14:55 Býambin Rinçen | |
BÝAMBIN RINÇEN
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Rinçen Bimbaýew (ýa-da Rinçin-Dorži Radnajapowiç Bimbaýew) ady bilen giñden tanalan mongol ýazyjysy, terjimeçi, pedagog, etnograf, Mongoliýanyñ ilkinji akademigi, professor Ýenşebu Býambin Rinçen 1905-nji ýylyñ 25-nji dekabrynda Mongoliýanyñ Russiýa bilen araçäkleşýän Bulsaraý posýologynda doguldy. Býambin Rinçen gelip çykyşy boýunça burýatdyr. Gelejekki ýazyjynyñ kakasy Radnajab Budaýewiç Bimbaýew (1874-1921) Kýahta serher komissariatynda manjur dili boýunça terjimeçi bolup işläpdir. Rinçen çagalyk ýyllarynda rus, mongol, manjur dillerini oñat özleşdirýär. 1914-1920-nji ýyllarda Kýahtanyñ Alekseýewsk uçilişesinde okaýar. 1920-nji ýyldan başlap mongol rewolýusionerleri Suhe-Batoryñ we Çoýbalsanyñ ýolbaşçylygynda başlan rewolýusion herekete işjeñ gatnaşýar. 1921-nji ýylyñ 1-3-nji martynda Mongoliýanyñ halk partiýasynyñ Troiskosawsk şäherinde geçen birinji gurultaýynda Rinçen terjimeçilik edýär. Ol şonda rus generaly Konstantin Rokossowskiý bilen tanyşýar. Rinçen 1923-1924-nji ýyllarda Burýat pedagogiki ehnikumynda okaýar. Ol şol ýerden mongol ýaşlaryny Leningrada (häzirki Sankt-Peterburg) okuwa ugratmakda uly işler edýär we özü-de Leningradyñ Gündogar dilleri institutyna okuwa gidýär. Okap ýörkä meşhur rus gündogarşynasary B.Ý.Wladimirsow, F.I.Şerbatskiý, S.F.Oldenburg, L.W.Şerba, W.W.Bartold, W.M.Alekseýew dagylardan bilim alýar. 1927-nji ýylda instituty tamamlaýar we dogduk ýurduna dolanyp, Mongoliýanyñ Bilim komitetinde işläp başlaýar. Filolog - lingwist we edebiýaty öwreniji alym hökmünde ylmy döredijilik bilenem şol ýyl ymykly gyzyklanyp başlaýar. Şeýle-de ol, etnografiýa we diniñ taryhy bilenem içgin gyzyklanypdyr. Ilkinji goşgularyny we hekaýalaryny hem şol ýyllarda ýazyp başlaýar. Rinçen Bilim komitetiniñ tabşyrygy bilen buddizm dini we onuñ taryhy boýunça köptomluk "Ganjur" we "Danjur" ensiklopediýalarynyñ taýýarlanmagyna işjeñ gatnaşýar. 1936-njy ýylda Rinçen Mongoliýa Halk respublikasynyñ Merkezi döwlet neşirýat gullugynyñ jogapkär sekretary wezipesine bellenýär. 1937-38-nji ýyllaryñ SSSR-de ýaşaýan halklary ýakyp-gowran tutha-tutluk tolkuny Mongoliýadan hem sowa geçmändir. Sowet hökümetiniñ hemaýatkärliginde häkimiýete gelen mongol hökümeti milli intelligensiýany haku-nähak jowrandyrmakda sowetlerden kem galmazlyga çalşypdyr. Şol nähak töhmete sezewar bolanlaryñ biri-de Býambin Rinçendir. Ýazyjy 1937-nji ýylyñ sentýabr aýynda Ýaponiýanyñ hasabyna jansylyk etmekde aýyplanyp tussag astyna alýar. Bäş ýyllap türmede oturan ýazyjy 1942-nji ýylda azatlyga çyksa-da, diñe 1963-nji ýylda doly aklanýar. Rinçen 1942-1958-nji ýyllarda "Unen" gazetiniñ redaksiýasynda işleýär. Rus we dünýä edebiýatynyñ görnükli wekilleri M.Gorkiniñ, W.Maýakowskiniñ, I.Erenburgyñ, N.Tihonowyñ, M.Şolohowyñ, Gi de Mopassanyñ, Nazym Hikmetiñ we başgalaryñ eserlerini mongol diline terjime edýär. Ýazyjy 1920-nji ýyldan 1970-nji ýyla çenli 70-den gowrak ýazyjynyñ 240-dan gowrak eserini mongol diline geçiripdir. Rinçeniñ köpsanly romanlary we nowellalary klassyky mongol edebiýatynyñ iñ gowy nusgalary hökmünde mongol mekdepleriniñ okuw programmalaryna girizildi. Muña mysal hökmünde onuñ «Ану хатан» ("Anu Hatyn"), «Заан Залуудай», «Гүнж» ("Prinsessa"), «Сандоо амбан» ("Amban Sandowa"), «Их нүүдэл» ("Beýik çarwa gyzy"), «Бэр цэцэг» (Цветок невесты), «Нууцыг задруулсан захиа», «Шүхэрч Буниа» ("Uçujy Buniýa") ýaly eserlerini görkezmek bolar. Şeýle-de ol 1945-nji ýylda Ýuriý Tariçiñ režissýorlyk eden "Sogto taýji" («Степные витязи») taryhy çeper kinofilmiñ senariýasyny hem ýazdy. Rinçen munuñ üçin 1946-njy ýylda döwlet baýragyna mynasyp boldy. Ýazyjy 1956-njy ýylda Budapeşt uniwersitetinde mongol dilini öwreniş ugry boýunça doktorlyk dissertasiýasyny gorady. W.Haýssigiñ inisiatiwasy bilen "Mongol halk döredijiligi" («Монгольский фольклор») ylmy işini ýazýar we "Aziýanyñ öwrenilişi" (нем. "Asiatische Forschungen") ylmy tapgyrlara, mongol dilini we etnografiýasyny öwrenmek boýunça alnyp barylýan işlere işjeñ gatnaşýar. Ýazyjynyñ heýkeltaraş Sewegmidiýn Amgalan tarapyndan ýasalan heýkeli 2005-nji ýylda Ulan-Batoryñ Merkezi kitaphanasynyñ öñünde (Staliniñ heýkeliniñ ornuna) oturdyldy. Onuñ ogly paleontolog alym Rinçengiýn Barsbold Mongoliýanyñ Ylymlar akademiýasynyñ akademigidir. ■ Eserleri 1. Исторический роман-трилогия «Заря над степью» (монг. Үүрийн туяа; кн. 1-3, 1951-55 годы, рус. пер. 1972): - 1 том монг. «Манжийн талхинд», - 2 том монг. «Гал усны гашуун зовлон», - 3 том монг. «Байлдаж олсон эх орон», 2. Сборник стихотворений «Бэр цэцэг» («Цветок невесты», 1959), 3. «Заан Залуудай» (ч. 1—2, 1964—66),«Гүнж» («Принцесса», 1969; в рус. пер. — «Принцесса и другие новеллы», 1972), 4. «Амбань Сандова» («Сандоо амбан», 1973). Býambin Rinçeniñ eserleri bilen türkmen okyjylary öñden bäri tanyş bolmaly. Ýazyjynyñ "Gymmat düşen hat", "Prinsessa", "Hudaý zenanyñ goly", "Uçujy Buniýa", "Derwüş", "Iñ soñky sapak", "Bogdonyñ ölümi", "Doogyñ iñ soñky düýşi", "Ýyldyrym çakyp, gök gübürdän gije" ýaly nowellalaryny Rahman Babaýew türkmen diline terjime etdi we ady agzalan hekaýalar "Gymmat düşen hat" ady bilen 1981-nji ýylda "Türkmenistan" neşirýatyndan çap bolup çykdy. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |