23:27 Din diñe "dinmi"? | |
DIN DIÑE "DINMI"?
Publisistika
Islendik dini ynanç jemgyýeti tertibe salmak, gündelik durmuşa gowy adam boljak bolma ülñülerini ýerleşdirmek, azda-kände adalaty berkarar etmek üçin ösdi, özgerdi, kämilleşdi. Hususanam ýekehudaýly dinler esasan jemgyýetdäki adalatsyzlyga garşy gozgalaña wekilçilik etdi. Faraona garşy giden Musanyñ obrazy Anadoly halk aýdymlarynyñ temasy boldy. Faraonlaryñ gaýtalanma-uýgunlaşma mümkinçiligi hemişe göz gamaşdyryp geldi. Jemgyýetçilik agalygyny gazanan dinlere uýgunlaşan ketdeler hut diniñ özüni "ele salyp", dinleri öz agalyklarynyñ serişdesine öwürmäge başlady. Şol sebäpli güni güýçliñ dini bilen garybyñ dininiñ arasynda hemişe tapawut boldy. Karl Marksyñ "Din halklaryñ tirýegidir" sözi köplenç diniñ jemgyýetleri uklatmak, köşeşdirmek üçin aýdandygy öñe sürülse-de, garyplaryñ dinlere öz dert-aladalaryny egsiltmek üçin ýapyşandygyny aýdylypdy. Marks dogry aýdýardy. Adalatsyz güni güýçlileriñ guralyna öwrülen din düzgüni üýtgetmäge güýji bolmadyk garyplar üçin elmydama "ylahy adalat" umydyna wekilçilik edip geldi. Şol sanda döwletleriñ merkezindäki dinden tapawutlanýan azatlykçy dini düşündirişleriñ garyp-gasarlaryñ, ezilenleriñ tarapynda güýç tapmagy tötänlik bolup bilermi? Başgaça aýdanda, döwlet merkezinde ýowuzlaşan güni güýçlileriñ elini güýçlendirýän dini düşünje bilen garyp gatlaklaryñ dini düşünjesi hemişe tapawutly bolup geldi. Şonuñ üçin güni güýçli öz bähbidine ýaraýan dini düşünjäni gatlaklaryñ arasynda ornaşdyrmak üçin elinden gelenini etdi we dini adalatly, azat düşündirişlerini hemişe basyş astyna aldy. Bir mahalky Anadoly alawylygy bilen güýçli baglanyşyklary bolan Eýran şaýylygynyñ arasynda dörän ullakan tapawut eýran şaýylygynyñ güni güýçlileriñ elinde gurala öwrülenliginden gelip çykmaýan bolsa, onda näme? Anadoly alawylygy bilen umumylyklary bolan Eýran alawylygynyñ (Ehli-Hak) Eýranda dowamly basyş görmegi tötänlik bolmasa gerek. Tähranda "bürenjegini talabalaýyk dakmandygy sebäpli" öldürilen 22 ýaşly ýaş gyz Mahsa Amini-de ýalñyşmasam Ehli-Hak jemgyýetindendi. Eýranyñ merkezinde barha agsaýan dini düşündiriş ýönekeý halkda erkinleşýär, şonuñ üçinem basyşa uçraýar. Şeýle ýagdaýa Watikanyñ roluna seredenimizde-de gabat gelýäris. Watikandan bir mysaly gürrüñ bermek isleýärin. Rim papasy Ioann Pawel II Rim papasy Ioann aslynda Karol Ýozef Woýtyla atly polşalydy. Ol "Sowuk urşuñ" iñ gyzyşan ýyllarynda papalyga saýlanyp, katolik Polşany prawoslaw gegemoniýanyñ golastyndaky "Gündogar blogyndan" goparyp almagy özüne maksat edindi. Hakykatdanam onuñ döwründe Polşada häkimiýete we Sowet Soýuzyna garşy möwjän nägileligiñ katolik agramy güýçlüdi. Papanyñ täsiri diñe Polşa bilenem çäklenmedi, Gündogar Germaniýada kapitalistik dünýä integrasiýalaşmak höweslerine meçew bermekde möhüm rol oýnady. Ýugoslawiýadaky katolik horwatlar ondan diýseñ täsirlendi... Ioann Pawel II-niñ şol derejä beýgeldilşi dagy hasam täsin. Aslynda 1978-nji ýylda papalyga Albino Luçani atly italýan popy saýlanypdy, däbe eýerip oña Ioann Pawel I ady berildi, emma şondan 33 gün geçensoñ otagynda öli halda üstünden baryldy. "Ýüreagyrydan" ölendigi aýdylanam bolsa, zäherlenendigi anykdy. Üstesine sud-medisina ekspertizasyny geçirmäge-de rugsat berilmedi. Rim papasy Ioann Pawel I Luçani (Ioann Pawel I) Demirgazyk Italiýada sosialistik tradisiýasy bilen tanalýan Murano şäherinde doglupdy, onuñ kakasy möwsümlik aýna işçisi bolup işleýärdi. Luçani Watikanda düýpli üýtgeşmeleri geçirmegiñ zerurdygyny öñe sürýärdi, ol Sowet Soýuzy bilenem has ýygjam gatnaşyklary ýola goýmaga meýillidi. Ioann Pawel I-iñ ölüminiñ syry anyk belli bolmasa-da, onuñ Watikanyñ italýan banklaryndaky ummasyz uly baýlygyny ulanyp edilýän korrupsiýany yzarlandygyny we şeýdip hut Watikanyñ öz içinde duşman barsyny gazanandygyny bilmeýän ýokdy. Muña Gündogar blogy bilen ýakynlaşma meýli-de goşulanda, hut Watikanyñ içinden goldanan MRU (CIA) operasiýasy netijesinde ýok edilendigini magat bilse bolýardy. Şol sebäpli Mehmet Ali Agjanyñ Ioann Pawel II-niñ janyna kast etmäge eden synanşygyna-da käbirleri tarapyndan Bolgariýanyñ üsti bilen gurnalan sowet kontrrazwedkasynyñ jogaby hökmünde garalypdy... Watikanyñ dini bilen 70-80-nji ýyllarda Latyn Amerikasyndaky diktaturalara garşy rewolýusionerleri goldan katolik poplaryñ dininiñ (meselem, "Azat boluş" teologiýasy) arasyndaky tapawudam diýseñ täsin. Watikan uzak wagtdan bäri şol tapawudyñ arasyny ýygyrmaga dyrjaşýar. Argentinaly Horhe Mario Bergolýonyñ 2013-nji ýylda papalyga saýlanyp Fransisk adyny almagy-da ýöne ýere däl bolsa gerek. Onuñ Latyn Amerikada doglan papa we 70-nji ýyllarda Argentinada diktatura garşy urşan rewolýusionerleriñ tarapyndaky iki popy alyp gaçyp, öldürdendigi hakda aýdylýar... Watikanyñ syrtyny gorjalap başlaýañ welin, nämeler çykanok, şeýle dälmi? Fransisk Uzyn gepiñ gysgasy, adamzat jemgyýetiniñ oturymly durmuşa geçen döwründen bäri dürli formalarda ýüze çykan dinler diñe "din" bolup galmady. Din hemişe syýasat bilen gyzyklanyp geldi. Häzir Eýrandaky molla režimine we onuñ jenaýatçy ahlak polisiýasyna-da, Türkiýede tarykatlaryñ ýa-da "jemagatlaryñ" häkimiýet bilen guran ýeñillikli gatnaşyklaryna-da şol penjireden seretmeli bolýarys. Bize "din" hökmünde hödürlenen, "kitaba görä toslanan" her düşündirişi adalat süzgüjinden geçip baha bermeli bolýarys. Meniñ özüm-ä "Garyplaryñ Tañrysy" bürenjegini talabalaýyk dakynmandygy üçin ýaşajyk gyzyñ öldürilmegini islemezmikä diýýän. Halkyñ daban azabynyñ tarykatlara, "jemagatlara" sowrulmagyny-da, öz adyndan söz sözlän din adamlarynyñ añrybaş markaly gulluk awtoulaglarynda dünýäñ hezilini görüp ýörmelerini-de... Hakan GÜLSEWEN. @gulsevenhakan Şenbe, 24.09.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |