09:22 Ýakynlaşyp barýan ýewropa urşy | |
ÝAKYNLAŞYP BARÝAN ÝEWROPA URŞY
Publisistika
Illýustrasiýa: Jonatan McHugh Döwlet we halkara jemgyýetçiligiñ üns merkezindäki meseleleriñ gyzgynlygy dem aldyranok. Bolup geçýän köp sanly garañky üýtgeşme adamy ürküzse-de, umyt etmäge, dem almak üçin dyrjaşmaga dowam edýäris. Ukrainadaky urşuñ başlanyna bir ýyl dolmaga bir aý galanda ýadro kyýamatynyñ aýak sesleri güýçlenmäge dowam edýär. Öññin Günbatar merkezli alymlardan, syýasatçylardan we hünärmenlerden ybarat Atom boýunça alymlar býuletteniniñ simwoliki kyýamat sagatyny 10 sekunt öñe süýşürendigini okansyñyz. Ýagny gijäniñ ýarymyna ýa-da kyýamata 90 sekunt galdy. Taryhda ýadro ýok bolma şugadar ýakyn bolmandyk. Şu günbatar waswasysynyñ añyrsyny okamakçy ýa-da umytsyz bolsañyz, umytsyzlygyñyzy gatbarlamak üçin ussat Alan Muryñ "Watchmen" ("Хранители") komiks-romanyny okamagy maslahat berýärin. Eser diñe komiks, ylmy-fantastiki ýa-da fantastiki žanryñ muşdaklaryny däl, alternatiw älemde "Sowuk urşuñ" nähili şahsy çekişmeler bilen birleşip, asla garaşylmaýan ýerinden ýykgynçylyk döredişini görmek üçinem ajaýyp eserdir. Bu kult komiks-romandaky wakalaryñ tersine kän bir spoýler bermäýin - biziñ dünýämizdäki bolup geçýän ýykgynçylygyñ añyrsynda kimleriñ, haýsy döwletleriñ we güýçleriñ bardygyny aslynda juda gowy bilýäris. Esasy we alternatiw mediýa kanallarynyñ ähli illýuziýalaryna garamazdan hakyky aýan-beýan ortada. Ukraina we Taýwan bahanasy bilen öñe süýşüdilen ýadro sagatynyñ hiç mahalam "gije ýarymdan soñ" urmajagyny umyt edip goýan sözbaşymyza dolanyp geleliñ. Hawa, ýewropa urşy ýakynlaşýar. "Ukrainadyr Russiýa Ýewropada dälmi näme?" diýmegiñiz mümkin. Şeýle däldigini soñky bir ýyllyk tejribe görkezdi. Ýewropanyñ gapy garawulçylygyna iterilen Ukraina we genosid nagralarynyñ nyşanasyna alynan we diýseñ gündogarçy makiýaža boýanan Russiýanyñ Ýewropanyñ daşyndadygy telim gezet ýatladyldy. "Ýeri, bu uruş gepi nirden peýda boldy?" diýýän bolsañyz, aýdaýyn: Russiýanyñ Daşary işler ministri Sergeý Lawrowdan, ukrain goşunyna garşy uruşýan çeçenlerdene we Gurhan ýakmaga het eden şwesiýalylardan. Düşündirjek bolaýyn. Lawrow 23-nji ýanwar güni iññän möhüm beýanatlarynyñ birini berdi. Bulardan biri-de, ministr Russiýa bilen Günbataryñ arasyndan indi "gibrid urşuñ" bolup geçmeýändigini, gaýtam tersine, "hakykata golaý" urşuñ" bolýandygyny aýtdy. Kiýewde ýolbaşçy düzüm boýunça möhüm çalşyklaryñ bolýan, ABŞ-nyñ we Britaniýanyñ Germaniýany tank bermäge mejbur eden, Pariž bilen Berliniñ "Ýewropanyñ goragy" pikirini perçinlän ýa-da perçinländiris öýdýän döwründe Lawrowyñ aýdan sözlerine üns bermek gerek. Mundan on aý öñ gerek bolsa ýadro ýaragyny ulanmakdan gaýra durmajakdyklaryny aýdan Lawrowy onuñ köp wagtlyk zähmet karýerasyny we özüni eserdeñ alyp baryşyny pikirimde aýlap, geñ görjek bolupdym. Indi bolsa şeýle beýanatlardan diñe howatyrlanma duýýaryn. Ikinji bir alamaty - goluna Isa Mesih ikonaly goldañy saralan çeçen esgeriniñ front meýdanyndan edilen wideoýazgysy. Hristian simwolyny göterýändigine garamazdan tekbir getirýän bu esger "Dünýä ruslaryñky!" ýa-da "Rus dünýäsi emele gelmeli!" diýip bogazyna sygdygyndan gygyryp durşuna awtomatyndan dumly-duşa ok paýradýar. 2014-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän çaknyşygyñ başga bir grotesk epizody. Beýleki bir ýandan Garadeñiziñ demirgazygynyñ içine iterilen dowzahyñ ideologik, añ-pikir, adamkärçilik we duýgy taýdan añyrky maksadyny görkezýär we hemmämize "Gorkuñ!" diýýär. Soñky gezek Şwesiýada bolup geçen geñsi waka. Muña Türkiýede daş-töweregini görmek-duýmak islemeýän konserwatiw gatlaklar tarapyndan Şwesiýanyñ Erdogana saýlaw sowgady hökmünde baha berildi. Dünýäni Erdoganyñ äýnegi bilen okamagyñ ýalñyşlyklaryny birnäçe ýyl bäri görüp gelýäris. Gynansak-da, şeýle täsin daşary syýasat hünärmenleri daşarky üýtgeşmeleri içerki syýasat bilen indeksli okap, türk oppozisiýasyna nähili zyýan berýändiklerini häzirem bilenoklar. Şwesiýadaky prowokasiýa ýol berilmeginiñ añyrsynda nämäniñ ýatandygy başga bir ýerli we daşary ýurtly hünärmenler toparynyñ öñe sürşi ýaly görnetin ortada: Şwesiýa NATO giresi gelenok. Ol munuñ üçin elinden gelenini edip, Türkiýäni gižželemäge we weto iýmäge taýýar. Şonsuzam islegine 24-nji ýanwardan bäri iñ bolmanda belli bir wagta çenli ýetene meñzeýär. Ýöne men şu meselede Türkiýäniñ bähbidiniñ şol ýurtlara isleýänlerini bermekmi, ýagny olary NATO kabul etdirmekmi ýa däl, teý belli pikire gelip bilmedim. Ýagdaý şeýlekä Türkiýäniñ depesinde Brýussel we Waşington tarapyndan sallanyp goýlan "grek gylyjy-da" Ýewropadaky şol inçe sazlaşyklara düýpden baglanyşykly ýaly bolup görünýär. Ýöne şuny gel-de biziñ söýgüli oppozisioner we häkimiýetçi hünärmenlerimize düşündirip bilseñ düşündir-dä... Soñky gezek Wengeriýanyñ ukrain hökümetine wenger raýatlarynyñ hak-hukuklaryny goramaga borçludygy hakdaky duýduryşyny, polýak jemgyýetçiliginde we mediýasynda Günbatar Ukrainany basyp almak baradaky batlanan çekişmeleri-de bulara goşmaly bolýar. Hawa, ýewropa urşy ýakynlaşyp gelýär. Saýlaw döwrüne çaltlyk bilen süýşýän ýurdumyzyñ şular ýaly prosesleriñ ählisinden zelelsiz-zyýansyz çykmagyny umyt edýäris. Ogul TUNA, Russiýa we öñki SSSR geografiýasy boýunça ylmy-barlaglar, deñeşdirmeli syýasat boýunça žurnalist. @sogultuna Penşenbe, 26.01.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |