15:31 Çüwegen / hekaýa | |
ÇÜWEGEN
Mistika we fantastika
Men bärde haýran galaýmaly derejede gowy üpjün edilen. Ýöne, ýadyňyzdan çykarmaň, men bagty çüwegen adam. Patagoniýa gelip düşmegimem sap-arassa maňlaýymyň çüwmegi. Düşünýäňizmi, bärde hemme zadyň sebäbi, maňa tanyşüsti hemaýatda-da däl, meniň ukyp-başarnyklarymda-da. Men gowy meteorolog, emma bärik menden has gowurak kimdir birinem ýollap bilerdiler. Dogrusy, meniňki çüwdi, şeýdibem men gerekli pursadym gerekli ýerime geldim. Eger pikirlenip görseň, meniň meteobekedimi goşunyň adamlaryň hemmesine mälim däl enjam bilen üpjün etmegi-de, özbaşyna bir keramat bolup durýar. Olar, elbetde, meniň üçin jan çekmändiler. Harbylar bärde öz berkitmeleri guramagy meýilleşdiripdiler. Ýöne olar enjamlaryny getirseler-de, soň näme üçindir öz taslamalaryndan ýüz döndermeli bolupdylar. Ýöne, muňa garamazdan men howa maglumatlaryny ýollamagy dowam edýärdim – tä olar olara gerekli bolmagyny bes edýänçä. Mendäki enjamlardyr abzallar bolsa, hoşuňyza geläýsin! Ylym hemişe-de meni buýsandyrýardy. Çak edýän, menem belli bir derejede alym, emma seljeriji däl, ine şunda-da tapawut bar. Seljerijiden haýsam bolsa bir mümkin däl zady gaýyrmagy haýyş ediň – ol derrew işe başlar-da, hökmany ýagdaýda-da üstünlik gazanar. Men olara örän hormat goýýaryn. Meniň pikirimçe, hemme zat şeýle başlan bolmaly. Bir general, mümkin, alymlary üýşürendir-de, diýendir: -Ýigitler, bize hünärmenler düýbünden ýetmezçilik edýär, olaryň ýerine başga birini ulanmaga-da başbitin mümkinçilik ýok. Bize bolsa olaryň işini her kesiň, hatda barypýatan emelsiziňem ýerine ýetirip bilmegini ýola goýmak zerur. Näme, bolup bilmejek zatmy? A belkem siz bu ugurdan nämedir bir zat oýlap taparsyňyz? Onsoň alymlaram, ine şu aklyňy haýran ediji kitaplardyr abzallary döretmek üçin çyn ýürekden işe girişdiler. Mysal üçin, geçen hepde meniň dişim agyrdy. Men ilki dümewländirin öýtdüm, sebäbi bärde entek, hatda ýanardaglar çogýarka-da birneme sowuk. Ýöne, dişim hakykatdanam iriňlän eken. Şonda men diş bejeriş abzalyny açdym-da, ony düzüşdirdim, ol babatda okamaly zatlary okadym. Men özümi doly barlagdan geçirip, agyryly dişimem, onuň içindäki çüýrän ýerinem tapdym. Soň özüme sanjym etdim-de, dişimiň içini arassalap, oňa plomba goýdum. Meniň bäş sagatda özleşdiren zatlarymyň hemmesini öwrenmäge dantistler (diş lukmany) ýyllary sarp edýärler. Indi owkat hakda aýdaýyn. Men ilki betnyşanlyk derejesine çenli semredim, sebäbi, maňa howa maglumatlaryny ugradyp oturmakdan başga meşgullanmaga jinnek ýalam pişe ýokdy. Emma, haçan-da men olary ibermegi bes edenimden soň men özüme şeýlebir naharlary taýýarlamagy öwrendim welin, olaryň datlylygyna dünýädäki iň ökde baş aşpezleriňem gözi gitse gerek. Aşpezçilik, sungat hasaplanyp gelýärdi, emma oňa alymlar çemeleşip başlan badyna, olar ony ylma öwürdiler. Şeýle mysallaram men juda uzak sanap biljek. Meni üpjün edilen zatlaryň aglaba köpüsi bolsa, maňa geregem däl, sebäbi, bu wagt men doly ýeke. Emma, meniň ýanymdaky kitaplary okap, her kesem tejribeli aklawjy bolmaga ukyply. Olarda her bir ortagürp akly bolan adam, kazyýetde üstünlikli çykyş etmek hem-de seljerilýän işleriň manysyna düşünmek üçin zerur bolan bölümleri agtaryp tapyp biler – çünki olar sada, düşnükli dilde ýazylan. Häzirki güne çenli hiç kim meniň üstümden kazyýete arza bermedi, sebäbi bütin ömrüme meniňki şowlap, çüwüp gezdi. Ýöne käteler maňa nähilidir birhili-birhili bir zatlaryň bolmagyny isleýän – ýöne, keýpine, diňe kitaplarda ýazylýan zatlary duýup, synap görmek üçin. Ine gurluşyk welin, düýbünden başga iş. Men bärik gelenimde, ýygrylan demirden gurnama-hütdükde günümi görmeli bolupdym. Ýöne, men birnäçe sany ajaýyp gurluşyk enjamlaryny açyşdyrdym-da, her kimiň ulanmagy başarjak gurluşyk serişdelerini gözläp tapdym. Özüme partladymam ýumrup bolmajak bäş otagly jaýy, ýylmanak örtük bilen bezelen hammamly edip gurundym. Elbetde, ýylmanak örtük, hakykysy däl, ýöne daşyndan seretseň örän meňzeş, özem ony ýerbe-ýer goýmak öte aňsat. Haçan-da, gözükdirmelerini okanyňdan soň bolsa, tutuş diwara germek üçin halylaram dokamagyň hiç hili müşgili ýok. Hemme zatdanam beter, meni öýümdäki lagym ulgamy geň galdyrdy. Maňa ol elmydama-da dünýädäki iň çylşyrymly zat bolup görünýärdi – hatda lukmançylykdanam, stomatologiýadanam çylşyrymly. Ýöne, men ony gurnamagy-da aňsatlyk bilen başardym. Mümkin, hünärmençilik ülňüleriniň nukdaýnazaryndan meniň gurnan düzümim, beýlebir kämil däldir, emma maňa ol ýaraýar. Tämizleýjilerdir zyýansyzlandyryjylaryň hem-de beýleki enjamlaryň zynjyry meni suw bilen üpjün edýär, onda-da hatda iň bir durnukly mikrobam tapyp bolmaz. Şolaram meniň özüm gurnadym. Wagtal-wagtal bärde ýalňyzlyk basmarlaýar, munuň çykalgasynam alymlaram doly tapyp bilmändirler. Çünki ynsana özge ynsanyň hemsaýalygynyň ornuny hiç zat tutup bilmez. Emma, bilmedim, eger-de alym-seljerijiler çynlakaý synanyşan bolsadylar, megerem, meniň ýaly ýalňyzlykda galan ýigdiň doly ýekemenliginem bezemäge nämedir bir zat oýlap tapsalaram tapardylar. Maňa gürleşere hiç kim ýok – hatda patagonlylaram. Birnäçe tupandan soň, olar – hatda olaryň diri galan ýek-tükem – demirgazyga göçdüler. Saz bolsa, ýalňyzlygyň juda ejiz melhemi. Ýöne muňa garamazdan, men ýalňyzlyga garşylyk görkezýänleriň hilinden däl. Megerem, hut şonuň üçinem meni bu ýere iberendirler. Ýöne, iň bolmanda agaçlaryň birki sanysynyňam galmandygy juda haýp! Nakgaşlyk! Men nakgaşlygy ýatlamagy undupdyryn! Hemmeler munuň nä derejede kyndygyny bilýär. Çyzyklardan, reňklerden, ondan başga-da dürli-dümen dürüşdeden ilik-düwme başyň çykmaly. Onsoňam, çekeniňe degýän nämedir bir zady çekmezden öňürti hakdan içen zehiniň bolmaly. Men bolsa, diňe çotgalary saýladym, kendiri dartdym, indem özüme ýaraýan islendik zadyň suratyny çekip bilýän. Munuň üçin etmeli ähli zerur hereketler kitapda beýan edilen. Onsoň ýagly öwüşginde meniň neneňsi aňk ediji agşam şapaklarynyň suratlaryny çekendigimi bir görsediňiz! Olar hatda sergide goýulmaga-da mynasyp. Beýle şapaklary siz hiç haçan görenem dälsiňiz! Ýalynly reňkler, haýrana goýýan, düýbünden mümkin bolmadyk şekiller. Bu şekilleriň şeýle ajaýyp bolup çykmagynyň esasy sebäpkärem howa gatlagyndaky tozan. Meniň ses eşidişimem üzük-ýoluk gowulandy. Men öňem näçe sapar özümiň çüwegendigimi aýdypdym-a? Birinji partlamadan soň meniň gulak perdelerim ýyrtyldy. Ýöne men ses enjamyny dakynýaryn – ol şeýlebir kindiwanja welin, ol hatda göze-de ilmeýär – şonuň üçinem men öňkümden kän gowy eşidýän. Ine, lukmançylyk hakda gürleşmäge oňat bahana – ylym hiç ýerde-de şunuň ýaly gowy işlän däldir. Kitaplar maňa islendik hadysada nähili hereket etmelidigini habar berýärler. Men öz köriçegämi özüm kesdim – birnäçe ýyl mundan ozal bolsa, bu bolup bilmejek zat diýlip hasaplanýardy. Maňa bolsa, ilk-ä özüme gerekli keseliň alamatlaryny gözläp tapmak, soňam kitaplardaky ähli görkezmeleri berjaý etmek ýeterlik boldy – wessalam, gep tamam. Men özümi ähli kesellerden bejerdim, emma, radiasion zäherlenmäniň garşysyna welin, elbetde hiç zat etmäge-de ýagdaýym ýok. Ýöne, bu ýerde, elbetde kitaplarda dynnymça-da ýazyk ýok. Sebäbi radiasion zäherlenmäni hiç kimem ýeňmäge ukyply däl bolmaly. Hatda meniň ýanymda ýeriň ýüzünde bu ugurdan iň gowy hünärmenler bolsa-da, olaryň golundan geljek zat bolmazmyka diýýän. Eger-de şeýle hünärmenler galan bolsa... Ýöne, elbetde, olar indi ýok... Emma, ähli zat beýlebir ýamanam däl. Men näme etmelidigini bilýän, şol sebäplem agyry-ynjyny duýamok. Siz ýöne, maňa meniň çüwegenligim dönüklik edendir öýdüp pikir edäýmäň. Bu ýerde diňe, meniňki çüwse-de, beýleki hemmeleriňki çüwmedi. Ýeri, bolýar, jemläp aýtsam, meniň aýdanlarymy beýlebir “ömürlik ynanç” diýibem atlandyryp bolmaz, ýöne bu diýilse-de, diýilmese-de, munuň şeýledigi göz öňünde tutulýar ahyry. Megerem, nädip kitap ýazmalydygy hakyndaky gollanmany başdan-aýak ýat tutsaň dogry bolaýmasa. Şonda men ähli pikirleriňi nädip beýan etmelidiginem öwrenerin, şonuň bilen birlikde-de munuň ýaly ýerlerde nähili sözleriň has laýyk gelýändiginem. Men ylym hakda hem-de oňa nä derejede minnetdardygym barada oýlanýaryn. Men otuz dokuz ýaşymda. Men biziň her birimizden has köp ýaşadym – goý, men ertir öleýin. Ýöne, bu diňe meniň çüwegen bolup, gerekli ýerde gerekli pursadym bolmagy başarandygym üçin şeýle bolar. Megerem, men kitaba wagtymy sarp etmerin – barybir ony okamaga hiç kim ýok ahyry. Okyjysyz ýazyjy kime derkar? Fotografiýa – bu has gyzykly pişe. Ýogsa-da, ol-bi gurallary açyşdyrmagyň wagty geldi. Men gabyr gazmaly, aramgäh gurmaly, soňam özüme mazardaşyny ýonmaly. © Robert ŞEKLI Robert Şekli, 1928-nji ýylyň 16-njy iýulynda Nýu-Ýorkda dünýä inip, 2005-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Pokipsi şäherinde aradan çykan, amerikan fantast-ýazyjysydyr. Ol birnäçe ýüz sany fantastiki hekaýalaryň, onlarça ylmy-fantastiki romanlaryň we powestleriň awtorydyr. R.Şekli kinaýaly henekli fantastiki hekaýalaryň ussady bolup, ol dünýä edebiýatynda henekli fantastika žanrynda iňňän özboluşly ýazan awtorlaryň biridir. R.Şekli çagalykdan okamagy eý görüp, hemişe-de ýazyjy bolmagyň arzuwynda ekeni. Ol ýaşlykda Robert Haýnlaýn, Alfred Wan Wogt, Jon Kolýer ýaly fantast ýazyjylaryň döredijiliginiň muşdagy eken. Ol mekdebi tamamlandan soň Nýu-Ýork uniwersitetinde gumanitar ugurdan okap, sungatlaryň bakalawry derejesi alypdyr. Ol 1946-njy ýylda ABŞ-nyň Ýaragly Güýçleriniň hataryna girýär we Koreýa iberilýär. Harby gullukda ol garawul bölüminde, goşun gazetiniň redaksiýasynda, buhgalteriýada, goşun saz toparynda (gitaraçy) gulluk edýär. 1948-nji ýylda harby gullukdan soň ol biraz wagt metallurgiýa kärhanasynda zähmet çekýär. 1950-nji ýyllaryň başlarynda R.Şekli ilkinji hekaýalaryny ýazyp, olary dürli ylmy-fantastiki žurnallara hödürlemäge başlapdyr. Onuň hekaýalary neşir edilenden soň okyjylar tarapyndan gowy garşylanypdyr. Soňky on ýylyň dowamynda R.Şekli ýüzlerçe gysgajyk, ýiti, dili çeper, henekli fantastiki hekaýalary ýazyp, çap etdiripdir. 1954-nji ýylda R.Şekli “Iň gowy debýut” fantastiki edebiýat baýragyna mynasyp bolýar. Soňky ýyllarda bolsa R.Şekliniň meşhurlygy hasam artyp, ol fantastiki edebiýat žanrynda ençeme baýraklara mynasyp bolýar. Ýöne, R.Şekli şahsy maşgala durmuşynda şowsuzlyga uçrap, bütin ömrüniň dowamynda 5 gezek öýlenipdir, maddy taýdanam juda pes ýagdaýda aradan çykypdyr. Ol 2005-nji ýylda Ukrainada iş saparynda wagty, hassahana düşýär we onuň ýerleşdirilen hassahanasy gymmatbahaly hususy hassahana bolandygy zerarly, ol hatda özüniň bejergisi üçin 10 müň amerikan dollary möçberindäki tölegi tölemäge-de ýagdaýy bolmaýar. Onsoň oňa derek onuň döredijiligine sarpa goýýan ukrain telekeçisi Wiktor Pinçuk haýyr-sahawat hökmünde öz serişdelerinde hassahana töleg geçirýär. Soňra R.Şekli öz ýurduna dolanar ýaly ýazyjynyň ukrain okyjylary tarapyndan oňa ýol çykdajylary üçin serişde ýygnalyp berlipdir. Öz ýurduna dolanandan soň kän wagt geçmänkä-de R.Şekli 78 ýaşynda aradan çykypdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |