñiz üçin köp sag boluñ! Men bu ýere uzak ýol geçip geldim. Sebäbi, ýakynda ajaýyp alamatlar gördüm. Ol alamatlaryñ sebäpkäri siziñ ýañy doglan ogluñyz. Ol beýik ruhany, bilimler eýesi bolup, bir gün ynsanlara ýagşylyk getirgeý. Men tutuş ömrümi ýagşylyk etmäge, bilim toplamaga sarp etdim. Bu gutly gadamly çagany öz gözüm bilen görmäge howlukdym ㅡ diýdi. Patyşa bu gepi eşidenden soñ, howlugyp ýerinden turup şazadanyñ uklap ýatan otagyna tarap ýöneldi. Çagany seresaplylyk bilen göterip, Öwlüýäniñ alnyna getirdi. Keramatly Öwülýä hiç zat diýmän, çaga dowamly nazaryny dikdi. Soñra bir-iki ädim yza çekilip, göge gamgyn halda seretdi-de, dolup-daşyp, içi-içine aglap başlady. Asitanyñ aglaýandygyny gören patyşa bilen melike gorka düşdüler. Olar gelejekde oglumyzyñ başyna bir bela inse gerek diýip oýlandylar. Patyşa gözýaş döküp, çöke düşüp perýat çekip: ㅡ Eý, ulug Öwlüýä, siz nämüçin aglaýarsyñyz? Oglumyñ täleýinde nämeler gördüñiz? Siz hem, başga danyşmentler hem beýik ynsa, bilim eýesi bolar diýip aýdypdyñyz-la. Goý, şeýle bolsun, näme üçin ogluma seredip agladyñyz? Ýa onuñ ajaly tiz ýetjekmi? Ýa-da başga bir bagtsyzlyk ýüze çykjakmy? Ol meniñ ýalñyz perzendim, gözümiñ agy-garasy! Çagamyñ alnynda nämeler göründi? Merhemet edip, tizräk jogap beriñ, ýogsa, ýüregim darka ýarylar ㅡ diýdi. Asita patyşa bilen melikä bakyp, olary mylaýymlyk bilen köşeşdirdi. Ol: ㅡ Gaýgy-teşwiş çekmäñ. Men şazadanyñ palynda bir ýamanlyk görüp aglamadym. Ogluñyza seredip, onuñ gelejekde beýik ynsan bolup ýetişjekdigine doly ynandym. Sebäbi, üýtgeşik alamatlar. Onuñ barmaklarynyñ arasyndan nur dökülip dur. Bu şanly ykbal belgisidir. Eger ogluñyz köşkde galyp, patyşa bolsa, taryhda iñ beýik patyşa bolar. Ol uly köşk sahyby bolup, adamlara bagt, rahatlyk, azat durmuş bagyşlar. Eger-de ol patyşa bolmagy islemese, oña has beýigräk kysmat nesip eder. Ol beýik ussat bolup ýetişer. Adamlara mähir-muhabbetli durmuş ýoluny öwreder. Dünýädäki jebri-sütemleri görüp, köşki terk eder we gaýgy-gama çäk goýmak ýoluny döreder. Ol özüni diñlän her bir kimsä ders okap, düşünje berer. Ýok, eziz şahym we melikäm, men çaga üçin aglamok. Men ömrüm boýy hakykat ýoluny ㅡ gaýgy-gamlara çäk goýmak ýoluny yzladym. Bu gün, ine, maña şol ýoly görkeziji, gelejekde maña halypa boljak çagany görüp durun. Emma ol ösüp-ulalýança, men bu dünýäden geçip giderin. Ine, şuny oýlap, gama batdym, agladym. Ýöne siz hiç hili alada galmañ, Siz bagtyýar ata-ene. Şunuñ ýaly çagañyzyñ bardygy üçin söýüniñ ㅡ diýdi. Asita bu sözleri aýdyp, çagajyga soñky gezek delminip nazar taşlady, soñam ýuwaş gadam basyp, köşkden çykyp gitdi. Patyşa ony ugradyp, soñ oglunyñ ýanyna dolandy. Ol çagasyna hiç-hili howp-hataryñ abanmajagyna ynanyp guwandy. Guwanjy içine sygmady. ''Sidhasa ýa beýik patyşa bolar ýa-da beýik ussat mugallym bolup ýetişer'' diýip, Öwlüýä taryplady diýip begendi. Ol öz ýanyndan: ''Oglum patyşa bolsa, ýagşy bolardy. Rehimli we gudratly oglum bar diýip, daşyndan guwanar ýörerdim. Goý, ýaşy geçip, garrandan soñ Asita ýaly derwüş ㅡ Öwlüýä bolubersin'' diýip, patyşa Şudhadana ogluny elinde göterip, onuñ gelejekde şan-şöhratly, rehimdar hökümdar bolmagyny arzuwlaýardy. MÄHRIBAN ŞAZADA Sidhasa heniz çaga wagtynda ejesi melike Maýýa wepat boldy. Ol ölmänkä gyz doganyna: ㅡ Hä diýmän men o dünýä sary rowana bolaryn. Çagam enesiz galar. Doganjan, sen Sidhasadan mähir-muhabbetiñi, rehim-şepagatyñy aýama ㅡ diýdi. Dogany Sidhasa enelik diýip söz berdi. Ol ýaş şazadany ýuwup, darap, öz çagasy ýaly eziz görüp ösdürdi. Şazada hoşsurat, mähriban bir oglan bolup ýetişdi. Patyşa ony iñ oñat mugallymlara okatdyrdy. Kän wagt geçmänkä, ol özüniñ ýiti zehini, ukyplylygy bilen ussatlaryny geñ galdyrdy. Mugallymlar patyşa: ㅡ Siziñ alyjenabyñyz, şazada mundan beýläk biziñ sapagymyza mätäç däl. Sähel salymda ol biziñ ähli bilýän zatlarymyzy öwrendi. Dogrusyny aýtsak, ol indi biziñ özümize sapak berip başlady ㅡ diýdiler. Bu gepi eşiden patyşa örän hoşal boldy. ''Ýiti akyly, ukyby bilen oglum, elbetde, dana we gudratly hökümdar bolar'' diýip oýlandy. Şol günleri görmek arzuwy onuñ göwnüni gaplady. Ýöne çaganyñ ýiti zehininden, akylyndan daşary ýene bir ajaýyp häsiýeti bardy: ol örän mähriban, göwünjeñ we ýumşak tebigatlydy. Onuñ deñ-duşlary galmagal edip, ''uruş-uruş" oýnaýardylar. Emma şazada Sidhasa beýle oýunlara gatyşmaýardy. Ýekeligi gowy görýärdi. Köşgüñ bagyndaky kiçijik jandarlar bilen dostlaşmagy halaýardy. Jandarlar hem şazadanyñ azarynyñ ýetmeýändigini duýýardylar. Ondan gorkup-ürküp durmaýardylar. Başgalary golaýyna getirmeýän ýabany haýwanlar hem ol baga girende, göýä salam berýän ýaly ony garşy alýardylar. Asla çekinmän, onuñ elinden iým iýýärdiler. Bir gün şazada bagda ýalñyz otyrka, bir topar ak guş onuñ depesinden uçup geçdi. Duýdansyz bir ýerden ýaýdan ok atylyp, bir ak guş şazadanyñ aýagynyñ astyna gelip düşdi. Ok onuñ ganatyna sünjülen eken. Şazada ýaradar janaweri ýerden göterip: ''Ah, biçäre ak guş! Gorkma, ýaraña özüm em ederin. Howlukma, oky ganatyñdan çykaraýyn'' diýdi. Ol bir eli bilen sypalap, depirjikleýän guşy köşeşdirdi we beýleki eli bilen oky onuñ ganatyndan çykardy. Şazada hemişe öz ýanynda şypa berýän melhemi göterýärdi. Şol melhemden guşuñ ýarasyna sürtdi we ýumşak owaz bilen ony köşeşdirdi. Soñra ýüpek köýnegini çykaryp, ätiýaçlyk üçin sarap goýdy. Şol wagt baga bir oglan ylgap girdi. Ol şazadanyñ daýysy Döwedatady. Onuñ elinde ýaý bardy. Özem hopugyp-howlugyp: ㅡ Sidhasa, Sidhasa, ajaýyp bir hoş habar bar. Men bir ak guş awladym. Görseñ, haýran galarsyñ. Bir ok bilen ýykdym. Şu töwerekde bolsa gerek. Gel, ony bileje gözläp tapaly ㅡ diýdi. Birden Döwedata görse, ujy gana boýalan ok Sidhasanyñ aýagynyñ astynda ýatyrdy. Döwedata siññin seredip, ak guşy hem gördi. Ol şazadanyñ elindedi. Döwedata: ㅡ Bäý, muña seret! Bu meniñ ak guşum, men ony atyp urdum, sen bolsa, ony ogurladyñ. Ber guşumy. Ýogsa-da, barybir, men ony alaryn ㅡ diýip gygyrdy. Gepiñ gysgasy, iki oglan guşuñ üstünde çekişip-dartyşyp başlady. Döwedata bogazyna sygdygyndan gygyrdy, ýöne Sidhasa onuñ talabyny ret etdi. Ahyrsoñunda şazada: ㅡ Ulular gaharlanyşsalar, işi edarada çözýärler. Her kim jedel hakynda aksakallara arz edýärler. Kimiñ hakdygyny, kimiñ nähakdygyny aksakallar aýdyp berer. Bel, biz hem şeýle edeli ㅡ diýdi. Döwedata göwünli-göwünsiz razy boldy. Çünki, ak guşy almagyñ başga çäresi ýokdy. Iki bolup patyşadyr onuñ wezirleriniñ huzuryna bardylar. Köşk adamlary çagalaryñ arzyny diñläp, ýuwaşja ýylgyrdylar. Käbirleri: '' bir ýönekeý guş üçin wagt sarp edip, mesele çözmek beýhuda, biderek zat'' diýdiler. Ýöne patyşa başga pikirdedi. Ol: ㅡ Sidhasa hem, Döwedata hem şazada. Olaryñ jedelleşip, biziñ ýanymyza gelmegi meni hoşal etdi. Sebäbi diýseñiz, bu iş olaryñ gelejekde tagty-soltanaty dolandyrmaklary üçin gerek bolar. Geliñ, bu işi adalatly çözeliñ ㅡ diýdi. Soñra oglanjyklar bolan wakany birin-birin aýdyp berdiler. Wezirler kimiñki-hak, kimiñki ㅡ nähak, ine, şony anyklamaga girişdiler. Käbirleri guşy atan Döwedata ㅡ şonuñ üçin guş onuñky bolmaly diýdiler. Käbirleri guşy tapan Sidhasa ㅡ şonuñ üçin onuñky bolmaly diýdiler. Wezileriñ dawaly gürrüñleri uzaga çekdi. Şol wagt garaşylmadyk bir ýerden köşge bir garry baba gelip girdi. Ony ozal hiç kim görmändi. Garrynyñ akylly danyşmentligi ýüzünden bildirip durdy. Garra çagalar hem ak guş hakdaky wakany gürrüñ berdiler. Onda garry: ㅡ Dünýäde bahasyna ýetip bolmajak zat ㅡ dirilikdir. Şonuñ üçin ak guş onuñ janyny almakçy bolanyñky däl-de, belki, onuñ janyny aman saklap galjak bolanyñkydyr. Ak guş Sidhasa degişli ㅡ diýdi. Danyşment garrynyñ sözi hemmeleri makul boldy. Ak guşy şazada berdiler. Garry duýdansyz gelşi ýaly, duýdansyz hem gözden gaýyp boldy. Patyşa oña hoşallyk bildirmek üçin näçe gözletse-de, ony tapyp bilmediler. ''Örän geñ zat, garry nireden gelip, nirä gitdi?'' diýip oýlandy. Ýöne bu sowala hiç kim jogap berip bilmedi. Bu şazada bilen bolan syrly wakalaryñ ýene-de biridi. Köpçülik ony, dogrudan hem, üýtgeşik oglan hasaplady. ÝAR ÜÇIN GÖREŞ Oglan ösüp ulaldyksaýyn adamlaryñ oña mähir-muhabbeti artyp başlady. Ol hemmelere çyn mähribanlyk bilen mylakat edýärdi. Muny gören patyşa alada galdy. Ol: ''Sidhasa öte göwünjeñ we mähriban bolup barýar. Bu halda gazaply we gudratly hökümdar bolup ýetişmegi gümana, uzyn günläp bagda ýalñyz özi oturýar. Ýurdy dolandyrmak işlerine gyzyklanmaýar. Hä diýmän Asita meñzäp, derwüş-galandar bolup köşgi terk etmegi mümkin. Onda ol hiç haçan beýik hökümdar bolup bilmez'' diýip oýlandy. Şeýle olara batyp, patyşa rahatlygyny ýitirdi. Iñ ynamdar we dana wezipelerini çagyryp maslahat saldy. Wezirlerden biri: ㅡ Eý, patyşahym, şazada bagda ýalñyz oturup, özge dünýäler hakynda pikir ýöredýär. Sebäbi, ol bu dünýäde hiç zada göwün goýmandyr. Oña bir mynasyp ýar tapyp, öýlendiriñ, bala-çagasy bolsun, şonda pikir etmesini goýup, patyşalyk işlerine gyzklanar ㅡ diýdi. Bu maslahat patyşanyñ göwnüne jaý boldy. Şondan soñ ol köşkde uly zyýapat gurnady. Oña asylzada maşgalalaryñ gyzlaryny çagyrdylar. Zyýapatyñ soñunda şazada sowgat-serpaý paýlaýan boldy. Wezipeler ýakyndan gözegçilik edip, şazadanyñ haýsy gyza maýyl bolýandygyny anyklamakçydylar. Ahyry zyýapat gutaryp, gyzlar şazadanyñ ýanyna çekinip, utanjyrap gelip başladylar. Hoşsurat şazada gymmatbaha sowgatlar üýşürilen stoluñ ýanynda pikire gark bolup oturdy. Daşyndan ýuwaş we hatyrjem görünýärdi. Gyzlar nazaryny ýerden götermän, dem-düýtsüz onuñ ýanyna gelýärdiler we şazadadan merwerit-merjen, altyn-kümüş şaý-sepleri alyp, derrew öz ýollaryna rowana bolýardylar. Iñ soñunda sowgat almadyk ýalñyz bir gyz galdy. Ol goñşy patyşanyñ gyzy ㅡ Ýasadharady. Ýasadhara başgalar ýaly uýalyp, çekinip durmady - da, göni şazadanyñ ýanyna bardy. Şu agşam şazada garşysynda duran gyza ilki gezek dikanlap bakdy. Gyz diýseñ owadandy. Şu bir bakyşda şazada oña haýran bolup galdy. Olar biri-birlerine bir dem delminip, seredişip durdular. Soñra Ýasadhara: ㅡ Eý, şazadam, maña berjek sowgadyñ hany? ㅡ diýip sorady. Şazada edil ukudan oýanan ýaly bolup tisgindi. Öñünde duran mize (mejimä) seretdi. Miz boşdy. Sowgatlar bireýýäm myhmanlara paýlanyp gutarylypdy. Şonda ol barmagyndaky ýüzügini çykaryp: ''Ine, şu seniñki bolsun!'' diýip, ýüzügi gyza uzatdy. Gyz minnetdar bolup, ýüzügi aldy-da, howlukman ýöräp gitdi. Bu wakany gören wezirler hopugyp-hopugyp patyşanyñ ýanyna ylgadylar. Olar: ㅡ Eý, patyşahym, ogluñyza mynasyp ýar tapyldy. Ol goñşy patyşa Supra buddanyñ gyzy şahbanu Ýasadhara: Siz ''bolýar'' diýseñiz, häzir baryp şazada üçin şol gyza guda bolaly ㅡ diýdiler. Şudhadana razy boldy. Köp wagt geçirmän, goñşy patyşanyñ köşki-saraýyna myhman boldy. Ýasadharanyñ atasy ony hoşluk bilen garşylady. Ol: ㅡ Ogluñyzyñ ajaýyp ýigitligine şübhäm ýok. Ýöne men gyzymy oña ur-tut berip bilmerin. Sebäbi, gyzyma sawçy iberip ýören şazada köp, hemmesem ökde, hünärbaz ýigitler. At çapmak, ýaýdan ok atmak ýaly ençe hünärlerde taý tapylmaz gaýratly ýigitler. Ogluñyz gyzyma öýlenmekçi bolsa, däp-dessurymyza görä, şol ýigitler bilen billeşip, güýç synanyşyp görsün ㅡ diýdi. Gepiñ gysgasy, ýigitleriñ arasynda uly ýaryş geçirilip, ýeñen ýigit Ýasadhara öýlenmeli diýildi. Patyşa Şudhadana ýene gaýga gark boldy. Ol: ''Meniñ oglum harby oýunlara hiç haçan gyzyklanmandy. Ýaryşda ýeñip bilermikä? diýip oýlandy. Şazada atasynyñ gaýgy-teşwişe batýandygyny añyp, oña: ㅡ Ata, göwnüñ jem bolsun. Men hökman üstün çykaryn. Ýasadhara meniñki bolar ㅡ diýip teselli berdi. Ilki ýaryş ýaýdan ok atmakdy. Birinji talapkär nyşanany uzaga goýdy. Ýaýçy şol nyşanadaky suraty çekilen öküzüñ gözünden urmalydy. Bu ýaryşyñ şertidi. Talapkärleriñ içinde Sidhasanyñ daýysy Döwedata hem bardy. Gezek oña ýetende onuñ atan oky dogry nyşana degip, ony deşip geçdi. Ýasadhara ätiýaç etmekden ýañ gözüni ýumdy. Ol: ''Söýgülim Sidhasa nyşanany urup bilermikä? Döwedata durmuşa çyksam, nähili gorkunç'' diýip, howpurgady. Ýöne şazadanyñ özünden göwni hoşdy. Nobat oña ýetende, ol nyşanany şeýle bir uzaga goýdy, hatda dikanlap seredeniñde-de, ol zordan göze ilýärdi. Soñ şazada torbadan ok alyp, ýaýa saldy. Ony güýç bilen yza çekeni hem şoldy welin, ýaýyñ ýüpi çydam etmän, şart edip üzüldi. Ol: ㅡ Maña başga bir kuwwatlyrak ok-ýaý beriñ, munuñ ýaly üzülip durmasyn ㅡ diýip, üzülen ok-ýaýy zyñyp goýberdi. Şonda gelen wezirleriñ biri: ㅡ Eý, şazadam, köşkde gadymy pälwandan galan bir köne ok-ýaý bar. Şol pälwan ölenden soñ, ýaýdan ok üzmäge hiç kimiñ güýji ýetmändir ㅡ diýdi. Şazada: ㅡ Şony getiriñ! ㅡ diýdi. Eşidenler geñ galdy. Ok-ýaýy getirdiler. Şazada ýaýa oky salyp, ýüpi şeýle bir güýç bilen arkan çekdi welin, ýaý eplenip, iki ujy biri-birine degäýjek boldy. Soñ ol nyşana çenäp atdy. Ok-ýaýdan warañlap şeýle bir owaz çykdy, hatda uzakdaky obalarda hem ýañlandy. Ok göni ''öküzüñ gözüne'' baryp sanjyldy. Diñe bir sanjylyp oñman, nyşanany hem göterip uçdy-da, gözden gaýyp boldy. Märeke: ''Şazada ýeñdi! Şazada ýeñdi'' diýişip, bir owazdan gygyryşdylar. Ýöne ýaýdan ok üzmek bäsleşigiñ birinji şerti bolup, nobatdaky göreş gylyçbazlykdy. Her bir ýigit bir zarbada agajy şarta çapyp, güýç-gaýratyny görkezmelidi. Birinji talapkär ýogynlygy bilek ýaly ýaş nahaly çapyp ýykdy. Ikinji üç bilek ýogynlykdaky agajy ýykdy. Ýene biri aýak ýogynlygyndaky agajy çapdy. Nobat şazada ýetdi. Ol biri-birine tutaşyp, goşalanyp ösen agajy saýlady. Ol gylyjy şeýle bir tiz çaldy welin, tygyñ agajy şemşir bilen kesilen agaç gozganman, öz ornuna duruberdi. Muny gören halaýyk haýran galsa, Ýasadhara ah çekip goýberdi. Serine: ''Şazada ýeñildi, onuñ gylyjy goşa agajyñ biriniñ hem nawyny kesip bilmedi'' diýen pikir geldi. Emma şemal öwsüp, kesilen agaç ýuwaş-ýuwaşjadan bir tarapa aganda, ähli adamlar: ''Şazada ýeñdi! Şazada ýeñdi!'' diýip ýene galmagal göterdiler. Soñky ýaryş at çapyşykdy. Hiç haçan münükmedik sarç aty birnäçe adam eýeläp, jylawlap, orta alyp çykdy. Birinji talapkär münende, at ony şobada ýykyp taşlady. Ikinji talapkär eýeriñ üstünde sähel salym oturup bildi. Gazaba münen at çarpaýa galyp, çapalap, ony hem çelpek etdi. Adamlar ylgap, kömege gelmedik bolsalar, at ony depeläp, gara topraga garjakdy. Şonda üýşen adamlar: ''Ýaryşy togtatmak gerek'' diýşip goh turuzdylar: ''Goý, şazada bir ata münmesin, at ony öldürer'' diýip, howsala düşdüler. Sidhasa bu sözlere üns bermedi. Ol ''Mähribanlyk gara güýçden güýçlüräkdir'' diýip oýlandy. Soñra ata ýuwaşjadan golaýlaşdy. Ýalyndan emaý bilen sypalap, janaweri özüne ram etdi. Sähel salymdan at oña öwrenişdi. Onuñ elini ýalap başlady. Şonda şazada birzatlar pyşyrdap, ýuwaşlyk bilen eýere atlandy. Halaýyk şady-horram bolup; oña guwandy. Sidhasa wezir-wekilleriñ öñünden atyny sürüp geçdi. Söwer Ýashadara eñilip salam berdi. Ýaryş gutardy, ol ýeñdi. Ol diñe bir özüniñ deñsiz-taýsyz edermenligini däl, eýsem, ajaýyp mähribanlygyny hem-de ynsan gözelligini subut etdi. JANA RAHAT KÖŞGI-SARAÝLAR Kän wagt geçmän, şazada Sidhasa bilen şahbanu Ýasadharanyñ toýy boldy. Patyşa: ''Oglum asla patyşalygy terk etmegi oýlamasyn'' diýip, täze çatynjalara birbada üç sany köşk gurmagy buýurdy. Olary juda owadan edip guruñ diýip tabşyrdy. Ol ussabaşa: ㅡ Köşkleri şeýle bir owadan edip guruñ, oña giren adam özüni ýerde däl-de asmanda ýaly duýsun. Birinji ýazky köşk bolsun, goý, ol mermerden bolsun, töwereginde zümerret daşly howuzlar bolup, kümüş bezegler bilen gaplansyn. Ikinji gyşky köşk bolsun, gözelligi bilen kalplary joşdursyn. Üçünjisi ýagyşlar möwsümine laýyk edip gurulsyn. Köşkleri ullakan baglaryñ içinde guruñ. Gözel tebigat olary her tarapdan gurşap dursun. Baglaryñ daşyna belent diwarlar aýlañ. Hiç hili ýaman gep, ýaman owaz daşardan içerik girip bilmesin. Hemme zat şeýle bir gözel hem anyk bolsun ki, şazada hiç haçan bu ýeri terk etmesin ㅡ diýdi. Patyşa şazadanyñ täze mesgeniniñ gözel hem täsirli bolmagy üçin bar zadyny aýamady we aýdymçylary gözel köşklere ýygnady. Olar säherden şama çenli aýdym aýdyp, saz çalyp, owadan kenizekler tans edip, hemişe hyzmatda bolýardylar. Aşpezler oñat tagamlar taýynlaýardylar. Saçaklardan her dürli nazy-nygmatlar aýrylmaýardy. Hiç zat şazadanyñ rahatlygyny bozmaýardy. Ähli zat ony keýpi-sapa ündeýärdi. Şazada birnäçe ýyly şeýle rahatlykda geçirdi. Her gün säherden gijä çenli müñ bir ýol bilen onuñ göwnüni awlaýardylar. Ol hemişe ýerde diñe gözelligi görýärdi. Şirin we ýakymly bolmadyk zady eşitmeýärdi. Kenizeklerden biri näsaglyga ýoluksa, ony derrew köşkden alyp gidýärdiler. Tä sagalýança, ony aýry ýerde saklaýardylar. Şu ýagdaýda şazada näsaglygyñ hem nämedigini bilmeýärdi. Gepiñ gysgasy, hiç zat onuñ rahatlygyny bozmaýardy. Patyşa şazada bilen gepleşilende, onuñ göwnüni gamlandyraýjak bir gepem aýtmañ diýip hemmelere tabşyrdy. Bagda ýekeje ösümlik solup, guran bolsa, bagban ony derrew aýyrýardy. Şeýdibem şazadanyñ gözi hiç haçan solan ýa-da guran güle düşmeýärdi. Ol dünýäniñ gaýgy-gamyndan bihabardy. Ýyllar ajaýyp düýş ýaly akyp, geçip barýardy. Ýasadharanyñ ogly boldy. Hemme zat gözeldi, hemme zat ýeterlikdi. Öz niýetiniñ amala aşýanyndan patyşa hem hoşaldy. Indi şazadanyñ tagt işlerine gyzykmagy mümkindi. Emma bu dünýäniñ bagty hem guwanjy bolup doglan Sidhasanyñ tutuş ömri şeýle rahatlykda geçer diýen pikir nädogrudy. Günleriñ bir güni ol bu dünýäde maksatly ýaşamalydygyny añladýar we durmuşyñ asyl manysyna göz ýetirýär. GÖZELLIK AÝDYMY Bir gün agşam, nahardan soñ, şazada Sidhasa aýaly Ýasadharanyñ dyzyna baş goýup, ýassanyp ýatyrdy. Sazandalar söýgi sazlaryny çalýardylar, kenizekler pyşyrdaşyp, birzatlar aýdyşyp, gülüşýärdiler. Bu şazadanyñ rahat köşkde geçirýän agşamlarynyñ biridi. Ýöne ol nämüçindir özüni birahat duýýardy. Şonuñ üçin bolsa gerek, ol söýgüli aýdymçylarynyñ birine bakyp: ㅡ Merhemet et-de, bizi aýdym bilen hüwdüle. Ozal hiç haçan aýtmadyk aýdymyñy aýt ㅡ diýdi. Aýdymçy jan-dilden razy boldy. Ol saz çalyp, ýüreginden syzdyryp täze bir aýdym aýtdy. Ol dünýäniñ gözellikleri hakynda, çagalygyndan özüniñ syýahat eden alys ülkeleri hakynda, adamlaryñ şat we bagtyýar ýaşaýan altyn şäherleri hakynda aýdym aýtdy. Aýdym şazadany jadylady. Aýdym şazadany jadylady. Aýdym gutarandan soñ ol aýdymçydan: ㅡ Hany sen maña aýt, şu diwarlardan añyrda hem şeýle gözel jaýlaryñ barlygy hakmy? Adamlar şäherde nähili ýaşaýarlar? Dünýäde, ine, şu köşklerden, şu gözel köşgi-saraýlarda meniñ zatlarymdan hem gözelräk närseler barmy? ㅡ diýip sorady. ㅡ Eger bar bolsa, merhemet et-de, hemme bilýänleriñi maña aýdyp ber ㅡ diýdi. Aýdymçy: ㅡ Eý, şazadam! Siziñ köşgi-saraýlaryñyz, dogrudan hem, örän gözel. Emma dünýäde her bir ynsanyñ göräýmeli gözel ýerleri başga-da ajaýyp närseler az däl. Asla biri-birine meñzemeýän şäherler we galalar, daglar we düzlükler, başga dilde sözleýän iller, ilatlar bar. Öz görenlerim-ä görenim, eşidenlerim ondan hem zyýadadyr. Siziñ köşki-saraýlaryñyz çyndan hem gözel, emma, ine, şu alamat diwarlardan añyrda hem görseñ göwnüñi joşdurýan närseler dolup-daşyp ýatyr ㅡ diýdi. Bu sözleri eşiden şazada şol ajaýyp närseleri görmegi arzuwlady. Ol ýyllarboýy jana rahat köşki-saraýlar, baglar bilen çäklenip, daşky dünýäni düýbünden unudypdy. Indi bolsa ol syýahat etmegiñ kül-külüne düşdi. Patyşa hat ýazyp, köşki-saraýlardan, baglardan çykyp, dünýä seýil etmäge rugsat sorady. Patyşa oglunyñ hatyny alyp, pikire batdy: ''Oglum patyşalyk mülkleri görmek isleýändir. Ol jana rahat köşki-saraýlarda uzak ýaşady. Indi özüniñ gelejekde hökümdar boljak ýurdy bilen tanyşsa baş üstüne!'' Patyşa şazadanyñ göwnüni gamdan doldurjak hiç zadyñ oña duşmazlygy zerur diýip oýlady. Ýogsa, onuñ tagty-soltanatdan geçip, derwüşlik ýoluna düşmegi hem ahmal. Şonuñ üçinem şazada şähere gezelenje çykmazyndan bir gün öñ patyşa şeýle perman çykardy: ULY PERMAN Ýagny, ertir şazada Sidhasa paýtagta ㅡ Kapilawasta gezelenje çykýar. Onuñ şanyna öýler we köçeler bezeg edilmeli. Hemme zatlar toý-baýramdaky ýaly bezelgi bolsun. Näsaglar we garry-gurtular öýde otursynlar. Yaş we owadan bolmadyk hiç bir kimse şazadanyñ gözüne ilmesin... IKINJI SYÝAHAT Patyşa oglunyñ keýpiniñ ýoklugyny eşidip gaýgy teşwişe düşdi. ''Nähili-de bolsa, oglanyñ göwnüni hoşlamak gerek'' diýip oýlandy. Ýene bir gezek tabşyryk bereýin, ony ýene syýahata alyp çyksynlar. Goý, ol şäheriñ başga-da owadan köçelerini boýlap, gezelenç etsin. Çanna Kantakany ýene araba goşdy. Kapilawistany boýlap, ýene gezelenje çykdylar. Köçeler ozalkysy ýaly bezelendi. Halaýyk ýene her ädimde şazada guwanyp, ony şatlyk bilen garşylady. Emma birden oýun-henek edýän märekäniñ arasynda bir näsag kişi peýda boldy. Şazada: ㅡ Haý, Çanna, oña seret! Hol özüne zor salyp, zol-zol üsgürýän kişi kim boldugy? Şormañlaý nämüçin üsgürýär we beýle sandyradýar, nämüçin ol beýle nala çekýär? ㅡ diýip sorady. Çanna: ㅡ Ol näsag bir kişi, şazadam ㅡ diýdi. Şazada: ㅡ Nämüçin ol näsag bolýarka? ㅡ diýip, şazada geñ galyp sorady. Çanna: ㅡ Onuñ sebäpleri köp, şazadam. Ýakymsyz nahar iýen bolsa-da, şemala galyp, sowuklasa-da, adam näsaglaýar. Belki, şol zatlar sebäpli, saglygy ýaramazlaşyp, gagşap-titräp üsgürýändir ㅡ diýdi. Şazada: ㅡ Märekäniñ içindäki hol bagtly adamlar hem kesele ýolugýarmy? ㅡ diýip sorady. ㅡ Elbetde ㅡ diýip, Çanna jogap berdi. ㅡ Her bir adam bir gün sag bolsa, bir gün näsag bolup bilýär. Näsaglykdan hiç kim gaçyp gutulyp bilmez. Şazada ýene añka-tañka bolup galdy. Ol öz-özüne: ''Hiç düşünip bilemok, adamlar islendik wagt kesele ýolukjakdygyny bilseler-de, nämüçin oýun-henek edýärkäler? ㅡ diýdi. Soñra ol Çanna: ㅡ Arabany yza öwür. Bu günlükçe şu görenlerimiz ýeterlik diýdi. Köşge gelenlerinden soñ, şazada ozalkysyndan hem gamgyn bolup, hiç kim bilen gepleşmän, hiç zat iýmän-içmän, hiç kimi görmegem islemän ýatyberdi. Oglunyñ bu ahwalyndan habardar bolan patyşa gaýgy-alada batyp, kelep ujuny ýitirdi. Ol: ''Men oglumy bagtly etmek üçin elimden gelenini etdim, ýöne garaşanymyñ tersine bolup çykdy. Indi wezirlerim bilen gepleşip görmesem, boljak däl-ow'' diýip oýlandy. Wezirler: ㅡ Şazada indiki gezek syýahata ýalñyz çykmasyn. Sazandalar, aýdymçylar, köşk hyzmatkärleri bilen bile çyksynlar. Goý, olar şazadany baga eltip, şol ýerde oýun-henek bilen onuñ göwnüni açsynlar ㅡ diýip, maslahat berdiler. Gepiñ gysgasy, şazada ýene gezelenje çykmagy teklip etdiler. Ýöne ilki gowy taýýarlyk gördüler. Şäheriñ köçeleri öñküden-de owadan edip bezeldi. Göreninde kalbyna gussa getirýän närseleri çykardylar. Wagty hoşluk üçin, oýun-gülki üçin ýörite bag taýýarlanyp, ähli zatlar häzirlenip goýuldy. (dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |