22:36 Degişmeler | |
DEGIŞMELER
Degişmeler
- Soňky döwürler ukym tutanok. Gijelerine gözüme çiş kakylan ýaly. Näme etsemkäm? - Gözüňi ýumup içiňden ýüze çenli sana, basymjak uka gidersiň. - Sen ýüze çenli diýýäň. Men ýüz müňe çenli sanamaga synanyşdym. - Ýeri, onsoň näme boldy? - Aý, otuz müňe golaýlaberemda daň atdy. Menem turup ertir çaýymy içdimde işe gaýdberdim. * * * Adamsy aýalyna: - Mähribanym, saýla! Sen daşary ýurda gezelenje gitjekmi ýa-da saňa daşary ýurt paltosyny alyp bereýinmi? Haýsysy? Aýaly: - Bilýänmi, ezizim! Gowsy, daşary ýurda gezelenje gideli. Ol ýerde gowy paltolar köpmüş. * * * Är-aýal elleri goşly uçar menziline gelýärler. Adamsy aýalyna: - Ýene-de bir gezek goşlaryňy barla. Ýatdan çykan zat bolaýmasyn-diýipdir. Aýaly goşlary barlaşdyryp görýär-de: -Diwan, diwan - diýip elewräp başlaýar. Adamsy geň galyp: - Sen näme dälirediňmi? Ýeri bu ýerde diwanyň näme geregi bar- diýipdir. - Wah, şool diwanyň üstünde biziň pasportlarymyz bardy-da. * * * Bir garry ýaşuly awtobusa münüpdir. Oturmaga boş orun ýok. Hiç kim hem ýer berenok. Orta ýaşlaryndaky bir aýal: - Häzirki ýaşlara nä döw çaldyka? Ýaşula dagy ýer bereýinem diýenoklar- diýip gaharly hüňürdäpdir. Muny eşiden oturgyçda oturan bir oglanjyk akyllysyrap: - Ýaşuly, siz meň ýanyma gelip duruň. Men inniki duralgada düşýän. Onsoň siz meň ýerimde oturarsyňyz - diýipdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |