19:21

Alada-gaýgynyñ adamy

Degişmeler
Категория: Degişmeler | Просмотров: 471 | Добавил: Gökböri | Теги: Türk henekleri | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Degişmeler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Bagabat  
43
Anekdotyň türkmen warianty:

Çary atly, haýsy işiň başyna barsa-da edeni ugruna bolmaýan, kemyrsgal biri, öz garamaňlaýlygyndan halys ýadap, kart bilen pal atýan bilgije ýüz tutupdyr.
Bilgiç kartyny seçip, Çarynyň täleýine garapdyr.
Ol keçäniň üstünde çaşyp ýatan kartlaryň arasyndan zenan şekili çekilen gara hatyny (“dama garga” diýilýär ýa-da Puşkiniň dilinde “пиковая дама” diýmeli) çekip çykarýar.
Soňra ýüzüne kölege inderip:
-Çary jan, ýakyn birki ýylda-ha, seniň öňüňde gowulyk ýok. Görjegiň görgi, etjegiňem bergi bolar!-diýýär.
Soňam Çarynyň gam laýyna batyp, ýüzüni sallandygyny görýär-de, oňa dözmän, ýene-de bir gezek onuň has alys ykbalyna garap bermegi teklip edýär.
Çary az-maz ekezlenip razy bolýar.
Palçy ýene-de kart seçýär.
Ýene-de gözüni ýumup, düňderilgi kartlaryň çem gelenini çekýär welin, ýene-de açyp görseler gara hatyn diýýär.
Onsoň palçy, ýüzi boz-ýaz bolan Çara näme diýjegini bilmän:
-Äý, soňam Çary jan, öwrenişip gidýäň-le!-diýip, göwünlik beren bolupdyr diýýär.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]