MÖMINLERIÑ EMIRI, MUSULMANLARYÑ YMAMY, DÖRDÜNJI HALYPA ALY IBN ABU TALYBYÑ PÄHIMLERI
Eger ýapynja bolmadyk bolsa, hakykatyň nämedigini bilmezdim.
* * *
Ynsan diňe ölüminiň öň ýany gaflat ukusyndan oýanýar. Emma haýp, giç, indi ne ökünç ne-de toba oňa ýardam eder.
* * *
Ynsanlaryň köpüsi ata-babalaryna meňzemek isleýärler. Emma olaryň zamany bilen ata-babalarynyň zamanynyň düýpgöter üýtgändigini nazara almaýarlar.
* * *
Ynsanyň gadryny ol ölmänkä biliň. Gadry bilinen ynsan uzak we bagtyýar ýaşar.
* * *
Her kimiň eden işine görä, bahasyny töläň, ýagny ýagşy adama ýagşylyk, ýaman adama ýamanlyk bilen jogap beriň.
* * *
Іzüniň kimdigine göz ýetiren Allanyň kim¬digine we nädereje beýikdigine göz ýeti¬rer.
* * *
Ynsanyň akyly dilindedir. Onuň akylynyň derejesine baha bermek isleseň sözüne gulak goýuň.
* * *
Dilini saklanyň dosty köp bolar. Sebäbi ynsan duşmany diliniň üsti bilen gazanýar.
* * *
Azat adam azatlygynyň gadryny bilmez. Azatlygyň nämedigini diňe gulçulygyň gandalyny dakynan biler.
* * *
Husyt adam mal-mülküniň hözirini ne özi görer ne-de başgalara görkezer. Ol baýlygyny hiç kese dözmän uly miras galdyrar.
* * *
Gürleýän adamyň sypatyna görä däl-de onuň gürleýän sözüne görä netije çykar.
* * *
Bela gelende ýa-da başyňa kynçylyk düşende sabyrly bol. Sabyr-takat üstünligiň ýarysydyr.
* * *
Bahyl adamyň işi rowaç bolmaz.
* * *
Tekepbir adam öwgi-sena we hormata mynasyp däldir.
* * *
Husyt, bahyl adamdan ýagşylyga garaşmaň.
* * *
Köp iýegen adam tebibiň ýardamyna mätäç bolar.
* * *
Ýaman gylykly adam abraý donuny geýmez. Mertebe we at-abraý diňe ýagşy edep-terbiýe alan adamlara mynasypdyr.
* * *
Ýola çykanyňda başga ýoldaş tapmasaň-da töhmetçi bilen ýoldaş bolmagyn. Ýalan töhmet etmegi başaran islendik şer işe baş goşup biler.
* * *
Içigara adamyň rahatlygy bolmaz. Sebäbi beýle ynsan yrsgalyň Alla tarapyn berilýändigine aň ýetirip bilmez.
* * *
Bahyl adamda mähir — muhabbet bolmaz. Bahyl adamyň kalby ölüp, durmuşdan lezzet alyp bilmez.
* * *
Ynsan çagasy her bir ýaman iş üçin öç, ar almakçy bolýar. Diňe beýik adamlar duşmanynyň günäsini geçmegi başarýar.
* * *
Mukaddes ýerlere zyýarat edeniňizde kalbyňyzy päkläň. Allanyň gaşyna päk kalp bilen barmadygyň zyýaraty kabul bolmaz.
* * *
Nesihat dogry ýol görkezijidir. Nesihat ynsanyň halasgäridir. Nesihat alyp başarmaýan adamdan ýagşylyga garaşmaň.
* * *
Ýalançydan, kezzapdan ýagşy amala garaşmaň. Beýle adamlara ýagşylyk etmek ýaly häsiýetler mahsus däldir.
* * *
Kezzaplygyň akybeti şer işlere, onuň akybeti bolsa dowzaha eltýändir.
* * *
Allanyň ýanynda iň hormatly adamlar oňa takwalyk edenlerdir.
* * *
Allanyň dinine tagat eden adam il arasynda uly abraý gazanar.
* * *
Akylly ynsan ony ýaradana we oňa yrsgal-döwlet berene şükür eder.
* * *
Toba etmegi özüne kiçilik bilýäne şepagat edilmez.
* * *
Ynsan üçin asudalyk, parahatçylyk ýaly zynatly lybas ýokdur. Asudalygyň lezzeti süýji şerbet kimindir.
* * *
Nadanlyk alajy ýok dertdir. Nadanlyk ynsan üçin üç-gyraksyz zulmatdyr.
* * *
Kemakyllyk ýaly kesel ýokdur. Kemakyl baran mejlisinde hemişe özüni rahat, galan ähli adamlar bolsa özlerini birahat duýarlar.
* * *
Ynsanyň dili endige görä gürlär. Paýyş sözlere endik eden, dil eýesini masgara eder.
* * *
Nadanlyk ynsanyň iň ganym duşmanydyr. Akylly adam egindeşlerini kyn ýagdaýdan alyp çykar. Emma nadan diňe bir özüni däl, eýsem, egindeşlerini-de kyn ýagdaýa sallyp biler.
* * *
Іzüniň mertebesine has ýokary baha berýänlere, ýagny tekepbirlere Alla rehim etsin.
* * *
Zol-zol säwliklere ýol bermek, eden günä iş¬leriňe ökünmezlikdir.
* * *
Ýaranyna pyssy-pujurlygy nesihat eden, onuň eden günä işlerine şärikdir.
* * *
Akyl kämil derejä ýetende ynsan az gürläp baş-lar. Akylly adam diňe hajat ýüze çy¬kan¬da gürlär.
* * *
Maksatly ynsan guşuň uçup barmaly ýeri¬ne barşy kimin maksadyna ýeter.
* * *
Ikiýüzli ynsan Ýaradanyň ýanynda-da, onuň halkynyň ýanynda-da pes adamdyr.
* * *
Ulamalaryň mejlisindäki nadan gülleriň arasynda biten tiken kimindir.
* * *
Gyssanmaçlyk sabyr-takatly bolmakdan ýeňil¬dir. Emma gyssanmaçlyk masgaraçylyga, sa¬byrlylyk bolsa abraýa elter.
* * *
Wada jogapkärçilikdir. Wada eden ähdine we¬paly bolandan soň jogapkärçiligi boý¬nun¬dan aýyrýar.
* * *
Kim özüne degişli däl zatlara güýmense özüne degişli zatlary duşundan geçirer.
* * *
Şeriň iň erbedi ony gizlemekdir. Şer işleri gizlin edýän adamyň zyýany iki essedir.
* * *
Gybaty diňläp oturan adam gybatkeşiň gü¬näsine şärikdir.
* * *
Kalbynda tamakinçilige orun beren pe¬se¬ler, kanagata orun beren abraý gazanar.
* * *
Baýlyga we mal-mülke tagat etmedik rahat ýaşar. Nebsine buýrup bilmedik onuň guluna öwrüler.
* * *
Ýalançy abraýsyzdyr, tamakin bolsa ökün¬jeň bolýandyr.
* * *
Köp degişýän adam özüne duşman gazanar we haýbatyndan jyda bolar.
* * *
Aýşy-eşrete gul bolanyň haly, gandally guluň halyndan has agyrdyr.
* * *
Bahyl kesekilere däl-de eýsem özüniň ýaran-laryna hatda peýda getirýän adamlara-da ba¬hylçylyk eder we olaryň elindäki nyg¬ma¬ty görüp bilmez.
* * *
Mätäç hem bolsaň pes hem-de günä işleri ed¬ýän adamyň gapysyndan hajat bilen bar¬ma¬gyn.
* * *
Kä halat ynsan özüne zyýan gelýän ýerlere we şer işlere mejaly bolmasa-da emedekläp barýar.
* * *
Arzuwlaryňa daýanyp ýaşamagyn. Ýöne kä ar-zuwlar çöldäki salgym kimin ýetilmesi kyn¬dyr. Ýetip bolmajak arzuwlara ynanýan yn¬san baryp ýatan nadandyr.
* * *
Kişi malyna göz dikip oturan ynsan gul¬dur. Kanagatly ynsan bolsa kalby rahat ýaşa¬ýandyr.
* * *
Akylly ynsanyň gümany öňden görü¬ji¬lik¬dir. Sebäbi akylly ynsan ähli zady öl¬çe¬rip döküp ondan soň pikirini ýüze çykar¬ýan¬dyr.
* * *
Akylly ynsan keseki adamlaryň säw¬lik¬le¬rini özüne sapak ediner.
* * *
Duşmançylyk ynsan kalbyny bimaza eder we ony bähbitli zatlardan alyp galar.
* * *
Ýigrenen kalp kör bolar. Eger ynsan kal¬by¬ny ýigrenç gaplap alsa, ol ýerde akyla ýer gal¬maz. Akyl orun tapmadyk kalp bolsa is¬len¬dik säwlige ýol berer.
* * *
Utanç ynsanyň gorag galkanydyr. Utanç¬syz ynsanyň ýüzüniň nury gidip, islendik şer işe baş goşar.
* * *
Kiçisini sylamadyk ulusyna hormat goý¬maz.
* * *
Şerap içen utanç-haýasyndan jyda bolar. Utanç-haýasyz bolsa, çekinmezden şer işlere baş goşar.
* * *
Edep akylyň sypatydyr. Edep-terbiýeli yn¬san halk arasynda uly abraý we mertebe ga¬zanar.
* * *
Nesihaty diňlenýän we maslahat salynýan adam bagtlydyr.
* * *
Musulman dogry ýoly saýlap almak üçin da¬na bolmalydyr. Danalygyň gönezligi bol¬sa ylymdyr.
* * *
Ўhli zada ylalaşmagyň soňy mynapyk¬lyk¬dyr . Gapma-garşylygyň soňy duş¬man¬çy¬¬lyk¬dyr.
* * *
Kiçi aýyplara endik etmek şer işlere baş goşmakdyr.
* * *
Arzuwa maksatsyz hereket etmek, arzuwa ýeterlik howp salýandyr.
* * *
Her bir gazanç üçin yhlas edýän kişi ga¬zan¬ja ýetip bilmez. Ynsan diňe yrsgal-döw¬le¬tiň şasy – Beýik Allanyň islegi bolsa baýap biler.
* * *
Diňe yrsgal-döwlet, baýlyk diýip hars urup, Allany ýatdan çykaran hiç zat gazan¬man, diňe utulyşa sezewar bolar.
* * *
Tamakinçilik salgym gazanan ýalydyr. Ta¬ma¬kin özüniň maksadyna ýetmek üçin her hili pes¬lige ýüz urar.
* * *
Tama ynsanyň boýnuna ýüp salyp ony düe iden kimin idip dürli masgaraçylyklara se¬zewar eder we iň soňunda ýüpi şeriň eline be¬rer. Kanagatlylyk bolsa bu ýüpi gyrkyp, yn¬sany pese düşmekden halas etmäge ça¬lyş¬ýar.
* * *
Dünýäniň islendik haýyr işleriniň ýanyn¬da şer iş hem bardyr: Tejribä ýetmek üçin — uzak ýol, gazanjyň ýanynda — tüwmaýak gal¬mak, saglygyň ýanynda — hassalyk, ab¬ra¬ýyň ýanynda — peslik, kynçylygyň ýanynda — ýeňillik we dogry ýoluň ýanynda — azaş¬mak¬lyk bardyr.
* * *
Islendik işiň akybeti — ahyry hakynda köp pikir edilende bu işi etmäge höwes ýi¬ter.
* * *
Allatagala ynsan doglandan onuň yk¬ba¬ly¬ny oňa mälim edip bilerdi. Emma ol bu kül¬pet¬li ýoly geçip, kynçylygy ýeňip geçmegi yn¬sanyň ygtyýarynda goýdy.
* * *
Ynsanyň ykbalynda gije bilen gündiziň çalşyp durşy kimin kynçylyk bilen ýeňillik, şer bilen haýyr çalşyp durýandyr. Esasy zat ynsanyň ruhdan düşmezligidir.
* * *
Iň haýyrly işleriň biri diliňi paýyş sözlerden we gybatdan saklamakdyr.
* * *
Abraý ýagşy işler bilen gazanylýandyr. Edep bolsa ynsanyň aslyna we gelip çy¬ky¬şyna baglydyr.
* * *
Ylym we edep ynsanyň iň buýsanmaly zat-larydyr. Sebäbi şu ikisi bolan ynsan dur¬muşda uly üstünlik gazanar.
* * *
Iň keremli ynsan edepli ynsandyr. Ça¬ga¬la¬ryňyza ýagşy edep miras galdyryň. Sebäbi ol islendik baýlykdan gymmatlydyr.
* * *
Nadan we akmak garybyň garybydyr.
* * *
Ynsan gereginden artyk zada dalaş et¬me¬li däldir. Geregiňden artyk zat isripdir.
* * *
Ilden saýlanmak üçin geň hereket etmäň. Se¬bäbi beýle hereketler adamlary sizden daş¬laşdyrar.
* * *
Akylly adam baýyň hem baýydyr.
* * *
Tamakin adama islendik baýlyk azdyr.
* * *
Allanyň beren nygmatyny ýerlikli ulanyň we Alla şükür ediň. Şükür edýänleriň yrs¬galy has-da zyýada bolar.
* * *
Akylly adam hiç haçan tamakinçilik gan¬da¬lyny boýnuna ildirtmez. Akyl bar ýerinde ta¬makinçilik heläk bolar.
* * *
Hak işi goldan üstün, haka garşy giden he¬läk bolar.
* * *
Kyn ýagdaýa düşseňiz yhlas bilen Alla ýüz tutuň. Alla hiç haçan öz bendesini kyn ýag¬daý¬da goýýan däldir.
* * *
Ўhli şer işler akmak kalpda orun tutýan¬dyr. Emma akylly ynsanyň kalby şere we pyssy-pujurlyga ýol bermez.
* * *
Baş arzuwlara kowalaşan yzyndan aja¬ly¬nyň ýetenini duýman galar.
* * *
Süýji miwe berýän daragtyň soň hem süý¬ji miwe berşi kimin asly ýagşynyň nes¬li¬de ýagşy bolýandyr.
* * *
Eger başarsaň duşmanyň-da günäsini geç. Geçirimlilik diňe beýik ynsanlara mah¬sus¬dyr.
* * *
Ynsanyň gizlin saklamak isleýän syry ýa-ha onuň dilinden sypar ýa-da onuň ýüzünden mälim bolar.
* * *
Nygmata daban azabyň bilen ýetseň-de, ony Allanyň berýändigini ýadyňdan çykarma.
* * *
Bahyl adam baý hem bolsa onuň kalby ga¬ryp¬dyr. Ol näçe baýlyk toplasa-da ömrüni ga¬ryp duýgy bilen ýaşar.
* * *
Akylly ynsanyň dili onuň kalbyna tagat edýändir.
* * *
Samsyk, nadan dili bilen özüne duşman ga¬zanar.
* * *
Eý Allam, biziň säwliklerimizi, dilimiz bilen goýberen hatalarymyzy, aýyp¬la¬ry¬my¬zy we günälerimizi geçir. Senden başga re¬him¬dar, günä geçiji ýokdur.
* * *
Kalbyňyza dynç beriň we oňa peýdaly pur¬satlary gözläň. Sebäbi bedeniň ýadaýşy ýaly ol hem ýadaýandyr.
* * *
Bedeniň ýadaýşy ýaly kalp hem ýadaýandyr. Dana pähim-paýhaslary okamak bilen oňa dynç beriň.
* * *
Kim dünýäde arkaýyn ýaşap, özüniň onuň mekirliklerine sezewar bolandygyny duý¬ma¬sa, ol adam nadandyr.
* * *
Dünýäniň diňe üç zady ýagny baýlygy, yz¬za¬ty we rahatlygy bardyr. Kim-de kim dün¬ýä¬de kanagatly ýaşasa - baýlygyna gow¬şan¬dyr. Kim-de kim takwa ýaşasa - yzzatyna gow¬şan¬dyr. Kimiň gaýgy-gamy az bolsa - ra¬hat¬ly¬gy¬na gowşandyr.
* * *
Dünýä we ahyret göýä maşryk we magryp ýalydyr. Birine ýakynlaşsaň, beýlekisinden uzak-laşarsyň.
* * *
Dünýäni dost tutan göýä suwy goşawuçlap tu¬tan ýalydyr. Barmaklaryň suwy tutup bil¬meý¬şi kimin sen hem dünýäni tutup bil¬mer¬siň.
* * *
Dünýä asyl mekana tarap geçelge ýoludyr. Yn-sanlar hem iki topardyr. Biri öz ja¬ny¬ny satar, dünýä olary heläk eder. Beý¬le¬ki¬le¬ri bolsa janlaryny satyn alarlar, dünýä bol¬sa olary erkinlige goýberer.
* * *
Zamanany baş egdirip bilmersiň, şonuň üçinem oňa mylaýym bol.
* * *
Günler içinde sagat çalt geçýär. Aý içinde gün çalt geçýär. Ýyl içinde aý çalt geç¬ýär. Іmür içinde ýyllar çalt geçýändir. Umu¬man tutuş ömür bir salymda geçip gid¬ýän¬dir.
* * *
Dünýäniň ýaşaýjylary göýä ulagly seýr edip ýören ýalydyr. Ol ulagyň üstündedir, ulag bolsa uklap ýatandyr.
* * *
Başy jebir-jepa bolan we soňy pa¬ny¬ly¬ga eltýän dünýäni men size nädip beýan ede¬ýin. Halalynda hasap bar, haramynda azap. Kim-de kim bu dünýäde baý bolan bolsa, onuň sy¬naglaryna sezewar bolandyr. Kim-de kim ga¬ryp bolsa, gaýgy-gam içindedir. Kim ony ga¬zan¬jak bolsa, ondan ýiter-gider.
* * *
Eý halaýyk, Alla size rehim etsin. Ha¬ky¬kat¬dan hem siz hakykatyň az aýdylýan wag¬tyn¬da, dilleriň dogruçyllykdan kütelip, ha¬ky¬ka¬tyň basgylanýan döwründe ýaşaýarsyňyz. Si¬ziň döwrüňiziň ýaşaýjylary günälere özüni be¬ren, aldanylmaga öwrenişen, ýaşlaryňyz azan, garrylaryňyz günäkär, alymlaryňyz my¬napyk, karylaryňyz ryýakär. Ki¬çi¬le-ri¬ňiz ulularyňyza hormat goýmaýandyr, baý¬la¬ry¬ňyz garyplaryňyzyň halyndan habar al¬ma¬ýandyr.
* * *
Kim-de kim Gurhandan ugur alyp, ýyldyz yl-myndan bir ylym öwrense, onuň imany we yl¬my artar.
* * *
Eý, ynsanlar, ýyldyz ylmyny öw¬ren¬mek¬den gaça duruň! Siz diňe gury ýerde we deňizde ýyl¬dyzlar bilen ýol tapar ýaly maglumat-ylym öwrenip bilersiňiz. Sebäbi ýyldyz ylmy ynsany gaýypdan habar bermäge alyp gid¬ýändir. Münejjim gaýypdan habar ber¬ýä¬ne meňzär. Gaýypdan habar berýän bolsa ja¬dy¬göý ýalydyr. Їadygöý bolsa jähen¬ne¬mi¬dir.
* * *
Uly şäherlerde ýaşaň, sebäbi ol ýer mu¬sul¬man-laryň ýygnanyşýan ýeridir. Gaflatly, je¬paly ýerlerden we Alla tagat etmezlikden ha¬bardar bol. Bazarlarda kän oturmaň. Sebäbi ol ýer şeýtanyň we pitneleriň ýeridir.
* * *
Doglan ýeriňden mukaddes ýer ýokdur. Iň go¬wy ýurt doglan ýeriňdir.
* * *
Gahar-gazabyňy ýeňmek, Alla üçin batylyň iň erbedini öldürmekden has gowudyr».
* * *
Hasrat çekýäne kömek etmek we gaýgy-gama batany aladadan dyndarmak uly günäleriň geçilmegine sebäpdir.
* * *
Aýalyň erkegi gabanmagy küpürdir. Erkegiň aýaly gabanmagy imandyr.
* * *
Ynsanlaryň iň ejizi dost tutunmagy başar-maýanydyr. Dostlaryň iň ejizi dostlarynyň goldawyny ýitiren kişidir.
* * *
Adamyň ruhy dünýäsi onuň nähili adam¬dy-gyndan habar berýändir.
* * *
Ynsanlary iki zat heläk edýär: Aşa söýgi we aşa ýigrenç.
* * *
Eý, oglum, akmak bilen dostlaşmakdan ga¬ça dur. Saňa peýda berjek bolsa, zyýany ýeter. Gys¬ganç bilen dost bolmakdan saklan. Oňa mä¬täç bolan wagtyň seniň kömegiňe ylgamaz. Erbet kişi bilen hem dost bolmakdan sak¬lan. Ol seni az baha satar gider. Ýalançy bilen hem dost bolma. Sebäbi, ol salgyma meňzär, daşdakyny ýakyn görkezer, ýakyndakyny daş görkezer.
* * *
Namysly gedaý günä edýän baýdan haýyr¬ly¬¬dyr.
* * *
Eger Allatagala bir millete gazaplansa, şol milletde nyrhlar galar, söwda gazanç ge¬tir¬mez, daragtlar miwe bermez, derýalaryň su¬wy azalar, gurakçylyk bolup ýagyş ýagmaz, şer köpeler.
* * *
Ynsanlar bir zada gowy diýseler, döwür onuň üçin erbet gün gizläp goýandyr.
* * *
Kim-de kim saňa erbetlik etse, oňa go¬wu¬lyk bilen jogap ber.
* * *
Haýyr-yhsan etmeýän, sadaka paýlamaýan adam Allatagalanyň rehmetinden umydyny üz¬sün we haýyr-yhsan edilmegine garaş¬ma¬syn.
* * *
Adamlary ýaman, erbet işlerden saklaň, şol bir wagtda özüňiz hem erbet işlerden daşda duruň.
* * *
Şer işler günä eltýändir. Günä iş edýänleriň barjak ýeri dowzahdyr. Haýyr-yhsan işleri sogaba eltýändir. Sogap iş ed¬ýän¬leriň barjak menzili jennetdir.
* * *
Adamlaryň arasyndaky duşmançylygyň kö¬püsi nadanlykdan başlanýandyr.
* * *
Kör adam gözi görmän ýalňyşlyk goýberse, gözli adam köplenç bilip ýalňyşlyk edýär.
* * *
Köp adamlarda samsyk gylyklar bardyr. Emma olaryň birnäçesi bu gylygy ret etmegi başarýarlar.
* * *
Köp gürleýän köp ýalňyşýandyr.
* * *
Adam aljyraňňy, gyssanmaç gürläninde onuň ýalňyşy köpelýändir.
* * *
Diliňiziň jylawyny elden bermäň, pikirlenip gürläň. Şeýle etseňiz utançly ýagdaýa düşmersiňiz»
* * *
Geçirimlilik we toba etmek zekat beren ýaly¬dyr.
* * *
Kalbynda pitne turuzmaga höwesi bar adam toba etsin.
* * *
Iki adamdan, ýagny haýyr-sogap iş edip ýaşaýan we günä iş edip, günäsinden sap¬lan¬ma¬ga çalşyp ýaşaýan adamlardan başgalara bu dünýäde ýaşamagyň hiç hili hajaty ýokdur.
* * *
Günä iş edip, soňundan hem bu günäniň jezasy ýeňil ýa-da hiç hili jeza ýok diýip hasaplamak, iň uly günädir.
* * *
Eger özüňi duşmanyňdan güýçli saýsaň, onuň günäsini geçgin. Bu Allatagalanyň seni duş-manyňdan güýçli ýaradanyna eden şükrüň bol¬sun.
* * *
Utanç donuny geýen adamyň hiç haçan aýby görünmez.
* * *
Adamyň akyly goýalyşanda gürlemesi azal¬ýar.
