23:45 Çetdäki çyksyn / satiriki hekaýa | |
ÇETDÄKI ÇYKSYN
Satiriki hekaýalar
- Çagalary dogan güni baş toýy diýdiler, çörek çeýnäp başlansoň, diş toýy diýdiler, ýyl dolansoň ýaş toýy diýdiler. Heý, şeýle-de bir toý bolarmy? Agasy bolup ojuk-bujuk kömek etmeseňem husyt diýen bolýarlar – diýip, ýaşuly aýalyna seretdi. - Aý, kakasy, özüň bir emmasyny taparsyň-da – diýip, garaýagyz keýwany gözlerini süzdi. Dymyşma uzaga çekdigiçe hamy süňküne ýapyşyp duran ýaşulynyň sakgaly saňňyldap ugrady. Ala gözleri öňküden beter mölerdi. Maňlaýy ýygyrt-ýygyrt bolup, gaşy çytyldy. - Gazanyň gulagy gyzsa göze görneni çagyryp, naharlap biz ilden näme öwrenýäris. Sygrymyz ýylda iki gezek göleläp durmy beýle. Bu toýda bizi-de myhmansyz goýmazlar. Birden ýaşulynyň eli gara çorbadan çalasynlyk bilen çekildi. Barmaklaryny işdämenlik bilen sorup: - Etmelisini bildim – diýip, aýalynyň alkymyna dykyldy. - Hawa, kakasy? - Biz bagşyny myhman alaly. Köp bolanda üç adam bolar. Meniň bilen bir tabaklyk. Her neneň uly toýda-da bagşydan hormatly myhman bolup bilmez. - Näbileýin, kakasy, bagşa-da uly tutum gerek bolýar diýýärler. - Baý, kiloýarym et alsak bes-dä. - Seň diýeniňi ederis-dä, bolmasa, şol 10-15 janlynyň biriniň damagyna tyg çekilermikä diýip, gara janym galanok – diýip, ýerinden galdy. Äri-de “Al onda menem gitdim” diýip, ädigini aýagyna howlukmaç gowaldan sokdy-da, ýola düşdi. Donunyň syýyny tasadyp barşyna ikisiniň öýüne girdi: - Inim, toýuň iň agyr hyzmatyny maňa buýur. Aga bolanymyzdan soň munuň ýaly ýerde agyr-ýeňli göterişmeli bolarys. Onsoňam, makul bilsek, men-ä, şu toýuň iň hormatly myhmany – bagşyny myhman almakçy. Ikisi ýylgyrdy-da: - Bolýar, agam, gözel göwnüňiz, siziň diýeniňiz bolsun – diýdi. Toýuň myhmanlary paýlandy. Geňeşde toýuň bagşysy Nazar aga bolmaly diýip bellenilipdi. Emma onuň uzakdaky toýa gidenligi üçin garagalpak bagşysy Jabat getirilipdi. Agaç etli, uzyn gelin öýüniň öňünde köw-söw edip ýördi. Adamsy et almaga gidipdi. Myhmanlara gözi düşen gelniň syňragyna köz gysdyrylan ýaly, ol iki ýana ylgaberdi. - Kakasy nirelere ýitirim bolduka? – diýip, çar tarapa zowzuldady. Ylgap barşyna äriniň öňünden çykdy. - Kakasy, işimiz gaýdandyr. - Hä? - 17 myhman geldi. - O nähili 17 myhman, hany, bagşyny bermändirlermi? - Üç-dördüsiniň boýnunda sapy uzyn susaga meňzeş bir zatlar-a bar. - Gaýgy etme, keýwany, bagşydan özgesini başgalara ibereris. Synçy bagşy öýe girensoň daşyna göz gezdirip: “Ýigitler, bu taýa ýalňyşyp geläýen däldiris-dä. Bu öý myhman aljak öýe meňzänok” diýip, çykarynyp, peçiň gapdalyna geçip oturdy. Gapydan gaharly giren daýaw pyýada bagşa bakyp: - Siz bagşymy? – diýdi. - Hawa. - Gapdalyňyzdaky büküdip oturanlar kim? - Şägirtlerim. - Aňyrky kese bakyp oturan? - Gyjakçy. - Bu gaba telpek? - Sazanda. - Oň gapdalyndaky? - Balamançy. - Ol eli tirli? - Deprek kakýar. - Dik boýun, şypyrmaly? - Rebapçy. - Gaýşaryp oturan nä? - Güýende. - Aňyrky göge gözläp oturan? - Surnaýçy. - Ol eglip oturan? - Saza saz goşýan. Uzyn sözüň gysgasy, Jabat bagşy oturanlaryň 16-syna at tapdy. Öý eýesi galan birine has ýeser seredip: - Ol kim? – diýdi. Bagşy ýaýdanybrak: - Inim, şon-a menem tanamadym – diýdi. - Çyksyn onda çetdäki! – diýip, yzyna öwrüldi. Şamyrat TAGANOW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 06.06.1971 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||