05:19 Çagalygymyñ remezanlary | |
ÇAGALYGYMYÑ REMEZANLARY
Ýatlamalar
Mübärek Remezan aýyny şatlyk-şagalañ bilen garşylamak däbi meniñem çagalygymyñ iñ ýakymly ýatlamalarynyñ biridir. Remezan aýynyñ başlanmagyna birnäçe gün galanda garşylama seremoniýasy başlardy, asmana tüpeñ atylardy, oýunlar oýnalardy, zikirler çekilerdi. Şodur-şodur, hakydamda remezan aýratyn bir joşgun bolup galdy. Her Remezan aýynyñ öñüsyrasynda çagalygymdan galan şol joşgunyñ we remezan şatlygynyñ süññümde at salýandygyny syzýaryn. Metjitlerde köpçülik bolup ýatdan Gurhan okalardy. Öñki Gurhan okaýyşlaryñ bir tapawutly tarapy bardy: Şonuñ üçin ene-atalar çagalaryny "Okama yşky" diýip söýgülärdiler… Bir kitabyñ daşynda birnäçe hapyzyñ döwre gurup oturmagy mukaddes kitaba goýulýan hormatyñ nähili uludugyny görkezýärdi. Öñler her öýde azyndan bir Gurhan, bir "Sahyh Hadys" kitaby, Pygamber ependimiziñ (s.a.w) manzum öwgüsi bolan "Muhammediýe", "Ylmyhal" we "Möwlit" bolardy… Baryp-ha Osman Gazynyñ döwründen bäri Remezan aýynyñ ilkinji ongünlüginde köşkde patyşanyñ huzurunda “Huzur dersleri” geçirilipdir Munuñ biziñ günlerimizdäki ady "Beýin harasadydyr" (“Beyin fırtınası”) … Maksat - alymlaryñ arasynda umumy düşünjäni döretmekden, aýratynam patyşany ylmy taýdan kämilleşdirip, onuñ gözýetimini giñeltmekden ybarat bolupdyr. “Mukarrir” ady berilen alymlar öñden kesgitlenip goýlan meseleleri patyşanyñ huzurynda orta atypdyr, “muhatap” (garşydaş, bäsdeş) diýilýän jedelkeşler bolsa sorag barsyny ýagdyryp ugrapdyrlar. Orta atylan her bir meseläni üýşüp düşünşipdirler, aram-aram patyşa-da çekişmä goşulypdyr. Pikiriñi beýan etmek doly erkin ýagdaýda bolupdyr. Huzur dersleri köşk zallarynyñ birinde öýle bilen ikindin aralykda geçirilipdir. Dersler köplenç iki sagat dowam edipdir. Mukarrirleriñ jüpbeleri (donlary) gara, muhataplaryñky mawy reñkde bolupdyr. Ramazan gijeleri özüni oñarýan maşgalalarda "Muhammediýe" okalypdyr, salat-y-salam çekilipdir. Garrylarymyz Remezany arman bilen gujaklaýardylar, bizem arman bilen gujaklaýarys. Köçä çykyp bilmesegem halkymyz şol öñki şatlyk-şowhun bilen garaşýar hemişekisi ýaly. Çünki hamyrmaýamyz bitewi.… Aýtmaga dilim barmaýar, emma ýakyn taryhda bu joşgunly garşylaýyşyñ arasy üzülipdi… Remezanlaryñ joşgunyny halk ýakyn taryhda-da şol durkuny saklap garşylaýardy, emma intellektual gatlagyñ piñine-de däldi. Döwlet diýseñ görmedikden bolýardy, döwlete garaşly toparlarda-da ýagdaý öwerlik däldi… Hususanam käbir gazetler we ýazyjylar… Din işleri ministrligi diýilýän gurama şol wagtam bardy… Köne gazetleri dörenimde, kyrkynjy ýyllaryñ gazetleriniñ birinde remezan habarynyñ soñky sahypalaryñ bir çüñkünde berlişini görüp haýran galypdym. Bu boluş halkyñ ruhy-medeni gymmatlygyny göz-görtele äsgermezlikden edilýän zatdy. Habaryñ sözbaşysy şeýledi: “Ertir musulmanlaryñ Oraza aýy başlaýar”. Çaklañja ýazylan gazet makalalaryna göz aýlanymda, käbirleriniñ Remezany ýañsylaýandygyny, bir awtoryñ “Remezandan janymyzy hallanladyp zordan çykdyk” diýip başlaýan ýañsylaýjy baýram gutlagyny okanymda özümi diýseñ erbet duýupdym… Gazetler “Remezan sahypasy” taýýarlamak, goşmaça "Remezan neşirini" bermek beýlede dursun, Remezana degişli oñaýly birküç jümle berenokdylar… Radioýaýlymda “Ynanç dünýäsı” gepleşiginden başga ýerde diniñ ady-da tutulmazdy, hatda radiolarda Kuran-da okalmazdy... Yavuz BAHADYROGLY, yavuzbahadiroglu@yeniakit.com.tr 09.05.2020 ý, "Yeni Akit" gazeti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |