18:40 Çika jelebiñ Giresundan Stambula çenli uzalan kyssasy | |
ÇIKA JELEBIÑ GIRESUNDAN STAMBULA ÇENLI UZALAN KYSSASY
Teatr we kino sungaty
Hazar Saýar bilen Zuhal Güreliniñ bilelikde sahnalaşdyran "Çika" atly bir perdeli spektaklynda Çika jelep we onuñ başdan geçirmeleri bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Ol gürrüñ berýär, biz diñleýäris. Tomas Korowinis 1989-njy ýylyñ iýun aýynda Eftaliýa, ýagny Çika bilen - şol wagt segsenden agan kempiriñ pul kömegini almak üçin Stambuldaky grek konsullygynyñ öñüne gelende tanyşýar. Garry kempir ýazyja içini dökýär, hakydasynda galan gussaly ýatlamalarynyñ daşyna çogup çykmagyna idin berýär: doglan we çagalygynyñ geçen ýeri bolan Giresundan Stambulyñ adamy ýuwudýan uç-bujaksyz garañky köçelerini uzaýan başdan geçirmelerini gürrüñ berýär. Korowinis soñra bu gürrüñdeşligi, öz sowallaryny tekstiñ daşyna çykaryp, kitap görnüşine getirýär: "Çika jelep" ("Fahişe Çika"). 1998-nji ýylda çap bolan grek dilindäki neşirinden soñ 2012-nji ýylda "İstos Yayın" neşirýaty tarapyndan Frango Karaoglanyñ terjime etmeginde türk dilinde hem çykarylyp, okyjylara ýetirildi. 2015-nji ýylda ýollary "GalataPerform"-yñ gurnan "Yeni Metin Yeni Tiyatro" medeni çäresinde kesişen iki ýaş professional teatr işgäri bu kyssany sahnalaşdyrdy. Premýerasy 2016-njy ýylyñ 4-nji oktýabrynda görkezilen bu sahna eseri şol ýylyñ ahyryna çenli repertuarda galmagyna dowam etdi. Hazar Saýar bilen Zuhal Güreliniñ bilelikde sahnalaşdyran "Çika" atly bir perdeli spektaklynda tüm-garañky, kiçijik zala gözümiz düşýär, oýnuñ "Emine Ýoljy" ady goýlan afişasyndaky gara saçly, gara eşikli, hor aýal bizi garşy alýar. Yşyklandyryjysy Hasan Demir bolan sahna birden ýagtylýar. Çika jelep we onuñ başdan geçirmeleri bilen ýüzbe-ýüz galýarys. Ol gürrüñ berýär, biz diñleýäris. • "Durmuşym kalbymda bir tiken bolup geçdi" Giresunda doglan Pontus rumy Eftaliýanyñ mekdebe gatnaýan bir gününe hasratly gandöküşlik we barha ulalan maşgala tragediýasy sygyp ýetişýär. Sapak wagtynda uklap galan kiçijik gyzjagaz oýanan wagty bütinleý başga, gap-garañky dünýäde gözüni açýar. Erzinjan ýaraşyk şertnamasynyñ baglaşylan 1917-nji ýylynda Giresunyñ köçelerinde asylyp öldürilen garadeñizli hristianlaryñ jansyz bedenleri ikiýana hallan atyp durka, görýän aýylgançlyklarynyñ manysyna düşünmeýän neresse çagajyk öýe, ejesiniñ ýanyna ýetmäge howlugýar. Kakasy Amele batalýonyna ugradylan Eftaliýa ejesinden, enekesinden, tutuş maşgalasyndan yzly-yzyna jyda düşýär. Ol soñra biraz sadalykdan, biraz alaçsyzlykdan ýaña her elini uzadanyñ yzyna düşüp gidiberýär. Başga tüýsli adamlaryñ öýünde käte goranyp, käte olaryñ isleglerini kanagatlandyryp gününi görýär. Bir Eftaliýa bolýar, bir Çika bolýar, jelep Çika. "İstos" neşirýatynyñ türk okyjylarynyñ dykgatyna ýetiren "Çika jelep" kitaby Zuhal Güreli bilen Hazar Saýaryñ eline dürli-dürli wagtda düşüpdir. "GalataPerform"-yñ türgenleşik zallarynda duşuşan bir iki ýaş işgär bu duýgulandyryjy kitaby sahnalaşdyrmagy müwessa bilýär. Olar muny amala aşyranda Çikanyñ sözlerini we beýan eden stilini mümkingadar üýtgetmejek bolupdyrlar. "Onuñ sözleriniñ gurluşyny üýtgetmedik. Meselem, ol gürrüñiniñ bir ýerinde "Durmuşym kalbymda bir tiken bolup geçdi" diýýär. Onuñ biygtyýar halda berýän gürrüñini, geçmişine gidip-gelen hekaýatyny hronologik tertibe saldyk" diýýär. Çikanyñ roluny Zuhal Güreliniñ özi ýerine ýetirýär. Rum şiwesinde ussatlyk bilen gepläp oñarýan aktrisa gürlände hekaýat akgynly okalýar. Spektakly goýan režissýor Hazar Saýar bolsa Çikanyñ otuz ýaşynda başdan geçiren günlerini janlandyrandygyny we ýaşlygy hakda beren gürrüñlerine üns berendiklerini aýdýar. Çikanyñ oturan, hekaýatyny tomaşaça gürrüñ berýän ýeri, ylla, araf mysaly. Uç-gyraksyz meýdan, şol bir wagtyñ özünde onuñ öýi ýa-da gabalyp goýlan oteli, jelephana otagy. Uzakdaky söwer ýardan gelen hatlaryñ asylyp goýlan ýüpleri mahal-mahal yşyklandyryjyñam ussatlyk bilen berýän göz gamaşdyryjy sahnasynda oturan aýalyñ boýnuna oralyp gidýär. Çikanyñ geçen ýerlerinden tomaşaçylaram geçýär, onuñ hakydasyna şaýatlyk edýärler, onuñ bilen bile töweregimizi gurşap alan fiziki mekanlardan daşlaşýarlar. Çika ýadyna saldygyça ýer we wagt üýtgeýär. • Türkiýede rum bolmak Aktrisa we režissýora iñ köp täsir eden zadam Çikanyñ obrazy bolupdyr. "Ähli başdan geçirmelerine garamazdan şadyýan we güýçli aýal. Onuñ bu tarapyny sahna-da doly açyp görkezmäge jan etdik" diýen Saýar sözüne şeýle dowam edýär: "Çika başdan geçirenlerine üzñeleşip gidipdir, ony tekstiñ okalyşyndanam bilip bolýar. Ol hiç bir kynçylygyny ýa-da trawmasyny olar bilen baglanyşdyryp berenok. Onuñ bu üzñeleşmeginiñ syýasy tarapy barmy ýa psihologiki tarapy barmy, onuñ üstünde ýöriteläp durjagam bolmadyk. Biçäräniñ iññän adamkärçilikli garaýşy bar." Güreli bolsa, şol döwürde Türkiýede ýaşaýan rum bolmagyñ gözeilginç ajy hakykatlaryna üns berlendigini nygtaýar. Durmuş ähli ýowuzlygy bilen dowam edip barýarka, Çika gözi biken gören zatlaryna bolan duýgularyny añsat-añsat ýüze çykarmaýar. Onuñ gürrüñinde hiç kime öýke-kine duýlanok, gaýtam onuñ diñe derdiniñ gozgalandygyny duýmak bolýar. Güreliniñ sahnadaky ussatlygy onuñ ruhy ahwalatyny diýseñ gowy suratlandyrýar. "Çikanyñ" indiki görkezilişine 25-ji fewralda garaşylýar. 24.02.2017 ý. Tugba ESEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |