15:06 Dagdaky arwahlar | |
DAGDAKY ARWAHLAR
Geň-taňsy wakalar
Bulutlardan-da belentdedik. Çowkardagyñ depesine barýan ýoda pesräkdäki dag depelerine ýarmaşyp, ýene ýokarlygyna gidýärdi. Beýiklige çykanymyz üçin aýaklarda ysgyn-mydar galmandy. Selçeñ howada belentlige üç sagatdan gowrak dyrmaşanymyz üçin bolsa gerek, biziñ toparymyzdaky dört adam agyr-agyr dem alýardy. Indi dynç almak üçin oñaýlyrak ýer agtarýardyk. Çep tarapymyzda Kaşgasuwyñ mawy tolkunlary, añyrrakda hem Isgender başyny dik tutup oturdy. Bu ýerler şeýle bir gözeldi welin, seredip doýup bolanokdy. Hol-ha, biziñ guran çadyrlarymyz otluçöp gaby ýaly bolup görünýär. Ýap-ýaşyl otlar, asmanda ýüzüp ýören ap-ak bulutlar bu gözelligi has-da görklendirýärdi. Biziñ ýol alan gerşimiziñ sag tarapynda başga bir gözellik bar: holha, Gyzylmazaryñ gyzyl toprakly ýerleri aýyl-saýyl bildirip dur. Çandyrdepäniñ wehimli güwwüldüsi eşidilýär. Asmanda Gün ýaldyrap duran hem bolsa, birden sähel aşakda topbak-topbak bulutlar gaýyp ýör. Göwnüñe bolmasa dag gerişleriniñ etegini tutuşlygyna duman gaplap alan ýaly. Çep tarapymyzda hem duman goýalyşyp ugrady. Gün barha gün batara süýşýärdi. Bize bolsa, menzile ýetmek üçin ýene bir sagat gowrak ýol ýöremek gerek. Gap-gara daşlyk ýerde oturyp azrak, nepesimizi sazlanymyzdan soñ ýene-de ýola düşdük. Yzly-yzyna tirkeşip barýarys: ㅡ Arwah!!! Gygyryp goýberen yzdan gelýän Kadyrdy. Ol elini çep tarapa uzadyp, Kaşkasuw kölüni görkezýärdi. Ýüzünde bolsa, gorky alamatlary doñup galypdyr. ㅡ Arwahlar! Ap-ak geýnen arwahlar!... Hemmämiz duman gaplan köle tarap seredip, örän täsin hem biraz gorkunçly hadysany gördük. Ap-ak duman arasynda salgym budur-sudur bolup görünýän bir zat peýda boldy. Onuñ töwereginde her hili reñkler jilwelenýärdi, ortasynda bolsa haýbatly adamlar ýöräp gelýärdi. Ýok, ýöräp, däl, göýä hereketsiz zatsyz... süýşüp gelýärdi. Gar adamlary hakynda okanlarym ýadyma düşdi. Dogrudan hem olar gar adamlarymyka? Onda näme dumanyñ arasynda salgym bolup durlar? Üstesine-de barha haýbatly görnüşe girip barýarlar. Aklyñ çatar ýaly zat däl. Ýa başga planetadan gelenlermikä? Öz şekilini üýtgetmegi başarýan jandarlarmy? Dil ýarmaga hiç kim het edenokdy. Dumanyñ arasynda gabarasy barha artyp barýan adamlary hemmämiz lal-jim bolup synlaýardyk. Arkamdaky agram salyp duran goş haltamy düşürdim, birdenem... Özümi tanap galdym. Şol haýbatly ''arwahlaryñ biri özüm ekenim!'' ''Dag arwahlary'' hakda okanym güpbe ýadyma düşdi. Biziñ görenimiz tebigatyñ täsin hadysalarynyñ biri bolup, şuña meñzeş hadysany 1941-nji ýylyñ fewralynda Krym meteorologiýa stansiýasynyñ başlygy hem gören eken. Ol meteostansiýadan çykyp duman arasynda ullakan bir şekili görüpdir. Birnäçe wagtdan soñ ol şekil aýdyñlaşyp, örän ullakan bir adama öwrülip başlapdyr. Şondan soñ dumanyñ arasynda haýbatly bir göwre peýda bolupdyr. Onuñ töwereginde tegelek ýagtyk bar eken. Ol bir minut töweregi görünip durup, soñ ýuwaş-ýuwaşdan şekilini özgerdip başlapdyr we soñ dumana siñip, görünmän galypdyr. Ylym taryhynda mälim bolan bu tebigat hadysasyna Germaniýanyñ Brokken daglarynyñ ady bilen baglanyşykly ''Brokken salgymlary'' diýip at beripdirler. Bu dagda aram-aram ullakan adamlaryñ şekili peýda bolup durýar. Her zada ynanyberýän adamlar olary: ''O dünýäden gelenler'' hökmünde kabul edýän ekenler. Ol Brokken daglarynda albastylaryñ we jadygöýleriñ bardygyna ynanýarlar. Emma bu täsin tebigat hadysasynyñ düşündirilişi añsat: ''Dag arwahlary'' ㅡ şol wagt dagda ýören adamlaryñ öz saýalary. Eger gün çykýan we ýaşýan wagty adam belent daga çyksa, gün şöhlesi gapma-garşy tarapdaky bulutlara onuñ saýasyny salýar. Ol adatça örän ullakan görnüşde bolýar. Şeýle ''arwahlary'' Sihote Alin daglarynda injener-geolog M.Swetow hem görüpdir. ''Brokken salgymlaryna'' köplenç lýotçikler gabat gelýärler. Samalýot bulutlaryñ arasynda uçup barýarka" saýasy öwşün atýan reñkli halkanyñ içinde onuñ gorkunç sypatda görünýän halaty bolýar. Emma näme üçin ''dag arwahlary'' her daýym görnende reñkli halka içinde görünýär. Dumanyñ hem, buludyñ hem juda maýda suw damjalaryndan, buz kristallaryndan ybaratdygy mälimdir. Gün şöhlesi buludyñ arasyndan öteninde döwülýär we reñkli kysymlara bölünýär. Şonuñ üçin hem dagdaky saýalaryñ töwereginde reñkli halkalar peýda bolýar. Şeýle hadysany adaty ýagdaýda hem synlamak mümkin. Meselem, dumanlu gijede telegraf sütüninde ýanyp duran elektrik çyrasynyñ töwereginde hem şeýle reñkli halka görmek bolýar. Eger öz kelläñiziñ töereginde peýda boljak reñkli halkany göresiñiz gelse, ertir irden turup, häli gök otlukdan çyg göterilmänkä güneşe bakyp duruñ. Şonda otluga düşýän kölegäñiziñ töwereginde reñkli halka peýda bolmagy mümkin. ''Brokken salgymlary'' hadysasyny, ine şeýle düşündirmek bolýar. Reñkli halka içindäki ullakan adamlar ㅡ saýalarymyz biziñ golaýmyzda, tä bulutlaryñ gurşawyndan çykýançak ýoldaş boldular... Serdar KARABAÝEW. "Ýaş kommunist" gazeti, 1989 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |