BOGDONYÑ ÖLÜMI
Şu günki okaýan Ulan-Batoryñ haýsam bolsa bir mekdebinde okaýan çagalaryñ sanyny, halk häkimiýetiniñ ilkinji ýyllarynda bütin Mongoliýa boýunça okaýan çagalaryñ sany bilen bir deñeşdirip görüñ, şonda siz deñeşdirip oturasy zadyñ ýokdugyna derrew gözüñizi ýetirersiñiz. Ömürlik sowlup giden şol öñki wagtlarda halkyñ okamaga mümkinçiligi bolanlary az-az bolardy.
Bir wagt Altanbulak şäherinde ilkinji başlangyç mekdep açylanda, onuñ guramaçysy paýtagtda ýañyja ýörite uçilişäni gutaran bir ýaşajyk ýigdekçe boldy. Ol ýigdekçe soñ, elbetde, tanymal adam bolup gitdi. Demirgazyk araçäkler garamagynda bolan ministrlik töwerekdäki obalardan Altanbulaga ýigrimä golaý çagany getirip, okatmagyñ aladasyny etdi. Gürrüñ berişlerine görä, olaryñ biri şähere giriliberlende ýabydan ýykylyp, elini agyrdýar. Ony yzyna gaýtarýarlar. Ýöne şol yzyna gaýtarylana derek başga birini tapmaly bolýar. Yzyna bir topar çagany tirkäp, garry milisioner biziñ obamyza geldi. Ol goltugyndan gyzyl zolakly bir kagyz çykardy-da, ony meniñ ejeme görkezip: "Watan siziñ ogluñyzy okuwa iberýär" diýdi. Içiñi ýakaýyn diýen ýaly şol wagt kakamam öýde ýokdy. Uly basga galan ejem bilen enem hem birbada näme jogap berjeklerini bilmän, "Şu wagt oglany alyp gider ýaly sadam ýok ahyryn" diýip, kellelerine gelen zady aýdyp goýberdiler.
- Aý, onuñ bir ýagdaýy bolar, meniñ bilen syrtlaşar ötäýder - diýip, milisioner maña ýüzlendi. Hany tizräk şaýyñy tyt, mekdebe gidersiñ.
Men delalar isläp bir ejemiñ ýüzüne seretdim, bir-de enemiñ, ýöne olaram näme ederlerini bilmän, seslerini çykarman durdular.
- Belki, kakasy gelýänçä garaşarys? - diýip, ahyry enem özüni dürsäp sorady.
- Ýok, ýok, wagt ýok. Ukazy gördüñiz dälmi? Ýör hany oglan.
Enem hysyrdanyp, burhanyñ öñündäki yşygy ýakdy. Sandyjagy açyp, içi süýtlije bukjany goltugyma dykdy-da, özüniñ ýumşak dodaklary bilen meniñ ýañagymdan şapladyp ogşady. Soñra ejem hoşlaşyp meniñ başymdan sypalady. Biziñ aýrylyşygymyz gyssanmaç boldy, öýüñ ýanynda bize beýleki çagalaram garaşyp duran eken. Milisioner meni syrtyna mündürdi, biz ýola düşdük. Yzyma bir gañrylyp seretsem, ejem biziñ ugrumyza süýt serpip duran eken. Meniñ gözlerim ýaşdan doldy, şondan soñ hiç zat görmedim.
Men şol bir wagtky güýz günleriniñ birinde nähili duýgulary başymdan geçirenimi aýdaýynmy? Milisioneriñ egin-başyndan deriñ ysy gelýärdi, onuñ "klas" diýip häli-şindi ýolboýy gaýtalap gelýän sözünden bolsa meniñ gorkup, endamym tikenekleýärdi... Altanbulagyñ we onuñ jaýlarynyñ maña şeýle uly bolup görnendigini, köçedäki adamlarynyñ bolsa şeýle köp bolup görnendigini neneñsi gürrüñ bermejek! Ýok, men gowusy, mekdepde ilkibada ähli kişiden: aşpez hytaýdanam, Okaragöz Hurçi diýen lakamy bolan duran, gyñyr garaýyşly mugallym aýaldanam gorkup ýörşümden başlasam öýdýän. Çotgajygyñ meniñ elimde diýen etmejek bolýandygyny, harplaryñ bolmalysy ýaly bolup çykman, gaty erbet ýazylýandygy meniñ ýadyma düşýär. Biz mugallym aýalyñ yzyndan sesleri, bogunlary gaýtalaýardyk. Äpişgeden bolsa gökje dumana gallanyp oturan daşdaky daglar görünýärdi, köçeden atlylar atlaryny çapdyryşyp geçip gidýärdiler we çagalaryñ elinden tutuşyp, gartañ aýallar hondanbärsi bolşup barýardylar. Okaragöz Hurçiniñ jañ kakaryna biz sabyrsyzlyk bilen garaşýardyk.
Emma günler geçdi, bizem dura-bara täzeçe ýaşaýşa öwrenişdik: agşamlaryna pähimdar han Bodi hakyndaky ertekileri diñleýärdikN ony aýdyp berýänem ýene şol Okaragöz Hurçidi. Ýöne her hili bolsa, ýüregimiz öýi küýsär durardy. Wagtal-wagtal bolsa, aýaklaryñ özi öýe garşy dartyp duran ýaly bolýardy.
Ýaz çykdy. Biz okamany öwrendik, çotgajygam indi barmaklaryñ erkinden çykyp bilmeýärdi. Howanyñ gowy günleri sapakdan soñ, biz oglanlar bolup, şäherde hezil edinip gezerdik. Mugallyma aýaldan soraşardyk-da, bir topar bolup gezmäge giderdik. Bilesigelijiligiñ Gesera monastyry diýermiñ, Şire-burhan monastyry diýermiñ, ýa-da şäher kooperatiwi diýermiñ, asyl bizi eltmeýän ýeri ýokdy.
Bir gezek men dynç alyş güni kooperatiwde öz obamyzyñ aragyna pete-pet gabat geläýdim. Ol torbagan derisini geçirmäge gelen eken. Men ondan ur-tut syrtyña mündürip oba alyp git diýip ýalbarmaga durdum. Onuñ ýazky ýaýlasy bilen biziñkiñ arasy esli ýol bardy. Men onuñkydan öz öýmüze pyýada gitdim we ýol boýam özümiñ duýdansyz gaýdyberenimi nähili düşündirerkäm diýip şol pikir edip geldim. Mugallymym näsaglady diýsemmikäm? Beý diýsem-ä ynanmazlar. Jogap berdiler diýip ýalan sözlesemmikäm? Beýdiýsem näme üçin wagtyndan öñ jogap berdiler diýip sorarlar ahyryn. Kakam ýap-ýañy Sagan-sara, meniñ ýanyma baryp gaýtdy ahyryn. Sapagymyzda oturdy, arakesmede meniñ depderlerimi açyp gördi. Özi bilimsiz bolansoñ meniñ çyrmaşdyranlaryma baý begend-ä! "Oglum ylmyñ magadyna ýetjek" diýip, ol guwanç bilen aýtdy we gaýdanda bolsa bir ýanyçany tutuşlygyna maña berip gitdi. Men ony şol bada maýdaladyp özüme süýji-püýji ýaly zatlary alyndym, galan puluma bolsa eneme sowgatlyk üçin garaly kişdesi ýaly süýji zatlary aldym. Şol alanlarymam ynha men alyp gelýärin.
Men ata-enemiñ öñünde özümi aklar ýaly näme tapsamkam diýip gelşime birden, düýn uly adamlardan bogdo-gegeniñ erbet näsaglandygyny eşidenim ýadyma düşdi. Ine, saña gerek bolsa bahana! Ata-enem bogda hormat goýýardy. Şunuñ ýaly möhüm täzelik aýdamsoñ olaryñ maña käýinibiljek gümany ýokdur.
Mekdebiñ direktory we mugallyma aýal beýleki öñde baryjy adamlar ýly bogdo-gegeniñ aslynyñ hudaýdan gelip çykandygyna ynanmaýardylar. Rossiýada Oktýabr rewolýusiýasyny adamlar däl-de hudaýyñ edendigine olar ynanmaýardylar. Olar dünýäde hiç hili aždarha-da, hiç hili keramatly ruh-da ýok diýýärdiler, bularyñ hemmesi erteki, ýalan zatlar diýýärdiler. Geografiýa sapagynda bize gündizlik bilen gijäniñ nähili çalyşýandygyny, aýyñ we günüñ nämedigini düşündirdiler. Mongoliýada metjidiñ döwletden aýrylandyyyny, indi bogdo-gegeniñ diñe halk hökümetiniñ çykaran kararyna gol çekýändiginem gürrüñ berdiler. Bu zatlara men gözümi mazaly ýetirdim, ýöne nähilem bolsa bir wakadan peýdalanyp, ata-enemiñ dini duýgularyny yralap görmegi ýüregime düwdüm.
Maña öýde begenmek begendiler, heý goýaý. Kim bilen nädip geldiñ diýen sowallar bilen üstümi gömdüler. Ýöne şol sowallardan howply sowala iñ golaýy: "Mekdepdäki ýagdaýlaryñ niçik?" diýen sowal boldy. Garañky gatlyşdy. Mallar agyla salyndy, öý işlerden dynyldy. Ine, ahyrsoñy menden entek tomsa çenli wagt köp, seni nädip öýe goýberäýdiler diýen soragy berdiler.
- Siz näme eşitmediñizmi? Bogdo-gegen öldi ahyryn - diýip, men uzak oýlanyp durman aýtdym.
- Seniñ aýdýanyñ näme, nähili betbagtçylyk bolupdyr - diýip, enem ör-gökden geldi. Ol muña şeýle bir gynandy welin, meñ oña ýüregim awaberdi, ýöne nähili bolsa-da aldadym diýmek bolmajakdy.
- Hawa, bogdo öldi - diýip men ynamly sesim bilen gaýtaladym. Gaýtalasamam-a gaýtaladym welin, özümem gorkymdan ýaña näderimi bilmedim.
Men adamlary uly basga goýdum. Öýde çyrany ýakyp we dyzlaryna çöküp, doga okamaga başladylar. Men bu eden etmişim üçin gaty erbet boldum, ýöne oña derek öýdäkileriñ doga okamak bilen garabaşagaý bolup, soñ menden zat soramaga elleri ýetmedi. Soñra enem özüniñ bir gezek bogdonuñ ak pata bermegine mynasyp bolşuny gürrüñ berdi. Men bolsam öz nobatymda, bogdo-gegeniñ ýogalanyny nireden eşidendigimi we habaryñ Altanbulaga nähili täsir edendigini soraşdyrybermezligi üçin, zyýarata nähili gidendigi we Urgide nämeler görendigi hakdaky sowallar bilen onuñ üstüni gömdüm. Meniñ häliden bäri ukym gelýärdi, ýöne men uka gidip barýarkamam ertir kakam örüden gaýdyp gelende nähili boljakdygynyñ pikirini edýärdim. Ol oglunyñ okaýandygyna nähili begenipdi ahyryn! Meni mekdebe milisionerli iberenem bolsalar, öýde maña guwanýardylar. Bogdonyñ bolsa, megerem, ölüm ýadyna-da düşýän däldir! Men ahyry howsalaly pikirlerden halys bolup, uka gitdim. Men ertiri oýanyp gözümi açyp-açmankam öýde meni güýz gelip, mekdebe alyp giden milisioneriñ oturandygyna gözüm düşdi. Asyl şol gije bogdo-gegen dogrudanam ölen eken. Milisioner bolsa samon merkezinden Altanbulaga gaýdyp barýar eken. Ony samona bogdonyñ ölendigini habar bermek üçin iberen ekenler. Meniñ oýanandygymy görüp, milisioner maña göz gypyp goýberdi:
- Ýigdekçe, ikimimiziñ ugrumyz bir. Ýör, ýaba mün, syrtyma mündürip alyp gideýin.
Beýle pikir etmek, elbetde gowy däl, ýöne meniñ sözlän ýalanymyñ çyn bolup çykandygyny eşidenimde, men bir begenmek begendim welin, heý goýaýyñ!
Býambin RINÇEN,
mongol ýazyjysy.
Rusçadan terjime eden: Rahman BABAÝEW.
Hekaýalar