18:25 Çaga terbiýesi hakynda | |
ÇAGA TERBIÝESI HAKYNDA
Pedagogika we edep-terbiýe
Ogly şikesli bolsa-da, bu kemisligi üçin oňa üns bermeýän ata duş gelmedim. Bu onuň oglunyň kemisligini görmeýändigini aňlatmaýar. Her näme-de bolsa, ol çaga onuň perzendidir. Düýn öýüme gelip, has irki ýazanlarymy okan bir aýal maşgala, çagalary terbiýelemek barada-da näme-de bolsa, bir zatlar ýazmagymyň zerurdygyny aýtdy. Hormatly hanym! Eger bu ugurdan azajyk tejribäm ýa-da bilýän zadym bolsady, ýakyn wagtda öýüňize gowuşjak bu ýazgylaryma bar azabymy siňdirerdim. Ýöne çaga bilim we terbiýe bermegiň ähli işlerden kyn hem güzaplydygyny magat bilýärin. Ekin ekilmezden öň, ýerine ýetirilmeli işler aňsat hem anykdyr. Bellenen wezipeler ýerine ýetirilenden soň, ýere tohum atmak kyn iş däl. Ýöne ekin gögermäge başlanda, dürli kynçylyklar we görülmeli çäreler ýüze çykyp ugraýar. Bu ýagdaý adamlar babatynda-da şeýle. Has dogrusy, dünýä inen gününden başlap, onuň terbiýesi we bilimi bilen baglanyşykly ene-atasynda aladadyr ünji döräp ugraýar. Ynsan balasy heniz çagaka geljekde saýlajak ýoly barada şeýle bir az, näbelli alamatlar görkezýär welin, ony haýsy ugra gönükdirjegiňi bilmän kösenýärsiň. Güjügiň ýa-da aýy çagasynyň ýaňy dünýä inen wagty hem geljekde ýerine ýetirmeli işi, ýörejek ýoly bellidir. Ýöne adamlar wagtyň geçmegi bilen hüý-häsiýetini üýtgedip bilýär. Adatlary, däp-dessurlary kabul edip, olara boýun bolup hem bilýärler. Ýöne her näme-de bolsa, adamyň guýmagursak zehinini, iş başarjaňlygyny, ukybyny zorluk bilen üýtgetjek bolmak iňňe bilen guýy gazan ýalydyr. Şol sebäpli hem adamlar köplenç bu peýdasyz iş üçin wagtyny we azabyny ýele sowurýarlar. Heniz çaganyň özleşdirip bilmejek zatlaryny onuň beýnisine guýmaga çalyşýarlar. Bu kynçylyklara garamazdan, men çagalaryň şonda-da, mümkin boldugyça, gowy, peýdaly işlere ugrukdyrylmagy; çaga häsiýetlerinden başlap, ýüzleý edilýän pikirlere az ähmiýet berilmeli diýip, pikir edýärin. Platon “Döwlet” atly eserinde bulara has köp ähmiýet berene meňzeýär. Çagaňyza gowy bilim hem terbiýe berdirtmek üçin hakyna tutan mugallymyňyzdan edip biljek talaplaryňyz, ilkibaşda mugallymy dogry saýlap-seçmek bilime, üstünlige eltýän ýoldur. Bularyň birnäçe ähmiýetli wezipeleri bar. Ýöne bu ugurda hiç hili gürrüň edip biljek däl. Çünki meniň pikirlerim her mugallyma dürlüçe täsir edýär. Ýöne berjek maslahatlarym her bir mugallym üçin ynandyryjy gollanma bolup biler. Men dürli maglumatlar bilen çişirilen kelläniň deregine kämillige ýeten başy, mugallyma mahsus hasap edilýän häsiýetlerden ýokary ahlaga we zehine nazary düşünjeden hasda köp ähmiýet berilmeginiň tarapdary. Çagakak gulagymyza suw akan ýaly üznüksiz nämedir bir zatlar aýdyşdyryp, yzyndanam aýdylanlary birin-birin gaýtalamak talap edilýär. Çagaňyza bilim berjek mugallymyň bu usuly saýlamazlygyny hem-de okuwyň ilkinji gününden başlap çaganyň zehin derejesine, onuň ukybyna, başarjaňlygyna görä, ugur saýlamagyny islärdim. Mugallym öwrenilýän mowzuga kä özi ugrukdyrmaly, käte bolsa, bu işi okuwçynyň özüne goýmaly. Sapak wagtynda diňe mugallymyň özüniň geplemegini, täze pikirleri orta atmagyny däl, ýeri gelende okuwçynyň hem pikirini diňlemegini islärdim. Sokrat we Arkesilas ilki söz nobatyny okuwça berip, soň özi gepläpdir. Mugallymyň çaganyň düşünjesiniň kämilleşişine göz ýetirmegi üçin oňa yzygider gözegçilik etmegi we bu işiň netijesinde ýatkeşligini, geçilen sapagy näderejede özleşdirip biljekdigini anyklamagy gowy bolar. Bu ikitaraplaýyn gatnaşygyň kämil derejede ýola goýlup bilinmeýänligi üçin, biz köp zatlary garjaşdyrýarys. Okuwçylary bir-birinden tapawutlandyrmak we şoňa görä hereket etmek meniň belet bolan iň kyn wezipelerimiň biridir. Çünki çaganyň zehin derejesini anyklamak we olaryň her biriniň derejesine görä, ýol salgy bermek iň mukaddes hem kämil akylyň işidir. Depä dyrmaşyp barýarkam, aşak inendäkimden has ynamly we batyrgaýlyk bilen ädim urýaryn. Köplenç halatlarda edişimiz ýaly, bir sapagyň dowamynda zehin taýdan birbirinden ep-esli tapawutlanýan okuwçylara deň derejede bilim we terbiýe bermäge çalşan halatymyzda, olardan baryýogy iküç sanysynyň aýdylan maglumatlary birkemsiz özleşdirmegi adatdan daşary ýagdaý däldir. Mugallym okuwçysyndan diňe bir sapakda berlen maglumatlary gaýtalatmak bilen çäklenmän, eýsem, öwredýän zadynyň düýp manysyny, ony öwrenmegiň zerurlygyny hem öwretmelidir. Okuwçynyň öwrenen zatlaryny diňe bir ýat tutup aýdyp bermegi bilen däl, eýsem, onuň özüni alyp barşynda, hereketlerinde ýüze çykyşyny duýmalydyr. Okuwçynyň sapagy özleşdirendigini ýa-da özleşdirmändigini anyklamak üçin onuň şol bir mowzugy köptaraplaýyn öwrenmegini talap etmelidir. Iýmit aşgazanymyzda siňen ýagdaýynda peýdalydyr. Eger-de siňmese, onda ony iýmek bilen iýmezligiň hiç hili tapawudy ýokdur. Epikarmos akylyň ähli zady görýändigini we eşidýändigini, hemme zadyň netijesini görkezýändigini, rejeleýändigini, hereket etdirýändigini, buýruk berýändigini we dolandyrýandygyny, galan ähli zatlaryň batyldygyny we ýalandygyny öňe sürüpdir. Ýöne biz öz akylymyzyň isleglerine boýun bolman, gaýtam, ony jylawlaýarys. Haýsy bir mugallym öz okuwçysyndan sözleýiş medeniýeti ýa-da dürs ýazuw kadalary, ýa bolmasa Çiçeronyň haýsy-da bolsa aýdan bir pähimli sözi hakyndaky pikirini soradyka? Ýat tutmak bilmek däldir. Bilmek, huşumyza amanat beren maglumatlarymyzy gorap saklamakdyr. Sözüň hakyky manysyndaky bilmeklik, mysal gözlemezden ýa-da kitaba göz gezdirmezden suwara bilýänlerimiz, ýagny aňymyza siňdiren maglumatlarymyzdyr. Her kesiň ylalaşýan bir pikiri bar: çagany ene-atasynyň elinde ulaltmak o diýen bir gowy görülmeýär. Tebigy söýgi çaganyň ýumşak häsiýetli bolmagyna öz täsirini ýetirýär. Çaganyň diňe bir akyl taýdan däl, eýsem, fiziki taýdan hem ösmegi, kämil bolmagy gerek. Çünki, egerde, goldaw bolmasa, zehin ösüşden galýar. Zehin bu ikisini şol birwagtyň özünde ýerine ýetirmekden ejiz gelýär. Öz zehinimiň, barça zehinimiň kömegi bilen barlygyny dowam etdirýän ejiz hem ynjalyksyz ten bilen bilelikde, nähili derejede kynçylyk çekýändigini bilýärin... Pelsepeçileriň çydamlylygy ýüreginden, türgenleriň çydamlylygy bolsa, güýjünden rüstemdir. Okuwyň kynçylyklaryna döz gelmegi başarmagy, durmuşyň ähli kynçylygyna çydamagy öwrenmegidir. Mişel de MONTEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |