19:59 Darbaz bilen eşek | |
DARBAZ BILEN EŞEK
Degişmeler
Darbazyñ biri eşegini idip bazara gelipdir. Başga bir darbaz oña golaýlaşyp: - Eşek näçeden? - diýip soraýar. - Müñ lira! - Al bärik eşegi, ber eliñi söwdalaşaly! Birküç kişi müşderiniñ gulagyna pyşyrdapdyr: - Göreñokmy näme, bu eşek agsak ahyryn. Şoñ üçin arzan satýar! - Eşek agsak däl, barmagynyñ arasyna daş gaçypdyr. Şoñ üçin ony agsakdyr öýdüp arzan satjak bolýar! Eşek satana aýdypdyrlar: - Eşegiñ agsagam däl eken-ä, barmagyna daş gaçanmyş! Satyjy loh-loh gülüpdir: - Eşeg-ä agsaklygyna agsak welin, başga hili pikir etsinler diýip, barmagynyñ arasyna daşy men goýdum! Müşderiniñ ýanyna ylgapdyrlar: - Bu eşek çyndanam agsak eken-ä. Daşy oñ eýesi goýan eken. Gördüñmi, senem aldady, pulunam aldy! Müşderi zeýrenmäge başlapdyr: - Wah, haramzada diýsäni! Eger galp pul bermedik bolsam jürümi dikäýjek eken-ow!.. Ine, şu döwrüñ adamlarynyñ ahlak gurluşynyñ gysgaça beýany şular ýalak... Ýalan sözleýänlerini bilýäris. Ýalan sözleýänlerini bilýärler. Ýalan sözleýänlerini bilýänimizi bilýärler. Ýalan sözleýänlerini bilýänimizi bilýänlerini bilýäris. Emma şonda-da ýalan sözläp ýörler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||