17:48 Çykalga / ýumoreska | |
ÇYKALGA
Satiriki hekaýalar
Edebiýat bölüminiň müdirine satiriki komediýa getirdim. Okady-da, şeý diýdi: - Ösüş bar sende. Gyzaryp gitdim. - Ýöne käbir ýetmezçiliklerem bar. Ilkinji nobatda, siziň häzirki zaman dramaturgiýasyndan, döwrüň ruhundan ýeterlik habarly däldigiňizi mese-mälim göze ilýär. Başgaça aýtsak, zamananyň ysy heniz burnuňyza urmandyr. Siziň otrisatel gahrymanyňyzyň ady näme? - Arkadiý. - Gördüňiz gerek. - Göremok - diýip, menem garaçynymy atdym. - A biziň baş režissýorymyzyň ady näme! - Arkadiý Gennadýewiç. - Indi nätdi? - Hiç zadam edenok. Müdir sürnüp başlady: - Az, edebi tejribäň juda az. Degişmänem oňaraňzok, gadyrdan. Baş režissýoryň ady näme? - Arkadiý Gennadýewiç. - Otrisatel gahrymanyňky? - Arkadiý. - Indi ýetdimi? - Komediýaň gahrymanynyň baş režissýora näme dahyly bar? Komediýa ýaranjaňlar hem wezipeparazlar hakynda. Waka ylmy-barlag institutlarynyň birinde bolup geçýär. Başga näme gerek?! - Ýaranjaňlaryň, wezipeparazlaryň üstünden gülýäniňiz oňat zat, olary etmelisem şoldur, berekella. Ýöne baş režissýory komediýa goşmak nämä gerek? - Kim ony goşýan? - Wah, gadyrdan, entekler siziň galamyňyzyň ujuny ýiteltmeli, baý, ýiteltmel-ä. Otrisatel gahrymanyň ady näme? - Arkadiý... Ýeri, näme? Bi siziň Arkadiňiz däl, şuňa düşünýäňizmi? - Men düşünýän, siz düşünýäňiz, ol düşünýär. Başga biri weli, komediýaňyzy okajagam bolmaz-da, "büý-ä baş režissýorymyza degýär" diýer. Bolar-bolgusyz agzyboşlara gylaw bermek nämä gerek? - Men kimiň kellesine nähili samsyk pikiriň geljegi bilen näme işim bar?! - Onda bir ýol bar: komediýany okanam, görenem diňe özň bolsun. Ara dymyşlyk düşdi. Sesimizi çykarman oturyşymyza ikimizem uludan demimizi alýas. - Baş režissýor bilen araňyzda näme boldy? - Hiç zat. - Kimden soarasaňyz soraýyň, atsalaram, başga ýerde gürrüň edýän däldirin. Dawaňyz näme? - Dawa küje, zat küje. - Görýän welin, maňa ynanaňzok öýdýän. Eger dramaturg edebiýat bölüminiň müdirine ynanmaýan bolsa, onda sizden ýumor ýazýan dramaturgam çykmaz. - Ynanaýyň, biziň hiç dawamyz ýok. Baş režissýoryňyzy men bary-ýogy bir ýola gördüm. Özem daşyndan. Premýeradan soň, sol sahna çykandan, men ho-ol ýokarda dördünji hatarda otyrdym. - Munyň bolanok, doganjyk! Ynha-da, indiki dramaturglaryň bar bolubilşi. bir ýola görüpdirem, göni komediýa salypdyr. - Ant içýän, pýesadaky baş režissýor däl. - Onda Arkadiý kim? - Baş režissýor däl şol. - Pýesadaky däl diýlip, bir setirem-ä ýazylmandyr. - Ony düzetmek aňsat. Komediýada gahrymanyň adynyň hiç ähmiýeti ýok. Şoň üçinem öň arkadiý bolan bolsa, indi Gennadiý edäýeris. - Eý, Taňrym! - Müdir tas özünden gidipdi. - Baş režissýoryň ady näme? - ? - Basymrak jogap beriň! - Arkadiý Gennadýewiç. - Ýeri?! - Näme ýeri? - Siz näme, meň üstümden güljek bolýaňyzmy? - Menden ömür beýle zat çykarmy? - diýip, oňa jogap berýän. - Onda diňläň! - diýip, müdir gygyrýar. - Ge-e-n-na-a-adýe-ýe-ýe-wiç!!! baş režissýoryň kakasynyň ady Gennadiý. uzynyň akly giç geler ýaly, siz beýle uzynam-a däl. Komediýaňyzy alyň-da, tä gahrymana at tapýançaňyz, şu töwerekde görünmäň. Düşündiňizmi? - Düşündim... Köçäň ugry bilen samrap barşyma, bir ýerde adam ady bolsa hakydama getirýärin. Iň seýrek atlary oýumda aýlaýaryn. Olaram biriniň ady bolup çykaýýar. Belkäm, öz adymy goýmalydyr diýen pikir kelläme gelýär. Ýöne komediýanyň "gahrymany" bir ugursyz adam-da: garasöýmez, nalajedeýin, hyýrsyz. Birden biri "büý-ä komediýada özüni görkezipdir" diýermi-nämemi. Gidiberer onsoň. Masgaraçylyk-da. Birden iň amatly, ýeke-täk, ýönekeý hem taýsyz çykalga kelläme geldi duruberdi: ýaranjaňam ýok, wezipeparazam! Otrisatel gahrymanam ýok! Diňe položitel gahryman bar. Özem zehinli, ýiti sözli, edim-gylymly, geljekki laureat... Onuň adam... Arkadiý Gennadýewiç!.. Derrew oturdym-da, pýessany täzeden işläp başladym. Ýaňky müdiriň bus-busdugyny. Ýaranjaň hem wezipeparaz şol bolaýmasa. Içimden pikir etsemem, ätiýaç üçin töweregime göz aýladym. Ýuriý WOÝTELEW. Terjime eden Amangeldi ANNAÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 24.03.1979 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||