DAGYNYK PIKIRLER
Dagynyk pikirlerden netije ýok. Pikirleriň köpçüliginden hyýallar döreýär. Biz bütün ömrümiziň dowamynda, bu hyýallary amala aşyrjak bolup çytalasýarys. Emma hemmämiz däl. Biziň köpimiz üçin parhy ýok, öz hususy hyýalymyzy özümiz amala aşyrýarmy ýa-da başga biri. Başga biriniň hasabynada öz pikiriňi amala aşyryp bolýar. Edil şu ýagdaýdan hem, köp adam peýdalanýar. Pikir hemme adamyň kellesinde emele gelýär. Ýöne köp adamlaryň dörän pikirlerinden hiç kime peýda ýok. Hatda olaryň bu pikirleri köpçülige zyýanly hem bolýar. Zyýanly pikirler hilegär adamlaryň kellesinde döreýär. Hilegärler irte döwürlerden bäri bar. Eýýäm üç ýaşly çagalaryň köpüsi, adamlary aldamanyň ençeme usulyny bilýär. Edil shonuň ýalyda aňy ýok diýip hasaplaýan jandarlarymyz hem hilegärligi bilýärler.
Indi hilegärlik nämeden döreýär. Elbetde gorkmakdan. Adam gorkydan gaçmak üçin, hilegärligii oýlap tapýar. Hilegärlik bu goranaysh, ugurtapyjylyk instinkti. Öz wagtynda peýdalanylan wagtynda. Emma, özüňiz bilýäňiz, çendenaşa hilegär bolmak, bu häsiýetiň köp ýerde peýdalanylmagyna getirýär we biz hillegärligi eýýäm gerekmejek wagty, ýanymyzdakylara zyýan berýän derejede ulanyp başlaýarys. Hilegärlik taryhyň uzak döwründe kemala geldi we häzirki döwürde bu häsiýet bize uly zyýan ýetirýär. Mysal üçin parahorluk. Para bermek hilegärligiň we pikrimiziň iň başynda aýdylan dagynyk pikirleriň netijesi. Dagynyk pikirler nämeden döreýär?
Oýlanyp görüň. Bizden öňküler, bize bir topar pikirler, düshünjeler, teoriýalar, kanunlar galdyran. Öz döwrümizde bu galdyrylan ýadygärligi biz ýörite öwrenýäris, okaýarys, ýatlaýarys. Mysal üçin, Konfusiý, Aristotel, Platon, Gegel, Lenin ýaly adamlaryň bize galdyran eserlerini biz bu döwürde ýetip bolmajak hazyna hökmünde kabul edýäris. Emma bu alymlar biri-birine gapma-garşy adamlar. Mundan gelip çykdy, biz gapma-garsy ylymlary özleşdirýäris we elbetde biz bu gapma-garsy ylymlary bir kellä sygdyryp bilmeýäris we biz bir wagtyň özünde hem a diýýäris, hem b. Ine dagynyk pikirler bize nireden geldi. Dagynyk pikirlerden bize netije ýok. Dagynyk pikirler diňe jedel üçin gowy. Wagt geçirmek üçin gowy. Belki bu pikirler durmushyň bir pursadyny görkezýändir, emmma durmuş, biziň ýashaýshymyz bir pursatdan ybarat däl. Ol bitewi bir döwür.
Onsoň biziň özümiz hem dürli hili pursatlary bashdan geçirýäris. Mysal üçin çagalyk, ýaşlyk, garrylyk. Biz bu hili dagynak pikrlerimizi ömrümiziň shu islendik pursadynda peýdalanyp bilmeýäris. Sebäbi ýaşlyk döwrüne dogry diýip hasaplanyp boljak pikirler, garrylyk döwründe bize zyýan ýetirýär.
Ýene-de bir zat. Siz diýeli dini ylymlary ürç edip öwrendiňiz. Siz bu ugurdan sapak bermäge hem taýyn. Emma siziň bu ylymyňyza isleg ýok, ýagny sizden bu ylymy öwret diýip soraýan adam ýok. Siz özüňize dogry hasaplaýarsyňyz ,,ylym öwrendim''- diýip, emma bu ýalňysh pikir, çünki durmuşa ornaşmadyk pikirden, kärden netije ýok. Siziň ornuňyzy başga biri eýeledi. Başga diýýänimiz hem, dagynyk pikirlerer eýe bolan adam, emma ol öz dagynak pikrlerine, gysga bolsa-da amatly pursady peýledi we öz dagynyk pikirlerini amala ashyrdy.
Bu pul ýygnamak. Häzirki döwür pul ýygnamagyň döwüri. Pul ýygnama hem öz gezeginde dagynyk pikirleriň netijesi. Muny siz özüňizden hem bilýänsiňiz. Il içindäki "pul adamy zaýalaýar'' diýilýüni dogry. Ýöne adamlar dagynyk pikirlere eýe bolandan soň, pula garsy jemlenip çykyş edip bilmeýärler we eýýäm pul diýen zat birnäçe müň ýylyň döwründe höküm sürüp gelýär.
Şeýlelik bilen puluň hökim sürýän bu döwründe, öz dagynyk pikrileriňiz bilen hiç bir ugyrda üstünlik gazanmajagyňyza düshünen bolsaňyz gerek. Siz hem öz gezegiňizde pul ýygnamaklyga girişiberiň. Üstünlik arzuw edýärin. Ýöne bir zady bilip goýuň. Haçan siz öz zähmetiňiz bilen, köp pul tapmagy bilmeseňiz näme edersiňiz?. Ogrylyk etmei bolsaňyz näme edersiňiz?. Pul tapmagyň görnüşleri köp. Parahorluk hem köp pul tapmaklyga girýär. Indi näme edersiňiz?. Siz hem shu ýoldan ýöremeli bolsaňyz näme edersiňiz? Onda siziň öwrenen bilimleriňize, ylymlaryňyza näme bolar. Seredip otyrsaň hiç bir ylym size parahorlugy, ogrulygy açykdan-açyk ündemedi. Emma siz parahorluk edip bashladyňyz. Indi bildiňizmi dagynak pikirleriňiziň netijesini. Dagynyk pikirler gapma-garsy ylymlar diýen ýaly zat.
Häli-de bir pursat, eliňize düşen islendik kitaby ylym we bilim hökmünde kabul etmän, ägä bolup bu kitaplara ynanyň, ýogsa siz bir topar gerekmeýän, käbir hallatlarda bolsa özüňize anyk zyýan ýetirjek dagynak pikirlere eýe bolarsyňyz. Geçmişiň birjikde alymy hem hemmeler üçin bir bitewi bolan taglymaty galdyrmady. Bu ýagdaýa siz köpçiligiň ýygnan ýerinde dush gelip bilersiňiz. Şol bir sorag astyna alynan bir zada, her kim agzyna gelen zady güwledip oturandyr. Ine şu dagynyk pikrleriň netijesi.
Dagynyk pikirler ýagdaýdan aňsat çykjak bolmagyň netijesi. Göreşip bilmezligiň netijesi. Göresh alyp bayrlanda bolsa birden hereket etmäni hem bilmeli, elbetde uzak ýyllaryň dowamynda hem amala aşyrmaga hem ymtylmaly. Eger bu göreşi özüň amala ashryp bilmejegiňe göz ýetirseň, gowusy bu göreşi senden soňkulara ýadygär galdyr. Meniň bu aýdanym dagynyk pikirleri ýok etmegiň iň ýonekeý we iň amatly ýoly. Dagynyk pikirlere garshy göreşiň.
Dagynyk pikirlere anyk düşünmegiňiz üçin, bir-iki mysal getireýin. Ine, biziň milletimizde umuman arak içmeýänler hem bar, azda-kände içýänler hem bar we özüni bilmeýän halatyna çenlli içýänler hem bar. Köpçüligiň içinde pikir ýöretseň, olaryň käbiri aragy umuman içmeli däl diýýänler hem bar, az-kem saglyk üçin içmeli diýýänler hem bar we iň soňunda aragyň keýpi ýaman, özüni içibermeli diýýänler hem bar. Käbirleri bolsa aragy içip dawa etmeseň bolany, ýogsa kekirdegiňe gelýänçe guý diýýänlerde bar. Ine, gördüňizmi, dagynyk pikirleri. Bu aýdylanlaryň haýsysyna hä-ä diýjek ýada ýok. Siz bu adamlary jedelde ýeňip bilermisiňiz. Elbetde ýok. Sebäbi biz hem öz gezegimizde şu hili dagynyk pikirlere eýe.
Nurberdi ANNAÝEW.
Psihologiýa