15:58 Mähir ummany / hekaýa | |
MÄHIR UMMANY
Hekaýalar
Ilaman ir bilen oýananynda el telefonyna gelen habary okady. "Ilaman jan, oglum ýaşyň uzyn bolsun! Mydama jan saglyk, okuwlaryňda üstünlik arzuw edip, doglan günüň bilen gutlaýan Döndi daýzaň!” Ýazgyny okan Ilamanyň kalby şatlykdan doldy. Ol öz ýanyndan “beh, şu Döndi daýzamyň ýatkeşligine telpek goýaýmalaý. Ýogsam ol-how indi altmyş ýaşa golaýlap ýören aýal. Özem men onuň doglan güni haçan, näçe ýaşynda hiç ýatda saklap bilemok. Ol welin, tüweleme her ýyl doglan günümde hemmelerden öňürti gutlaýar. Derrew “sag boluň, daýza jan” diýip jogap ýazaýyn” diýdi. Ol daýzasyna jogap ugratdy. Soňra daş çykyp geldi, mazaly ýuwunyp, süpürinip, aşhana girdi. Saçagyň başynda ejesi bilen kakasy çaý içip özara gürleşip otyrlar. Ol eje-kakasyna salam berdi. Gurban agadyr Maýsa gelneje ogullarynyň salamyny alyp, ony doglan güni bilen gutladylar, uzak ýaş arzuw etdiler. Ilaman: - Sag boluň, ýöne meni iň ilki Döndi daýzam gutlady. Özem men haýran galýan, her ýyl meni doglan günümde hemmelerden öňürti Döndi daýzam gutlaýar. Şu Döndi daýzam gaty mährem aýal, meni edil öz çagalarynyň biri ýaly görýär-diýdi. Ilamanyň bu gürrüňine Maýsa gelneje näme diýjegini bilmän adamsynyň ýüzüne bakdy. Aýalynyň syrly bakyş bilen näme diýjek bolanyny aňyrýany bilen düşünen Gurban aga: - Dogry aýdýaň oglum, Döndi daýzaň gaty gowy adam. Ol ejeň bilen süýtdeş dogan bolansoň seni hem öz çagalaryndan kem görenok - diýmek bilen oňaýdy. Daşyndan şeýle diýen hem bolsa içinden “Haý ogul sen hakykaty bileňokda. Bilýän bolanyňda beýle gürlemezdiň” diýdi. * * * Gurban bilen Maýsanyň durmuş guranlaryna üç-dört ýyl bolanam bolsa olaryň perzende ýüzi düşenokdy. Bu ýagdaý bolsa hemmeleri, ýakyn-u-daş garyndaşlary, iň esasy hem Maýsany gaty gynandyrýardy. Onda-da bular umytdan düşmän tebipdir, lukmana görünmeklerini, bejergi almaklary dowam edýärdiler. Näçe umyt etseler hem, bir ýerde tebipdir, güýçli lukman barmyş diýseler ýaltanman gatnasalar hem bularda hiç hili täzelik boluberenokdy. Wagt diýeniňem geçip dur. Adamsydyr, gaýynlary tarapyndan hiç hili agyr söz eşitmese-de ahyry bir güni Maýsa adamsyna ýüregindäki pikirini gizlemän aýtdy: - Gurban, görýän welin bizden hiç hili nyşana galjak däl öýdýän. Indi men baryna boýun. Sen bir men diýip mirasdüşersiz ötme. Meniň rugsadymy ber-de, gaýtadan bagtyňy synap gör. Belki önüp-ösüp gidersiň. Men senden hem, gaýynlarymdan hem gaty razy. Siz hem menden razy boluň. Mundan soň bokurdagy dolup hiç zat diýip bilmedi. Gurban kesgitli: - Bu diýýäniň hiç wagtam bolmaz, tä ömrümiziň ahyryna çenli bileje ýaşarys. Perzent diýýäniňem ýazgytdyr. Ýazgytdan gaçyp gutulyp bolmaz. Gowy edip pikirlenseň onuň hem bir alajy tapylar. Men kellämde bir zady oýlap ýördüm. Ýöne seni ynjydaýmaýyn diýip, dil ýarman ýörşümdi. Mazaly özüň dil ýardyň “Dile geldi, bile geldi” diýilişi ýaly indi aýtsam hem bolar. Maýsa “Bu maňa näme aýtjak bolýarka?” diýen ýaly soragly nazaryny Gurbana dikdi. Gurban garaşdyrmady: - Biler bolsaň, Maýsa maňa birki sany tanyşlarym hem maslahat berdi, olar aýtmanlarynda hem özüm şu ýagdaýy seniň bilen maslahatlaşaýyn diýip ýördüm. Gel biz öz garyndaşlarymyzyň birinden bir çagajygy perzentlige alaly. Belki onuň yzyna tirkelip gidiberse bildiňmi? Beýle bolmaýanda-da ol bize gowy güýmenje bolar, perzentsizligimizi asla bildirmez. Mährimizi siňdirip ulaltmagy başarsak öz bagryndan önen perzendiň ýaly bolar duruberer. Nähili görýäň meniň bu diýýänimi? Maýsa bu ýagdaýy hiç wagt oýlabam görmändi, adamsyndan beýle teklibe asla garaşmandam. Şonuň üçin hem birbada näme diýjeginem bilmän galdy. Köp wagt dymanyndan soňra: - Bu ýagdaýy oýlanypsyň, belki haýsy garyndaşlarymyzdan aljagymyzy hem oýlanansyň? Aýdyp otur. - Ol tarapynam oýlandym, ýöne bir tarapy saňa bagly, bir tarapam haýyş etjek adamlarymyza bagly. - Hany aýt bakaly kimleri göz öňüne tutýaň, onsoň men razylygymy aýdaryn. - Aýtsam öňräk seniň agaň Gurtmyrat bilen oturdym. Köp gürrüňleriň başyny agyrdanymyzdan soňra aýlanyp - öwrülip gürrüň biziň maşgala ýagdaýymyza gönükdi. Şonda agaň “maslahatymy alsaňyz siz bir bäbejigi ogullyga alyň, şeýtseňiz hemmämiz üçin hem gowy bolar. Belki yzy düzülip gidiberer” dýidi. Yz ýayndanam “Döndi ejekemiň tüweleme dört çagajygy bar, indi bäşinjä garaşýarlar. Şoňa ýüz tutup görseňiz “ýok” diýmez. Adamsam öz garyndaşlaryňyz. Eger çekinseň özüm aýdyp bereýin” diýdi. Menem “hany öýdäkiler, Maýsa bilen bir gürleşip göreýin onsoň bellisini aýdaryn”diýdim. Indi sen näme diýýäň? Dogrusy gürrüň beýle öwrüm alar öýdüp garaşmadyk, asla beýle-beýle zatlar barada pikirlenibem görmedik Maýsa birbada näme diýjegini hem bilmedi. Şol aşak bakyp halynyň nagyşyny dyrmalap, dymyp oturyberdi. Aýaly wagty bilen dil ýarmansoň Gurban ýene-de: - “Dymmak razylygyň alamaty” diýilýär, şeýlemi? - diýip sorady. Bu gezek Maýsa adamsyny jogapsyz goýmady: - Bu birbada çözülýän mesele däl. Öňi bilen Döndi ejekemiň bu teklibimizi nähili kabul etjegi belli däl. Diňe ol hem däl, islendik adama, onda-da enä öz bagryndan önen çagajygyny başga bir maşgala bermek ýeňil düşmese gerek. Döndi meniň aýal doganym, ol meniň ýagdaýyma dözmän razy bolaýanda-da biz ol çaga edil öz ene-atasy ýaly mähir berip ösdürip bilermikäk? Ilki bilen şu sowallara jogap tapmaly. Onsoň meniň razylygymy soramaly. - Ol barada menem kän kelle döwdüm, agaň bilen maslahatlaşdym. Biziň pikirimizçe bu ýerde bar meseläniň çözgüdi saňa baryp direlýär. Sen anyk bir zat aýtsaň bolany. Şol wagt zat diýmese-de Maýsa razy