13:38 Buhara jöhitleriniñ Orta Aziýadan ABŞ-na uzaýan kyssasy | |
BUHARA JÖHITLERINIÑ ORTA AZIÝADAN ABŞ-na UZAÝAN KYSSASY
Söhbetdeşlik
Orta Aziýa taryhyñ ýazmaga ýetişmedik döwürlerinden bäri eýran, türki, mongol dilli çarwa taýpalaryñ we fatihleriñ ýurdy bolup geldi. Ýüzýyllyklaryñ, hatda müñýyllyklaryñ dowamynda oturymly ýerleri üýtgäp we döwletleri yzly-yzyna ýykylyp-gurulyp gelindi. Häzirki görnüşine gelýänçä başdan geçiren ewolýusiýasy gündogarşynas ertekilerinden biri-birini püçege çykarýan san-sajaksyz ylmy işleriñ temasy boldy. Şunça wagtyñ içinde bolsa üýtgemän gelen juda az sanly hazyna bar. Buhara jöhitleri şol seýrek gymmatlyklardan biri. Orta Aziýanyñ takmynan üç müñ ýyla golaý wagt bäri iñ gadymy ýaşaýjylarynyñ arasynda bolan Buhara jemagatynyñ agzalary häzir "ene watandan" alysda we täze ýurtlarda ýaşaýar. Talibanyñ Owganystanda häkimiýeti gaýtadan ele geçirmegi bilen bular hakda ýene agzalyp başlandy. Stambulyñ aşkenaz hahamy Mеndi Çitrikiñеm bolan toparynyñ aralarında kömegi bilen getirilen "Owganystanyñ soñky jöhidi" Zablon Simintow bir aý bäri dünýä jemgyýetçiliginiñ ünsüni çekip gelýär. Buhara jemagaty (buharimler) oña arka durup bilmese-de, Simаntowyñ kyssasy Orta Aziýadan yzy ýitirilip barýan bu jemgyýetiñ taryhyna üns bermegimize sebäp boldy. • Aziýadan Amerika Buhara jöhitleriniñ taryhy Buhara jöhitleri Gündogar jöhitliginiñ (Mizrahim) iñ möhüm şahalaryndandyr. Miladydan öñ birinji müñýyllykdan başlap Orta Aziýa, esasanam häzirki Buhara we Samarkant şäherleriniñ töwereginde üýşmäge başlapdyr. Beýik Ýüpek ýolunyñ iñ gadymy we iñ owadan iki şäheriniñ alkymynda ýaşan jöhitler wagtyñ geçmegi bilen Andijan we Namangan ýaly beýleki özbek etraplaryna, Täjigistana we Owganystana ýaýrapdyr. Gürleýän dilleri jöhit-eýran (iudeo-eýran) dil maşgalasyna degişli we häzirki täjik, dargy dillerine, ýagny pars diline ýakyn. SSSR döränden soñra dünýä jöhitleriniñ iñ izolýasion jemgyýetine öwrülen buhara jöhitleri ýetmişinji ýyllaryñ başlarynda Ysraýyla göçüp başlapdyr. SSSR-iñ 1991-nji ýylda dargamavy we aýratynam Özbegistanda jöhitlere garşy örç alan hülgentçilikli hadysalaryñ artmagy bilen Ysraýyla we ABŞ-na köpçülikleýin göçhä-göçlükler artypdyr. Häzir Ysraýylda 160 müñ, ABŞ-da 120 müñ töweregi buhara jöhidiniñ bardygy aýdylýar. Häzirki wagtda buharaly jöhitleriñ agramly bölegi Ysraýylda ýaşaýar. ABŞ-da Nýu-Ýorkuñ Queens raýony dünýäniñ iñ esasy buharim raýonlaryndan biridir. Beýleki bir ýandan atlaryny, taryhy we medeni köklerini alan ýurtlarynda galan jöhitleriñ sany barha azalyp barýar: 1989-njy ýylda Özbegistanda 95 müñ jöhit bolsa, ýurtda häzir 1500-e golaý jöhidiñ ýaşaýandygy çaklanýar. Täjigistanda bolsa otuz ýylda 15 müñden 150-ä çenli pese düşüpdir... Muña garamazdan, Türkiýedir yslam dünýäsi bilen özara gatnaşygy onçakly gowy bolmadyk we aslyýetinde buhara jöhididigi aýdylýan Yslam Karimow Ysraýyl hem-de jöhit jemagaty bilen gatnaşyklara üns beren adamdy. Geçen hepde täzeden prezidentlige saýlanan Şewket Mirziýoýew hem Özbegistanyñ "Üçünji Renessans" hereketiniñ çäginde Ysraýyl bilen bir hatarda Günbatar ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge dowam etjekdigini aýtdy. Simantowyñ ahyrky göçünden bir aý çemesi öñ Tel-Awiwde ýaşaýan we buhara jemagatyndan bolan Dawid Rafaeli bilen gürrüñdeşlik geçiripdik. Azerbaýjany we Türkiýäni ýakyndan yzarlaýan, kolleksioner we halkara gatnaşyklary ugrundan okaýan Rafaeli bu jemgyýet bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlary gürrüñ berdi. Jemagatynyñ taryhy, ýaşaýyş-durmuş formasy, däp-dessurlary, Orta Aziýa we Türkiýä bolan garaýşyny biziñ bilen paýlaşan Dawidiñ gürrüñini siziñ dykgatyñyza ýetirmek isleýäris. Dawid Rafaeli • Ysraýylda rus dilinde gürleýän ýapyk jemagat Ogul Tuna: - Dawid, özüñiz barada aýdyp beräýseñiz? Dаwid Rаfaeli: - Kakam togsanynjy ýyllaryñ başynda Samarkantdan göçüpdir, ejemem şondan üç ýyl soñ Daşkentden gelipdir. Men häzir 23 ýaşymda. Tel-Awiwde ýaşaýaryn. Hudaýa şükür, ömürboýy şu ýerde ýaşap geldim. Maşgalamyñ bir bölegi Kuinsde yaşıyor. Ol yerde ep-esli buharaly jöhit bar. ABŞ-da esasanam Bruklin we Miami şäherlerinde buhara jöhitleri bar. Häzire çenli bäş gezek Kuinse gidip geldim. - Öýde, jemagatyñ içinde haýsy dilde gürleşýärsiñiz? - Öýde rus dilinde gürleşýäris. Kämahal ibrany dilinde, kämahalam şu iki diliñ gatyşan dilinde gürleýäris. Garrylar bulen diñe rus ýa-da buhari (iudeo-eýran dili) dilinde gürleşýäris. Buhari dili täjik we dargy diline meñzeş. Ýöne rus dilinde has köpräk gürleşýändigimizi aýdyp bilerin. - Ysraýyldaky buhara jöhitleri diñe bir ýerde jemlenişenmi, ýa-da ýurduñ hemme ýerine ýaýranmy? - Häzire çenli 90%-ni buhara jöhitleriniñ düzýän ýaşaýyş massiwleri bardy, Tеl-Awiwde-de muna gabat gelinýärdi. Indi aýratynam Eritrеýadan we Sudandan bikanun ýagdaýda gelýän göçegçiler sebäpli öñki ýerlerde buharalylaryñ sany pese düşdi. Şonuñ üçinem köp sanly buhara jöhidi başga şäherlere göçdi. Men şol gatyşyk oturymly raýonlaryñ birinde ýaşaýaryn. Bärde köp sanly azerbaýjanly, yrakly, eýranly jöhit bar. - Menem hut şuny agzamak isleýärdim. Buhara jöhitleriniñ öñki Sowet Soýuzynyñ çäginden we Türkiýeden gelen beýleki jöhitler bilen gatnaşyklary nähili? Dünýäniñ beýleki ýerlerinden gelen jöhit jemgyýetlerine garanda bular bilen arañyzda tapawut bardyr öýdýärsiñizmi? - Gören-eşiden zatlarymdan çen tutsag-a, buhara jöhitleri diñe rusça gürleýän jöhitler bilen gatnaşýar. Buhara jemagaty häzirki güne çenli daşyna ýapyk jemagatdy. Aşkenazlar ýaly beýleki jemgyýetlete açyk däl. Biz aşkenazlar ýaky däl. Günbatardan gelen jöhitler bilen garylyp-gatylyp gidiberemzokdyk, emma indi ýagdaý üýtgeýär. Buharalylar beýleki jöhitler bilen bile ýaşaýar, gatnaşyk saklaýar. Ýöne meselem men özüme buhara jöhidinden ýanýoldaşymyñ bolmagyny arzuw edýärin. - Türk jöhitleri bilen gatnaşyklaryñyz nähili? - Men Stambuldan gelen bir garry aýaly tanaýaryn. Türk jöhitleri Ysraýyla buharalylardan has öñ, kyrkynjy-ellinji ýyllarda we ondan soñ gelipdir. Osmanly imperiýasy döwründe-de bärde buhara jöhitleri bar eken, ýöne sany juda az bolupdyr. Türk jöhitleri buharalylar ýaly däl. Biz öz jemagatymyzyñ içinde. Özbaşyna gazetimiz, aýdym-sazymyz, medeniýetimiz bar we olary ýitirmän saklamaga jan edýäris. Ysraýylda buhara jöhit sazynyñ ýañlanmaýan ýeke buhara toýuna gabat gelmersiñiz. Türkiýeden gelenler bolsa, beýleki jöhit jemagatlary bilen şobada garylyp-gatylyp gidýär. Türkler we aşkenazlar öz medeniýetlerini gorap saklap bilenok, gelen ýerlerini derrew ýatdan çykarýarlar, ysraýyllylaşýarlar. Biz buharalylar bolsa her gün jemagatymyzy duýýarys, ýaşaýarys. Öz milli tagamlarymyzy bişirýäris. Ýarym rusça, ýarym ibrany dilinde "Mеnora" atly gazetimiz bar. • "Özbegistany söýýärin, ol ýerik gidenimde özümi öýümde ýaly duýýaryn - Özbegistandaky we Ysraýyldaky buhara jöhit jemagatynyñ arasyndaky gatnaşyklar nähili? Bu barada öz tejribeleriñden ugur alyp nämeleri aýdyp biljek? - Häzire çenli Özbegistana iki gezek gitdim. Özbegistandaky buhara jemagatynyñ kethudasy biziñ garyndaşymyz. Ýurtda bolup-geçýän zatlary ýakyndan yzarlaýaryn. Özbegistan aslynda Ysraýyl bilen gowy gatnaşyklary açybam bilerdi. Emma yslam dünýäsi muny halamasa gerek. Çünki Özbegistan baýlygyñ we sekulýarlygyñ güýçli ýurdy däl. Özbegistanda aýratynam Ferganada, Andijanda, Namanganda öte dindar adamlar bar. Men Karimowy gowy görýärin, onuñ özem jöhitleri gowy görerdi. Bеnýamin Netаnýahunyñ, Şimon Pereziñ özem Daşkente üç gezek gelip gidipdi. Gowy gatnaşyklarymyz bardy. Meselem, Lеw Lеwaýewi ("Almazlar şasy" diýip tanalýan ysraýylly milliarder -O.T.) bilýäñizmi? Şolam buhara jöhitlerinden. Häzir Moskwada ýaşaýar. Kаrimowlar bilen, Рutin bilen, Аliýewler bilen arasy gowy. "Menоra" hem şoña degişli. Mеn Özbеgistany söýýärin, оl ýеrik gidеnimde özümi öýümdе ýаly duýýаryn. Kakаma "Neçüýn bärini tеrk еtdiñ? Adаmlar biri-birini sylаýar" diýеmde, "Оtuz ýуl öñ ýagdаý bеýle däldi" diýýär. Ysrаýyldaky buhаralylaryñ ýаrsy diýеn ýаly Özbеgistany halаnok. Gaýtаm olаryñ özbеklere аýdýan pаýyş sözlеri-de bаr. Özbеk aýdуm-sazlаryny diñlеýänimi görеnlerinde mаña gahаrlary gеlýär. Häzir Ysraýyldа-da Özbеgistandan gеlýän immigrаntlar bаr. Bulаryñ köрüsi samаrkantly musulmаn täjiklеr. Işlеmek üçin gеlýärler. Buhаralylaryñ köрüsi bоlsa muñа уnjalyksyzlanýar. "Вizi kоwdular, indеm bäri işlеmäge gеlýärlermi?" diýýärlеr. Mеniñ özümiñ-ä оlar bilеn arаmda şаhsy düşünişmеzligim ýоk. Mеniñ рikirimçe arаmyzdaky ýеke taрawut din, bаşga taraрdan özbеkler bilеnem, täjiklеr bilenеm mеñzeş ýеrimiz kän. Çünki uzаk wаgtlap bir ýеrde ýаşadyk. Folklorymyzyñ, aýdym-sazymyzyñ, urp-adatlarymyzyñ hemmesi şol ýerden gelýär. Meselem, Özbegistanda görýän tanslaryñyzyñ hemmesi buharalylaryñ özbeklere öwreden zatlary. Ol ýerde iññän uly taryhy we medeni miras goýup gaýtdyk. Özbekleriñ özem jöhitleri halaýandyr öýdemok. Rаdikal häsiýetde bolmasa-da, musulmanlaryñ köpüsem bizi galanok. Çünki olaryñ birem ömründe jöhit görenok, jöhitleri ýakyndan tanaýany ýok. Ysraýyl üçin Рalestina meselesinde ýazýan zatlary diýseñ gynandyryjy. Hernäme-de bolsa, jöhitleri tanaýanlar, hormatlaýanlar bar. Bularyñ köpüsi gurply ýaşaýan adamlar. Özüm-ä şolary gowy görýärin. Kakamyñ häzirem gatnaşýan özbek we täjik dostlary bar. Emma ýaş özbekleriñ biz bilen gatnaşaslary gelmeýär. • "Garаbag ýeñişine begenipdim" - Buhara jöhitleri Türkiýe we Azerbaýjan hakynda näme pikir edýär? - Bütindünýä Buhara jöhitleri kongresiniñ başlygy Ylhаm Аliýewi Gаrabag ýeñişi mynasybetli gyzgyn gutlapdy. Menem muny görenime diýseñ şat bolupdym. Men ýaş azerbaýjanlylar bilen işleşýärin. Emma buharalylaryñ aglabasynyñ Türkiýäni ýa-da Azerbaýjany ýakyndan görendir öýdemok. Olar Ysraýyl bilen gowy gatnaşyklary saklaýan ýurtlary halaýarlar. Şonuñ üçinem bärdäkileriñ köpüsi Azerbaýjanyñ ýeñişine monça bolupdylar. Emma ABŞ-da ýagdaý başgaça. Ol ýerde Ermenistany goldaýanlaram bar. Şuny ýatdan çykarmalyñ, Sowet Özbegistanynda Andijan, Daşkent we Samarkant şäherlerinde ýaşaýan ermeniler köpdi. - Buhara jemagatynyñ agzalary Ysraýylda ýaşaslary gelýärmi ýa-da ABŞ ýaly başga ýurtlara-da gitmek isleýärlermi? - ABŞ-na gitmegiñ tersine, ABŞ-dan Ysraýyla gelen köp sanly buharaly bar. Öñler beýle däldi, ýöne häzir Ysraýyla göçüp gelýänler köpeldi. Ysraýyldaky köp maşgala-da bularyñ ABŞ-na ýa-da başga ýurtlara gitmeklerine rugsat bermeýär. Meniñ ýaly käbirleri-de Daşkentde ýa Moskwada okamak isleýärdi. Emma ene-atam meniñ bu islegime garşy çykdy. - Däp-dessurlaryñyz hakynda näme aýdyp biljek? Ysraýylda ýapyk jemagatyñ içinde ýaşamak nähili zat? - Däp-dessurlarymyz Ysraýylda nesilden-nesile geçip gelýär. Maşgalamyzyñ içinde amal edilýär, öwredilýär. Umuman alanda urp-adatlarymyz özbekleriñkä juda meñzeş. Biziñ ýaşulylara uçursyz uly sylag-sarpamyz bar. Emma Ysraýylyñ galan ýerinde ýa-da ABŞ-daky buharalylaryñ arasynda-da ýagdaý beýle däl. Aýal-gyzlarymyzyñ örtünip gezmeklerine üns berýäris. Çünki buharalylar beýlekilere garanda biraz dindardyr. Erklerimiziñ köpüsi kipa (ýermolka, jöhit tahýasy) geýýär. Tanyş-bilişlerimiñ aglaba bölegi buharaly. Maşgalam hem dost-ýarlary bilen baryp-ha Samarkantda ýaşan döwürlerinden bäri tanyş. - Owganystandaky iñ soñky jöhit hakda näme aýdyp biljek? - Ol (Zablon Simintow) buhara jöhidi däl. Owganystandaky buharalylar ýurdy birmahal taşlap gaýtdy. Meselem, meniñ garry enemiñ ene-atasy balhly... Emma indi hiç kim galmady. Ogul TUNA, @sogultuna 02.11.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |