08:48 Ýekşenbe gününiñ dessury | |
ÝEKŞENBE GÜNÜNIÑ DESSURY
Degişmeler
Ýekşenbe gününiñ ahyrynda ruhany hepdelik wagyzyny şeýle tamamlapdyr: - Diýmek, Hudaý üçin näme etmegimiz gerek? Duşmanlarymyzy bagyşlamak gerek. Şindi bu söhbetimizden soñ arañyzdan näçäñiz duşmanlaryñyzy bagyşlady? Märekäniñ ýarsyndan gowragy elini galdyrypdyr. Ruhany soragyny gaýtalapdyr. Bu gezek iñ öñde oturan bir garryja daýzadan başga hemmesi elini galdyrypdyr. Ruhany ondan sorapdyr: - Hanym Nili, eýgilikmi? Duşmanlaryñyzy bagyşlamak size şolar ýaly kyn düşýärmi? Hanym Nili sandyrawuk we enaýyja haly bilen: - Duşmanym bolmasa näme! - diýipdir. Märekeden haýran galyjylykly sesler çykypdyr, ruhany dowam edipdir. - Oh-ho! Bu hakykatdanam ajaýyp zat! Siz näçe ýaşyñyzda, hanym Nili? - Bir ýüz sekiz! Ör turan gözi ýaşly jemagat ony alkyşlap, el çarpmaga başlapdyr... - Hanym Nili, haýyş edýärin, birje ýanyma gelseñizläñ? Ýuwaşrak. Seresap bolaweriñ. Ine, boldy! Sizden ullakan haýyş, şu duran ýeriñizden jemagatymyza bu işiñ hikmetini aýdyp bilersiñizmi? Nädip adamyñ bir ýüz sekiz ýyllyk uzyn ömründe ýeke duşmany bolanok?.. Garry aýal ýuwaşlyk bilen ruhana tarap arkasyny öwrüp, jemagata ýüzlenipdir: - Hemmesi ölüp gitdi ýerçekenleriñ… | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |