09:42 Çagalar dünýäsiniñ saýyly | |
ÇAGALAR DÜNÝÄSINIŇ SAÝYLY
Edebi makalalar
Her bir makala, kyssa we şygyr eseri çuň mazmuna eýe bolanda, hemişelik ýadyňda galýar. «Garagum» žurnalynyň 2013-nji ýylda çykan sanlarynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň «Ýazyjy we döwür» ady bilen çap edilen makalalar toplumy hem okyjylaryň ýadynda hemişelik galan bolsa gerek. Žurnalyň şol ýyldaky 6njy sanynda çap edilen makaladaky aşakdaky setirler meni biparh goýmady: — Fakultetimizde çykarylýan «Edebiýatçy» diwar gazetini-de yhlas bilen yzygiderli taýýarlaýardyk we onda deňli-derejeli goşgulary, kiçeňräk hekaýalary, liriki oýlanmalary ýerleşdirerdik. Gazetiň redaktory bizden bir ýyl ýokarda okaýan şahyr Orazguly Annaýewdi. Çagalar üçin goşgy goşýan Annamuhammet Nutyýew bilen men gazetiň işine gatnaşýan redaktorlaryň ýardamçylarydyk». Ýazyjy Atamyrat Atabaýew çagalar şahyry Annamuhammet Nutyýew hakynda ýagşy ýatlamalaryň birnäçesini mysal getirýär. Waka 1967-1970-nji ýyllarda bolup geçýär. Şol ýyllarda men hem paýtagtymyzdaky Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde okaýardym we Annamuhammet bilen bile bir ýerde ýaşaýardym. Annamuhammet uniwersitetde bolup geçýän wakalary gyzgyny bilen bize ýetirýärdi. Aýratyn hem «Edebiýatçy» atly diwar gazetiniň täze sanyny çykaryşlary hakynda gyzykly gürrüňleri berýärdi. Bir gün ol ak kagyzyň ullakan topuny ýaşaýan otagymyza alyp geldi. Biz: «Bu nämede, bu näme?» bolşup, onuň daşyna egrildik. Ol: «Pah, pah, bileňzokmy? Şol diýýän diwar gazetim» diýdide, kagyzy açyp goýberdi. Uzynlygy 3 metr, ini 2 metr bolup duran diwar gazetini diwarymyzdan asyp goýduk. Edil haly ýazylan ýaly boldy. «Edebiýatçy» diýen ýazgy sünnälenip baş harplar bilen ýazylypdyr. Gazetde ýerleşdirilen makalalar maşinkada ýazylansoň, hasda owadan görünýärdi. — Annamuhammet, bu diwar gazetini alyp gitmesene, bizem özümizi uniwersitetde okaýan ýaly duýýarys — diýip, ondan haýyş etdik. Ol: — Elbetde, äkitmek üçin alyp gelmedim. Bu diwar gazetiniň geçen sany, täze sanyny diwardan asdymda, muny siziň üçin alyp gaýtdym — diýdi. Biz örän begendik. Soň görüp otursam, Annamuhammedi türkmen edebiýatynyň janly ensiklopediýasy adyny alan Mäti Kö säýew hem örän gowy görýär ekeni. Biz uniwersitetiň jaýyna golaýda ýaşaýardyk. Botanika bagynyň golaýynda mugallymçylyk mekdebi bardy. Şol ýerde uruş weterany Gurban Durdy, Begmyrat Ussaýew, şeýle hem Mäti Kösäýew ýaşaýan eken. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň ýatlamalarynda şeýle jümleler bar: «Gazeti agşamlaryna taýýarlaýardyk. Goşgulary, hekaýalary, liriki oýlanmalary maşinkadan geçirmelidi, gazetiň suratlaryny çekmek üçin ýörite jaý gerekdi. Şonuň üçin bizden ekabyr talyp Annamuhammet Nutyýew uniwersitetiň edebiýat kafedrasynyň müdiri Mäti Kösäýew bilen gepleşip, ondan kafedranyň açaryny diläp aldy we biz ol ýerde goşgulary maşinkadan ge çirip, gazeti taýýarlardyk. Mäti aga örän hoşgylaw adamdy. Ol Annamuhammedi aýratyn gowy görerdi... Annamuhammet Nutyýew uniwersitede okan ýyllarynda halk teatrynda hem meşhurlyk gazandy. «Üç çynar» atly spektakl sahnalaşdyrylanda maňa çopanyň, Tuwakmämmet Nyýazmämmedowa Goňurja baýyň, Annamuhammet Nutyýewe bolsa onuň hyzmatkäriniň keşbini ýerine ýetirmek ynanyldy. Orazguly Annaýew ynkylapçy Merediň keşbini döretdi. Bu oýna tomaşa etmäge gelen pýessanyň awtory Aşyr Mämiliýew Annamuhammet Nutyýewde hakyky artistlik zehininiň bardygyny nygtady we onuň baýyň hyzmatkäriniň keşbini gowy oýnandygyny aýtdy». Annamuhammet Nutyýew 1948-nji ýylda Murgap etrabynyň Şordepe obasynda doguldy. Biz 1966njy ýylda şol obadaky 12-nji orta mekdebi bile tamamladyk. Mekdepde okan ýyllarynda hem ol halk teatrynyň işine işeňňir gatnaşýardy. Uniwersiteti tamamlap gelenden soň ýenede mekdepde mugallym bolup bile işledik. Onuň ýolbaşçylyk ukybyny nazarda tutup, mekdebiň müdiri edip bellediler. Ol etrap Medeniýet öýünde halk teatrynyň ýolbaşçysy bolup hem zähmet çekdi. Şeýle hem ol çäreleriň, toý-dabaralaryň ussat alyp baryjysydy. Aýratyn hem şahyrlar Atamyrat Atabaýewiň, Orazguly Annaýewiň, Nobatguly Rejebowyň, Tagan Söhbetowyň, Atajan Annaberdiýewiň goşgularyny ýat tutardy we şeýle bir özüne çekiji labzy bilen okardy welin, diňleýjiler uzak wagtlap el çarpardylar. Annamuhammediň ýazyjy Aşyrberdi Kürt bilen ýegre dost bolandygyny hem aýdyp geçesimiz gelýär. «Edebiýat we sungat» gazetinde Annamuhammediň çap bolup çykan satiriki goşgulary Aşyrberdi Kürtüň «eleginden» geçýärdi. Annamuhammet bir gün meniň ýanyma geldi-de, Saadynyň şu goşgusyny labyzly aýdyp berdi. Az zat bilen oňmak — dogry ýörelge, Bol sen bu babatda ile görelde. Dürli-dümen şerden doly dünýäde, Kanagatly bolmak iň zerur kada. Kanagatly adam (senem bil şuny), Arabaly kowalap tutar towşany. Kanagatly adam bir dirhem pula, Garnyny doýurar daşýany bile. Men: — Annamuhammet, bir zada diýjek bolýaň! Hany, bu goşgynyň hikmetini hem aýdyp goýber — diýdim. Ol: — Menä pensiýa çykdym — diýdi. — Gowy edäýipsiň! Janyňa näme ýarasa şony edibererler... Şondan soň uzak wagt geçmänkä mähriban dostumyz, çagalar şahyry Annamuhammet Nutyýew biz bilen baky hoşlaşdy. Dürli ýyllarda metbugat sahypalarynda goşgulary bilen yzygiderli çykyş eden şahyryň şahsy arhiwinde galan goşgularynyň birini okyjylara hödürlemegi makul bildik. Öwezgeldi MÄTEROW, Murgap etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri. ■ Gizlenen telpek Batyr bilen atasy, Otluda gidip barýar, Belent-belent jaýlaram, Göçünden ýitp barýar. Kellesini aýnadan, Çykardy ol daşyna. Şuwlap gelýän şemalam, Urup durdy başyna. Atasy assa basyp, Bardy onuň ýanyna. Telpegin i aldy-da , Saldy donuň synyna. Mundan habarsyz Batyr, — Ata! — diýip gygyrdy. — Şemal aldy telpegmi — diýip, müzzerip durdy. Atasy ýylgyrdy-da: — Aýdym aýdyp ber! — diýdi. — Aýdyp bolan badyňa, Telpek geler, gör! — diýdi. Aýdyp bolan badyna, Telpek taýyn bolaýdy. Niredendir bir ýerden, Uçup-gonup geläýdi. Batyrjyk haýran galyp, Esli pikire batdy. — Telpek nirden geldikä? — diýip, aýna seretdi. Birden hasyrdap gelip, Atasynyň gaşyna, Telpegini aldy-da, Zyňdy otlyň daşyna. — Hany, ata, senem bir, Aýdym aýdyp ber — diýdi. — Aýdyp bolan badyňa, Telpek geler, gör! — diýdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |