■ ARKADAGLY WATANYMDA
Owaz edýär dutar, gyjak,
Arkadagly Watanymda.
Ýollar — ýagty, günler — ajap,
Arkadagly Watanymda.
Gökde Güneş gülüp bakýar,
Dostluk ýoly dünýä çykýar,
Gülleýär, gül açýar ykbal,
Arkadagly Watanymda.
Umytaly GURBANOW,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 130-njy orta mekdebiň okuwçysy.
* * *
■ BITARAP TÜRKMENISTAN
Gadamy bedew batly,
Bitarap Türkmenistan.
Ösüşi şan-şöhratly,
Bitarap Türkmenistan.
Ak ýollar bagta sary,
Parahatlyk — şygary,
Belentde ýaşyl Tugy,
Bitarap Türkmenistan.
Rowaçlygyň Watany,
Ak daňlaryň atany,
Ýurduň bagta ýeteni,
Bitarap Türkmenistan.
Şirmyrat NURMYRADOW,
Sakarçäge etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň okuwçysy.
* * *
■ BITARAP DIÝAR
Bitarap Türkmenistan,
Adyň dilimde dessan.
Goýny gül-gülälekli,
Ýurdum bar bagy-bossan.
Eziz Arkadag bilen
Halkym boldy bagtyýar.
Beýik ösüşler bilen,
Öňe barýandyr Diýar.
Sülgün WELIHANOWA,
Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň okuwçysy.
* * *
■ JAN EJEM
Bu gün seniň baýramyň,
Gutlaýaryn, jan ejem!
Toýdan bolsun her günüň,
Gutlaýaryn, jan ejem!
Aýdym bilen, saz bilen,
Bir ajap owaz bilen,
Gül çemenli ýaz bilen,
Gutlaýaryn, jan ejem!
Gül-gülälek elimde,
Bekäp ylym-bilimde,
Ajap sözler dilimde,
Gutlaýaryn, jan ejem!
Gülzada ABDYÝEWA,
Esenguly etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň okuwçysy.
* * *
■ BUÝSANJYM
Öwrülip dur aýdyma,
Arkadaga buýsanjym.
Dönüp göwün şadyma,
Arkadaga buýsanjym.
Ýürekden çykýar, bilseň,
Göýä eşrepi, melhem.
Maňa berip dur ylham,
Arkadaga buýsanjym.
Aly AZADOW, Aşgabat şäherindäki 98-nji orta mekdebiň okuwçysy.
■ ÝAGYŞ
Bakdym daşaryk,
Ýagyp dur ýagyş.
Penjirelere
Çekipdir nagyş.
Daş-töweregi,
Suwaryp kemsiz.
Bulutlar zähmet
Çekýär dynuwsyz.
Ýagyş diňensoň,
Ajap töwerek.
Ak telpeklije,
Çykdy kömelek.
Leýli ÝAGMYROWA,
Görogly etrabyndaky 56-njy orta mekdebiň okuwçysy.
* * *
■ BAHAR GELSE
Jümle-jahan geýner ýaşyl,
Biziň ile bahar gelse.
Göwünler galkynar joşup,
Biziň ile bahar gelse.
Bagda bilbil nagma kakýar,
Gökde Gün ýylgyryp bakýar,
Ýere bak, kömelek jyklar,
Biziň ile bahar gelse.
Çeper jOMARTOWA,
Halaç etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň okuwçysy.
* * *
■ ÝAZ GÖZELLIGI
Daş-töwerek beslenipdir güllere,
Şatlygyny paýlap geldi bahar-ýaz.
Nurun çaýyp tebigata, günlere,
Bagda guşlar paýlaýar heň, şirin saz.
Gezelenje çyksaň ak şähermize,
Gözelligin synlap ganmaz gözleriň.
Ýaz görküni paýlap, her sähermize,
Bezäp çykdy ähli depe-düzleri.
Jahan KULBAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 142-nji orta mekdebiň okuwçysy.
* * *
■ MERJEN DÄNESI
Bitaraplyk mekanynda, bagtyýar,
Garaşsyz Diýaryň merjen dänesi!
Ertirleriň has aýdyň bor, ýagty bor,
Garaşsyz Diýaryň merjen dänesi!
Gahryman Arkadag — beýik görelde,
Kitaplary ak ýollara ýörelge,
Dünýä seni ýüze sylýar görende,
Garaşsyz Diýaryň merjen dänesi!
Humaý HANOWA,
Mary etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň okuwçysy.
■ EJEM BILEN
Arzuw-umytlaryn goşup nagşyna,
Eziz ejem bilen haly dokaýan.
Gölleri bar meňzeş Günüň dogşuna,
Eziz ejem bilen haly dokaýan.
Her çitimi ýaz gülüni ýatladar,
Darak sesi gün geldikçe batlanar,
Gözelligin görüp, göwnüm şatlanar,
Eziz ejem bilen haly dokaýan.
Leýli AKMÄMMEDOWA,
Bäherden etrabyndaky ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdebiň okuwçysy.
■ WATANYM
Güller açylyp dur sähra-çöllerde,
Seniň adyň joşup çykýar dillerden,
Arkadagym bilen bagtly biz günde,
Şirin dilim saýrar «Watanym» diýip.
Aýşat BAÝRAMMYRADOWA,
Darganata etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň okuwçysy.
Çagalar edebiýaty