* * *
Adama, köplenç, gürleýşine görä baha be¬ril¬ýär. Gowy gürlese, gowy adam, erbet gür¬le¬se-de erbet adam diýip hasap edilýär. Emma ikiýüzli adam gowy gürlese-de, erbet adam bo¬lup bilýändir.
* * *
Bu zamanda diňe mömin bolsaň, halas bo¬lar¬syň. Mömin şehit bolsa ölýän däldir, ga¬ýyp bolsa ýitýän däldir. Ol dogry ýola ýag¬ty saçýan çyradyr. Olar üçin jennetiň ýedi ga¬pysy hem açykdyr.
* * *
Dil adama berlen nygmatlaryň biridir. Ol adamyň başyna bela getirip, nähak gan¬la¬ry hem dökdürdip biler, ýa-da urşuň öňüni alyp, adamlaryň başyny aman saklap hem bi¬ler. Bu her ynsanyň sözi ýerlikli, aky¬ly¬na laýyk ulanyp bilşine baglydyr.
* * *
Dymma adam haýbatly görünýändir.
* * *
Günä iş edip, oňa ökünip aglaýan adamyň kal¬by entek şer işlere doly tabyn bolan däl¬dir.
* * *
Kyn mesele ýüze çykanda danalaryň dym¬mak-lygyndan, nadanyň gürlemeginden hiç hi¬li peýda ýokdur.
* * *
Zahyt, dindar adam ýekelikde däl-de, adam¬la¬ryň arasynda zahyt bolup, görelde gör¬kez¬me¬lidir.
* * *
Haýyr iş edýän adamy göreniňde kalbyň şatlykdan dolýar.
* * *
Allanyň parzlaryny ýerine ýetiren, py¬gam¬ber sünnetine amal eden, Gurhany okan, öz bala-çagalaryna ýagşy edep beren, il-gü¬nü¬ne kyn gününde kömek eden adam ýag¬şy¬za¬da¬dyr. Ýagşyzada adam bolsa jennetidir.
* * *
Mömin göwni giň, ruhy belent, ýagşy iş¬ler bilen meşgul, il-günüň derdine ýaraýan adam bolmalydyr.
* * *
Bu dünýäde gowy iý, gowy iç, gowy ýaşa, ýöne şu zatlary edeniňde Allatagalany hiç wagt ýadyňdan çykarma.
* * *
Alym, dana, takwa adamlar üç zadyň üsti bi¬len alymlyga, danalyga, takwalyga ýet¬ýän¬dir¬ler. Adamyň içki dünýäsi päk bolsa, adam¬laryň oňa bolan gatnaşygy hem päk bo¬lar. Adamyň Allatagala bilen gatnaşygy go¬wy bolsa adamlar bilen hem gatnaşygy gowy bo¬lar. Adam o dünýäsiniň aladasyny etse, Allatagala ony bu dünýäniň aladasyndan dyn¬darar.
* * *
Haýyr işi birine görünmek üçin et¬me¬gin. Emma birinden utanyp hem haýyr işi taşlamagyn.
* * *
Ýagşy häsiýetiň ilkinji alamatlarynyň biri kyn ýagdaýa düşen adama kömek bermek is¬leginiň döremegidir.
* * *
Gahar-gazapdan saplanyp bilen adamyň ahyreti abatdyr.
* * *
Duşman gazanmazlygyň iň gowy usuly ýum¬şak häsiýetli bolmakdyr.
* * *
Ýagşy gylyk-häsiýetli boluň! Ýagşy gylyk-häsiýetliler jennete girýändirler we ol ýerde eden işleriniň hözirini görýändirler. Ýaman gylyk-häsiýetiňizi düzetmäge çalşyň. Ýaman gylyk-häsiýetliler dowzaha girýän¬dir¬ler we ol ýerde eden işleriniň ezýetini çek¬ýän¬dirler.
* * *
Mizan terezesinde adamyň eden sogap iş¬le¬ri ölçenende iň agyr geljek zat onuň ýag¬şy gylyk-häsiýeti bilen gazanan sogaplarydyr.
* * *
Eger Allatagaladan başga-da Hudaý bolan bolsa, olaryň ählisiniň pygamberleri bo¬lar¬dy. Biz olaryň sypatlaryny, edýän iş¬le¬rini bilip oturardyk. Emma berk bel¬le¬gin, Alla ýekedir we ebedidir.
* * *
Iman adamyň kalbynda emele gelýär. Adam haýyr işler etse, imany güýçlenýär. Şer işler etse weli, imany azalmak bilen bolýar.
* * *
Rebbiňi görmek üçin göz däl-de, imana ýug¬ru¬lan ýüregiň, sagat düşünjäň we dury aky¬lyň bolmalydyr.
* * *
Gurhany Kerimde sizden öňküleriň ha¬ba¬ry, geljegiňiz hakyndaky habar we siziň nä¬hi¬li ýaşamalydygyňyzyň kada-kanuny bar¬dyr.
* * *
Allatagalanyň kitaby nurdur, şypadyr, halasgärdir, okalanda özüne çekijidir. Ony okan adam sogap gazanar. Amal eden adam jen¬nete girer.
* * *
Ylymsyz edilen ybadatdan, amalsyz oka¬lan Gurhandan haýyr ýokdur.
* * *
Şeýtan bäş wagt namazyny okaýan adamyň ýanyna golaýlaşmaga gorkýandyr. Ol adam na¬ma-zyny taşlasa, şeýtan onuň üstüne to¬pu¬lyp, süňňüne ornaşýar.
* * *
Namazyňyzy okaň, ony terk etmäň, ba¬şar¬dy-gyňyzdan köpeldiň. Kyýamat güni sizi dow¬zahyň odundan halas etjek zat namazdyr.
* * *
Zürýadyňyzyň maly-mülküne guwanman, onuň edep-ekramly, dindar bolup ýetişen¬li¬gi¬ne guwanyň.
* * *
Agzyň arassalygy Allatagalanyň ra¬zy¬ly¬gy¬ny gazanmagyň iň ýakyn ýoludyr.
* * *
Allanyň ýagşy bendeleriniň biri wepat bo¬landa, ýerde onuň bu dünýäde okan na¬maz¬lary we eden haýyr işleri, asmanda bolsa onuň sogaplary ýas tutup aglar.
* * *
Oraza tutýan kişi günüň dowamynda iki ge¬zek ýagny agyz beklände we agyz açanda şat¬lan¬ýandyr.
* * *
Adamy ýaman işden saklap, ýagşy işlere gö-nükdirmek, oňa öwüt-nesihat etmek haýyr iş¬leriň biridir. Soltanyň raýatlaryna adyl höküm etmegi iň bir sogaply, haýyr iş¬leriň biridir.
* * *
Ўhli adamlar bilen agzybir boluň. Ýeke ga¬lan goýnuň möjege lukma bolşy ýaly ýeke ga¬lan adamyň ýüregini şeýtan eýelemäge çal¬şar. Agzybirlik bütewiligiň alamatydyr.
* * *
Kä adam Allatagaladan nämedir bir zat di¬le¬mek üçin ybadat edýär. Bu ybadat söw¬da¬gär¬le¬riň ybadatydyr. Kä adam özüniň Alla¬ta¬ga¬la¬nyň sadyk guludygyny bildirmek üçin ybadat edýär. Bu gullaryň, hyzmatkärleriň yba¬datydyr. Kä adam bolsa Allatagalanyň eden işlerine şükür edip ybadat edýär. Bu ybadat Allatagalanyň azat bendeleriniň edýän ybadatydyr.
* * *
Kimdir biri iliň aýbyny görüp, özüniň aýbyny inkär etse, onda ol baryp ýatan akmakdyr.
* * *
Kimdir biri mömin adama ýa-da mömin aýala töhmet atsa, Allatagala onuň mömine aýdan sözi teninden çykýança, ony dowzahyň odu¬nyň üstünde oturdýar.
* * *
Gybat güýçsüz, ejiz adamyň işidir.
* * *
Eý, Allam! Meni özüňden başga mätäç etme. Іzüňden başgadan pes etme.
* * *
Bela-beteriň möwç urýan tolkunyny doga bilen gaýtaryň.
* * *
Doga-dileg möminiň ýaragydyr, yslam dininiň sütünidir, asman-zeminiň nurudyr.
* * *
Eý, Allam! Meniň ýüzümi utanç perdesi bilen gora, namarda mätäç etme, onuň öňünde meni kemsitme. Ўhli şer işlerden özüň gorap, hak ýolunda eden işimi rowaç eýlegin.
* * *
Eý, Allam! Halkyň içinde meniň gürleýän gürrüňimiň gowy görlüp, ýüregimdäkimiň ýigrenilmeginden özüň gora
* * *
Her bir ýurdy ilçisi boýunça tanaýarlar we göz öňüne getirýärler. Adamyň akyly mejlisdäki ilçisidir
* * *
Soltan bolmak üçin wezipeli egindeşleriň bolmalydyr. Wezipeli bolmak üçin baý¬lyk bolmalydyr. Baýlyk gazanmak üçin işleriňi dogry dolandyrmagy başarmalydyr. Işiňi dogry dolandyrmak üçin adyl we ýagşy syýasatçy bolmalydyr.
* * *
Adyl ýürek adamlaryň şatlyk çeşmesidir. Adyl soltan ähli ýer ýüzüniň şatlygynyň gözbaşydyr. Zalym ýürek adamlara gaýgy-gam getirýän çeşmedir. Zalym soltan ýer ýüzüniň gaýgy-gamynyň gözbaşydyr.
* * *
Eý, Allam, saparyň kynçylygyndan, erbet öwrülişiklerden, mal-mülküme, maşgalama gyýa göz bilen seredilmeginden özüň gora. Eý, Allam, sen maňa saparda ýoldaşsyň, ýaransyň we maşgalama gözegçisiň. Bu iki işe bir wagtda hötde gelmek diňe saňa başardýar. Sebäbi maşgala gözegçi bolan ýola ýoldaş bolup bilmez, ýoldaş bolan ýolagçy hem yzyndakylara gözegçi bolup bilmez.
* * *
Üç adama tagat etmek, ýagny ýaşuly musulmana, adyl patyşa we Gurhan göterýän adama hormat goýmak — Alla boýun bolmakdyr.
* * *
«Zyňylan daşy yzyna-da zyňyp bolýandyr, zyňman hem bolýandyr» diýýärler, ýagny ýamanlyk edene ýamanlyk edip-de bolar, etmän hem bolar, oňa derek ýagşylyk bilen hem jogap berip bolar.
* * *
Utanç — adamyň zynaty, sahylyk — ýagşyzadalygyň alamaty, sabyr bolsa — haýyr-yhsan gämisidir.
* * *
Sabyr-takatyny ýitiren adam küpür işlere ýakyndyr
* * *
Meniň size bäş sany wesýet galdyrasym gelýär. Şolary ýerine ýetiren kişi ýagşyzadalaryň hataryna goşulyp biler. Birinjiden hiç biriňiz Alladan başgadan dileg etmäň, tamakin hem bolmaň! Ikinjiden Alladan çekinmän günä iş etmekden gorkuň! Üçünjiden nämedir bir zat hakynda soralanda, bilmeseňiz, «bilemok» diýmäge utanmaň! Dör-dünjiden bilmeýän zadyňyzy başga birine öwretjek bolmaň! Bäşinjiden sabyr-takatly boluň! Başsyz göwräniň bolmaýşy ýaly, sabyrsyz-takatsyz hem iman bolmaz. Başsyz göwreden bolsa hiç hili haýyr ýokdur.
* * *
Sabyrly adam üstünlik näçe uzak wagta çekse-de, oňa garaşmagy başarar.
* * *
Özüňdäki gaýgy-gamy, umytsyzlygy sabyr-takatlylyk bilen ýeňmegi başargyn.
* * *
Sen eliňden giden zat üçin gynanma, bu dünýäde seniň eliňde bolup biljek, emma bolmadyk, amala aşmadyk zatlar üçin gynangyn.
* * *
Mömin üçin dogruçyllyk baýlykdan we mirasdan haýyrlydyr.
* * *
Hakykat ýoluny tutýan adamyň soňy, ahyreti gowudyr. Erbetlik, ýalňyşlyk ýoluny tutýan adam misli mergi keseli bilen keselän ýaly¬dyr. Oňa şypa tapmak ýokdur
* * *
Kim-de kim hakykaty gizlese, Hak ýolundan daş düşer.
* * *
Kimdir biri başga biriniň baýlygyna, mal-mülküne bahyllyk, içigaralyk etmeýän bolsa, onda ol adamyň bedeni sagatdyr.
* * *
Bir adam birinden ýardam bermegini islese, ol onuň gözegçiliginde bolar. Kim-de kim birinden zat talap etse, ol onuň ýesiri bolar. Kim-de kim bir adamy halas etse, ol onuň emiri bolar.
* * *
Her bir zadyň miwesi bardyr. Mätäjiň hajatyny ýerine ýetirmek jennetiň miwesidir.
* * *
Öýüňe myhman gelse, ony gapyda saklama. Ony öýüňe salyp, baryňdan hezzet-hormat et.
* * *
Kimdir biri musulman doganlaryny bir saçagyň başyna jemläp, olara nahar berse, onda ol adamyň bu eden işi guly azat edeniňden hem gowudyr.
* * *
Tamakinçiligiň uçgunlary köplenç akyl eýelerini hem uruşdyrýandyr.
* * *
Tamakinçilik adamy masgaraçylyk agajynyň kölegesiniň aşagyna elter.
* * *
Bu dünýäde sogap iş edeniňde, Allanyň ýany¬na baranyňda olaryň kabul bolmazlygyndan gork! Eger bu dünýäde günä iş etseň, onda Allanyň ýalkawuny dile.
* * *
Kimdir biri sen hakynda ýagşy zat güman etse, onda onuň gümany hakdyr
* * *
Her bir güman edýän zadyňy diliňe getirmek adamyň ýüzüni gyzardar
* * *
Zalym Allanyň gazabyndan gaçyp gutulyp bilmez. Eger ol bu dünýäde zalymlygy üçin jeza çekmese, onda o dünýäde oňa dowzahyň sakar ody garaşýandyr
* * *
Eý, musulmanlar! Biri-biriňiziň malyňyza göz dikmäň. Gözüňizi, diliňizi we kalbyňyzy bahyllygyň alyna aldyrmaň. Bahyllyk etmek adamlaryň arasynda närazylyga, närazylyk bolsa duşmançylyga, duşmançylyk bolsa urşa, ölüm-ýitime elter. Allanyň ýaz¬gydyna garşy bolmasaňyz içigaralykdan, bahyllykdan daşda duruň.
* * *
Hökümdarlara üç zat — ähli ýagdaýda Alla öwgi-sena aýtmak, raýatlara deň göz bilen se¬ret¬mek we ynsabyna buýurmak wajypdyr.
* * *
Adyl ýaşan musulman adama dowzah odundan gorkmagyň geregi ýokdur.
* * *
Bikärlige endik eden durmuşda hor bolar.
* * *
Päkgöwünlilik garyp adamyň baýlygydyr.
* * *
Akylly kişi durmuş tejribesinden ders alar.
* * *
Ýumşak häsiýetlilik ynsanyň üstüni ört¬ýän perdedir. Akyl onuň kesgir gylyjydyr. Gylyk-häsiýetleriňden erbetlerini ýumşaklyk bilen örtgün. Nebsiň isleg-arzuwlaryny bolsa akylyň bilen öldürgin.
* * *
Bahyl kişä maslahat salmagyn. Seni üs¬tün¬likden alyp galar we haýyr-yhsan etmegiňe böwet bolar. Gorkak kişä hem maslahat salmagyn. Sebäbi işleriňde gowşaklyk emele geler we ol seni etjek işleriňden alyp galar. Harsydünýä ynsan bilen hem maslahatlaşmagyn. Sebäbi ol zulum bilen mal-mülk ýygnamagy saňa ündew eder. Bahyllyk, gorkaklyk we harsydünýälik her haýsy aýry-aýry gylyklardyr, ýöne bularyň ählisi birden bir bedende jemlenende Alla garşy erbet güman getirýärler.
* * *
Maslahatlaşmazdan öz kellesine gelşine görä iş eden adam heläk bolar. Özgeleriň pikirini diňlän bolsa, olaryň akylyna şärik bolar.
* * *
Amalyň kabul bolmagy üçin amaldan artyk yhlas görkeziň.
* * *
Halka ýolbaşçy bolan, beýlekilere terbiýe bermezden öňürti özüne terbiýe bermelidir. Ol dili we gylyk-häsiýeti bilen halka görelde bolmalydyr. Nebsine haý diýip, kanagatly ýaşan ynsanyň derejesi bu dünýede-de ahyretde-de ýokarydyr.
* * *
Her bir ynsanyň bahasy onuň eden işine görädir.
* * *
Alymyň ýalňyşyny olaryň duşmanlary, nadanlaryň ýalňyşyny bolsa olaryň özleri ile jar edýärler.
* * *
Bedeniň kuwwaty iýmek-içmekdedir. Akylyň kuwwaty danalykda we ylymdadyr.
* * *
Edebiň miwesi ýiti akyldyr, ylmyň miwesi yhlasly amaldyr.
* * *
Ýokary derejeli abraý edep bilen gazanylýandyr.
* * *
Ynsanlar üç topara bölünýärler. Olaryň bir topary alymdyr, ýene bir topary ylym öwrenijidir. Galanlary bolsa siňek kimindir, olardan hiç haçan haýyr bolmaz.
* * *
Ylym iki görnüşe ýagny tebigy zehine we eşidilip öwrenilen ylma bölünýändir. Eger adamda dogabitdi zehin ýok bolsa, onda eşidilip öwrenilen ylym, peýda bermez.
* * *
Alymlaryň mejlisine gatnaşyp, söhbetlerine goşulgyn. Eger ýaramaz häsiýetli bolsaň, seni dogry ýola salarlar, nadan bol¬saň, ylym öwrederler, ýalňyşsaň düzederler. Akmaklaryň ýanynda oturmagyn, sebäbi olar bu aýdanlarymyň tersine ederler.
* * *
Ýamaly ýa-da köne eşik geýmek adamy pespäl edýändir we tekepbirlikden goraýandyr.
* * *
Eliňize hakyk daşly ýüzük dakynyň. Sebäbi beýle ýüzük dakynan adama gaýgy-gam ýat bolar.
* * *
Garrylykdan başga ähli derdiň dermany bardyr.
* * *
Zeýtun ýagyny içiň. Ol üsgülewügiň emidir, nerwiňi berkleşdirmäge ýardam eder, adama görk, ruhubelentlik berer we gaýgy-gamdan saplar
* * *
Aýşy-eşrete öz üstüňizden höküm sürdürmäň.
* * *
Gözli adam — maksady bolmasa, kör adam — ýoluny ýitirse aljyrar.
* * *
Kesel bedene düşen otdur, gaýgy-gam bolsa bu ody has-da tutaşdyrýandyr.
* * *
Şeýle adamlar bardyr, aýagy gyşykdyr, emma eden işleri dogrudyr. Käbir adamlar bardyr, aýagy dogry hem bolsa, aýagyny gyşyk basýandyr. Käbir adam kerdir, emma adamlaryň nalyşyny eşidýändir. Käbir adam kördür, emma halkyň kynçylygyny görýändir. Käbiri gözli bolup, günä işlere göz ýumýandyr.
* * *
Gaýgy-gam adamyň kalbyny öldürýär, onuň ganynyň doňmagyna getirýär we ol adamy heläk edýär. Şatlyk adamyň ganynyň ýylamagyna we çalt aýlanmagyna getirýär,.
* * *
Eger nämedir bir zatda şypa bar diýseler, onda ol zatlar hajm etmek we baldyr.
* * *
Adam hassa bolanda, oňa hiç hili sogap ýokdur. Emma Allatagala keseliň jebir-jepaly bolandygy üçin ol adam keselinden şypa tap¬ýança, ony öňki eden günälerinden päkleýär.
* * *
Söwdada aldap, bir ýa-da iki dirhem gazanan wagtyň o dünýäňi, kyýamaty, dowzahy ýatla. Sen peýda gazandyňmy ýa-da söwdada utuldyňmy, ölçerip dök.
* * *
Eý, söwdagärler! Harydyň nyrhyny alyň, alyjynyň harydyny beriň. Azajyk peýda görmek üçin uly günä gazanmaň. Kişi haky siziň baýlygyňyzdan iki esse bolup çykar.
* * *
Garyplyk iň gorkunç ölüm ýalydyr.
* * *
Adam baýasa we baýlygy söýse, onuň di¬ni¬niň üçden bir bölegi gidýändir.
* * *
Garyplygyň ýekeje çäresi bardyr. Ol hem Allatagaladan baýlyk dilemekdir.
* * *
Baýlyk şer işlere eltýändir we adamy di¬ninden daşlaşdyrýandyr.
* * *
Mömin adamyň ýüreginde baýlyk diýen söz hem, düşünje hem bolmaly däldir. Iman we baýlyk bir ýürekde ýerleşmez.
* * *
Eý, adam ogly! Güýjüň ýeten işini edip, gazanç et. Güýjüň ýetmejek zadyna ýapyşsaň, kişi emlägine ýapyşan ýalydyr.
* * *
Eý ynsan çagasy! Men seniň garyp düş¬me¬giňden gorkýan we Allatagaladan seniň üçin dileg edýärin. Sebäbi garyplyk diniň üçin nakyslyk we akylyň üçin nakyslykdyr.
* * *
Allatagala garyplara baýlaryň baýlygyndan rysgal berdi. Eger garyp adam ajyksa, munda baý adamyň günäsi bardyr. Bu barada baý adamdan kyýamat güni soralar.
* * *
Garyp adamyň kalbynyň zynaty kanagatlylyk bolsa, baý adamyň kalbynyň zynaty Alla şükür etmekdir.
* * *
Alla ýolunda baý adamyň garyp adama ýardam bermegi, gör, nähili ajaýyp we sogaply işdir.
* * *
Kimdir biri halal gazanç edip, bu dünýeden ötse, Allatagala ondan razy bolar we oňa jenneti bagyş eder.
* * *
Eý, täjirler! Musulman doganlaryňyza harydy arzan bahadan satyň. Allatagala si¬ziň rysgalyňyzy köpelder we bereket berer.
* * *
Adamyň dili ýagşyny görende, ýagşy söz aýtmaga, ýamany görende erbet söz aýtmaga endik edendir.
* * *
Adam oýundyr degişme etdigisaýyn, onuň akyly azalýandyr.
* * *
Eger sen kimdir biriniň gürrüňini aýdyp berýän hem bolsaň, gülkünç ýerini aýtmakdan saklan.
* * *
Degişmäniň gowusy ony aýtman, içiňde saklamakdyr.
* * *
Köp adamyň gadry diňe ol wepat bolandan soň bilinýär.
* * *
Ýagşy işler eden adam ölýän däldir. Onuň eden ýagşy işleriniň ýatlamasy müdimi galýandyr.
* * *
Eger musulman adam Allatagala ybadat etse, nebsine haý diýse, eden günä işlerine toba kylsa, aýşy-eşretden daşda dursa, şeýtanyň waswasyna gulak goýmasa, ölüm gelen pillesi gapyl galmaz.
* * *
Bu dünýäde ýaşanyňyzda maly-dünýä kowalaşmaň. Bu dünýäde ýaşanyňyzda, misli bu dünýäniň adamy däl ýaly bolup ýaşaň. Baý¬lyga kowalaşmaýan adam ölüminden gorkýandyr, ölüminden gorkýan kişi bolsa, günä iş etmez.
* * *
Ýakyn adamyňyz wepat bolanda, el urup aglamaň. El urup aglaýanyň sogap işleri gider.
* * *
Allatagala tagat ediň. Musulman doganlaryňyza zulum etmäň. Olara güýji ýetmejek ýük ýüklemäň. Salgyt ýygnanyňyzda Allany ýatlaň we onuň emr eden salgydyny alyň. Ўhli işleriňizde adyllygy we ynsaby ýaran tutunyň.
Sözler