16:31 Demirel, Özal we Inönü... | |
DEMIREL, ÖZAL WE INÖNÜ...
Degişmeler
Öñki ýolbaşçylar henek atyşmagy gowy görýän degişgen adamlar eken... Henek näme? Henek - hoşniýetlilik, adamlaryñ biri-birlerine düşunişmegidir. Türkiýäniñ merhum Prezidenti Turgut Özal aşa semiz, Erdal Inönü bolsa inçemik, hor adam bolupdyr. Baýramçylyk günleriniñ birinde Turgut Özal Erdal Inönä: - Seni gören ýurtda gytçylyk bardyr öýder, birazajyk iýjek bol, Erdal beý - diýenden, Erdal Inönü oña jogabyny şapladypdyr: - Hormatly Özal, seni görenem bu gytçylygyñ sebäbine derrew düşüner! Ýene bir baýramçylykda Süleýman Demirelden sorapdyrlar: - Ýurduñ ýagdaýyny bir söz bilen aýdyp bilersiñizmi? Demirel: - Bir söz aýtmaly bolsa "Gowy"! - diýýär we sözüniñ üstüni ýetirýär: - Emma iki söz bilen aýtmaly bolsa "Gowy däl!" | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |