08:19 Mişel de Monten | |
Mişel Eýkem de Monten
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Edebiýat äleminde ilkinji bolup, özüniň esseleri bilen müdimi orun alan meşhur fransuz filosofy, döwlet işgäri we ýazyjysy Mişel Eýkem de Monten 1533-nji ýylyň 28-nji fewralynda Bordo şäherinde atly-abraýly, barjamly maşgalada dünýä inýär. Onuň kakasy Piýer Eýkem şäher häkimi wezipesinde işleýändigine garamazdan, ogluny läliksiretmän, kiçigöwünli edip ösdürýär. Ýöne ol ýaş Mişeliň bilim-terbiýe almagy üçin elinden geleni gaýgyrmaýar. Ýaşlygynda erkin bilim almagy Monteniň geljekde pespäl, adamkärçilikli, abraýy göterinip bilýän adam bolup ýetişmegine öz täsirini ýetirýär. Monten mekdep ýyllaryndaky berk nyzamdan, edilýän talaplardan uzaklaşmak üçin edebiýat, taryh bilen ýakyndan gyzyklanyp ugraýar we döredijiligine şygyr hem-de ýol ýazgylaryny ýazmak bilen başlaýar. Ol zähmet ýoluna 1554-nji ýylda Bordo parlamentinde başlaýar. Bu ýerde işläp ýörkä La Bot bilen tanyşýar we bu tanyşlyk wagtyň geçmegi bilen ýakyn dostluga öwrülýär. Ýazyjy 1565-nji ýylda öýlenýär we alty çagasy bolýar. Emma olardan diňe biri onuň neslini dowam etdirýär. 1568-nji ýylda kakasy Piýer Eýkemiň aradan çykmagy bilen, ýeke özi maşgala keşigini çekmeli bolan Monten öz islegi bilen döwlet işinden aýrylyp, lükgeligi bilen esseleri ýazmaga berilýär. Onuň bu eserini ýazmagynyň esasy maksady dünýä meşhur bolmak ýa-da gazanç etmek däl-de, adamyň içki menini ýüze çykarmak bolupdyr. Monten 1580-nji ýylda Ýewropa syýahatyna başlaýar. Bu syýahatynyň dowamynda gören-eşidenlerini ýazga geçirýär. Bu ýazgylar 1774-nji ýylda “Syýahat gündeligi” ady bilen neşir edilýär. Ýazyjy Rimde gezip ýörkä, Bordo şäheriniň häkimi wezipesine bellenilendigi hakynda habar alýar we dogduk şäherine dolanyp gelip işe başlaýar. Ýöne ol bu ýerde uzak wagt işläp bilmejegini bilýär we meýletinlik bilen wezipesinden ýüz öwürýär. “Adamyň baş maksady adam bolmagy öwrenmekdir” diýen pikiri öňe süren ýazyjy 1592-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda aradan çykýar. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |