MÖMINLERIŇ EMIRI, MUSULMANLARYŇ YMAMY ILKINJI HALYPA ABU BEKR SYDDYGYŇ PÄHIMLERI
Akylly, alym adama ezýet berjek bolsaň, ony samsyk, nadan adam bilen söhbetdeş edäýmelidir.
* * *
Başga adamlara zyýany ýetmeýän bolsa, onda akylly adamyň mekirligi, samsyk adamyň bolsa samsyklygy, has gowudyr.
* * *
Yhlassyz edilen toba kezzaplaryň tobasydyr.
* * *
Samsyk adamyň ýalňyşlyklaryny akylly sapak edinmelidir.
* * *
Günä işi höwes bilen etmek iki günädir.
* * *
Geçirimli adam uzak ýaşaýandyr.
* * *
Eger kalbyňa dynçlyk, başyňa rahatlyk isleseň, gürläniňde gürleýän zadyňa gowy akyl ýetirip gürle, ýa-da dym.
* * *
Mömin diline berk bolmaly. Onuň ähli ybadatyny biderek etjek zat onuň dilidir.
* * *
Eger kimdir biri owadan gürleýändigine buýsansa, sen az sözlüligiňe ýa-da dymmalygyňa buýsan.
* * *
Eý, Allam! Menm saňa ybadat etmekden güýmejek zatlardan özüň gora.
* * *
Şeýtana iň ýigrenji görünýän kişi ýag¬şy häsiýetli alymdyr. Alym gürlese, ylymly gürleýär. Dymsa ýagşy häsiýeti bilen dym¬ýar. Şeýtan: «Alymyň dymmagy maňa onuň gür¬lemeginden agyr degýär» diýipdir.
* * *
Adam Allanyň şekiliniň nähilidigini biljek bolman, onuň bardygyna, ýeke-täkdigi¬ne ynanmalydyr we oňa ybadat etmelidir.
* * *
Adamyň kalbynda hakykat orun tutanda, ol ýagşy işler eder we jennete girer. Adamyň kalbynda ýalançylyk orun tutanda, ol ýaman we günä işleri eder, dowzahdan özüne mekan tu¬tunar.
* * *
Allatagala Muhammet alaýhyssalamy misli nur saçýan aý ýaly ýaratdy.
* * *
Mejlisde köp gürlegen dil, adamy pes eder.
* * *
Eý halaýyk! Ýanyp duran ody öçürmäge ça¬lyşyň, ýagny namaz okap, haýyr işler edip dowzahdan daşlaşyň.
* * *
Eý, Allam! Senden geçirimlilik etmegiňi dileýärin. Gapyl bolmakdan özüň gora. Ýü¬regime ýagşy niýetleri guý. Senden başga Hudaý ýokdur.
* * *
Duşmançylyk miras geçýändir.
* * *
Allatagala haram iýip ýaşan bedene jen¬ne¬ti haram etdi.
* * *
Eger erbet işler köpelse, diýmek seniň hak, haýyr işleriň azalandyr.
* * *
Diliňi diňe dogry sözlemäge endik et¬dir.
* * *
Iň ýagşy amal adyllykdyr. Ol ähli haýyr işleriň seresidir. Adyllyk edýänem, adyl¬lyk edilýänem ýagşy işiň başyny tutýan adamlardyr. Zulum iň erbet işdir. Ol ýaman işleriň seresidir. Zulum edýänem, zulum et¬mäge ýardam berýänem ýaman işleriň başyny tutýan adamlardyr.
* * *
Ajy günleri süýjä öwürýän sabyrdyr, ta¬kat-lylykdyr.
* * *
Aç wagty nahara topulýan, dok wagty haýalla-ýan adamdan häzir boluň.
* * *
Myhmana ýagşy hyzmat edýän adam ene-atasyndan iň gowy terbiýe alan kişidir.
* * *
Adam¬laryň ähli göreşleriniň, gapma-gar¬şy-lyklaryň aňyr¬syn¬da bir bähbit ýatandyr.
* * *
Tamakinçiligiň soňy heläkçilige eltýän¬dir.
* * *
Kim Allany tanasa ony söer, kime bu dün¬ýäniň syrlary aýan bolsa, ol ybadata berler.
* * *
Hökümdar ynsapsyz bolsa, ýurt harap bo¬lar.
* * *
Diňe söz bilen däl-de, iş ýüzünde-de adyl bolmalydyr
* * *
Allanyň ýanynda iň üstün bolan ynsan ha-kykatyň içine çümen, dogruçyllygy ýaýradýan we öz dogry garaýyşlary bilen ýyrtyklary ýamaýan kişidir.
* * *
Kararyň maslahatdan soň, ylalaşygyň çe¬ke-leşikden soň bolsun.
* * *
Kimde üç zat, ýagny zulum, sözüňde dur¬maz¬lyk we mekirlik bar bolsa ol adamdan go¬wu¬ly¬ga garaşmaň.
* * *
Kim ylymdan bir zat öwrense, onuň bilen amal etsin ýa-da etmesin, onuň bu öwrenen ylmy müň rekat namaz okamakdan haýyr¬ly¬dyr.
* * *
Ýagşy amallar ynsanyň kalbynda dö¬re¬me¬gi mümkin bolan ýaman niýetleri ýok eder.
* * *
Ruhy ejizlik ynsanyň akylynyň gan¬da¬ly¬dyr. Ruhy ejiz ynsan akyly özüne ýaran tutunyp bilmez.
* * *
Ynsan diňe Allanyň Beýikligine, ýeke-täkligine we ähli janly-jandaryň, külli äle¬miň ýaradyjysydygyna göz ýetirende özü¬niň kimdigine göz ýetirer.
* * *
Іlümiňi ýatla, onuň gaşyňa geljegini unut¬ma. Diňe şeýle etseň ömürlik, baky ýaşa¬¬ýyşa ýetersiň.
* * *
Sabyr-takatlylyk ynsana kynçylyk ge¬tir¬mez, gys-san¬maç¬lyk¬dan hem hiç hili peýda bolmaz.
* * *
Іlümiň öňüsyrasynda bolup geçýän zatlar örän agyrdyr. Emma ölümden soňky hady¬sa¬lar has gorkunçdyr.
* * *
Gaýgy-gamly halatyňda we kynçylyga dü¬şe¬niňde Muhammet alaýhyssalamy we onuň başyndan geçiren günlerini ýatla. Şeýle et¬seň seniň gaýgy-gamyňdan nam-nyşan gal¬maz.
* * *
Eger sizden! «Haýsy günä işleriň jezasy tiz bildirer?» diýip, sorasalar onda: «Ga¬ryn¬daşlar bilen araňy üzmek we aşa ta¬ma¬kinçilik» diýip jogap beriň.
* * *
Eger baýlyk ondan peýdalanyp bil¬me¬ýä¬niň elinde, gylyç ony ulanyp bilmeýän es¬ger¬de we pikir ony gündelik durmuşynda ulan¬maýan ynsanda bolsa bu dünýäniň iş¬le¬ri¬niň bulaşandygynyň aýdyň subut-na¬ma¬sy¬dyr.
* * *
Guş miweli daragta gonup, daragtyň mi¬we¬sinden iýse-de soňra özüne nämäniň ga¬raş¬ýan¬¬dygyndan bihabardyr.
* * *
Allatagala ynsana nämäni wada etse, wa¬da¬synda tapyldy. Sebäbi Alla ähli zady özüne tabyn edip bendesiniň kalbynda ybadata bo¬lan söýgini döretmek isledi.
* * *
Allatagala ynsana dogry ýol salgy berdi. Emma pyssy-pujurlygy terk edip, haýyr-yh¬san etmegi onuň öz erkinde goýdy.
* * *
Bela gelende sabyr edip çydagyn. Sebäbi indiki bela-beteriň ýanynda megerem bu bela ýönekeýje oýun kimindir.
* * *
Melhemiň ýara şypa bolşy kimin di¬leg¬dir doga hem bela-beteri gaýtarar.
* * *
Kalby päk ynsanyň sözi-de, gözi-de, ýüzi-de päk, arassa we nurana bolar.
* * *
Mekir, näkes we azgyn bilen ýoldaş bolan we şolardan özüne dost tutunan kişi olar¬da¬ky gylyk-häsiýeti alar we şol adamlaryň ha¬ta¬rynda görüler.
* * *
Geçirimlilik ýa-da ötünç soranyňda ýa-da gazaplananyňda sözünde degişme bolmasyn. Geçirimlilik eden adamyňa şol bir günäsi üçin täzeden gazaplanma.
* * *
Kimdir birine haýbat atanyňda kalbyňda gorky saklama.
* * *
Kimdir birine zulum-sütem ederin diýip wada etme. Beýle etmek uly günäleriň bi¬ri¬dir. Sebäbi sen eden wadaňda durmasaň kezzap bolarsyň. Eger wadaňy berjaý etseň günäkär bolup, Allanyň gazabyna duçar bolarsyň.
* * *
Bilgin, kimdir birine haýbatyňy bil¬dir¬mek üçin gaty ses bilen gygyrmak hökman däldir.
* * *
Eger haýyr-yhsan işlerden galanyňy duý¬saň, onda onuň yzyndan ýetmäge çalyş. Eger şer işleriň seniň yzyndan ýetenini duý¬saň, onda yzyňa seretmän ondan gaçmaga çalyş.
* * *
Allatagalanyň hemme zady görüp, hemme za¬dy bilýändigini hergiz ýadyňdan çykar¬ma¬gyn.
* * *
Eger kimdir biri musulman doganyna ýar¬dam berse ýa-da onuň üçin doga kylsa ol kişi Allanyň mähir-muhabbetine duçar bolar we Allatagala oňa rehim eder.
* * *
Dogruçyllyk — salamat, kezzaplykdyr, ýalan-çylyk bolsa hyýanatdyr.
* * *
Namazyňy okap bolsaň, nepiliňi ýerine ýetir. Nepili okap bolsaň haýyr-yhsan edip, sadaka ber. Umuman edýän sogap işleriň zyn¬jyr kimin yzy üzülmesin.
* * *
Ýene haram iş etmezlik üçin 70 gezek ha¬lal¬lygy dilemek hem uly sogapdyr.
* * *
Haram işleri, pyssy-pujurlygy ýig¬ren¬ýän ynsan Allanyň ýagşyzada bendeleriniň bi¬ridir.
* * *
Allatagala seniň daş keşbiňi görüşi ki¬min, seniň kalbyň jümmişinde gizlin sak¬la¬ýan syrlaryňy hem bilýändir.
* * *
Nadanlykdan daşda durgyn. Sebäbi Alla¬ta-galanyň iň ýigrenýän zatlarynyň biri na¬danlyk we onuň tarapdarlarydyr.
* * *
Diňe Allatagala sygynyp, ähli hajatyny ondan dileýän ynsan, Allatagala iň ýakyn adamlaryň biridir.
* * *
Köp gürleýän adam sözüniň köp bölegini ýadyndan çykarar, bulaşdyrar we utançly ýagdaýa düşer. Her bir sözüňi oýlanyp öl¬çe¬rip-döküp, az gürläniň ýagşydyr.
* * *
Іzüň, gylyk-häsiýetiň ýagşy bolsa, il hem seniň bilen ýagşy gatnaşykda bolar.
* * *
Içiňdäki syrlary, pynhanlyklary ýat kese aýan etme, şonda gizlin duşman gazan¬mar¬syň.
* * *
Kimdir birinden maslahat soranyňda on¬dan hiç bir zady gizlemegin. Bolmasa seniň peý¬daly nesihatdan jyda bolmagyň ahmal¬dyr.
* * *
Islendik ynsanda şöhwete aýşy-eşrete is¬leg bardyr. Eger ynsan oňa sähelçe maýyl bolsa onda ol kem-kemden aýşy-eşretiň gu¬lu¬na öwrüler.
* * *
Ynsan näçe Alladan daş boldugyça kalby şonça-da zuluma we pyssy-pujurlyga endik eder.
* * *
Ynsan daşky keşbi bilen gözel bolmaga çalyşman eýsem gylyk-häsiýeti we adam¬kär¬çi¬ligi bilen gözel bolmaga çalyşmalydyr.
* * *
Hiç bir ynsanyň göwnüne degmegin. Se¬bä¬bi wagt geçse-de kalba salnan yza ömürlik galar.
* * *
Akyl, paýhas we synçylyk seni köp bela-beterden halas eder, başyňy aman saklar. Gyssanmaçlyk we nadanlyk başa bela ge¬ti¬rip, ony pyssy-pujurlyga gönükdirer we il arasynda masgara eder.
* * *
Siziň ejiziňiz meniň üçin güýçlüdir. Se¬bäbi onuň hakyny alyp berýänçäm men ondan ejizdirin. Siziň güýçlüňiz menden ejizdir. Sebäbi men ondan halkyň hakyny alyp bermelidirin.
* * *
Kä halat kalbyň owazyna diňşirgen. Se¬bä¬bi päk kalpdan çykýan owaz päk ýoly salgy be¬rer.
* * *
Ynsanyň pikiri we hereketi haýaldyr. Emma ol näçe haýal hereket etse-de her zadyň ahy¬rynyň bolşy kimin ynsan ömrüniň hem ahyry bardyr. Maksadyňyza ýetmek üçin tiz¬den-tiz haýyr-yhsan işlerini edip, başy¬ňy dik tutup ajaly garşy alyň. Sogap iş ed¬ýän adamyň bu dünýädäki ömri gysga-da bol¬sa, bakydaky ömri ebedidir. Onuň bu dün¬¬¬ýä¬de eden sogap işleriniň ýatlamasy hem ebedidir.
* * *
Kyýamat güni ynsanyň sogap işleriniň te¬rezä goýuljagy hakdyr. Möminler bu musul¬ma¬nyň terezisiniň agyr gelmegini dilärler. Soňra onuň günä işleri terezä goýlar. Mö¬min¬ler bu gezek onuň terezisiniň ýeňil gel¬me¬gini dilärler.
* * *
Allatagala parz namazyny ýerine ýetir¬me¬ýän kişiniň nepil namazyny kabul etmez.
* * *
Şu 4 sany ähmiýetli zady berjaý edýän ki¬şi, ýagny günäkär toba edende begenýän, ýolundan azaşana kömek edýän, kyn ýagdaýa dü¬şen ynsan üçin doga kylýan we päk ýürekden Alla ybadat edýän kişi hakyky mömindir.
* * *
Eger kimdir biri pyssy-pujurlyga, aý¬şy-eşrete berlip bu dünýädäki borçlaryny unutsa, onda ol adamyň duran ýerinde kelle¬si¬ni alsaň onuň üçin haýyrly bolar.
* * *
Eger men ýagşy işler etsem, onda ýerli-ýer¬den maňa ýardam beriň. Eger men ýaman işe baş goşjak bolsam, onda meniň ýoluma böwet bolup, meni dogry ýola salyň.
* * *
Allatagala özüne yhlas etmeýän, we ybadat kylmaýan kowumy halamaýar.
* * *
Ynsan köp pyssy-pujurlygy diňe Alla¬ta¬gala onuň gözüni açandan soň görüp, şonuň näderejede erbetligine göz ýetirýär.
* * *
Siz maňa, meniň Allatagala we onuň Re¬su¬ly¬na tagat kylyşym kimin tagat kylyň. Şonda men hem size Muhammet alaý¬hys¬sa¬la¬myň Allatagala tagat edişi kimin tagat ede¬rin.
* * *
Kim Allatagalanyň we onuň Resulynyň di¬ni¬ne uýsa, onda ol dogry ýol saýlap al¬dy¬gy¬dyr. Kim Allatagala we onuň Resulynyň gar¬şysyna gitse, onda ol dogry ýolun ýi¬ti¬rip, hak ýoldan daşa düşer.
* * *
Ýagşy işler edip, ýaman-şer işlerden daş¬da duran ynsanyň işleri rowaç bolup, mak¬sat-myradyna ýeter, Allatagalanyň ra¬zy¬ly¬gyny gazanar.
* * *
Ynsan aýşy-eşretden, tamakinçilikden we gahar-gazapdan daşda dursa, durmuşda uly üstünlikler gazanyp, il içinde çäksiz abraýa eýe bolar.
* * *
Zulum edilene ýardam beriň. Sebäbi zulum edilen adam ejizdir. Ejiz ynsan bolsa he¬mi¬şe kömege mätäçdir.
* * *
Gedemlikden we gopbamsylykdan daşda du¬ruň. Toprakdan ýaradylyp, ertir ýene-de şoňa do¬lanyp barjagyna gözi ýetip duran, etiniň mör-möjeklere huruş boljagyny bilýän, bu gün diri bolsa-da, ertir öljegine aň ýetir¬ýän ynsana gedemlik etmek laýyk däldir.
* * *
Sabyrly boluň, sebäbi ähli işleriň şow almagy sabyr-takata baglydyr.
* * *
Allatagalanyň we onuň resuly Muhamme¬diň wada eden zadyna ýetmäge çalşyň, ýagny haýyr işler edip, şer işden gaça duruň.
* * *
Şer iş edip jennete we haýyr iş edip dowzaha düşerin öýtmegin.
* * *
Şer işe kalbyňdan ýer bermän onuň öýüni ýumurmaga çalyş. Eger sen oňa kalbyňda ornaşmaga ýol berseň ol seniň öýüňi ýumrar.
* * * Ýerine ýetirip biljek zadyňy wada etgin. Başarmajak işiňi wada etmek ýalan sözlemekdir.
* * *
Bir söz sözläniňde näme aýdýanyňa we haýsy ýerde, näwagt gürleýäniňe üns bergin.
* * *
Namaz okap oturan adam duşmanyň bolsa-da, ol namazyny tamamlaýança oňa ezýet ber¬me¬gin.
* * *
Nätanyş öýden kömege çagyrýan ses eşit¬seň ol öý nätanyş diýip öwrülip gitmän ol ýere kömege bargyn.
* * *
Ynsan akylyny özüne dost tutunmasa ýolun¬dan azaşar we il içinde abraýdan jyda düşer.
* * *
Eger kimdir birinden maslahat sorasaň, onuň sözüne gulak goýgun. Eger onuň sözüni diň¬lemejek bolsaň, onda ilki maslahat so¬ra¬magyn.
* * *
Eger Allatagalanyň maňa akyly kem be¬ren¬digini sähelçe duýan bolsam, onda sogap ga¬zanmak üçin jyhada çykardym.
* * *
Duşmanyňy paş edýän aýbyny bilseň-de, ol aýby tä ölýänçäň gizlin saklagyn. Kim¬dir biriniň aýbyny aýdyp ondan üstün bol¬mak mert kişiniň işi däldir.
* * *
Serkerde we ymam halkyň öňüne düşýän adamlardyr. Şonuň üçin olar özüniň hüý-häsiýeti, ahlagy we özüne seredişi bilen adamlara görelde bolmalydyrlar.
* * *
Serhediňi giňeltmek we uly ýeňişler ga¬zan¬mak isleseň esgerleriň göwnüni tap we ola¬ryň arasynda abraý gazan.
* * *
Durmuşyň kynçylygyndan gaçmaň. Emma özüňize kynçylyk döretmäge-de çalyşmaň. Durmuşyň kynçylygy saňa durmuşyň süý¬ji, lezzetli taraplaryny aýan eder.
* * *
Adamlara zulum etmegin. Allanyň ýanyna do-lanyp barmalydygyňy hergiz ýadyňda sak¬la¬gyn. Ynsana nähak zulum eden Allanyň ga¬za¬byna duçar bolar.
* * *
Alla ynanyp, diňe ondan kömek soragyn. Allatagala seni lapykeç etmez.
* * *
Ynsan howpsuzlygy, ýagny onuň sag-sala¬mat durmuşda ýaşamagy iň uly eşretdir.
* * *
Ylymly, düşünjeli we paýhasly adam¬la¬ryň söhbetdeşligi iň lezzetli söh¬bet¬deş¬lik¬dir.
* * *
Haýyr-yhsan edeniňde: «Şu sogap meniň ömrümde iň soňky we şonuň netijesinde ahyretim belli bolýar» diýip pikir et.
* * *
Adamlary öz tarapyňa ýagşy ahlagyň bilen çekgin. Emma haýyr işe gönükdirmek üçin olary maly-dünýä bilen hem öz tarapyňa çek¬mek aýyp däldir.
* * *
Zalymlar kyýamat güni özlerine nämeleriň garaşýandygyna we Allatagalanyň bardygyna göz ýetirerler. Emma ol gün olaryň ahmyry giç bolar.
* * *
Watan, ar-namys üçin janyňy gurban eden¬leriň jesedini ýuwmaň. Ol diňe gan däl-de eýsem watana bolan söýgüdir.
* * *
Hökümdar hökümdarlyga geçmezden öň özüne nähili gatnaşyk edilmegini isleýän bolsa hökümdarlyga gelenden soň adamlar bilen hem şonuň ýaly gatnaşyk etsin.
* * *
Ynsan Allatagala näçe yhlas edip ybadat etse-de, ony adam edip ýaradanynyň öwezini dolup bilmez.
* * *
Allatagala ýeke-täk we şäriksizdir. Ўhli haýyr we şer işler Alladan gelýändir. Yn¬san Alladan haýyr gelende şükür, şer ge¬len¬de sabyr etmelidir.
* * *
Diňe nämedir bir zada şaýat bolanyňda gür¬legin. Başga wagt dymgyn. Dymmaklyk yn¬¬sanyň başyny köp külpetden aman saklar.
* * *
Şaýatlyk edeniňde ýakyn adamlaryňa zyýan hem bolsa dogry sözlegin. Sebäbi Allatagala ähli zatlara şaýatdyr.
* * *
Allatagala ybadat edip, onuň salgy beren ýoly bilen ýöregin. Sebäbi sen ony görmeseň hem ol seni görýändir we seniň ähli he¬re¬ket¬leriňi dolandyrýandyr.
* * *
Eger kim Muhammede ybadat edýän bolsa on¬da Muhammediň bu dünýäden ötendigini özüne ybrat edinip, diňe Alla ybadat etsin. Sebäbi islendik adamyň başynda ölüm bar¬dyr. Alla bolsa hemişe diridir we bakydyr. Ybadat diňe Beýik Alla, ýagny älem-jahany we külli janly-jandary ýaradana edil¬me-li¬dir.
* * *
Ynsan hem Allanyň ýaradan beýleki jan¬dar¬lary kimindir. Emma Alla ynsany olar¬dan tapawutlandyrmak üçin oňa akyl nyg¬ma¬ty¬ny peşgeş berdi.
* * *
Bu dünýäde we ahyretde zalym Allanyň ga¬za-byna, zulum edilen bolsa Allanyň ýalka¬wu¬na duçar bolar.
* * *
Musulman nädereje akylly bolsa-da, aky¬ly¬na we zehinine daýanyp Allanyň emrinden we onuň kitabyndan daşa düşmesin. Yn¬sa¬nyň akyly bilen Allanyň akyly deň däl¬dir.
* * *
Daň bilen turup, Alla ybadat edip, ha¬ýyr-yhsan etmegi kalbyna düwen ynsan Al¬la¬nyň penasynda aman gezer.
* * *
Men [Abu Bekr] Muhammet alaýhyssalamyň yztutarydyryn. Menden soň hem Resu¬lyl¬la¬nyň yztutarlary halypalyga geçer. Olaryň äh¬lisi hem yslamyň tuguny beýikde par¬la¬dyp, musulmanlaryň bähbitlerini gorarlar we yslam dinini dünýä ýaýyp, döwletimiziň çäk¬lerini duşmandan gorarlar.
* * *
Men [Abu Bekr Syddyk] hem ýalňyşyp
ýa-da säwlik goýberip bilerin. Emma siz meni bu säwlikler ýa-da ýalňyşlar üçin kö¬tek¬lemän maňa olary düzetmegi ündäň.
* * *
Gylyç ýönekeý demir hem bolsa ondan kim¬se üçin gyrmyzy ganyň ysy, kimse üçin bolsa parahatçylygyň hoşboý ysy geler.
* * *
Haýyr-yhsan etmek üçin hiç haçan ir däl¬dir. Sebäbi ajal ynsanyň ökjesinde ki¬min¬¬dir. Islendik wagt ol panydan baka göç edip biler.
* * *
Ylym eýelerine deňizdäki ähli balyklar, ýer ýüzündäki guşlar, suw we gury ýer jan¬dar¬la¬ry, öý haýwanlary baş eger.
Sebäbi ylym kalplary nadanlykdan halas edýän nur, gözleri garaňkylykdan halas ed¬ýän aýdyňlykdyr. Bedenleri ejizlikden ha¬las edýän güýçdür.
* * *
Ylymsyz ybadat edýän ybadathon, göýä yzy¬ny üzmän aýlanyp duran degirmen eşegi ýalydyr.
* * *
Baýlygyň belli bir mesgeni ýokdur.
* * *
Kim çagalykdan ylym almasa, ulalanda ylym sungaty bilen abraý gazanyp bilmez.
* * *
Eý, halaýyk! Päk ýürekli boluň, şeýt¬se¬ňiz, ýerde sylanarsyňyz, asmanda bolsa ja¬ýy¬ňyz jennet bolar.
* * *
Egin-eşik adamy görk-görmekli gör¬kez¬ýän¬dir. Adamyň garypdygyny ýa-da baý¬dy¬gy¬ny onuň geýen egin-eşigi boýunça kesgit¬le¬ýän¬dirler.
* * *
Aýşy-eşret, şöhwet köp adamlar üçin duzakdyr. Oňa düşen aňsat-aňsat sypyp bil¬ýän däldir.
* * *
Gürläniňde diliňe, geýneniňde bolsa ly¬ba¬syňa üns ber. Sebäbi adamyň gürlän sözi boýunça onuň kimdigini we egin-eşigi bo¬ýun¬¬ça onuň nähili adamdygyny bilmek bol¬ýar.
* * *
Ýürekden Allatagala ybadat etmek we bu dünýäniň aýşy-eşretinden daşda durmak iň lezzetli zatdyr.
* * *
Hassanyň halyny soramaly, onuň göwnüni tapmaly.
* * *
Adam üç zatdan, ýagny garyplykdan, kesel¬den we dowzahdan daşda bolsa gowudyr.
* * *
Käbir adamlaryň keselden gorkup, nahar saýlap iýmekleri, emma dowzahdan gorkman günä iş etmekleri, meniň üçin geň.
* * *
Baý adam üçin baýlykdan jyda düşmek iň agyr jezadyr.
* * *
Kim özüni baýlykdan daşda saklasa, diý¬mek şol adamyň öz dinini, ar-namysyny go¬ra¬dygydyr.
* * *
Baýlygy söýýän adam onuň lolysyna öw¬rü¬ler.
* * *
Musulman sogap işler hakynda köp gür¬läp, baýlygy hakynda az gürlese ýagşydyr.
* * *
Iň baý adam eli hünärli adamdyr.
* * *
Eý, Allam! Sen maňa özümden hem belet¬siň. Men bolsa özüme özgelere görä belet¬di¬rin. Eý, Allam! Іzgeleriň bilmeýän zady üçin meniň günämi geç, bularyň aýdýan zady üçin maňa we bulara ezýet berme!
* * *
Biderek oýun-degişmeden, süwümsiz gülkü¬den daşda duruň. Ol iki gapy ýalydyr. Eger-de sen degişme gapysyndan girseň, çykaňda, uruş-sögüş gapysyndan çykmaly bolarsyň.
* * *
Adamlary oýundyr degişmeden, gülküden sak¬laň! Sebäbi köp gülmeklik akmaklyga elt¬ýän¬dir.
* * *
Eý, Allam! Eger meniň eden günä işlerim, sogap işlerimden köp bolsa, sogap işlerim günä işlerimden agdyklyk edýänçä, meniň ja¬nymy alma!
* * *
Diňe akyly ýerindäki adam hemişe ölü¬mi¬ni ýatlap, günä işlerden saklanyp gezýändir.
* * *
Merhumy ugratmak sogapdyr, jynaza na¬ma¬zyna durmak sünnetdir, bu ýagdaýlary görüp kalbyňa galpyldy, gorky aralaşmagy parz¬dyr.
* * *
Alla ybadat ediň we näçe haýyr-yhsan et¬se¬ňiz-de, onuň rehmet etmegini diläň.
* * *
Sabyr-takat imanyň ýarysydyr.
* * *
Alla ynanmak kämil imandyr.
* * *
Musulman musulman doganyny maly we ru¬hy taýdan goldamalydyr, oňa mätäç halynda ýar¬dam bermelidir.
* * *
Allatagala Іzüne ybadat we bendelerine haýyr-yhsan edýänler bilendir.
* * *
Hökümdar hazynadaky malyndan raýat¬la¬ry¬na sadaka paýlamalydyr. Haýyr-yhsan edýän hökümdar Alla ýakyn adamlaryň biridir.
* * *
Raýatlar soltanyna gulak goýmalydyr. Se¬bä¬bi soltanlyk soltana Alla tarapyn ber¬lip, ol Allanyň ýerdäki eminidir.
* * *
Alla sygynyp, diňe ondan ýardam soragyn. Ynsana Alladan başga penakär we ýardamçy boljak ýokdur.
Sözler