boldy. Ähli zat Gurbanyň diýişi ýaly boldy. Maýsanyň agasy Gurtmyradyň ýardamy bilen Döndini, adamsyny yrdylar. Çagajyk sag-aman dünýä indi. Bäbekhanadan göni Maýsalara getirilen akja guzujyk ýaly ogul bäbejige Ilaman diýip at goýdular. Birbada kynrak düşjek ýaly bolsa-da soňabaka Maýsa bütin durky bilen çagajyga berlenini duýman galdy. Asyl ol Ilamanjygy öz bagryndan önen balasy däldir öýtmedi. Ýöne bu ýagdaý bilen öwrenişip bilmedik adam hem boldy. Ol adam Ilamanjygy dokuz aý göwresinde göterip, ýagty jahana inderen ejesi Döndidi. Doganynyň halyna dözmän berse berdem welin, edil ýüregi sogurlyp alnyp gidilen ýaly bolaýdy. Dagy näme, ýüreginden önen perzendini birine berip arkaýyn gezip bolarmy? Bir gowy tarapy Döndi islän wagty Maýsalara barybam, Ilamanjygy görübem bilýärdi. Ýaşaýan ýerleri hem o diýen daş däl, “ses ýetim” diýilýän ýaly aralyk. Şonuň üçin bir görseňä “gyzgynjak somsa bişirdim Ilaman jana getirdim, gyzgyny bilen iýsin diýdim”, bir görseňem “sygyrymyz guzlady, owuz börek bişiripdim, Ilaman jana dadyraýyn diýdim” diýip şuňa meňzeş bahanalar bilen gapydan girip durandyr. Gurbandyr Maýsa-ha ilki geňräk görjegem boldular, soňabaka öwrenişibem gitdiler. Bir gezegem elinde täzeje akja köýnek bilen, akja papajyk. “Şähere gidipdim, bazara aýlanyp ýördüm welin gowuja ekeni aldym Öregeldi jana kiçiräk boldy. Menem aldym-da bäri gaýtdym, Ilaman janyň nesibesi ekeni.” diýip Ilamana uzadyp dur. Ilaman hem aljagyny-almajagyny bilmän gözjagazyny tegeläp Maýsa bilen Gurbana seredýär. Maýsa-da, Gurbanam Döndiniň bu eşikleri ýörite Ilaman niýetläp alandygyny bilip dursalar hem “Alaý Ilaman jan, Döndi daýzaň saňa sowgat edipdir, geýip gör, daýzaňa sag bol aýt” diýip sypaýyçylyk etdiler. Akja köýnek bilen papajyk Ilamana laýyk bolaýdy. Döndi daýza ýeňillik bilen dem aldy, birmeýdan balajygynyň boý-syratyna seredip, guwanyp oturdy-da hoşlaşyp çykyp gitdi. “Wagt hemme derdiň dermany” diýilenimi, ýa-da Ilamanyň bu öýde gaty gowy öwrenişip, agyrman-ynjaman ýaşaýayna mazaly gözi ýetip duransoňmy, wagtyň geçmegi bilen Döndiniň ýüregi birneme düşüşdi. Şeýle bolsa-da barybir balajygyny her gün daşyndan bir gezek görmese ynjalanokdy. Soňky wagtlarda Döndi daýza-da ýene-de bir endik peýda boldy. Ol hem bolsa her ýyly doglan gününde Ilamanyň telefonyna gutlag ýazgy ugratmakdy. Bu gezegem doglan gününde Ilamany hemmeden öňürti Döndi daýza gutlady. Gutladam, “sag bol daýza jan” diýip gelen jogaby okap dünýäsi giňäp gitdi. Ol ýazgyny öz ýanyndan “sag bol eje jan” diýip okady. Çünki ene ýüreginden çogup çykýan balasyna bolan mähir-muhabbeti, söýgini hiç bir zada deňäp boljak däldi. Asyl beýle mukaddesligi ölçär ýaly ölçeg beri barmyka? Kemal SABYROW. | |
|
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |