15:41 Ölümden uly öli barmy? | |
ÖLÜMDEN ULY ÖLI BARMY?
Filosofiýa
Köpçülikleýin ýokanç kesel (pandemiýa däl) sebäpli ýygy-ýygydan ölüm habarlaryny eşidýäris. Ölenleriñ käbirleri tanymal kişiler. Ýoldaşlary merhum pahyry öwüp arşa çykarýarlar… Dirileri çäksiz öwgä mejbur edýän zat, megerem, adamyñ ölümiñ garşysynda duýýan çuññur çäresizliginden we merhuma dirikä beren ezýetleriniñ öwezini dolma arzuwyndan gelip çykýan bolmaly… Ýagny, yrzalaşma, hoşlaşma... Juda beýik adamdy diýerler… Juda işbaşarjañdy… Ajaýyp ynsandy... Işeññirdi... Erjeldi... Durnuklydy... Juda batyrgaýdy... Hemmetaraplaýyn gowudy... Juda ukyplydy... Juda owadandy... Gelşikli adamdy... Diýseñ şadyýandy, şähdaçykdy... * * * Üns beriñ, hemmesi “dy” we “di”… Ýagny, gutardy... Ýagny, öldi! * * * Adam ölenden soñ, dünýädäki wezipedir derejeleriniñ gutaryşy ýaly, onuñ ähli häsiýetli aýratynlyklary, sypatlary hem gutarýar… Dünýewi bolan barça zat yzda galýar… Baha berme kriteriýalary-da, tebigy ýagdaýda üýtgeýär… Meselem, “Gowy adammydy?” diýip soralar. Emma kimdir biriniñ hakyky manyda “gowumy” ýa “erbetmi”, ony özgeler kesgitläp bilmez. Bu kesgitlemäni diñe we diñe Allatagalanyñ özi berip biler: Allanyñ kesgitlemesi bolsa, öz buýrugynyñ şertine laýyklykda bolansoñ, dünýewi kriteriýalara görä däldir… Ýagny, hernäçe işbaşarjañam bolsañ, hernäçe ilden durnuklam bolsañ, hernäçe ilden artykmajam bolsam, bularyñ hiç birisine seredilmez… Allatagala goýan hökümlerine görä ýaşap-ýaşamandygyña sereder. Hökümler belli: Ilki bilen “Amentunyñ” içinde näme bar bolsa, soragsyz-sowalsyz iman… Bulara tassyknama manysynda-da “Keleme-i şahadat…” Soñra namaz… Oraza… Haj… Zekat… Ömründe ýeke gezek namaz okamadyk, ýeke gün agzyny beklemedik kimdir birine “gowy adamdy” diýilýän bolsa, bilip goýuñ, bu berlen baha ahyretde hiç bir derege ýaramajak dünýewi kesgitlemedir. Onuñ ne dirilere, ne ölene berjek zerre peýdasy ýok. Şonuñ üçin ölüm iñ uly ybratdyr, sapakdyr! Ybrat almak nukdaýnazaryndan bu kesgitlemäni gözden sypdyrmazlyk lazym… Öwgi ýerine “Fatiha” ("Elham") okamagyñ has gowy boljak mümkinçiliginde gezip ýörendigimizi-de ýatdan çykarmañ. (Hemme wagt hemme adama beýle mümkinçilikler döräbem durmaýar). Elbetde, "Ýatan ýeri ýagty bolsun" diýmegiñ ýerine-de "Nur içinde ýatsyn!" diýseñiz hasam gowy bolar. Ýawuz BAHADYROGLY, yavuzbahadiroglu@yeniakit.com.tr 05.05.2020 ý, "Yeni Akit" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||