10:08 Ikimizem öldük | |
IKIMIZEM ÖLDÜK
Degişmeler
Lukmanyñ kabulhanasynda ötüşen kesellidigi görnüp duran üç sany näsag garaşyp duranmyş. Näsaglardan biri günüñ 24 sagadynyñ 24 sagadynam içip geçirýän alkaş eken. Ikinjisi bir guty çilimi bir deminde sokga sorup gutarýan ölemen çilimkeş. Üçünji bolsa birine süýkenmese oñup bilmeýän azgyn beçebaz... Üçüsini-de ep-esli wagtyny giderip barlagdan geçiren lukman barlagyñ netijelerini mälim etmek üçin olary ýanyna çagyrypdyr. Ol: - Aýtjak zatlarym-a gowy däl! - diýipdir. - Üçüñizem öwrenşen endigiñizden haýal etmän el çekmeseñiz bolmaýar. Sen alkaş-a... indi bir owurt içseñ, sen çilimkeşem ýene bir dem tüsse tartsañ, sen syrtpyruşam - ýene bir gezek erkege ýanaşsañ gutardygyñyz. Şo duran ýeriñizde öler galarsyñyz. Meniñki aýtmak. Üç ýeñilkelle suw meýilli gurbaga lukmanyñ ýanyndan çykyp gaýdypdyr. Ýolda gelýärkäler meýhanadan gelýän rakiniñ ysy alkaşyñ serini sämedipdir. Ol: "Lukman milleti diýeniñ aldawçy bolýar. Iki bulgur uranyñ bilenem ölüp bolarmy, byradar?" diýensoñ, üçüsi-de meýhana tarap ýelk ýasapdyr. Alkaş bur bulgur rakini başyna çeken badyna duran ýerine ölüp ýatyberipdir. Beýleki ikisi ýüregi ýarylan ýaly bolup, meýhanadan atylyp daşyna çykypdyr. Haly perişan tüýsde ýöräp barýarkaýar, ýañja çekilip trotuara zyñlan çilimiñ galyndysyny görýärler. Çilimkeş säginipdir... Ol naýynjar halda çilim galyndysyna zaryn-zaryn garapdyr. Beçebaz aljyraññy ýagdaýda çilimkeşiñ böwrüne dürtgüläpdir: "Sen şo çilimi almak üçin bir egilsene... barybir, ikimizem öldük!" | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||