15:58 ...Çagasy | |
...ÇAGASY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Alaguş — elguşuň çagasy; Çebşek — towşanyň çagasy; Etene — garlawajyň, bürgüdiň, gumrynyň çagalary — ýumurtgadan çykan wagty ýeleksiz bolýanlar; Gijen — pişigiň çagasy; Goduk — gulanyň çagasy. Bu at «Gulan başyna gaý düşse, godugyna garamaz» diýen nakylda hem saklanyp galypdyr; Göle — sygryň, sugunyň çagasy. Bu sözüň dilimiziň şiwelerinde «tana, öjek, höjek» ýaly aýdylyşyna hem duş gelinýär; Guzy — goýnuň çagasy; Güjük — itiň çagasy; Itbalyk — gurbaganyň çagasy; Jüýje — towugyň, käkiligiň, ördegiň çagalary — ýumurtgadan çykan wagty ýelekli bolýanlar; Köşek — düýäniň çagasy. Köne türkmen dilinde «köşek» sözüne derek «bota» sözi hem ulanylypdyr. Bu söz «Düýe garrasa botasyna eýerer» nakylynda saklanyp galypdyr. «Düýe botlapdyr» aňlatmasy hem «bota — köşek» sözündendir; Kürre — eşegiň çagasy; Merdek — aýynyň çagasy; Owlak — geçiniň, keýigiň çagasy; Şirbeçe — ýolbarsyň çagasy. Magtymguly Pyragy «Aý-günüňiz batmaga» atly şygrynda: «Şir beçesi togsan tilkä atdyrmaz» diýýär; Taý — ýylkynyň çagasy. Köne türkmen dilinde bu sözüň «gulun» nusgasy hem duşýar. Şol sebäpli hem «baýtal gulunlady» diýilýär; Tokar — keýigiň çagasy; Toýçy — tomzagyň çagasy; Tula — şagalyň çagasy; Üzit — möjegiň çagasy. Alyp-ýolup barýan çagalara «üzit ýaly» diýilmesi bardyr. Gadymy türkmen dilinde möjegiň çagasyna «mamrah» diýlişi-de duş gelýär; Ýylançyr — ýylanyň çagasy; Ýylpyz — tilkiniň çagasy. Ýöne bir zadyň deşiginden düşüp, oýnap duran şöhlä hem «ýylpyz» diýilýändigini aýtmak gerek. Hereketinde uçup-gonup duran adama «ýylpyz ýaly» diýilmesi hem bardyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 7 | |||||||
| |||||||